08:52 Reisiniñ ölüminden soñ Eýran | |
REISINIÑ ÖLÜMINDEN SOÑ EÝRAN
Publisistika
Reisiniñ ölümi bilen döwlet apparatynda haýsydyr bir bozulma ýa-da düýpli içerki gapma-garşylyk bolup geçmedi Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ wertolýot heläkçiligine uçrap ölmegi we onuñ ölümi bilen gelen syr, eýran rewolýusiýasy bilen eýran döwleti, Eýranyñ syýasy sistemasy, imperial mirasy, Eýranyñ ideologiýa ýa-da mezhepçilik ýoly bilen täsiriniñ we gegemoniýasynyñ giñeldilmegi we ýaýylmagy boýunça täzeden çekişmelere getirdi. Kyrk ýyl bäri dowam edip gelen sebitiñ ähli detallarynda, gurşawlarynda we strategiki çaknyşyklarynda ömrüni üznüksiz dowam etdiren režim üçin munuñ özi aýratyn belläp geçerlikli çekişmedir. Döwletleriñ aýratynlyklaryndaky çaprazlyklar elmydama içerki agzalalyklaryñ we çaknyşyklaryñ habarçysydyr. Şeýle ýagdaý taryhda-da, ýakyn wagtlarda-da ownukly-irili birnäçe ýurtda bolup geçdi. Aýratynlyk (identiçtost, kimlik -t.b.) köpdürliligi baýlaşdyryjydyr, emma kabul etmesindäki (восприятие) çaprazlyk baýlaşdyryjy däldir. Mysal üçin, yslam mirasynda känir rewolýusiýalar "wepalylyk we arassalyk ideologoýasyny" öñe sürüpdi, özem bularyñ iñ meşhury hariji rewolýusiýalarydy, döwlet bolsa "ytagat ideologiýasyny" öñe sürüpdi. Bu iki ideologiýanyñ her biri Gurhandan delilleri, hadyslary, alymlaryñ sözleri, fykh çözgütleri, uzyn akyda teoriýalaryny öz içine alýardy. Iki ideologiýanyñ arasyndaky çekişmäni netijelendirmeýän ýurtlar dargady ýa-da çagşady. Eýranda ähli rewolýusioner we mezhepçi garşylyklary we ony yzarlaýan içerki-daşarky syýasatlary bilen yslam "rewolýusiýasy" bardy, yzyndan rewolýusiýany sahnanyñ gyrasyna itip ýerine geçmeli "döwlet" geldi, emma aýdylan zady etmedi. Rewolýusiýa döwlet bilen ýanaşyk ýoluny dowam etdirdi, bulam syýasy sistemanyñ gurluşynda ony ýarym rewolýusion we ýarym döwlet eden uly kynçylyklara we çapraz netijelere sebäp boldy. Eýran döwleti eýran rewolýusiýasynyñ garşysynda häzirem ejiz. Eýran halkynyñ gowşak ösüşe we uly tebigy baýlyklara eýe gowşak ykdysadyýet sebäpli çekýän kynçylyklary munuñ iñ uly subutnamasydyr. Munuñ özi hemmeleriñ bilýän we subut edilmäge mätäçligi ýok zady. Muña derek eýran "rewolýusiýasy" güýçli we güýç syýasy sistemanyñ gurluşyndaky güýçli edaralar tarapyndan ýöredilýär. Bularyñ arasynda Dini liderlik, Düzgüniñ Maslahatyny analiz etmek geñeşi, Rewolýision Gwardiýasy ýaly edaralar bilen "Welaýaty-Fakih" we "rewolýusiýanyñ daşary ýurtlara ýaýradylmagy" ýaly esasy guramaçylykly we dolandyryş düşünjeleri bar. Galyberse-de, Eýran forma taýdan häzirkizaman döwletlerine meñzese-de, mazmun taýdan olardan tapawutlanýar. Şundan ugur alyp, Eýranda "döwletiñ baştutany" wezipesiniñ Dini lider ýaly aýratyn möhüm orna eýe däldigi, beýleki ýurtlardaky premýer-ministr wezipesine meñzeşräk bir zatdygyny bilse bolýar. Şonuñ üçinem prezident Ibrahim Reisiniñ ölümi bilen birlikde döwlet apparatynda haýsydyr bir bozulma ýa-da düýpli içerki gapma-garşylyk bolup geçmedi. Üns berýän bolsañyz, ilkinji pursatdan başlap režimiñ ähli ýolbaşçylary we edaralary-da munuñ şeýle boljakdygyny aýratyn ýanjap aýtdylar. Emma bu, sebitdäki möhüm we täsirli, hemmeleriñ özüne düşünmäge, ugurlaryny, strategiýalaryny we geljegini oýlamaga zerurlyk duýmaga, režim hakda gerekli sowallaryñ orta atylmagyna päsgel berip bilenok. Jogaplaryñ köpdürliligi we orta atylan ähtimallyklar hadysany we netijelerini añlamak nukdaýnazaryndan peýdalydyr. Şonsuzam awariýanyñ ýörite guralandygyny aýdýanlar bar. Iki tarapyñ arasynda soñky döwürde bolup geven dartgynlylykdan soñ we aýratynam Ysraýylyñ birnäçe ýyllap Eýrandaky käbir teraklarda uly paýynyñ bardygy subut edilendigi sebäpli, Tel-Awiwiñ munda eli bolup bilermi? Eýran mundan öñem ýurduñ içinde we daşynda ýolbaşçylaryny, ygtyýarlylaryny we alymlaryny nyşana alan teraktlara gözüni ýumupdy. Bularyñ iñ meşhurlarynyñ arasynda ABŞ-nyñ Yrakda Kasym Süleýmanyny didiwanyna mündürmegi we Ysraýylyñ ýadro boýunça alym Muhsin Fahrizadäniñ janyna kast etmegi bar. Sorag soramak çekişmäni başladyp biler, emma muny halaýandygyñy añladyp bilmez. Şeýle ýagdaýda beýleki sorag şu: bu hadysa eger daşardan guralmadyk bolsa, içerki çaknyşyklaryñ netijesi bolup bilermi? Eýran meseleleri babatda hünärmen barlagçylar režimiñ dürli we çylşyrymly edara-gulluklarynyñ arasynda çaknyşyklaryñ bolýandygyny gowy bilýärler. Döwletiñ içinde iñ esasy wezipe Dini lideriñ wezipesi bolandygyndan häzirki lideriñ aradan çykan ýagdaýynda ýerine kimiñ geçjekdihi babatdaky jedellerem birnäçe ýyl bäri ýatyşarly däl. Ibrahim Reisiniñ ady-da Dini lideriñ oruntutary hökmünde kandidat görkezilen iñ güýçli şahslaryñ biridi. Onuñ bilen bile kandidat görkezilen we ondan has güýçli ýene bir şahs bolsa, häzirki Dini lideriñ ogly Müjteba Hamaneý. Analitikler Dini lideriñ indiki dini lider bolmagy üçin ogluna goldaw bermegiñ pikirindedigini subut edýär. Rewolýusion režimde häkimiýetiñ miras galdyrylmagy iñ bolmanda aç-açan aýdylýan zat däl, emma Pers imperiýasynyñ imperial mirasy Eýranda şindizem güýjüni ýitirenok. Täze taryhda monarhiýa garşy bolup geçen meşhur Fransuz rewolýusiýasyndan kän wagt geçmänkä, Napoleon Bonapart imperator bolup, mirasdüşerlik sistemasyny gaýtadan dikeldipdi. Rewolýusion arap režimleri rewolýision prinsiplerden uzakdaky häkimiýeti prezidentlerij ogullaryna miras goýupdy. Eýranda Rewolýusion Gwardiýa diñe harby taýdan taýdan däl, ykdysady we sosial taýdanam güýçli harby gulluga we režime wepaly harbylar tarapyndan dolandyrylýar, emma ahyrynda bular harby gullukçy. Rewolýusion Gwardiýanyñ döwletiñ üstünde agalyk sürme pygyllary barada gymmatly we sagdyn ylmy kitaplar, ylmy-barlag işleri ýazyldy. Netijede, eger adaty awariýa bolsa, bu hernäçe ret etselerem ýa-da garşy çyksalaram halkara sanksiýalaryñ syýasy sistemalaryñ üstündäki täsiriniñ nähili güýçlüdiginiñ subutnamasydyr. Prezidentiñ wertolýoty iñ täzesi we iñ gowusy bolmalydy, emma ol könedi. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly ýazyjy, Yslamy akymlar boýunça ylmy-barlagçy. Ýekşenbe, 26.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |