08:20

Реабилитация памятью

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 387 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Orhideýa  
719
Arada "Rossiýa-24" TV kanalda görkezilen bir dokumental fimde Ýežowyñ gyzy (ony Ýežowyñ maşgalasy bäş aýlyk gyzjagaz wagty ýetimler öýünden perzentlige alýar) şunça wagtdan soñ kakasynyñ bagyşlanmagy üçin reabilitasiýa soraýanlygy barada gürrüñ berildi. Ýežowyñ eden agyr etmişleri üçin õñem-soñam bagyşlanmak hukugynyñ ýoklugy hakynda jogaby alanda bolsa, 90-yñ onlugyndan giren Natalýa Haýutina (Ýežowa) ýüzüni sallap, dymyp kän oturdy..
Aslynda, perzendiñ atasynyñ eden etmişlerinde hiç bir günasi ýok... Emma, Allaýar agañ bu makalasyndaky "halk duşmanynyñ" perzendi bolmak mañlaýyna ýazylyp, türmede dogulmak tàleýi başlaryna gelen, uzak ýaşadylmadyk ol neresse çagalaryñam zerre kimin günàleri ýokdy ahyry... Kerim agañ setirleri ýadyña düşýär:
"Daşdanmy sen, adamzat?"
1937-nji repressiýa ýyllaryna ykballary gabat gelen adamlaryñ başyna ne günler gelenligi barada heniz çagakam kakam gürrüñ bererdi. Türkmen halkymyzyñ taryhy barada, sungaty barada bilýan zatlaryny çagalaryna gürrüñ bermek endigi bolan kakamyñ şol sahypalar baradaky gürrünleri hiç hakydamdan gidenok. Bir gezegem agam kakama sorag beripdi:
- Kaka, biziñ neberämizden hem "halk duşmany" edilen adam barmydy?
Kakamyñ jogaby bizi şonda gorkuzypdy:
- Ol wagtlar "halk duşmany" bolmadyk ýeke oý hem galmadyk bolaýmasa. Kakamyñ agasy äkidilipdir... Soñ uruş başlandy. Kakam-siziñ atañyz urşa gitdi.Bir aýagyny aldyryp, Ýeñiş bilen gaýdyp geldi. Men bäş-alty ýaşlaryndaky oglandym o mahallar. Ýañy bir asuda günler başlanypdy.
Birazdan kakamy "soraga çagyrýalar" diýdiler.
Ejem gõrgüli kakam o ýerden gelýança girip-çykyp, oturyp-turup karary bolmady. Biz bu boluşa geñ galýadyk. "Kakam dõrt ýyllap urşa gidip õlmän geldi. Bu wagt beýle elewràr ýaly näme barka?" Birnàce günden horlanan kakam gaýdyp geldi. Haýran galmak bilen gürrüñ berdi:
- Ýigrimi gün töweregi mundan õñ ýoldaş Stalinìñ býustyny (heýkelini) onuñ oturdylmaly yerine dört bolup, gõterip alyp barýadyk. Meñem bir aýagym bolmansoñ, ol býustyñ bir tarapynyndan galdyryp, götermek kyn boldy. Pişekli göterjek boldum, tas abat aýagymdan gaçyrypdym.
Onsoñ, sõgündim: "Baý...muñ agyrdygyny!" diýdim. Şol şõzümi yokaryk ýetiripdirler. "Yoldaş Staline sõgünenligiñ üçin" diýip tas basypdylar, zordan goýberdiler.
Hawa, sltmyşynjy ýyllara çenli, ondan hem biraz soñ adamlar şol gorkuda "duşman bolmak" gorkuda ýaşapdylar...
Kakamyñ şol gürrüñlerini yadyma saldy Allaýar agañ bu makalasy..
Stalin... Repressiya... Ýežow.. Syýasat barada hiç zada düşünemok... Emma, şu sowallar hemişe añymda:
"Näme üçin halklar, milletler şol tõhmetlerde ýanmaly boldularka?
Näme üçin çagajyklar ene- atalaryna ýõñkelen ol ýalanlar üçin õmürboýy kõsenip ýaşadyka?"
Filme tomaşa edip oturkam, hatda, şol Nataliya Haýutina hem ýüregim awady. Ýeri, şol cagany 1933-nji ýylda Ýežow ýetimler õýunden nãme üçin perzentlige aldyka? Õzi tutuş milletleriñ millionlarça çagajyklaryny ata-eneden aýryp, ýetim goýup ýõrkä bu "ynsanperwerlik" onuñ nirden kellesine geldikà? Gaýtam, ol gyzjagaz "Ýežowyñ gyzy" tagmasyny almadyk bolsa, belki bir yerlerde bagtly bolardy... Maşgala bolardy. Bir ussat hünärmen bolardy. Ony bolsa, halaşýan oglany hem kimdigini bilensoñ, maşgala bolmakdan ýuz õwrup, taşlap gidipdir... Asla ,hiç bir oglan ony aýal edinmek islemändir. Çünki, ol ganhoryñ gyzy ahyry! Hiç bir edara, hiç bir ýokary okuw jaýy ony kabul etmãndir... Ol, hemişe diýen ýaly, gizlin, bukulyp ýaşapdyr.. Özem heniz mana düşmez çagalygyndan,
bãş ýaşyndan şol "tagmada". Uly adam günäli çaga ýaly ekrandan müýnli bakýar.. Şol bakyşlardaky sowallar seniñem kalbyñda, kelläñde köwsarlaýar:
"Bu zatlar näme üçin beýle bolduka? Hiç aklym çatanok..."

0
2 Haweran  
411
Ýežowyñ keç ykbally gyzy Haýutinaly gürrüñiñ diýseñ duýgulandyrdy... Bu barada, ýa-da iñ bir zalym, iñ bir rehim-şepagatsyz, iñ bir hudaýsyz, imansyz adamyñam kalbyndaky hossarlyk duýgusyny hiç bir şerligiñ ýok edip bilmeýändigi barada kän zatlary aýdasyñ, ýazasyñ gelýär, teswir ýer dar boljak ýaly..
Milleti gyrgyna salan şeyle adamyñ suduñ zalynda Stalin ü.n ölmäge-de taýyndygyny bildirip, atyljak pursatynda-da ejizläp bir gysym bolşy (adatça rus seriallarynda we kinofilmlerinde rus generallary jan petige dirände mauzeri çekgesinde boşadaýýar, durmuşda-da munuñ şeýle bolandygynyñ faktlary kän: bir ideologiýa ü.n ömrüni bagyşlan adam ölümi gaş çytman garşylaýjak ýaly), aglaýşy, özüne aman soraman gyzyna we onuñ ejesine aman soraýşy, hasam beteri onuñ gomoseksualist bolup çykmagy meni şok ýagdaýa saldy.
Näme üçin taryhyñ çarhy hemişe şol bir zatlary gaýtalap dur, aýlap-dolap şol öñki edähedi bilen biri birine duşmançylygy ýok ýönekeý halklara birmeñzeş hunabalary ýuwtduryp, birmeñzeş hupbatlary çekdirip durmuşlaryny kül edýärkä... Birgiden halklary bir ideologiýanyñ ugruna biri birine ýagy edip gyrýan, haýsydyr bir döwletiñ, haýsydyr bir syýasy ideologiýanyñ hatyrasyna oña sähel ýerde sähel garşy gelip bilme ähtimallygy bolan ýa-da asla bolmadyk bigünä adamlary ketekde saklan ýaly saklan adamlaryñ özi gör nähili meslikde ýaşapdyr, nähili azgyn, haýwanlaşan adamlar bolupdyr, iñ ýaman ýerem ýurduñ başyna howp abananda eline ýarag alyp watany goraýanam, gyzgyn gülläniñ, topuñ öñüne sürülýänem ýene şol garamaýak halk... "duşman" yglan edilen halk b.n ölüşýänem, biri biriniñ ojagyny söndürýänem ýene şol biçäreler... Wagty sagady gelip ölüşmekden ýadan halk ýaraşyga gelmän, tersine, dub stollaryñ başynda oturan ketdelerdir ýene sygryñ dili ýaly ýaraşyk şertnamasyna gol çekýänlerem...
Menden size (okamadyklara) maslahat: Tolstoýy okañ, Tolstoýy okañ, Tolstoýy okañ:
http://kitapcy.com/news/2021-05-28-15582
(Soñ Eziz Nesini okañ) ;-)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]