00:19 Durmuş toýunda okalan goşgy | |
DURMUŞ TOÝUNDA OKALAN GOŞGY
Goşgular
Ilki aýtjak zadym durmuş ýolunda, Ýüregňiziň urşy deň bolup dursun. Sözleşmän düşüniň, Ýürek taryňyz Bir perdä düzülen heň bolup dursun. Baryş-geliş ediň, Toýlara gidiň, Bu dünýä gowulyk tohumyn sepiň, Etjek bolsaň, diňe ýagşylyk ediň, Etmedikler üçin geň bolup dursun. Gün deý şugla saçsyn ogul-gyzyňyz, Abraý bilen dowam etsin yzyňyz, Ýüregňizden çykan yssy sözüňiz, Göýdük göwünlere em bolup dursun. Bu durmuşda büdremesin atyňyz, Wagtyndan öň agarmasyn saçyňyz, Ýöne bir söz bolman maslahatyňyz Tümlügi ýagtyldýan şem bolup dursun. Abraýyňa görip adamdan gaçyň, Bil, abraýy alyp bolmaýar satyn. Ýene bir arzuwym: ýaňra biakyl Akyllyň ýanynda sem bolup dursun. Oýny kän dünýedir, hem ut, hem utul, Ýagşa ýakyn durup, ýamandan gutul, Dost tutunjak bolsaň, şeýle dost tutun, Başa iş düşende Sen bolup dursun. Bagtly durmuş, uzak ömür, jan saglyk, Şudur bu dünýede iň uly baýlyk! ...Sözüm tamam edýän, eziz halaýyk, Maksat-myrat tapyp, jem bolup dursun! Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |