13:00 Demokratiýa çözgüt däl | |
DEMOKRATIÝA ÇÖZGÜT DÄL
Publisistika
Demokratiýa iñ amatly çözgüt däl, onuñ düzümi peýdaly we zyýanly elementlerden doly bolan, akylyñ dolandyrýan önümidir Şu döwürde demokratiýa dünýäniñ iñ köp gürrüñini edýän we adamlary başagaýlyga salýan meselesi, ýöne adalata ýa-da deñlige barýan ýol bolandygy üçin däl. Tersibe halkara möçberde düşünje we ýarag hökmünde atlandyryp boljak zadyñ iñ açyk mysalyna öwrülendigi üçin. Ýagny, demokratiýa syýasatda, ykdysadyýetde ýa-da başga ugurlarda bolsun, garşydaşlara garşy ýarag deregne ukanylýan ideologiki düşünjä öwrüldi. Düşünişmezlikler we demokratiýanyñ başdan geçirýän üýtgeşmeleri bir ýana, demokratiýa ilkinji gezek gadymy taryhda greklerde ýüze çykdy, has soñra rimlileriñ arasynda dürli formalarda dowam etdi. Yzyndan Ýewropada Renessans, Aýdyñlanma, monarhiýalar we buthana bilen ýüzlerve ýyllap dowam edip gelen çaknyşyklar döwründe täzeden janlandy we ahyrynda demokratiýa hemme derejede dünýä kerwenbaşysy bolmagyndan soñ Ýewropadaky we Günbatardaky häzirki döwrüne gelip ýetdi. Günbataryñ ösen dünýäniñ kerwenbaşysy bolmagy bilen demokratiýany wagyz etmek bütin dünýäniñ başyna musallat bolup inen gylyja meñzeş halkara missiýa öwrüldi. Demokratiýa taryhy, syýasy we medeni taýdab Günbatar obrazynyñ parçasydyr we şu sebäpden ony Günbatardaky medeni önümçiligiñ köplüginde hemme zat bilen baglanyşykly syýasylaşan parça hökmünde görýäris. Demokratiýany goşgularda, hekaýalarda, romanlarda görýäris we beýleki çeper döredijilik hem-de sungat žanrlarynda görýäris. Ol çagalara kiçi ýaşlarda öwredilýär, ulalanlarynda bolsa edaralardyr guramalar ony goraýar. San-sajaksyz mysallardan birini bermeli bolsa: "Tagt oýunlary" ("Game of Thrones") ýaly ajaýyp serialda şahaly-pudakly çaknyşyklar we düşünişmezlikler soñlananda, uly düşünişmezlik çözülende, sýužetiñ çözgüdiniñ demokratiýadygyny görkezmekdigine esaslanýandygy belli bolýar. Dünýäniñ yzagalak ýurtlarynda demokratiýa şeýle görnüşde we ýaýrawda ýöränok. Köp ýurtda demokratiýa ony ilkinji gezek ýurda aralaşdyran kolonial miras bilen baglanyşykly. Gadymy medeniýete eýe Hindistan ilatynyñ sany boýunça dünýäniñ iñ uly demokratik nusgasydygyna garamazdan, gadymy mirasynda demokratiýadan nam-nyşan ýok. Demokratiýa soñky döwürlerde Hindistandaky iñlis kolonial döwründen miras alnypdyr. Bu ýagdaý başga ýurtlar üçinem şeýle bolmagynda galýar. Demokratiýa Günbatar medeniýeti bilen baglanyşyklylykda kämilleşen, soñabaka Günbatar gegemoniýasy bilen gumanitar mehanizmden birtüýsli mukaddes teologiýa öwrülen gumanitar mehanizmdir. Demokratiýa hamana Fahreddin Razynyñ aýdyşy ýaly añlaryñ ösüşiniñ soñy ýa-da has soñra teoriýasyny täzeden düşündiren Fukuýamanyñ aýdyşy ýaly taryhyñ soñy ýaly seýrek pikir alşylyp bilner. Demokratiýanyñ yzyjy halkara guramalarda, raýat-jemgyýetçilik edaralarynda ýa-da mediýada dünýä ýurtlaryna basyş etmek maksady bilen ýygy-ýygydan ulanylýan "pikir azatlygy", "adam hukuklary" ýaly goldaýjy düşünjeler ýetirdi. Günbatar demokratiýasy has öñem nygtalyşy ýaly pelsepäniñ we düşünjeleriñ ösüşinden Günbatar medeniýeti baglanyşygynda jemgyýetleriñ we çaknyşyklaryñ ösüşinden emele gelen birnäçe faktorlaryñ üstünde guruldy. Şol sebäpden köp gürrüñi edilen, düşünjelerini we bu düşünjeleriñ bir-birleri bilen gatnaşyklaryny detallandyrýan günbatarly filosoflaryñ ölümsiz sözlerinden añsatjyk söz açylyp bilner. Gresiýalylardan rimlilere aralaşyp, täze taryhyñ Renessans we Aýdyñlanma döwürlerine we yzyndanam biziñ günlerimize gelip ýeten taryhy ösüşiniñ meñzeşi beýleki adamzat siwilizasiýalary baglanyşyklylygynda ýok. Demokratiýa Hindistanyñ bitewiligini gorap bilmedi we Päkistan bilen Bangladeş özbaşdaklygyny yglan etdi. Ysraýyl iki döwletli warianty nähili ret edýän bolsa, jöhitleriñ we palestinleriñ bir ýerde agzybirlik bilen ýaşaýan, doly demokratiýa bilen dolandyrylýan bir bitewi döwlet bolmagy-da ret edýär. Forma taýdan Eýran ýaly dünýäniñ käbir teokratik ýurtlary demokratik mehanizmleri öz isleýän zatlaryny durmuşa geçirmek üçin ulanýarlar. Eýran şu mehanizmi ulanmakda ökdeledi we bu ökdeligini ýurtlary ýok edýän hem-de olary daşky ekspansiýalara garşy goragsyz ýagdaýa düşürýän, öñüni alyjy mezhepçi demokratiýasynyñ iñ bärkije mysalyny görkezen Liwana eksport etdi. Arap we yslam dünýäsi barada aýdanda, sebut halklarynyñ köpüsi üçin tanklaryñ üstünde gelen günbatar demokratiýasynyñ güýçli görnüşde bolan we göze ilen iki mysaly bar: ABŞ-na garşy gurnalan iniñi tisgindiriii terakt bolan 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr wakalaryndan soñ Owganystanda we Yrakda bolup geçenler. Demokratiýa iki ýurda-da aralaşdy we çärýek asyrlap goldandy. Häzir bolsa netije doly heýhat: Owganystanda Taliban hereketi ABŞ-nyñ masgaraçylykly yza çekilmeginden soñ täzeden häkimiýet başyna geldi. Saddam Hüseýiniñ diktator režimi yzynda yraklylaryñ ABŞ-nyñ ýurtlaryny okkupirlemeginden öñki döwrüñ zaryny çekmeklerine sebäp bolan mezhepçi demokratik režim galdyrdy. Arap harby respublikalarynyñ barsy demokratikdi we bu demokratiýalar köplenç halklara onlarça ýyllap dowam eden rehim-şepagatsyz harby häkimiýetleri galdyrdy. Şeýle häkimiýetleriñ golastyndaky demokratiýa adalaty ýa-da azatlygy goldamaýan, adalatsyzlygyñ ýa-da korrupsiýanyñ öñüni almaýan gury şygardan ybarat boldy. Bu režimlere garşy çykan syýasy yslam hereketleriniñem demokratiýa bolan garaýyşlary biri-birine ters. Bir bölegi häkimiýete gelmek üçin demokratiýany perdelense, ýene bir bölegi dar partizançylykly bähbitler we günbatarly goldawçylardyr gatnaşyklar tarapyndan dolandyrylýandygy üçin tükeniksiz jedeller bilen demokratiýanyñ yslamy inkär etmekdiginiñ, dinden çykmakdygynyñ hökmüni çykarypdyr. Mahlasy, demokratiýa iñ amatly çözgüt däl, onuñ düzümi peýdaly we zyýanly elementlerden doly bolan, akylyñ dolandyrýan önümidir. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly ýazyjy, yslam akymlary boýunça ylmy barlagçy. Duşenbe, 16.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |