13:33 Gazäni halas etmek taryhy missiýadyr | |
GAZÄNI HALAS ETMEK TARYHY MISSIÝADYR
Publisistika
Arap ýurtlarynyñ palestin hatarlaryny birleşdirme, ýaragy we güýji Palestin hökümetiniñ elinde jemleme islegi we iñ esasysy-da güýji barmy? Saud Arabystany we Müsür ýaly arap ýurtlarynyñ hadysalaryñ başlan 7-nji oktýabryndan bäri Gazada boýnuna alan iñ uly missiýasy atyşygyñ bes edilmegini ýola goýmak we ölmän galan palestinaly raýatlary goramakdyr. Bolup geçen weýrançylykdan we missiýasyny ýerine ýetirýänçä orta atylan ähli çözgütleri ret eden Ysraýylyñ dowam edýän wagşyýana jenaýatlaryndan soñ Arap ýurtlary munuñ hötdesinden gelmäge mazaly ýakynlaşdy. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden uruşyñ soñlandyrylmagyna gönükdirilen üç tapgyrly teklibi hödürledi we bu uruşy soñlandyrjak islendik teklip üns berilmäge mynasypdyr. Arap ýurtlary-da gürrüñi gidýän teklibe üns bermeli bolar, çünki Gazadaky palestin halky başyndan soñuna çenli bolup geçmeginse hiç hili günäsiniñ ýok, çekip-çydap bolmajak, wagşyýana urşuñ dowzahynda ýaşaýar. Amerikan gepleşikleri Kataryñ üstünden "Hamas" hereketi bilen geçirilýär, çünki uruşdan öñ Gazäni dolandyrýan we girewne alynanlary saklaýan şolardy. Baýdeniñ teklibi Ysraýyla amatly bolarly, çünki ol indi harby taýdan ähli maksatlaryna ýetensoñ, Gazadaky ýumurtga togalabermeli derejede hemme zady ýok edensoñ, gaza halkyndan 40 müñe golaý adamy öldürensoñ, bärde diñe "Hamasyñ" elindäki zamuna saklanýanlary halas edäýmek galdy. Ysraýylyñ premýer-ministri Netanýahu "Hamasy" doly ýok etmäge synanyşýandygyny ýanjap aýdýanam bolsa, onuñ bu maksadynyñ amala aşmagy logiki sebäplerden ötri şübheli. Şonsuzam Palestinadaky bölünişigi güýçlendirmek üçin premýer-ministrlik eden döwründe "Hamasyñ" Gazadaky Palestin hökümetine garşy gazaply we gandöküşikli döwlet agdarlyşygyny guramagyna rugsat berenem hut Netanýahunyñ özüdi. Ençeme ýyllaryñ dowamynda ysraýyl banklarynyñ üsti bilen "hamasçylara" milliardlarça maliýe goldawynyñ berilmegine rugsat berenem özüdi, çübki "Hamas" onuñ özbaşdak palestin döwletiniñ gurulmagyny ret edýän garaýşyna hyzmat edýärdi. Palestin konfliktine hakyky we durnukly çözgüt gözleýän islendik kişi Gazadaky palestin halkyna hyzmaty birinji derejeli işe öwürmelidir. Gazadaky palestin halky ençeme ýyl bäri "Hamasyñ" demir penjeli we otdan gurşalan dolandyryşynyñ astynda ýaşaýar. "Hamasyñ" demirden we otdandygyny ony goldaýanlaryñ özem bilýär we muña hiç kim garşy çykmaýar. Gaýtam tersine, "Hamasyñ" şeýle teraktlary etmäge hakynyñ bardygyny öñe sürýän çykyşlar edilýär, çünki "Hamas" "goranyş", "jihat" we ş.m. şygarlary öñe sürýär. Urşuñ gutarmagyndan soñky günüñ netijeleri sebäpli palestin halkyny bu adalatsyzlykdan halas etmek birinji derejeli wezipämiz bolmaly. Netanýahynyñ özem, onuñ ekstremistik sagçy hökümeti-de Palestin hökümetiniñ Gazäniñ dolandyryş edaralaryna gaýdyp gelmegini hiç bir ýagdaýda islemeýär. Arap ýurtlary bolsa diñe şunuñ üçin tagalla etmeli. Palestin hökümetiniñ Gaza hökümetine gaýdyp gelmegini üpjün etmek halkara konsessiýany döretmäge dyrjaşmaly. Palestin hökümetiniñ gaýdyp gelmegi şularyñ amala aşmagy üçin derwaýysdyr: Palestin hatarlaryny birleşdirmek, syýasy karar kabul etme agzybirligini güýçlendirmek, arap halklaryna we ýurtlaryna duşman ähli sebitleýin taslamalaryñ boýna dakylan, sebitiñ iñ köne problemasyna hakyky we durnukly çözgüt döretjek geljekdäki ylalaşyklaryñ ýerine ýetirilmegini üpjün etmek. Şonsuzam Pars aýlagynyñ arap ýurtlary jaýlary, ýaşaýyş massiwlerini, hassahanalary, mekdepleri, integrasion infrastruktura bolsun diýip Gazäni gurmak üçin milliardlarça dollar harçlady. Baýdeniñ teklibine görä, Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyn Gazäniñ täzeden gurulmagyna goşant goşmagy üçin araplara garşy sebitleýin taslamalary amala aşyrmak, bir bitewilikde palestin meselesine hakyky çözgütleri retbedýän ysraýyl agentligine hyzmat etmek maksady bilen her birküç ýyldan bir gezek Gazäni ýakyp-ýumurýan syýasy we harby telbeliklere baş goşulmajakdygynyñ kepilligi berilmeli. Bärde iñ esasy sorag şu: Arap ýurtlarynyñ palestin hatarlaryny birleşdirme, ýaragy we güýji Palestin hökümetiniñ elinde jemleme islegi we iñ esasysy-da güýji barmy? Jogap gutarnykly suratda - hawa: islegi we güýji bar, emma muña iñ uly garşy çykýanam Ysraýyl we onuñ ekstremistik sagçy hökümeti. Şonuñ üçinem atyşyk bes edilen badyna 2013-nji ýylda bolşy ýaly taryhy we ynsanperwer missiýa bilen Gazäni özüni we halkyny girewne alýan her dürli ýaragly topardan arassalajak bolmaly. 2013-nji ýylda arap ýurtlary "Arap bahary" diýlip at berilen wakalardan soñ Müsür döwletini girewne alanlardan halas etmek we gaýdyp almak babatda müsür halkyny we döwletini goldapdylar. Munuñ özi Obama döwrüniñ ABŞ-synyñ şol döwür garşy çykandygyna garamazdan üstünlikli amala aşyrylan taryhy missiýady. Emma Müsür bilen Gazäniñ arasynda möhüm aýratynlyk bar, olam Müsüriñ halas edilmegi missiýasy güýçli goşunyna esaslanypdy, Gazäniñ bolsa goşuny ýok. Göz öñüne tutulýan maksat aýdyñlaşandan soñ birnäçe päsgelçilikleri aşyp bolar we käbir sebit ýurtlarynyñ goldaýan şygarlaryndan, gereginden artyk çişirmelerinden daşda çözgüde barýan ýollar kesgitlenip bilner. Orta atylýan şol şygarlaryñ köpüsi araplara garşy sebitleýin taslamalar bilen baglanyşykly, onlarça ýyllap syýasy ugurlaryny radikal toparlary arap ýurtlarynyñ durnuklylygyny paltalamak üçin ulanmaga synanyşýan käbir günbatarly ýurtlar tarapyndan goldanýan radikal toparlaryñ jedelli şygarlarydyr. Gaza barada aýdanymyzda bolsa, şeýle çözgüt durmuşa geçirilmedik ýagdaýynda, Gazada birnäçe ýyldan ýene şeýle senariler gaýtalanar durar. Radikal toparlaryñ tebigatyna, öñe sürýän pikirlerine, düşünjelerine we syýasy baglanyşyklaryna, taryhyñ logikasyna, sebitleýin we halkara güýç deñagramlylyga dogry düşünilmese hem-de käbir hasaplar çuñ we çynlakaý barlaglaryñ tegelek stoluna goýulmasa Gazada ertirki gün nämeleriñ boljagyny çaklamak kyn däl. Gazäniñ başdan geçiren aýylganç tragediýasy dünýäde ysraýylly ganojaklara gahar-gazap we garawsyz palestin halkyna duýgudaşlyk döretdi. Ony bu aýylgançlykdan halas etmek iñ uly we hökmany missiýadyr. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly žurnalist, yslamy akymlar boýunça ylmy-barlagçy. Ýekşenbe, 02.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |