23:43 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Ogultäç Oraztaganowa | |
• Ogultäç Oraztaganowa barada
Ogultäç Oraztaganowa 1967-nji ýylyň 3-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda doguldy. 1974-nji ýylda şol obadaky 17-nji orta mekdebiň 1-nji synpyna okuwa kabul edilip, ony 1984-nji ýylda tamamlady. Şol ýyl hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girip, ony 1987-1990-njy ýyllar aralygynda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburguň) Ždanow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirdi we üstünlikli tamamlady. 1990-1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Merkezi mugallymlary kämilleşdiriş institutynda işgär, 1991-1997-nji ýyllarda «Halk sesi» gazetiniň redaksiýasynda habarçy, 1997-1998-nji ýyllarda «Adalat» gazetiniň bölüm redaktory bolup işledi. 1998-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli «Galkynyş» gazetinde bölüm redaktory bolup işledi. Häzir bolsa «Watan» gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde işleýär. 2003-nji we 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň we birnäçe gezek beýleki bäsleşikleriň ýeňijisi boldy. Publisistik makalalary özünde jemleýän «Röwşen ýyldyzlar» we «Akguýynyň aýdymy» atly goşgular kitaplary 2000-nji ýylda okyjylar köpçüligine gowuşdy. Maşgalaly, adamsy we üç çagasy bar. Ogultäjiň edebiýat älemine ilkinji ädimleri mekdep döwründen başlanýar. 1980-nji ýyllarda, entek mekdepde okap ýörkä, «Mydam taýýar» gazetinde yzygiderli çykyş edip, iküç gezek ýeňiji bolýar. Ol döwürde Ogultäç kiçiräk hekaýajyklary ýazan bolsa, ýokary synpda okap ýörkä, şygra aşyk bolup, goşgy ýazyp başlaýar. Ýazan goşgularyny ýadaman-ýaltanman, «Zähmet baýdagy» atly welaýat gazetine ugradýar. «Goşgularyň gowşagrak» diýilse, sessiz aglapjyk, ýazmasyny dowam etdiren Ogultäç häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girensoň, ymykly döredijilik dünýäsine berilýär. Ençe gezek şahyr Kerim Gurbannepesow bilen bolýan duşuşyklara gatnaşýar. Ussat edebiýatçy Begmyrat Ussaýewi özüniň halypasy hasaplaýar. Ussat geçirilýän edebiýat birleşmelerinde Ogultäjiň goşgularyny öwüp: «Ogultäje goşgyny ýazdyryp, başga birine okatmaly. Ol gowy ýazýanam bolsa, okanda utanyp okaýar...» diýip degişer eken. Ol Aman Şyhnepesow, Ilmät Gurbanow ýaly zehinler bilen bir döwürde okaýar. Zehinli şahyr Çary Ýegenmyradow bilen dogan ýaly, dostlukly gatnaşykda bolýar. Ogultäç haçan-da okuwyny Sankt-Peterburguň döwlet uniwersitetinde okap ýörkä Çary oňa hat ýollap, rus şahyrlaryndan Rubsowy, türkmen şahyrlaryndan bolsa Atajan Annaberdiýewi has köp okamagy maslahat berýär. Şonuň netijesinde Ogultaç Atajan Annaberdiýewi ruhy halypasy hasaplap, entek okap ýörkä we ondan soň hem zehini daş ýaran şahyryň kitapdyr belli goşgulary hakynda mahabatly synlary ýazýar. Ogultäjiň döredijiligi köp ugurly. Onuň gazet sahypalarynda yzygiderli çap edilen makalalary sanardan kän. Şeýle hem onuň çeper oýlanmadyr goşgulary hem okyjylaryň ýürek taryny kakyp durýar. Radioýaýlym arkaly berilýän oýlanmalarynyň diňleýjileri diýseň kän. Onuň duýgularyňa täsir edýän goşgularynyň köp bölegi söýgi hakynda. Şahyr ol goşgularynda yşk sözüni has köp ulanyp, hyýalynda ynsanyň yşkyny daglaryň depesine çykarýar. Onuň mukaddeslik bolup durýandygyny okyjylara şygyrlarynyň üsti bilen ýetirýär.. Onuň «Ýaşasym gelýär», «Yşkym», «Küýseýän» ýaly goşgularyny okasaň, dogrudan-da, ýaşaşyň gelýär, özem yşky başyňa täç edip ýaşasyň gelýär. Şeýle hem Ogultäç okyjylar köpçüligine eje hakyndaky eserleri bilen tanalandyr. Onuň «Köşk gurasym gelýär saňa kyssada, Gül düşärin ýollaryňa desseden...», «Ýanan ýerim diňe bagyr däl, eje!», «Dem ýasardym, eger başarsam, eje!» diýen ýaly ençe setirleri enäniň waspy bolup ýaňlanýar. Ol häzir «Watan» gazetinde bölüm redaktory bolup işleýär. Işiniň daşyndan teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýär. Wagyz-nesihat çärelerine hem gatnaşyp, döwrüň sesine ses goşup ýaşaýar. • TANYŞLAR ÖWRÜLÝÄR NÄTANYŞLARA Ýüz bermeseñ, bökmändim men boýnuña, Mar deý çakmañam bar, girsem goýnuña, Düşünip bilmedim, DURMUŞ, oýnuña, Telim ýola aldandym men yşlara, Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. Sende tapanjama kaýyl boldum men, Yşka däl-de, söze maýyl boldum men, Bir ýürekdeş dosta saýyl boldum men, Neçüýn garaşaýyn ýazda gyşlara, Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. Bakýan gök asmana, bakýan diwara, Diýilmese bolýa, "yşkdan diwana", Zar bolup şu dirilikde didara, Küýsegim kän öñki üns-bakyşlara, Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. Kynçylygyñ itip, şu döşüm bilen, Ýaşadym huşum däl, ah, huşum bilen, Gözde dolup galan gözýaşym bilen, Arzym aýtdym şu gün diñe guşlara, Tanyşlar öwrülýär nätanyşlara. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||