12:15 Obama geliñ | |
OBAMA GELIÑ
Goşgular
Myhmanyna giñden açyk gujagy, Obamda bir gije ýatmaga geliñ. Açykdyr mukaddes duzly saçagy Şol mukaddes duzdan datmaga geliň. Al-elwan gül juwan göwnüñi açar, Yhlasyn siñdiren myradyn tapar. Her dereden joşup bir çeşme akar, Sizem şygyr bolup akmaga geliň. Joşa gelýäň atyr ysly gijeler, Şonda bilbil saz çalmaga tijener. Daglarynda müň bir mukam gizlener, Aýdylmadyk aýdym tapmaga geliň. Dostlar, şahyr gözi bilen diýaryň, Synlaň belent başly goja çynaryn. Säher bilen gelip, Muhammetmyradyň Ili bilen göwün açmaga geliň! * * * Bereketden doludyr, Bereketli saçagy. Myhman üçin açykdyr, Dagly obaň gujagy. Mähir-muhabbet bilen, Myhmanyny eý görer. Her gezek myhman gelse, Obam bir gez beýgeler. Geliň, mydam Nohurym Myhmanyň intizary. Sizem biraz beýgeldiň, Ýene gelip diýary. * * * Siz gelip, eziz dostlar, Dar öýümi giňeltdiňiz. Mejalsyz ýüregime Jan berip direltdiňiz. Siz gidip, eziz dostlar, Giň öýüm daraltdyňyz. Ýa mährim sowapmydyr Gelmäni azaltdyňyz! Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |