19:34 Çaganyñ öweý enesine aýdany | |
ÇAGANYŇ ÖWEÝ ENESINE AYDANY
Goşgular
![]() Gygyrýarsyň «eje diýeňok» diýip, Saňa «eje» diýip aýdaýyn neneň?! Ol meni bagryna basyp öperdi, Saňa meňzeş däldi ozalky enem. Sadygam meň ýaly täze ejeli, Ol hem seniň ýaly öweý aýal-a. Nämüçin seň ýüzüň hemişe tutuk, Sadygyň ejesi ýaly bolaýda! * * * Ýene ene hakda goşgy okaldy, Goşgyny diňlän gyz aglady birden. Gözümde ýaşymy gizlejek boldum, Bolmady, çalaja silkindi gerden. Goşgy saňa agyr täsir etdimi, Ýedi ýaşda enesinden galan gyz. Seniň damja-damja döken gözýaşyň Saldy meniň ýüregime talaň, gyz. Köşeş, dogan, göz ýaşyňy dökme sen, Çekýän kändir enesizlik derdini. Biziň bir-birege meňzeş täleýmiz Bu öweý enäni peşgeş berdimi?! Mähriban ejeňi ýatlaňda, gül gyz, Şonda müň arzuwlar daşyňa üýşýär. Öweý ene hakda goşgy okalsa, Şo gyz biygtyýar ýadyma düşýär... Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |