13:48 Sowuk söz | |
SOWUK SÖZ
Goşgular
![]() Böwsüp çykdyňmy sen, buzuň astyndan, Ine, şu sowala jogap ýok, jogap. Tene çümüp giren gyzgyn gülle-de, Ten-janda soň-soňlar ynjalýar sowap. Otly gülle girip, sowap ynjalsa, Sowuk söz sen, tene girýäň buz bolup. Dogry, gülle ýaly ynjalýaň senem, Giren ýüregiňde sönmez ot goýup. * * * Geldiňiz, eziz dostlar, Dar öýüm giňeltdiňiz. Melhem gerek ýüregime, Şatlyk bilen em etdiňiz. Gitdiňiz, eziz dostlar, Giň öýüm daraltdyňyz. Mährim sowadymyka?! Gelmäni azaltdyňyz. Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |