15:24

Palindrom sözler (Belki, şahyrlara peýdasy deger)

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 827 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 491 2 »
-1
1 Nurdan  
100
Şa-aş
Çäç-çäç
Sep-pes

0
2 Bagabat  
43
"Şa-aş" hem-de "sep-pes" gül ýaly. Ýöne "çäç-çäç" palindrom däl-de, omonim öýdýän?!

0
3 Bagabat  
43
Ýöne, beýleki bir tarapdan palindromam bolýa. Sebäbi ikisi şol bir zady aňlatmaýar ahyry.

0
4 Aksary  
876
Ýeg-geý

0
5 Bagabat  
43
Dogry, "ýeg" sypat söz, "geý" sözem işlik bolsa-da palindrom bolýa.

0
6 Bagabat  
43
Ýet - teý;
Ýok - koý ýaly palindromlaram şol operadan.

0
7 Aksary  
876
Ýet-teý şularam bolýara...

0
8 hoşowaz  
390
Haly-ylah
Ýag-gaý

0
9 Bagabat  
43
"Ýag - gaý" öň "gaý - ýag" diýen görnüşde bardy, "haly - ylah" bolýan ekeni.

0
10 Bagabat  
43
"Gas", "eleme", "naý" diýen sözleriň nämäni aňladýandygyny sözlügi göräýmesem, bilmeýärin. "Çag-gaç" palindromy öň temada goýlupdy. Galany gül ýaly palindrom söz.

0
11 Revo  
484
Abat - taba
Abaý - ýaba
Açmaz - zamça
Agtyk - kytga
Aňňal - laňňa
Arap - para
Azy - yza...

0
13 Bagabat  
43
"Aňňal - laňňa", "arap - para", "azy - yza" palindromlary öň temada bardy. "Abat - taba" palindromyny öň @Mähriban agza hödürläpdi. Galany gowy.

0
12 Bagabat  
43
Bagyşlaň, sözlügi gördüm. "Eleme" diýen söz "elemek" işliginiň sinonimi bolup, elemek ýagdaýyny aňladýan ekeni. "Naý (neý)" sözi bir manyda gargy, gamyşy, gamyşdan galamy, perony, 2-nji manyda saz guraly tüýdügi aňladýan ekeni. "Gas" diýen sözem çakym çak bolsa, "gasmak", ýagny gasyn-gasyn edip, tikmegi aňladýan işlikden gelip çykyp, şol işligiň kimdir birine buýruk bermek görnüşinde ýüzlenilende ulanylyşyny aňladýan bolsa gerek. Mysal üçin - Jalbaryň gonjuny, gas!

0
14 Aksary  
876
Gas bolanda daraltmak manyny hem berýär .lybaslarda.

0
15 Bagabat  
43
Dogry. Mysal üçin: Jalbaryň bilini gas (daralt manysynda)!

0
16 Aksary  
876
Heniz-zehin

0
17 Bagabat  
43
Bolanog-a @Aksary. "Heniz"-i tersine okasaň "zehin" däl-de, "zineh", "zehin"-i tersine okasaňam "heniz" däl-de "nihez" bolýar-a.

0
18 Bagabat  
43
Gowy.

0
19 Revo  
484
Raz - zar
Rus - sur
Ram - mar
Ragna - angar
Ras - sar
Ýal - laý
Ýaş - şaý
Ýat - taý
Ýok - koý
Ýük - küý

0
20 Bagabat  
43
"Ýal - laý', "ýaş - şaý", "ýat - taý", "ýok - koý', "ýük - küý" palindromlary öň temada bardy. Galany gül ýaly zerkalnyý sözler.
"Ragna - angar" palindromyndaky "angar" sözi biziň dilimize başga dilden geçen söz bolsa-da, häzirki günde dilimizde işjeň ulanýar.
Äý, onsoňam, diňe rus ýa-da ýewropa dillerinden däl, eýsem, köne döwürde arap, pars, pehlewi dillerinden geçip, dilimize ornaşyp galan sözleriňem sany-sajagy ýok-la. Mysal üçin, "kitap", "mekdep", "ders", "metjit" ýaly sözleriň birmahal arap sözleri bolandygyna gaty köp ildeşlerimizi ynandyrybam bolmaýa.

0
22 Revo  
484
Serdar aga, dilleriň ykballaram adamlaryňka çalymdaş. Bir kökden emele gelen dilleriň belli bir säwilik esasynda öz aralarynda bölünip, uzak wagtyň dowamynda biri - birinden çetleşip, indem özüne ýiti täsir ýetirýän iň naýbaşy dürli dilleriň sözlerini öz düzümlerine goşmak arkaly asylky birligini emele getirme prosesini ýaşaýar. Belki dil ewolusiýasynyň ahyrky etabynda adam durmuşyny ýeňildeşdirip biljek bir kämil diliň emele gelmegi hem ahmal. Onsoň bizem ömrümiziň iň önemli wagtyny dürli dilleri öwrenmek ýada öz milliligimizi propogandirowat etýän dilimizi dünýä ýüzüne ýaýmak we kämilleşdermek bilen meşgullanman, özümize we dürli janly - jemendelere peýdasy degjek işleri amala aşyrmak bilen bolarys. Halklaryň bir dilde gürlemegi we şuwagta çenli ýazylan ähli eserleriň diňe bir dilde bolmagy, adamlaryň ykbalyny gör nähili ýeňilleşdirerdi.

0
26 Bagabat  
43
Dogry. Diller asyrlaryň dowamynda biri-biriniň içinden eriş-argaç bolubam geçýär. Şol bir wagtda dürli sebäplere görä daşlaşýaram. Arada, bir sebäp bilen "tamdyr" sözüniň etimologiýasyny öwrenmeli boldum. Ol sözüň çykyp gaýdan döwrüne we ýerine haýran galdym. Miladydan öň 4-nji müňýyllykda Mesopotamiýada ýaşan garabaşlylar (şumerler) halkynyň "tannur - oduň öýi" diýen sözi we şol at bilen aňladylan, çörek bişirilýän peji - tamdyry bar ekeni.

0
21 Revo  
484
Taban - nabat
Tam - mat
Tama - amat
Tebit - tibet
Teh - het
Tel - let
Tes - set

0
25 Bagabat  
43
"Tam - mat" sözleri @Mähriban agza tarapyndan hödürlenipdi. "Tama - amat" sözleri öň temada bardy. Galany dogry.

0
23 Aksary  
876
Sowgat dälde baýrak berilip biler, ýöne ony aljak tapylmaýmasa!

0
24 Bagabat  
43
Gowy.

0
27 myhman  
732
çek - keç
çig - giç
pes - sep
pal - lap
gaç - çag
lal - lal
mes - sem
mum - mum
kelle - ellek
peç - çep...

degişme

hol - loh

0
28 Bagabat  
43
Ýokarda ýazylanlaryň arasynda diňe "çek - keç" bilen "hol - loh" ýok ekeni. "Mum-mum", "lal-lal" bolsa, palindrom bolup bilýärmikä? Meň düşünişime görä bu iki zerkalnyý sözüň her haýsy bir manyny aňlatmaly öýdýän. "Hol" sözem, "loh" sözem türkmen dilinde bar.

0
32 myhman  
732
tüweleme, ýaman kän ýazypdyrlar. bamydygyny ýokmudygyny barlama kyn.
ýene barlaman bir-iki sanagyny ýazaýyn.

aýaz - zaýa
mele - elem (elem - dert)
men - nem

0
33 Bagabat  
43
"Mele - elem" ýok. Galany bar.

0
34 myhman  
732
bäh, zdaýus :-)

goşulmaly hasap ediýän bolsa, ýene ýekejesini aýdaýyn.

ysnat - tansy.

0
29 Bagabat  
43
Rus dilindäki palindromlar:

Лёша на полке клопа нашёл (авторство спорно)
А роза упала на лапу Азора. (Афанасий Фет)
Аргентина манит негра (авторство спорно)
Я иду съ мечемъ судия (Гавриил Державин)
Я — арка края (Валерий Брюсов)
О, лета тело! (Валерий Брюсов)
Молебен о коне белом (Илья Фоняков)
Лег на храм, и дивен и невидим архангел (фольклор)
Искать такси (авторство спорно)

Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki. 02.08.2021ý.

1-15 16-27
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]