15:26

Orazguly Annaýew

ORAZGULY ANNAÝEW

«Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew 1946-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gadyrýap obasynda dünýä inýär. Şahyr O.Annaýew oba mekdebini tamamlap, 1964-1966-njy ýyllarda Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» etrap gazetiniň habarçysy bolup işleýär. Soňra 1966-1971-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy, filolog ugrundan ýokary bilim alýar.
O.Annaýew 1974-1977-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde lektor, bölüm müdiri wezipelerinde (öňki LKSMT), 1977-1981-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň hünärmeni, 1981-1991-nji ýyllarda Türkmen döwlet neşirýat komitetiniň baş redaktory wezipelerinde işleýär.1991-1992-nji ýyllarda döredijilik işinde bolýar. 1992-1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş dolandyryş bölüminiň başlygy, 1995-1999-njy ýyllar aralygynda «Çap-Oraz» firmasynyň baş direktory, 1999-2002-nji ýyllarda «Başkent» bilim merkeziniň baş geňeşçisi bolup zähmet çekýär. 2002-2008-nji ýyllarda döredijilik işinde bolýar. 2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri wezipesinde işläp gelýär.
Şahyr Orazguly Annaýew «Synag», «Испытание», «Dymyşlyk pursaty», «Bagtymyň gözbaşy», «Öz-özüm bilen ikiçäk», «Добрый день», «Ertire çenli», «Gijigen söýgi», «Отпечаток сердца», «Žaksy kün», «Звезды земли», «Girdap», «Atamyň nesihatlary», «Kerwensaraý» «Ýaşlar zarpçy gurluşyklarynda» atly birnäçe söýlüp okalýan kitaplaryň awtorydyr. Türkmen, rus, gazak dilinde neşir edilen bu kitaplar okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/50. 19.05.2022ý.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 341 | Добавил: Bagabat | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
"Girdap" powesti bilen "Kerwensaraý" şygyrlar ýygyndysy - türkmen edebiýatynyň belli bir döwrüniň sesi.

0
2 Хезретгулыев  
1504
Ylalaşýan.
Men Orazguly agaň has-da şu goşgusyny halaýan:

* * *

Öňümde ak kagyz – päklik nusgasy,
Ýaşylmadyk ömri ýaly ynsanyň.
El degrer ýaly däl, ýazar ýaly däl,
Kir-kimirsiz bolaýmasa ynsabyň.

Golsuz arza ýazamok oň ýüzüne,
Şildirim deý atamok men myjabat.
Ak kagyza çyrşan her sözüm üçin
Wyždanyň öňünde berýän hasabat.

Biçak bagtly saýýan özümi mydam,
Ak kagyza şygyr ýazanym üçin.
Oň mukaddes duýgularmy, oýlarmy
Şonuň üsti bilen ýaýýanym üçin.

Meň özümem kagyz bilen ykbaldaş, –
Durmuş men ýüzümde ýazgy galdyrýar.
Gandyrýar bu soňsuz aladasyndan,
Meň kimligim şol ýazgydan aňdyrýar.

Ak kagyzdan öz keşbimi synlaýan,
Golaý maňa, ýöne tanyş şekil däl...
Her gezek men gyz elinden tutan deý,
Ak kagyzyň aklygyndan çekinýän.

Saýlap sözlerimiň mukaddesini,
Ýazýaryn ynanyp olaň päkligne.
Ýöne men şonda-da goýýan kagyzyň
Bir ýan ýüzün öňküsi deý aklygna.

Akdyr – garaň, haýyr – şeriň bar wagty,
Düşnükli bor oň sebäbi bakana.
Bahala sen ynsabymyň agramyn,
Diýme soňra bu bir gury bahana...

Göwnüme bolmasa bu goşgy hakyky döredijilik işgärleriniň duýgularyny şöhlenendirýär...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]