ÖMÜR ÖWÜŞGINLERI
KALBYMYZ GÖZEL BOLSUN!
Bu ümmülmez dünýäde, gör, bak, niçeme «Elhepus» diýdirýän owadan jandarlar, guşlar bar. Adam hemişe şol gözelligiň arzuwynda.
ÄHLIMIZ DOGAN
Käte şeýle bolýar. Kimdir birini göreniňde «Päh, munuň tanyşdygyny, öň nirede gördümkäm?!» diýip oýa batýarsyň. Muny anyklajak bolup, niçeme keşpleri, pursatlary hyýalyňdan geçirersiň. Barybir netije bolmaz.
Bu ýagdaý barada şeýle pikir edýärin. Şu Zeminiň gujagynda ýaşap ýören adamlaryň ählisi tanyş. Ýok, tanyş hem däl – dogan! Biziň hemmämiz Adam atanyň, How enäniň perzentleri ahyry!..
DÜNÝÄ
Öňem bir öte degişgen, adamyň üstünden gülmegi hiç zatça bilmeýän bir adam bar eken. Ol bir gün ýol bilen barýarka, öňünden bir topar kör bende çykypdyr. Ýolagçy olara duýgudaşlyk bildiren bolup, « Men size altyn pularymdan berjek» diýip, teňňelerini gysymynda şyňňyrdadypdyr-da, gülüp ýoly bilen boluberipdir. Şyňňyrdyny eşiden batyl bendeler «Puly sen alansyň-da, sen alansyň» bolşup, bir-birleri bilen gyran-jyranmyş.
Bu pany dünýä hem edil şol adam kysmy, dünýäniň haý-u-höwesi, baýlygy bolsa, onuň gysymynda şyňňyrdadýan teňňeleridir. Hakykata uýup, bakylyga göz ýetirip, Hakyň nury bilen batyl gözlerimizi açalyň, wagt barka...
ÖZÜŇE BAGLY
Gyşyň garly günleriniň biridi. Duralgada duran bir adamyň depesinden bagyň şahasynda galan gar gaçaýmazmy?! Ol haýdan-haý üst-başyny kakdy-da, hüňür-hüňür edip, ho-ol beýläk süýşdi. Ondan soň birnäçe gün geçdi. Bir gün bu ahwalat abaşga bir adamda gaýtalanaýdy. Ýöne ol adam başyna gaçan gary bagtyň bölejigi saýdy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlenini etdi-de, ýylgyryp duruberdi. Görýän weli, ähli zat öz kabul edişiňe bagly öýdýän.
NESIHAT
Eger-de, bir kişä nesihat bermeli bolsam, ilki bilen şeýle diýerdim:
- hiç haçan ýalňyşlyk goýberen adama gygyrmaň. Onda hakyky ynsanlyk duýgusy bar bolsa, goýberen ýalňyşy hem onuň üçin iň uly jezadyr. Eger, säwlik goýberen adamda ynsanlyk duýgusy ýok bolsa welin, näçe gygyrsaň-da, eşegiň gulagyna ýasyn okandan enaýy bolmaz.
ÖŇÜM GELENDEN...
Galamymy elimde oýnaklap oturyşyma, öňümde ýatan agyza 5-lik sany ýazdym. Soňra onuň öňüne 0 goýdum. 5-lik şonda-da 5-likligine durdy. Soňra nollugy 5-iň yzyndan goýdum welin, ol 50 boldy durberdi. Bu pursat nämüçindir, «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýen pähimi ýadyma saldy.
ARZUW HEM ÜNJI
Ynanýarsyňyzmy, durmuşda arzuw edip başarmagy arzuwlaýanlaram bar. Garaz, adama arzuwsyz ýaşamak ýok-da. Hut şonuň ýaly, adama ünjüsiz ýaşaýyş hem ýok. Ýadyňyza salyň, gaýgy-gamsyz hasaplanylýan çagalyk dünýäsindekägem, «aždarhalar», «şahly, eýmenç döwler» geläýjek ýaly, bize uly aladady ahyry.
KEMSIZ ADAM ÝOK
Meniň bir tanşym bar. Ol elmydama özüne «men hiç bir kemçiliksiz, gowy adamdyryn» diýýär. Aýdyşyça-da bar-how. Edil janyň ýaly diýilýänlerden-dä. Ýöne, haýp, ol «Men kemsizdirin» diýmegiň kemçiligiň başydygy barada pikirem edenok...
MEŇZEŞLIK
Üns berýäňizmi, her gezek ýyl gyşyň aňzagynda başlap, şol aňzakda-da tamamlanýar. Bu ahwal zemine aglap inen ynsanyň agy bilenem ötüşini ýadyňa salýar.
AÝAGYŇY ÝERDEN ÜZSEŇ...
Şol gün asmanyň tämiz gujagyny söýgi bilen synlap barşyma, ýerde ýatan daşa büdränimi duýman galypdyryn. Hawa, diňe durmuşda däl, tebigatda-da elýetmez zatlara imrinip, temegiňi ýokary tutuberseň, merkiňi berýär oturyberýär eken.
HAKYKAT
Şol gün çagalar köçäniň ugrunda ýanyp duran ody kagyz bilen öçürmek üçin, baý, jan etdiler-ä. Ot weli kagyza pitiwa-da etmän, şol alawlap durdy. Bu ppursat ot – hakykata, oklanan kagyzlar bolsa, ýalan-ýaşryk geplere juda çalymdaşdy.
YNSANA SABYR GEREK
Hut şeýle! Ynsana her demde sabyr gerek. Sabyr bilen heran-haçan bagtyňa gowşup bolýar. Elbetde, ýazyň yzyndan ýaz gelenok. Ýöne, eger-de, ýaz sabyr edip garaşsa, üç pasyldan soň onuň öz taýy – ýaz gelýär ahyry, emma ol howlugyp, hemişe öz deňine däl-de, howurly tomsa gowuşýar.
Dag sapagy
Gudrat göreý diýip daglara gitdim. Ynha, dessanlarymyzda:
- kylgyl, meniň ýolum rowan,
çar pasly baharly daglar-
diýlip waspy ýetirilen geçit ýol soralan gojaman daglar, agyr-agyr heňňamlaryň, aýlaw-aýlaw asyrlaryň yzy galan gaýalar...
belntden älemi synlap durşuma, şol ýapgyda kiçijik daş oklap gördüm. Ýapgyt kert bolsa-da, kiçjik daş kän togalanman, atan ýerimde duruberdi. Soň uly daşy oklap gördüm. Uly daş kert ýapgyda düşüp, özüni saklap bilmän, togalana, togalana ahyry ýere düşüp pytrap gitdi. Hut şu pursatda men päliňi aşaky işik ýaly pes tutsaň, kiçigöwünli bolsaň, ykbalyň kert-kert ýollarynda-da-da özüňe erk etmegi başaryp, hiç hili jynçylyk duýmajagyňa, öz ýanyňdan ulalayp-gomalyp ýörseň welin, ýaňky daşyňky ýaly, ýoluň sähel ýapgyda duşsa, omalanyp-togalanyp pese düşüp, maňlaýyň daşa degkekdigine düşündim.
BIR ALAJA ÝÜPÜM BAR...
Il içinde ak we gara sapkdan işilen alaja adamy göz degmekden, görüner-görünmez belalardan goraýarmyş diýen gadymy ynanç bar. Ýöne meniň pikirimçe, adam üçin iň keremli alaja onuň görer gözi bolaýmasa. Sebäbi nirä seretmelidigiňi, haýsy ýola, haýsy päle bakmalydygyňy bilseň, bu owadan dünýäde kän howp-hatar ýog-a. şonuň üçin goý, hemişe gözümiz gowyny görsün!
Geň zat, adam bütin ömrüniň dowamynda duşjagy-duşmajagy näbelli bagtyna, ajaýyp, şatlykly pursatlara umyt baglap ýaşaýar. Bu baradaky süýji arzuwlar, niýetler – onuň hemişelik hemrasy. Geň ýeri, ol özi bilen mydama gapdallaşyp ýören hakykat barada – ölüm hakynda weli, kän pikirem edesi gelenok...
ŞAR
Ýere çyrşalan ýaly bolup ýatan kiçijik şarlaryň birini elime aldym-da, ony çişirmäge başladym. Ýelini ýetirip, agzyny daňanymam şoldy welin, ol elimden sypyp, şemalyň ugruna gaýyp gidiberdi, şeýlelikde, şarlaryň beýlekisini alyp,öňki hereketimi gaýtaladym. Onuň ýeli artygrak düşdümi, nämemi, bir parkyldady-da, öz-özi çalam-çaş boldy duruberdi.
Bu ýagdaýlar meniň gözüme boş gybat-geplerden ýel alyp ýa bolmasa, sähel baýlygy, öwgini göternip bilmän gabarylyp ýören, şemal haýsy tarapdan öwüsse, şol tarapa ýüwürýän ynsanlaryň soňky ykbaly bolup göründi.
ÜNJI
Bu ýagdaý mende-hä hemişe şeýle. Ol, belkem, hemmäňizde-de şeýledir: niçikmi, ähli zatlarymy üpjün edip, gijaralar işden öýe ugraýan welin, bir zerur zadymy galdyran ýaly bolup durun. «Be-ýe, nämäm galdyka?» diýip, ýoluň ortasynda sakga durup, oýlanan wagtlarymam seýrek däl. Görüp otursaň, ähli zadyň ýerbe-ýerdir. Onda ol duýgy nireden döreýärkä? Oturyp-oturyp şeýle netijä gelýän: megerem, bu ömrüň ýene bir gününiň yzda galyp barýandygynyň ünjüsi bolaýmasa?!
... Ähli zat gülala-güllük. Dünýä bagtdan ýaňa owsun atyp dur. Şonda-da, ýüregiň kämahal çyrpynyp gitmesi nämedenkä?!
Gadymy rowaýata görä, Allatagala ynsan göwresini ýasap, oňa ruhy, jany saljak bolanda, jan garaňky göwrä girmekden bütinleý boýn towlapdyr. Onsoň, Alla göwrä jany aýdym-sazyň güýji bilen salypdyr...
Diýmek, ýürek biziň göwrämize öz islegi bilen girmändir-dä?! Onuň mahal-mahal ahmyrly çyrpynmasynyň sebäbi-de şundan gaýry zat däldir.
GÖWÜN –TOPRAGA MEŇZEŞ
«Ynsan toprakdan ýaradylanmyş diýýärler. Nämä ynanmasaňyz hem, şuňa ynanyň,adamlar! Ýogsa-da, ynsan göwnüni sähel gödegräk söze döwüljek bolup durmagy-da munuň kepili ahyry.
ŞATLYGYŇ BAHASYN GUSSADAN SORAŇ
Bir zerur zatlary ýadymdan çykmanka bellik etjek bolup, howlukmaçlyk bilen gyzyl galamymy elime aldym. Elime ilenem bir bölejik gyzyl reňkli kagyz boldy. Ýöne hernäçe jan etsemem, gyzyl galam gyzyl kagyzyň ýüzünde setir öndürmedi. Ikisiniňem reňki meňzeş bolansoň, ýazgylar göze-de ilenok.
Ine, şunuň ýaly-da, şatlykly günlerde şatlygyň gadyry göze ilmeýär. Sähel gussaly ünüňde bolsa, ol günleriň gymmaty mese-mälim bolup dur.
ADAM BAŞY DAŞDAN GATY
Nämüçindir, ynsan bu dünýäniň hökmürowany bolsa-da, ölüme gezek gelende – ejiz. Munuň şeýle bolmagynda, seniň öz «günäňem» ýok däl, ynsan!
... Aýtmaklaryna görä, Allatagala ölümi synag üçin ilki daglara-daşlara beripdir. Görse, daglar-daşlar bu derde çydaman, pytrap barýarmyş. Ahyrsoňy Allatagala ölümi ynsana berip görüpdir. Elbetde, bu dert ynsana-da gaty agyr degipdir. Olar ah urup aglamaga başlapdyrlar. Şonda Hakyň emri bilen, olaryň ýanyna başyna ýaprak atynyp, ýüzüni salyp, bir gurbaga gelýär. Ony gören adamlar pyňkyryp goýberenlerini-de duýmandyrlar. Adamlaryň ýüzünde azda-kände gülki alamatlaryny göen Allatagala «bu derdi bendäm çekip biljek eken» diýip, ölümi adama buýranmyş. Ölümden nalamazdan ilki, buýsan, ynsan! Sen – belent daglardan, daşlardan, ähli zatdan berk, beýik, çydamly.
DURMUŞYŇ «ÝAŞYL GÖZI»
Köçe-ýol düzgünini-hä bilýänsiňiz. Ýol çyrasy ýaşyl gözsüni ýakdygy, ähli ulaglar ýöräp ugraýandyr. Ýagşy adamlar hem durmuşyň «ýaşyl gözüdir». Olaryň baran ýerinde öňüne böwet basylan ýagşy işleriň ählisine ýol açylýar.
HOŞ SÖZ
Käbirimizde şeýle häsiýet bar. Käte bir adamyň gama batyp oturanyny görsegem, oňa hoş söz bilen göwünlik beräýmegi unudýarys. Ýa-da biz şol iki oýnam söze ownuklyk hökmüne garaýarmykak?! Ýeri bolýar, ownukmyş diýip göreli. Ýöne dünýäde iň ownuk san bolan nollugyň hem 10-y ýüz, 100-i müň etmegi başarýandygyny hemmämiz bilýäris-ä. Hut şonuň ýaly, biziň iki oýnam hoş sözümiziň kiçijik gussany uly şatlyga öwürjekdigine ynanyň!
Il içinde «Pyçagy adama çenemeli däl. Pyçak birine çenelse, öz-özi süýnýärmiş» diýen gürrüň bar. Elbetde, halk aýsdan bolsa, galp aýdan däldir. Ýöne pyçagy-ha b ilmok, başga bir zady welin, açyk-aýdyň aýdyp bilerin. Adamlar, pyçakdan-da ýiti ajy sözi oýun edibem bir-birege çenemäweriň. Onuň öz-özünden süýnüp, çenelen ýürege tyg çekýäni şübhesiz hakykat.
Allaagalanyň «Kün» diýen gudratly sözünden bina bolan zemin hoş sözüň aýasynda dur.
DURMUŞ DERÝASYNDA
Hemmeler bilýändirem-le, ýöne «dile geldi, bile geldi», ýene bir ýola ýatlaýaly.
Ependiniň ogly derýanyň boýunda çörek iýip otyrka, birdenkä çöregi suwa gaçaýypdyr. Derýa boýnuny uzatsa, bir çagajyk durmuş. Çaga-da, öz keşbidigini näbilsin, eňipdir kakasynyň ýanyna:
- Kaka, kaka, derýanyň içinde biri iýip oturan çöregimi aldy.
Ependi haýdap baryp seredip, ol hem öz keşbini görüpdir. Mundan bihabar Ependi derýa boýnuny uzadyp gatyrganypdyr:
- Ýeri, sakalyňy sallap, utanmadyňmy, bir ýumruk ýaly çaganyň çöregini elinden almaga.
...Durmuş hem derýa çalymdaş. Bu derýanyň ýüzündäki ähli keşpler, aslynda, öz ýüz-keşbimizdir. Bir adama gaty-gaýrym söz aýtsak, özümize aýtdygymyzdyr. Ýagşylyk bilen, hoş sözler bilen göwnüni götersek, ýene sogaby özümizedir.
IŞ-ALADA BAHANA DÄL...
Şu gün irden ýoldan geçjek bolup kän durdum. Eger-eger ulaglaryň yzy üzülenok. Menem köçe boşaşanda geçerin diýip durun irikgä bolup. Dursaň durubermeli. Ahyry çynymy edip, ulaglaryň arasy sähel selçeňläninden bat alyp, ylgap ýoluň o ýüzüne geçip ýetişdim.
...Käte bir-biregiň halyndan habar alasymyz gelýär, nämedir bir zatlary edesimiz gelýär. Ýöne şu iş-alada kän diýip gezip ýörüs. Gezseň gezilip ýör, hakykatdan-da boş wagt ýok ýaly... Ýöne şu gün men-ä zymdyrylyp duran ulaglaryň arasyndan geçmegi hem başardym. Iş-aladalar hem ulagdan hatarly däldir-le. Geliň, yzy üzülmeýän iş-aladalaryň gutararyna garaşyp durman, olardan sypynyp, bir-biregiň halyndan habar alalyň!
HEMME ZAT KADALY BOLSUN!
Men aşa diýen sözi ret edýärin. Çünki aşa zatlar hiç haçan ynsana haýyr däldir.
Aşa şatlyk hem, aşa gussa hem ýürege zyýanly. Bir tütjar baýyň öz hazynasynda juda az baýlygyň galandygyny eşidende, aladasyndan ýogalandygy, soňra onuň bu baýlygy ýegenine miras galyp, bu duýdansyz şatlyga bütin ömri ýeter-ýetmezlikde geçen ýegeniniň ýüreginiň tap getirip bilmän, onuň hem dünýä bilen hoşlaşandygy baradaky gürrüňi, belki, sizem eşidensiňiz.
Türkmeniň «Ýuwaş bolma, basarlar, guduz bolma, asarlar» diýen manyly nakylynda-da şu pikiri görýärin.
Aşa alçaklyk ýeňilkellelige eltýär, galamdaşymyz aýtmyşlaýyn: «Aşa agras kişi hem ýere agram salarmyş».
Bu gürrüňi näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Ýöne aşa uzyn sözler, gürrüňler hem adamy tiz ýadadýar.
YKBAL
Durmuş ony aýnatdy. Bir diýenini iki gaýtalatmady. Suw ýaly ulag, köşk ýaly jaý, ýene-ýene...
«Köp berip azdyrmasyn, az berip tozdurmasyn» diýen dillere gurban bolsaň... Ol köpe uçrap, soňabaka gelen döwleti göterinip bilmän, ýörite öz hyzmaty üçin adam tutundy. «Pula düzelse kaýyl, tomsuň epgeginde, gyşyň sowgunda daşarda kaňkap ýörmeli etmesin» diýip ýatdy salkyn töründe.
... Wagta salym ýok. Günler aýa, aýlar ýyla öwrülip eslije wagt geçdi, durmuş özgerdi. Görsene, ykbal oýnuny. Ol häzirem şo-ol arzuw edişi ýaly, salkyn dulunda, ýumşak düşegiň üstünde. Ýöne onuň ne-hä mejaly bar, ne-de ysgyny. Durmuş ony iki aýagyndan hem jyda düşürdi. Onuň gözleri gapyda. Ýene bir üýtgän zat, ol indi «daşary çykmasam bolýar» diýip däl-de, «ah, Hudaý jan, menem saglygyma gowuşsam, ähli zada kaýyl, ýöne öýe baglanyp oturmaly etme. Bir ýagty ýalançyny görsedim...» diýip dileg edýär.
...Eý-ho, ykbal bu, dileg etmegi, baýlygy, pukaralygy göterinmegi hem başarmak gerek...
LEZZETLI BOLSA-DA...
Işdämenlik bilen mäşewe iýip oturansyň, birden gaty bir zat dişiň arasynda gyjyrdap gider. Adamlar-a oňa «dälije mäş» diýýär. Durmuş hem näçe tagamly, lezzetli bolsa-da, onuň hem «dälije mäşi» gyt däl.
GEPIŇ GYSGASY...
• Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry.
• Iň bärkisi çörege nobata duranyňda-da öňüňdäki we yzyňdaky adamy bilmeseň, bellemeseň, ugur-utgaňy ýitiräýmegiň daşda däl. Durmuşda ýaşamak üçin-ä özüňden öňki ötenleri, öz nesliňi tanamak has-da zerur.
• Sözbaşy eseriň eşigidir.
• «Berimiň gökden ýol ýsaýandygyna» ynanýan adamlar, nämüçin gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?
• Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa «dälije mäş» diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuňam «dälije mäşi» gyt däl.
• Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.
• Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa «Siz» diýlip ýüzlenilenok.
• Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek – şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp...
• Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.
• Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.
• Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.
• Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.
• Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!
• Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.
• Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak...
• Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.
• Dost adamyň kölegesidir diýýäris. Kölege bolsa, esasan, jyzrama, jokrama yssyda belli bolýar. Dostuň gymmaty hem ýalynly, kynçylykly günlerde belli.
• Gargyş «gar, gyş» diýmekdir. Oňa ýanaşsaň, ömrüňi doňdurar.
• Adamlar maňa elipbiýiň harplaryny ýatladýar. Olar ýeke özlüginde hiç zat. Emma birigip, gowy zatlary-da, erbet zatlary-da döredip bilýärler.
• Hasaply ömür – hasapsyz bagt (elbetde, düşünen üçin).
• Şatlyk bilen «kowalaşdym», gussalar bilen «bukuldym» oýnap ýörşümize wagtyň nädip geçýänini-de bilemzok.
• Ykbal bir gapysyny ýapsa, müň gapyny açýar, Hudaýa şükür. Ýöne käte açylan şol müň gapynyň ýapylan bir gapynyň öwezini dolup bilmeýän wagtlary-da bolýar-da. Şoňa haýp...
• Iň bärkisi, çäýnegiň gapagynyň sypmazlygy üçin hem ony sapajyk, alajajyk bilen berkidýändirler. Adamyň «gapagyny» - kellesini berkitmek üçin bolsa, akyl, düşünje, ynam sapagy gerek...
• Owadan zatlara aldanmaň. Iň bir aýylganç zatlar hem ýüzüne bagtyň, owadanlygyň perdesini tutup, gelip ilýändir. Muňa mysal edip, öwgüleri, ýakymly, ýöne soňy boş wadalary agzap bileris.
• Iň bärkisi, bir-iki duralga üçin awtobusa münüp-düşeniňde-de, ýol hakyňy tölemäge, hasaplaşmaga mejbursyň. Bu uly ümmülmez, owadan dünýäniň taýsyz nygmatlaryny saga-sola sowrup, iň soňunda Haka hasap bermelidigiňi unutmak asla mümkin däl...
• Diňe ýaşamaga däl, öläýmäge-de gaýrat gerek.
• Iň bärkisi, «Şu-ýä ýumşajyk zat» diýip, gary hem depeläberseň, ol hemmäni taýdyryp duran typanjaga öwrülýändir. Göwün hem şonuň ýaly, ony ynjydyberseň, soňabaka ol ýumşaklygyny ýitirip, ajysyny pürkmäge başlaýar.
• AT. Bu sözi pygly düzüwler-ä behişti bedew manysynda okar. Atarman-çaparmanlaryň bolsa, kimdir birini atmalydyr öýdüp, ýaraga ýapyşaýmagy biçem däl. Bu söze nämedir bir zadyň ady hökmünde garajaklaram bardyr. Durmuş hem şol söze meňzeş. Oňa nähili düşünje, nähili päl bilen garasaň. Ol şoňa görä...
• Pişik ete agzynyň ýetmejegini bilse, oňa «porsy» diýip, guýrugyny bulap gidýärmiş. Durmuşda özüniň arzuw edip ýetibilmän ýören zadyny başga kişide görende, «maňa-da hudaý ýetirsin» diýmäge derek, oňa göwniýetmezçilik bilen garaýan adamlar bilen şol pişigiň arasynda bir baglanyşyk bar ýalymy?!
• Ezizlerim, sizi dünýä meňzedesim gelýär. Ýöne dünýäniňem mähriň, göwnüň nämedigini bilmeýän, ýowuz daraýan darkaşlary, hile-aly kän-ä. Sizde welin beýle-beýle zatlar asla ýok, siz – mähir, siz – mähribanlyk. Siz meniň üçin zerur bolan hemme zat...