06:20

Gysganmaýanlar utansyn!

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 429 | Добавил: Moderator | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 211 2 »
0
1 Pegass  
1546
Diňe adyny tutaýmaň galypdyr :))

0
2 Remezan  
1397
Men aýdasym gelip, aýdanymyñ haýry ýok, utanç perdesi sypyrylan ynsabyny ýuwudan, halkam goldap dursa, berekellasyny ýetirip hähini berse... Bize düşýän paý ýöne aýbyny aýdanymyz hiç zat bolýar... Men düýnem aýtdym. Onuñ özüni tanadyş halkyñ goldamasy nädip gazanan bolsa şeýdibem fanatlaryna ýetirmeli muña ilki bilen dile çeper tankytlap ýüze gelip biljek bolmaly...

0
3 Remezan  
1397
Ýönekeý zat obamda bir üýşmeleñde Şu Kerim Hally tüweleme Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizowdanam geçdi. Syn et Tutuş Türkmenistan bilýär diýip aýdypdy. Bu sözleri aýdanam edebiýat janköýeri. Meniñ bu gürrüñde utuldym hiç-hili söz galmady sebäp edebiýat janköýeri bolup meniñ garşymda we onuñ goldawçysy kän ýagdaýda bolany üçin men hat-da Gurbannazar Ezizowdanam geçdi diýse iki elimi galdyrmaga mejbur boldum.

Her zadyñ wagty bar. Öz goşgusy bolsa gowy zat ogurlukdygyny aýdyp öz sözümiñ dogrudygyny bir aý geçenden soñ, 6 aý geçenden soñ bolsa goldawçylaryny goşgy ogurysy bolsa ýene birini ogurlandyr diýip aýtdym. Ine, görüp otursañ, aýby açylyp barýar. "Pespällik" eger şu goşgy meniñki diýip utanman aýdyp bilýän bolsa, hany seniñ pespälligiñ. Wagt geçer... Düýnki gün arşa göteren mediañ, arşdan ýere çabalandyrybam gaçyrjakdygyny unutma! Goşgy ogrusy!

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
"Pespällik" Berkarar Döwletimiziñ "Nesil" gazetinde çap edildi. ÝouTobe kanalynda edil şu goşgynyñ asyl nusgasyny özbek telewideniýesiniñ arhiwinden alnyp, Kerim janyñ okany bilen gezekleşdirip goýlup, Hoja Hojaýewiñ prikol gepleri bilen bezelen wideosy hem bar.

0
5 Haweran  
411
Aýsapar, pikiriñ ýazylan ýerinde ýazman, başga ýerde (myhman depderde) anonim ada bukulyp ýazýan palankes Sizi "Ölsem jynazamy bilbil okasyn" diýen goşgyñyzy özbek şahyryndan almakda (goşgymy ýa setir?) aýyplaýar. Biz-ä makullap biljek däl, sebäp kimden alynan? Bilse ýazardy. Bilenok. Kime süýkenjegini bilmeýäniñ biridigini ýüzüne basmak üçin bu barada näme aýdyp bilersiñiz?
Soñky goşgularyñyzyñ türk şahyrlaryndan täsirlenmedigini aýdýan deñeşdirmeli subutnamasyz şyltagyna-ha jogap bermegem gerek däl hasaplaýan.

0
6 ssaparay  
1436
Ol goşgyň ýokarsynda özbek şahyryndan alynandygyny ýazypdym men. Men ony hiç haçanam gizlemedim. Ýöne şol goşgynyň awtoryny bilemok. Şonyň üçinem ýokarsynda "Özbek şahyry" diýip ýazylandyr.

0
7 ssaparay  
1436
Şol goşgyň ýokarsynda ''Özbek şahyry" diýip ýazylanlygy üçin maňa özbekdir öýdüp ýörenlerem bar eken.

0
8 ssaparay  
1436
Şu saýtda-da bar şol goşgy. Nirden täsirlenip ýazylanlygy görkezilen ýokarsynda.

0
9 Haweran  
411
Ine, indi hemme zat düşnükli boldy.
Şoñ ü.n ýokarda ýaýjygyñ içinde "goşgymy ýa setir?" diýip ýazypdym. Goşgy ýa setir ogurlamak bilen başga şahyrdan bir setiri çelgi alyp, başga goşgy ýazmagyñ tapawudyny bilmeýänlere mundan soñ jogap berjegem bolup durma.

0
10 ssaparay  
1436
O‘lsam, janozamni bulbul o‘qisin,
Kuyib o‘tgan umrim sharhini aytsin.
Bardoshim haqida ash’or to‘qisin,
Mendan norozilar fikridan qaytsin.

O‘lsam, janozamni bulbul o‘qisin,
Aytolmay qolganim desin Ollohga,
Salovatlar aytsin to‘plab bor kuchin,
Bilmagan bilganim desin Ollohga.

O‘lsam, olov tanim muz bilan yuving,
Toki, kafanlarim ketmasin kuyib,
Yuvgach, yuragimga parcha muz qo‘ying,
Boray huzuriga ozgina sovib.

O‘lsam, kafanimni bulutdan qiling,
Yomg‘irga aylansin, yonsam qabrda.
Qabrimni qazsangiz sal kengroq oling,
Gunohkor bandaga tor go‘r jabrda…

O‘lsam, chinor eking qabrim boshiga,
Toki, soyasida tilovat o‘qing.
Cho‘milib yashadim ko‘zim yoshiga,
Yig‘lamang, siz faqat salovat o‘qing.

Kichkina yasating qabrtoshimni,
Qur’on oyatlarin yozdiring o‘yib,
Yozmang qabrtoshga umrim, yoshimni,
Men safarga ketdim chorig‘im kiyib.

O‘lsam, oyoq tomon, o‘ng tomonimga,
To‘rt kishi sig‘arlik kursi yasating,
Sog‘inib kelsangiz ixlosla o‘qing,
Qabrimni gul emas, Qur’on bezasin.

O‘ng tarafdan keling, oyoq tarafdan,
Toki, ko‘rsin sizni ochiq ko‘zlarim,
O‘lim haq ekanin olasizda tan,
Quvonay, keldi, deb o‘g‘il-qizlarim.

O‘lsam yo‘qlab turing. Biling, kutaman,
Chunki, siz deb o‘tdim o‘zimdan kechib,
Yo‘qlamay qo‘ysangiz, zardob yutaman,
Yotaman go‘rda ham ko‘z yoshim ichib,

O‘lsam, umrim sharhin nabiralarga,
Evirmay, o‘chirmay borini so‘zlang.
Intiq kutganimni ularni hamda,
Yonib o‘tgan ko‘nglim zorini so‘zlang.

O‘lsam, she’rlarimni avaylab asrang,
Imkonin topib topshiring elga.
Bilaman, el o‘qir sog‘inib, sevib,
O‘tar yozganlarim qo‘llardan qo‘lga.

O‘lsam, faxr bo‘ling, mexribon bo‘ling,
Imkonin topsangiz to‘lang qarzimni,
Duosini oling men sevgan elni,
Meros qoldiraman sizga sabrimni.

O‘lsam, janozamni bulbul o‘qisin…

Ine goşgyň orginaly, meň ýazanymam saýtda bardyr. Seljeribersinler indi.

0
12 Haweran  
411
ÖLSEM

"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)


Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!

Aýsapar EMELOWA.
http://kitapcy.ru/news/olsem/2021-10-20-17788

Umuman, Aýsapara aklawjy gerek däl. Siñegini özi kowup biljek derejedäki ýaş şahyr.

* * *

Goşga ýazylan teswir nämäñ üýtgedilip, üýtgedilmändigini takyklap berýär. Gowy goşgulara sarp etmeli zehiniñi ýakma, her öñýeteniñ her sözüne jogap berjek bolup.

* * *

Dogrymy aýtsam, bu goşgyny öñ görmändirinem. Özbekçe bilmämsoñ, soñky goýlan özbekçe şygyr bilen deñeşdiribem bilemok. Teswir hemmeler üçin açyk, täsirlenmemi, ogurlykmy, okyjylar baha bersin.

* * *

Myhman depderde tema hakda ýazylan zatlaryñ öçürilýändigi hakda aýtsak.
Biz hemme pikiriñ edebi çekişmäniñ çäginde temanyñ gozgaýan meselesiniñ aşagynda aýdylmagyny isleýäris. Awtor ü.nem, okyjy ü.nem peýdaly we täsirli boljak şeýle söhbetdeşlik temada aýdylman galan zatlaryñ, kemter gaýdýan ýerleriñ üstüni doldurmaga ýa-da öte geçilen ýerde salyhatlylyk bilen duýdurmaga gowy bolýar. Pikir pikiri ösdürýär.
Myhman depder saýt hakda ediljek bellikler we beriljek teklipler ü.n goýlan. Her zadyñ öz ýeri bar. Ol ýerik hapasyny döküp gidýänler muña bizden has gowy düşünýär. Aýsapara kimleriñ kesek atandygyny eger gyzykly bolsa, ol biziñ bilen habarlaşyp, gerek bolsa, bu ýerliksiz jenjeli döreden bulagaýyñ kimdigini ýazanlarynyñ ip adresi, gmail poçtasy, telefon belgisidir kysymyna çenli aýdyp bileris. Ýerliksiz azara galmañ, öz ýüzüñize düşjegini bilip durubam asmana tüýkürýäñiz. Gülkünç.
Saýtyñ hemişelik okyjylary, agzalary gowy bilýär, bahany halk berer, biziñ agza toplajak bolma we ş.m. bolgusyz aladamyz ýok. Bagabat, Garaýolly, Mähriban, Sylapberdi, Gumlygelin ýaly bäş ýylda toplan bäş agzamyz olar ýaly şama-şaýyrdy elli agzadan gymmat biziñ ü.n!
Gaýtam gelmese gowy, delillendirip bilmejek şyltaklaryny atýan bihepbeler şu ýerik. Gelmänem, hiç zat ýazmanam bilersiñiz. Gaşanmañ.

0
11 ssaparay  
1436
Biziň täsirlenmämizem ile ýük, başgalaryň ogurlygy şahyrçylygam bolsa...

0
13 sylapberdimuhamov  
1428
BegendimAý!!!
Aýsaparyñ entek ertir.com barka ýaýran goşgusy şu wagta çenli käbirlerini gününe goýanok eken. Beh-h.
Onsañam goşgy hakda aýtsak, bir setir alnyp, alnan ýerem şol ýerde görlezilipdir. Indi iki goşgynyñ aýratynlygy hakda aýdaýyn. Birinji goşguda bir uzyn ömür gören ynsanyñ aydaýjak mynajaty, Aýsaparyñ goşgusynda ýaş gyzyñ pikir-duýgulary beýan edilýär.
Birinji goşgy dini tarapdan juda ösdürilen. Aýsaparda diñe şahsy duýgulary, ölüm-âyrylyk temasy has çuñlaşdyrylýar. Ine tapawut.
Dury suwy bulandyrjak bolýanlara aytjagym: kürre tozanyñyzy añyrrakda etseñizläñ-eý!

0
14 Shapak_A9602  
1502
Bizin aýdymçy bagşylarymyzam başga milletlerden göçürmäge gaty ökde. Ökdä ökde diýmeli. Şahyrlarymyzam şeýle...

0
15 Haweran  
411
@Remezan, Sylapberdi, Aýsapar, aslynda teswirde göni adyny tutmagyñ hem geregi ýokdy olar ýalylaryñ. Sebäp olar barybir bu zatlara düşünmeýärlerem, düşüneslerem gelenok. Bar bilýän zatlary, sögünip ýazmak, şyltak atmak. Myhman depderi eýýäm näçe gezek pohlap gitdiler. Myhman depderde häzir dnewalny goýmaly bolýar içi poh-püsülli bisowatlañ derdinden.

* * *

Umuman, Kerim diýilýän ady tutulyp kän tankyt edilýär. Muña gönümellik, açyksözlilik we goýberen ýalñyşlygyna gelen seslenme diýip düşünmän, gaýtam dumly-duşdan kesek ýagdyrmaga başlaýarlar. Sebäp edilýän belliklere kesek atmadyr, görübilmezçilikdir diýip düşünýär. Nätjek, her kim özünde özüni görýär. Olardanam aýyplaşmaly däl. Şoña görä-de men K.Hallynyñ çetine öteräk degilýär, ýazygyna galynýar diýip hasap edýärin. Çünki ondan has beterräklerem bar eline galam alýanlaryñ içinde. Diñe şomy edebi ogurlyk edip gününi görýän ýa ogurlygyñ başyny başlan? Çeper söz döräni bäri bar, häzirem bar, ýene-de bolar. Bulam şolañ hatarynda geçer gider-dä. Ogurlyk mal bilen sürüli bolup bolmaýşy ýaly, ogurlyk goşgular bilenem şahyr bolup bolmaz. Şahyryñ öz ýüzi, öz sözi bolmaly, özi bolmaly.
Nämüçin diñe Kerimiñ ady tutulyp, eger bar bolsa beýleki "ogrularyñ" adynyñ tutulmaýandygy hakda aýtmaly bolsa, Kerim dürli güýmenje sosial torlarda çeper söze ýüzleý düşünýänleriñ - ömründe kitabyñ gatyny açyp görmedik ýa-da açsa-da bir kitaby soñlap bilmedikleriñ we şeýle sowat derejesindäkileriñ TikTok, Imo, Instagram ýaly güýmenje torlarda emele getiren jemendesiniñ arasyndan "şöhrat" gözleýär (şolara-da halkdyr öýdýär), aýdym-saz sungatymyzyñ derejesini ýedi gat ýeriñ teýine sokan "aýdymçylar", şowmenler, tamadalar bilen ham-çam bolup sesini eşitdirjek, şolañ üsti bilen "meşhurlyk" gazanjak bolýar (aslynda näme etmelidigini bilýär). Adatça ogry diýeniñ sessiz bolar, beýleki ogry şahyrlañ sesi ýok, ogurlygyny üstünde tutsañ, bular ýaly gohlap, galmagallap duranok, pyssarýar, ýerini bilýär, gaýdyp gaýtalamajak bolýar ýa-da ogurlygynyñ stilini üýtgedýär.
Kerim dogry düşünişmegiñ deregine ýöntem pikirleri bilen özüni aklajak bolup azara galýar. Şoñ ü.nem bu janagyryly mesele boýunça diñe öz adynyñ tutulmagyna sebäp bolýar (belkäm, şeýle bolmagyny isleýändirem, kim bilýär...) "Şygyr ogrusy" diýlende diñe şoñ adynyñ tutulmagynyñ we "Şygyr ogrusy" sözüniñ oñ ady bilen bitewileşmeginiñ düýp sebäbi-de şunda.
Edilýän tankytlara-da sögünç bilen jogap berýänlere dymmak ýa-da orta atan pikirleriñizi deliller bilen berkidip jogap berseñiz, utan tarap siz bolarsyñyz, hormatly okyjylar we agzalar.

0
16 Kovalevskiy  
1521
Birnäçe günden bäri gozgalýan "Şygyr ogrulary hakdaky..." bu tema degişli makalalardyr-teswirleri okamak gaty gynandyryjy. Edebiýat muşdagy hökmünde gerimi günsaýyn ajaýyp eserler bilen giňäp barýan edebiýatymyza özüniň ogrulyk eserleri bilen goşant goşjak bolýan şygyr ogrularyndan ajaýyp edebiýatymyzy ençeme ýyllardan bäri gysganýardym. IMO, TikTok, Instagram ýaly programmalarda birnäçe şowmenleriň ýardamy bilen ogrulyk eserleri bilen arşa çykan şygyr ogrularynyň ogrulyk eserleri gazet-žurnallardyr, telegepleşikleri bezäp başlamagy meni hasam gynandyrdy. Köpçülik ýerlerinde şygyryň muşdaklaryndan häzirki döwrüň ajaýyp şahyrlaryny sanap bermegini haýyş etsem ýokarda agzan programmalarymda köp ses gazanan şygyr ogrularyndan başga hiç kimi sanap bermezler. Men şu saýtdaky ajaýyp şahyrlardan ençemesini sanap bersem welin birdir-ikidirini ýa tanarlar bolmasa olam gümana. Gaty gynandyryjy ýagdaý. Men başga bir makalada bellän teswirimde-de aýdypdym şygyr ogurlary bu zatlardan habarsyz bolup ýa-da habarlary bolubam nebsine haý diýip bilmän ogrulyk eserlerini ýaýradýarlarmyka? Bilemok? Şygyr ogrularyny barmak basyp sanamak gerekdir diýip pikir edemok. Olar barybir bu zatlary okaýandyr öýdemok. Ýöne şygyr ogurlary siziň halyňyza gynanýan hemem utanýan.

0
17 Ependi  
284
Ýazanyňyzam okadym, teswirlerem okadym. Dogrusy, ýagny käbiri edil beýlede däldirle. Entek ýokardan başlaýyn: Kerim Hallyň goşgusyny mysal alypsyňyz. Özbekleň goşgusy bolsada degerli awtoryny tapman, subut etmän bärik goýmak gelşiksiz, ýagny subutnama ýok. Ikinjidenem, tik-tok, youtube ýaly saýtlara olar öz goşgusyny goýmasa, başga nirä goýsunlar? Kitap çykaryp bolýarmy ýurtda? Çykardyň diýeli, kitabyň öwezini dolup okajak barmy? Giň ýeriň gürrüňini edýäniz. Üçünjiden, terjime edip ogurlan bolsa sözüm ýok, plagiat bolýar. Dördünjiden: hemme delil birzatdyr. Kaka-Eje ini dogan ýazylyşy ýaly, deň gelýän wagtam bolýar.

Ýöne, durşuna plagiat bolsa sözüm ýok.

0
18 Aydogdy  
1407
Goşgy ogyrlyk däl. Täsirlenme. Ikisem gowy. Özbek şahyrynyñ goşgysy ýaşy uly adamyñ geçiren ömrinden çagalarna ýüzlenme, sabr kanagaty, dini täsirlenmesi, hupbatly durmuş ýolunda çagalary üçin ýaşandygy aýdylýar. Aýsaparyñ goşgysy bolsa, ýaş gyzyñ durmuş täsirlenmesi diýsek dogry bolar, bu täsirlenme ýaş şahyrlarda köp duş gelýär meñ pikirimçe, ýöne bi täsirlenme meni juda tolgundyrdy. Aýsapar, jigim! Durmuşyñ belentli - pesli ýollary siz üçin entek öñde ahyry , häzir durmuşyñyzyñam, döredijiligiñiziñem iñ ajaýyp döwri meniñçe, sizden ýene- de gowy şygyrlara garaşýas. Şygyr ogrylarnyñ oýlaýşy ýaly halkam juda mal däldir.Olara el çarpyp, indi ökünip ýören ildeşlermizem kän aslynda. Hakyky eser, aýdym bolsun, goşgy, surat bolsun hiç wagtam halk içinde öz gymmatyny ýityrýän däldir. Häzir näçe gygyrsalaram wagtyñ geçmegi bn öz seslerini özlerinden başganyñ eşitmejegi belli. Görnükli ýazyjy şahyrlarmyzy, aýdymlarmyzy şu güne getiren sowatsyz halkymyz. Iñ esasy halkymyzyñ azam bolsa edebiýatymyzy,aýdymlarmyzy asyrlara äkitjek ýazyjy, şahyrlary bolsun.

0
19 ssaparay  
1436
Goşgy ýazylan wagtlary men 21-22 ýaşlarymda bolsam gerek. Belki ondanam ýaşdyryn. Anyk ýazan ýylym ýadyma düşenok. Ilkinji saparam ertir.com saýdynda paýlaşdym. Şo wagtam haýsy goşgudan alanym görkezilendi. Ýöne goşgyň awtoryny bilemokdym. Şonuň üçinem "Özbek şahyry" diýip görkezdim. Bu saýtda-da men paýlaşmadym ony başga agza paýlaşypdyr. Indi maňa atylýan töhmete gelsek. Men goşgydan alan setirimi görkezmänmişim, soň düzedilenmiş. Ol öňden bärem goýulandy. Şonuň üçinem şu wagta çenli hiç kim ses çykarmady. Şol töhmet atýan adam öň şol setiriň ýoklugyny gören bolsa onda näme üçin öň aýtmady-da indi ses çykarjak bolýaka?
Garalabersinler. Olaryň atan garasy maňa geljegi gümana, olaryň eline ýapyşjagy welin hakykat. Şuň özem maňa ýetip, artýaram. Garga-da adyny tutup gygyrýar-a, "Aýsapar" diýip gygyranok. Bardyr munda-da bir haýyr.
Maňa düşüneniňiz üçin, wagtynyzy aýaman teswir ýazanyňyz üçin size köp minnetdarlyk bildirýärin. Köp sagboluň!

0
20 sylapberdimuhamov  
1428
Ependi aga, meni bagyşlañ ýöne Kerim hally meselesinde şübhelenmäñ! Onuñ ýagdaýy hakda aýdylanlar germaniýanyñ wraçlarynyñ goýan ďiagnozy ýalydyr. Ogurlygy resmileşdirilen gazetlerde çykyp duranyndan tapyp bolýa.
Kitap meselesinde biz bu babatda ýurdy, hökümedi günäkärläp biljek däl. Sebäbi isleseñ kitap çykardyp bilýäñ. Hojalyk hasaplaşygynda hususy kärhanalar işläp dur. Agyryña çydasañ müñ ýaşa.
Näçe tom goşgyñ bolsa, töle-de basdyryber.

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]