21:16 «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip | |
«DAŇ ÝYLDYZY» «ÖMRÜZAYA» ÖWRÜLIP
Goşgular
(Daň ýyldyzy bilen Ömrüzaýa ýyldyzynyň ikisiniň hem şol bir ýyldyzdygyny kitapdan okap bilenimden soňky dörän goşgy) Ýaşlykda herki zat arzuw edilýär, Yöne bar arzuwyň baranok başa. Olaň käsi gursagyňda garrasa, Käsi siňip gidýär töwerek-daşa. Käbiri kalbyňy heýjana salyp, Säherler dogýarlar "Daň ýyldyz" bolup. Birden gaýyp bolýar, iňrik garalman, "Daň ýyldyzy" "Ömrüzaýa" öwrülip. Meňem sen hakdaky arzuwym, läläm, Gursakda garrady, diýsem ýalňyşman. Onuň üçin seni etmen günäkär, Günäkär - men, öz goýberen ýalňyşlam. Läläm diýmäge-de ysmaýar bogun, Çünki sen meňki däl, özgäň maýasy. "Daň ýyldyzy" bolupsyň sen özgäniň Meňem arzuwlarmyň «Ömrüzaýasy». * * * Maňa dil ujundan söýgiň gerek däl, Söýgiň ýüregime şatlyk saçmasa. Söýgüden ýüregiň pürepürlenip, Bulak bolup meň ýüregme akmasa, Maňa dil ujundan söýgiň gerek däl, Sen söz bilen ýüregimi darama. Eger söýgìň bilen başaryp bilseň, Gelip meniň ýüregimi parala! * * * Bilmedim men, nirä sumat bolduň sen, Sen nirede murty taban ýaşlygym. Nirde meniň şahyr Aman Kekiliň "Söýgi" romanyndan alan «bäşligim». "Söýgi" romanyndan bäşlik alsam-da, Şo gyzyň yşkyndan aldym «ikilik». Belki, meniň yssy mährim sowandyr, Gitdi söýgim sary öýmesin atynyp. Garanlygym üçin oňa biperwaý, Söýgi güzap berýär, menden ar alyp. Gussaly güýz güni kalbymdan taýyp, Tändi söýgim ýaprak ýaly saralyp. Şondan bärem gussaly güýz gelende, Sary ýapraklaryň arasyn dörýän. Hem olaň içinde örtenip, ýanyp, Birmahalky tänen söýgimi görýän. Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |