17:33 Arzuwlar | |
ARZUWLAR
Goşgular
Siziň derýaňyzda akyp barýaryn, Göýä bir ummandyr, siziň derýäňyz. Ganatlarňa baglap bütin durkuny, Meni nirelere alyp barýaňyz?! Siz meniň şatlygym, Ukusyz gijäm, Siz meniň ganatym, Siz meniň bagtym. Ene bürgüt bolup alyp çykýaňyz Hesretiň oduna lowlaýan wagtym. Mukaddes haýyşym: alyp baryň siz, Il içine - halal zatlaň ýanyna Beýik maksatlara gowşuryň meni, Goşuň meni beýikleriň sanyna. Siz meniň barlygym, Siz meniň dünýäm, Sizden aýra düşsem, dünýe ýok maňa. Ganatlarňa baglap bütin durkumy, Alyp barýarsyňyz ertirki daňa! Muhammetmyrat MEREDOW. | |
|
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |