15:50 Rowaýatdan ylham alyp... | |
ROWAYATDAN YLHAM ALYP...
Edebiýat boýunça Nobel baýragy: 1966. Şmuel Ýosef AGNON (1888-1970) Agnonyň ýene bir hyzmaty — iwritiň edebi dilini işläp düzmegidir. Bu babatda ony ukrain edebiýatynda Şewçenko, rus edebiýatynda Puşkin bilen deň görýärler. Ol ýewreý dini edebiýatynyň häzirki zaman dünýewi edebiýatyny döretdi. Iwrit dilinde ýazan ysraýyl kyssaçysy Şmuel Ýosef Galewi Agnon (hakyky familiýasy Çaçkes) 1888-nji ýylyň 17-nji iýulynda Galisiýadaky Buçaç şäherçesinde (Galiçina, häzirki Ukrainanyň Ternopol welaýatynyň etrap merkezi) mal we deri söwdagäriniň maşgalasynda dogulýar. Başlangyç mekdebi tamamlandan soň, okuwyny «Bilim öýi» atly özboluşly okuw jaýynda dowam etdirýär. Ol ýerde hasidleriň1 hem-de gadymy ýewreý edebiýatynyň eserlerini okaýar. Agnonyň ilkinji şahyrana eserleri ol entek ýetginjekkä peýda bolup, olar idiş we iwrit dillerinde ýazylypdyr. Lwow şäherinde ýewreý gazetinde gysga wagtlyk işländen soň, ol Palestina syýahat edýär we soňra Iýerusalime göçýär. Agnonyň edebiýatdaky ilkinji eseri onuň «Terk edilen aýallar» («Покинутые жены», 1909) atly powesti hasaplanylýar. «Terk edilen» diýen manyny berýän «agnon» sözi onuň edebi lakamy bolup, soňlugy bilen, bu onuň familiýasyna öwrülýär. 1912-nji ýylda Agnon Ýewropa dolanyp barýar. Hasidizmi2 derňeýär we neşirçi Şokenden bäş ýyllyk talyp hakyny alyp, Berlinde idiş dilinde birnäçe powest we hekaýalar ýygyndylaryny çap etdirýär. Agnon 1924-nji ýylda Iýerusalime dolanýar. Şol wagt ol erjellik bilen öz döredijiliginiň naýbaşy eseri hasaplanýan «Toý çadyry» («Свадебный балдахин», 1931) atly iki jiltlik romanynyň üstünde işleýär. Bu eserde Ýewropa syýahat edip, özüniň üç gyzyna ýigit gözleýän pukaranyň gyzykly başdangeçirmeleri hakynda gürrüň berilýär. Eser degişme hem inçe kinaýa bilen baýlaşdyrylypdyr. Agnon 1930-njy ýylda Ýewropa barýar, şonda neşirçi Z.Şoken onuň «Hekaýalarynyň doly ýygyndysyny» (1931) neşir edýär. Ol Polşanyň jöhitler jemgyýetine aýlanyp, özüniň «Gijeki myhman» («Ночной гость», 1939) atly romany üçin ýeterlik maglumat toplaýar. 1945-nji ýylda Şokeniň neşirýaty Nýu-Ýork şäherine göçenden soň, ol ýerde Agnonyň kitaplary iňlis dilinde çap edilip başlanýar, bu bolsa awtoryň şöhratynyň okgunly ösmegine ýardam edýär. Ol ýerde «Ýakynda» («Недавно», 1945), «Deňizleriň jümmüşinde» («В сердцевине морей», 1952) atly romanlary, «Döwlet» («Государство», 1955), «Desseler» («Снопы», 1963), «Hemmeleri bagyşlamak hakynda hekaýalar» («Рассказы для всепрощения», 1967) atly hekaýalar ýygyndylary çykýar. Agnon aradan çykandan soňra «Deňizleriň jümmüşinde» we beýleki hekaýalar» («В сердцевине морей» и другие рассказы», 1981) atly kitaby çap edilýär. "Men ilkinji aýdymymy ýazamda bäş ýaşymdadym. Kakam, goý, onuň ruhy şat bolsun, nirädir bir ýere iş bilen giden eken, men ony küýsäp goşgy düzüpdirin." Agnonyň gahrymanlary «wagtyň we giňişligiň» daşynda ýaşaýarlar. Onuň kyssasynda — «orta asyr ýewreýiniň ruhy dünýäsini dikeltmek» orun alýar. Has anygrak aýtsak, Agnon ähli edebi tilsimleri ulanyp, heniz özi hakynda ýazmaýarka hem, özi hakynda ýazyp biljek şekilde ýewreýleriň dünýäsini suratlandyrýar. Agnonyň kyssasyny terjime etmek kyn. Olara Injiliň sazlaşygy, Töwratdan we Talmuddan3 göni we «syrly» manyly parçalar, köpler üçin düşnüksiz bolan ýaňzytmalar we göçme manydaky arabaglanyşyklar häsiýetlidir. Agnonyň ýene bir hyzmaty — iwritiň edebi dilini işläp düzmegidir. Bu babatda ony ukrain edebiýatynda Şewçenko, rus edebiýatynda Puşkin bilen deň görýärler. Ol ýewreý dini edebiýatynyň häzirki zaman dünýewi edebiýatyny döretdi. Agnon ençeme gezek Nobel baýragyna hödürlenilýär, emma ol bu baýragy diňe 1966-njy ýylda alýar. Şol wagta çenli ol birnäçe edebi baýraklar bilen sylaglanýar, dünýäniň birnäçe uniwersitetiniň hormatly doktory, şeýle hem Ysraýyl döwletiniň hormatly raýaty (1962) bolýar. Nobel baýragy oňa «ýewreý halk äheňlerinden täsirlenme arkaly çuňňur özboluşly beýan ediş ussatlygy üçin» berilýär. Gysgaça çykyşynda ol Talmudyň öz döredijiligindäki ähmiýetini tekrarlaýar. Ş.Agnon 1970-nji ýylyň 17-nji fewralynda Iýerusalimde ýogalýar. __________________________________ 1 Hasid — ýewreý dini akymynyň wekili. 2 Hasidizm — ХVIII asyryň birinji ýarymynda ýewreýleriň arasynda gysga wagtlyk orun alan dini akym. 3 Talmud — ýewreý dininde keramatly kitaplaryň düşündirişiniň we dini kada-kanunlaryň jemi. • Şmuel Ýosef Agnonyň Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynda sözlän sözi Biziň mugallymlarymyz, olaryň ruhlary şat bolsun, şeýle diýipdirler: adam Ýaradana alkyş aýtmazdan bu dünýäniň eşretinden lezzet almaga mynasyp bolup bilmez. Sen näme iýseň, näme içseň, olary datmazyňdan öňürti we olary iýip-içip bolanyňdan soňra iýen-içen tagamlaryň üçin minnetdarlyk aýtmalysyň. Ysly otlaryň we bişen miweleriň ysyny özüňe sorup, özüňe peşgeş berlen lezzetler üçin Ýaradana alkyş aýt. Bu aýdylanlar görüp duran dünýämize degişlidir. Asman giňişliginde ýokary göterilýän ýaz güneşiniň aýlaw edişine syn edip, ýaz aýynda ýap-ýaňyja şahalaryň pyntyk ýaryşyny synlap, ajaýyp agaja ýa-da barlyga göz gezdirip — Ýaradana doga oka. Elbetde, bu eşidilip duran dünýä degişli bolup durýar. Şu dünýä dahylly bir bagtyýarlyga men siziň ýardamyňyz bilen duş boldum, hormatly jenaplar. Ine, bu şeýle boldy. Meniň ýanyma siziň doly ygtyýarly wekiliňiz geldi we Şwed akademiýasynyň meni Nobel baýragyna mynasyp görendigini habar berdi. Menem özi we beýleki köp sanly adamlar üçin hoş habar alan adama mahsus bolşy ýaly, Ýaradanyň adyna we Şalygyna doga okadym: Ýagşy we Ýagşylyk ediji ýalkanandyr. Hormatly Akademiýanyň alym adamlarynyň bu görnükli, abraýly sylagy mukaddes dilde ýazýan ýazyjylaryň birine mynasyp görüp, ony öňe sürmegi hem ýagşylykdyr ýa-da Hudaýyň ýalkawydyr. Onuň özi maňa ýagşylyk etdi, çünki siz meni saýladyňyz. Gemardda aýdylyşyna görä, Iýerusalimiň asylly ilaty diňe öz tanaýan adamlary bilen bir saçagyň başynda oturypdyrlar. Şonuň üçin hem özüm hakynda aýdaýyn, çünki siz meniň bilen bir saçagyň başynda ahbetin. Rim imperatory Titiň Iýerusalimi weýran etmegi we Ysraýylyň halkynyň öz ýurdundan kowulmagy bilen ýüze çykan taryhy betbagtçylygyň netijesinde men hem şol kowlup barlan şäherleriň birinde doglupdyryn. Ýöne men günbe-günden, assa-ýuwaş özümi Iýerusalimde doglan saýýardym. Gijeki göze görünmelerde we düýşlerimde men özümi Keramatly ybadathanada lewi1 doganlarym bilen bilelikde Ysraýylyň şasy Dawudyň dini aýdymlaryny aýdýan halymda görýärdim. Şeýle mukamlary heniz — biziň şäherimiz weýran bolandan soň we onuň ilaty kowlandan bäri hiç bir gulak eşitmändi. Men aýdym-saz köşgüniň perişdeleriniň meniň düýşde aýdan aýdymlarymy huşumda aýtmagymdan howatyr edip, olary hakydamdan bozup aýrandyrlar diýip güman edýärin. Ýogsam olary eşidip, meniň halkymyň ogullary ýitirilen bagtyň küýsegine döz gelip bilmezdiler, şonuň üçinem olar meni dilimdäki aýdymlardan mahrum edendikleri üçin, meni razy etjek bolup, maňa olary ýazmak ukybyny berdiler. Men Lewiler urugyna degişli. Özüm we ata-babalarym hem Keramatly ybadathanada aýdym aýdanlardan. Maşgala rowaýaty boýunça biziň şejerämiz Ysmaýyl pygamberden gaýdýar, men hem şonuň adyny göterýärin. Men ilkinji aýdymymy ýazamda bäş ýaşymdadym. Kakam, goý, onuň ruhy şat bolsun, nirädir bir ýere iş bilen giden eken, men ony küýsäp goşgy düzüpdirin. Ondan soňky ýyllaram men az goşgy ýazmadym, ýöne olardan hiç zat galmady. Kakamyň birinji jahan urşunda ýanan jaýynyň bir otagy meniň golýazmalarymdan doludy. Golýazmalarym hem, ol ýerde saklaýan beýleki ähli zatlarym hem şol ýangynda ýandy. Işleýän wagtlarynda meniň aýdymlarymy aýdan ýaş senetkärler — tikinçilerdir köwüş ussalary hem şol uruşda wepat boldular. Meniň aýdymlarymy aýdanlaryň täleýi — meniň soň ýazan kitaplarymyň täleýine öwrüldi. Olaryň barysy bitewi ýaly bolup, ýangyn wagty meniň Baden-Gomburgdaky öýümde tutaşan ýalnyň goýnunda asmana göterildiler. Men şonda hassahanadadym. Ýanan kitaplaryň arasynda neşirçiniň eýýäm birinji bölüminiň çapdan çykjakdygyny habar beren uly romanym hem bardy. «Baky dirileriň birligi» atly bu roman bilen bilelikde meniň ýat ýerleriň hatyrasyna Ysraýyl ýurduny taşlap gaýdanymdan bäri ýazanlarymyň hemmesi, şol sanda Martin Buber bilen bilelikde ýazan kitabym, şeýle hem köpüsi miras ýeten, birtopary bolsa agyzdan kesilip tygşytlanylan pula satyn alnan dört müň sany kitap hem ýanypdy. Men öň ol ýerde ýaşandygymy agzamazdan: «Ysraýyl ýurduny taşlap gaýdanymdan bäri» diýipdim. Bu hakda gürrüň bereýin. On dokuz ýarym ýaşymda men Ysraýyl ýurduna onuň topragyny özleşdirip, el zähmetim bilen eklenmek üçin geldim. Gara iş tapmanymdan soň, nähilidir bir gazanç gözläp başladym. Men Howeweý-Siýon komitetiniň kätibi boldum, soň «Ysraýyl ýurdunyň Geňeşiniň» kätibi, ahyrsoňam, dünýewi kazyýetiň uly kätibi boldum. Bu kärimiň kömegi bilen maňa ýurduň tas hemme ilaty bilen tanyşmak miýesser etdi, gulluk ýagdaýym arkaly duşuşmadyklarym bilen bolsa, meni doganlaryma bolan söýgim we olara ýakynlaşmak baradaky yhlasym duşurdy. Şol ýyllarda tanamadyk erkek adamdyr aýal maşgalamyň ýa-da çagamyň bolmandygy doly bolup biljek ýagdaý. Hemme gazananjalarym ýanansoň, Ýaradan ýüregime pähim berdi — men Iýerusalime dolandym. Iýerusalimiň ak pata bermegi bilen akylyma gelenleriň, Gudraty Güýçliniň ýüregime we galamyma salanlarynyň hemmesini kagyza geçirdim. Töwratyň peşgeş berlişi hakyndaky kitaby, şeýle hem tupanly günlere bagyşlanan kitaby, hemem bize Töwrat berlen wagtyndan bäri Ysraýylyň ogullary tarapyndan ýazylanlaryň hemmesi hakyndaky kitaby ýazdym. Ysraýyl ýurduna gaýdyp gelenimden soň, men ondan iki gezek çykyp gidipdim. Birinji gezek — kitaplarymyň Zalman Şokeniň neşirýatynda çap edilýän wagty, beýleki gezegem — Şwesiýa we Norwegiýa baryp görmek üçin gitdim. Olaryň meşhur ýazyjylary mende bu ýurtlara şeýlebir söýgi döretdiler welin, ol ýerleri gözüm bilen görmän saklanyp bilmedim. Indi bolsa üçünji gezek, Akademiýanyň alym adamlary, men siziň ak pataňyzy almak üçin üçünji gezek ýola çykyp durşum. Iýerusalimde ýaşaýarkam uly we kiçi hekaýalardyr powestleri ýazdym. Olaryň käbirleri çap edildi, köp bölegi bolsa heniz golýazmalygyna dur. Men ýazyp başlamagymyň kakamy küýsemekden başlandygyny eýýäm aýtdym. Şeýlelikde, ilkinji akyl ýetirmelerimi kakamdan, şeýle hem şäher durmuşyndan öwrenipdim. Olardan öň üç sany mugallymym hem bolupdy, olardan üç ýarym ýaşymdan sekiz ýarym ýaşyma çenli okap bilim aldym. Meniň poeziýadaky we kyssadaky mugallymlarym kimler? Bu sorag jedelli boldy. Käbirleri kitaplarymdan men garybyň eşidibem görmedik ýazyjylarymyň täsirlerini tapýarlar. Kimdir birleri bolsa olarda eşiden, ýöne okap görmedik şahyrlarymyň täsirleri bar diýip hasaplaýar. Meniň öz şahsy garaýşym nähili? Men kimiň süýdi bilen eklendim. Içen süýdüniň her bir damjasyny we süýt alnan sygryň adyny hemme kişi bilibem duranok. Men sizi hiç zatsyz goýmazlyk üçin kimden öwrenendigimi, nämäni kabul edendigimi we özleşdirendigimi düşündirmäge çalşaýyn. Hemmeden öň Keramatly Kitap (Tanah) durýar — ol boýunça harplary goşmagy öwrendim. Ondan soň Mişna, Talmud, Midraş, Raşiniň Töwrata düşündirişi. Olardan soň — Talmudyň soňky düşündirişleri we halypamyz Rambamyň baştutanlygynda, onuň ruhy şat bolsun, biziň orta asyrlardaky mukaddes şahyrlarymyz we akyldarlarymyz durýar. Latyn elipbiýini öwrenemsoň, nemes dilinde elime näme düşse okap başladym, elbetde, olardan ýüregimde seslenme tapanlaryny susup aldym. Wagtyň azlygy üçin atlaryň sanawyny getirip oturmaýyn. Näme üçin şonda muny ýewreý kitaplary babatda şeýtdim? Sebäbi meni hut şolar kemala getiripdiler. Meň ýüregim hut olaryň — şol güwä geçijileriň maňa Nobel baýragyny gowşurmaklygy salgy berendigini pyşyrdap aýdýar. Başga täsirem boldy — ol täsiri ýolumda sataşan her bir erkek, her bir aýal, her bir çaga — ýewreý we ýewreý däller ýetiripdiler. Ýürekdeş söhbetler, olaryň özleri hakyndaky gürrüňleri ýüregimde saklanyp galdylar we galamyma öz täsirlerini ýetirdiler. Tebigatam şeýtdi. Günüň ilkinji şöhleleri peýda bolanda öýümiziň üçeginden synlan Öli deňzim, çümüp çykýan Arnon çeşmäm, hasidler we dünýewi adamlar bilen ukusyz geçirilen gijeler, Günbatar diwardaky ýarygijeki ybadatlar — bularyň barysy Keramatly toprak dogrusynda meniň gözümi açdy. Men tälim alan her bir jandarymy öýkeletmezlik üçin, mal-garalary, ýabany haýwanlary we guşlary ýatlamaly bolýaryn. Eýýup pygamber aýdypdyr ahbetin: «Ol bize ýerdäki janly-jandarlar arkaly öwredýär we asmandaky guşlar arkaly pähim berýär» (Eýýup 35:11). Olardan öwrenenlerimiň käbirleri ýazan kitaplarymda şöhlelendi, ýöne olardan ýeterlik derejede öwrenen däldirin diýip howatyrlanýaryn. Haçan-da, itiň üýrüşini, guşlaryň saýraýşyny ýa-da horazyň sesini eşidenimde, olaryň maňa özleri hakda şol beren gürrüňlerim üçin minnetdarlyk aýdýandyklaryna ýa-da nägilelik bildirýändiklerine düşünip bilemok. Sözümi jemlemezimden öň ýene bir zat aýdaýyn, eger özümi çakdanaşa öwýän ýaly görünýän bolsam, bu zatlary siziň meni mynasyp görendigiňiziň hem-de meni saýlandygyňyzyň hatyrasyna aýtdym. 1 Lewi — iudeý-ysraýyl taýpa bileleşiginiň bir taýpasy, şeýle hem gadymy jöhitlerde din hadymy. Taýýarlan Dursun TEKÄÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |