12:42 Puluñ monology | |
PULUÑ MONOLOGY
Goşgular
![]() Men pul, hawa, Men pul, eziz adamlar, Birazajyk öwünäýsem şu pille. Hakym bardyr, heniz hakyñ ýok diýýän. Bolmandy, bolmazam dogru-da walla. Men pul, hawa, Men pul, eziz adamlar, Döreden özüñiz ýasan özüñiz, Meniñ arkam bilen birek-biregi, Örtänem özüñiz, kösän özüñiz. Men pul, hawa, Men pul, eziz adamlar, Özümem hemmä-de elýeter gerek. Erkeklere gerek keýpi çaglyga Has-da aýallara bäş beter gerek. Ýöne erkeklerden aýallar oñat, Olar gadyrymy gowy bilýärler. Erkekler şerapdan sämän pursaty, Kelleleri gyzyp sowuberýärler. Bir-ä meniñ gerekmejek kişim ýok, Birem meniñ gerekmejek wagtym ýok. Söwdagäriñ ellerinde oýnaýan, Husytlañ elinde welin bagtym ýok. Puly elimizde oýnaýas diýip, Öwünýärler meni toplap adamlar. Habary ýok men olary oýnaýan, Düşüniñ siz päheý, işigaýdanlar. Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||