03:20 Hasap | |
HASAP
Kyýamata goýdum senli hasaby, Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen. Bilýän, ýeňip bilmen sen deý şeýtany, Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen. Tämizläp bilmedim kalbyň garasyn, Sen sebäpli gamgyn boldy galamym, Daşa öwrüldi gyzyl diýip alanym, Meniň ynamymy gaýtaryp ber sen. Indi bagtly günler galdy yrakda, Men-ä asy, sen bir özüňi akla, Emma ne eýlärsiñ duşsak Syratda? Meniñ ýylgyrşymy gaýtaryp ber sen. Eý, namart! Hak öňünde hakykaty aýdarsyň Ýa-da meniň geçmişimi gaýta:rsyň! Ýigrimikim meniň ömrümiň ýazy, Hany, sen däldiňmi iň adyl kazy? Ýa Ýaradan, men guluňdan närazy, Ol maňa özümi gaýtaryp bersin. Dileg-dogalarym hasyl bolarmy? Kän ýalbardym saňa, açyp golumy. (Toba!) Heý beýle-de gul ýaratmak bolarly? Meniň dünýälermi gaýtaryp bersin. Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |