06:28 Hajyñ imisalalygy we syýasatyñ ahlaksyzlygy | |
HAJYÑ IMISALALYGY we SYÝASATYÑ AHLAKSYZLYGY
Publisistika
Haj parzyny berjaý etmegiñ we hajylaryñ howpsuzlygy Saud Arabystanynyñ elmydama kösstüz oñaryp gelen işi. Bu ýylky haj zyýaraty-da şol howpsuzlygyñ we asudalygyñ dowamy bolar On dört asyrdan gowrak wagt bäri musulmanlar her ýyl yslamyñ bäş şertinden birini ýerine ýetirmek, parzdyr ybadatlaryny birkemsiz tamamlamak we Gurhanyñ "Soñra hapalaryny giderip arassalansynlar. Aýdylan janlylaryny bersinler. Käbäni togap etsinler" buýrugyny ýerine ýetirmek üçin haj möwsümine garaşýarlar. Dünýä boýunça musulmanlaryñ sanynyñ bir milliarddan geçmegi, döwrebap transport serişdeleri bilen aragatnaşygyñ añsatlaşmagy, emma muña derek Mekgedäki ybadat meýdanlarynyñ diñe haj möwsüminiñ Zülhiçje aýynyñ birnäçe güni bilen çäkli bolandygy sebäpli musulmanlar şu meselede täze syýasatlary işläp düzmäge mejbur boldular. Bu syýasatlaryñ arasynda her ýyl ýurtlaryñ ilatynyñ belli bir derejesuniñ haj parzyny berjaý etmegi boýunça ylalaşyga gelinmegi hem bar. Munuñ özi yslam ýurtlarynyñ üstünde ylalaşyga gelen ýagdaýlary we şertleri bilen ülñüleri bar. Onlarça ýyl bäri dowam edip gelýänem bolsa, bular ýaly zat yslam taryhynyñ gadymy gecmişinde ýokdy. Ýöne aýdyşymyz ýaly, wagtyñ, ýeriñ we şertleriñ üýtgemegi musulmanlary dini pozisiýalaryny, syýasatlaryny we öñe sürýän prinsiplerini kämilleşdirmäge mejbur etdi. Bular durmuşa geçirildi we dini parzlaryñ berjaý edilişini añsatlaşdyrdy. Eýýäm ýüz ýyla golaý wagt bäri Saud Arabystany döwleti hajyñ doly hemaýatkärligini we howandarlygyny boýnuna alyp gelýär hem-de patyşalary "Hadymul Haremeýni-Şerifeýn" unwanyny buýsanç bilen göterýärler. Saud Arabystany patyşalygynyñ mirasdüşer şazadasynyñ öñbaşçylyk edýän 2030-njy ýyl üçin maksatnamasynda (Видение Саудовской Аравии 2030 (араб. رؤية السعودية 2030) haj parzynyñ aýratyn ýeri bar. Göz öñüne tutulýan maksatnama haj we umra zyýaratyny etmek isleýän musulmanlar üçin birnäçe prosesurany añsatlaşdyrdy. "Mesjidi-Haramda" we "Mesjidi-Nebewide" taryhy giñeltme işleri geçirildi. Ýokary hili hyzmatlar hödürlendi. Hemme zatdan öñ dini amallaryñ we ybadatlaryñ añsatlyk we rahatlyk bilen berjaý edilmegi üçin doly howpsuzlyk ýola goýuldy. Bularyñ barsy hemmeleriñ deñli-derejeli we hemmetaraplaýyn ýerine ýetirilýändigine gözi bilen görüp duran taryhy üstünlikleri we döwrebap üýtgeşmeleridir. Gadymy taryhy we haj boýunca bolup geçen çekişmelerdir wakalary bir ýana goýsak, häzirkizaman ýurtlaryñ durnuklylyga ýetmeginden soñ haj ybadatyny iki belli topardan başga nyşanasyna alan bolmady we dini rolundan daşlaşdyrylmaga synanyşylmady. Bu toparlaryñ birinjisi "Musulman doganlar" ýa-da şuña meñzeş syýasy yslam toparlary bilen "El-Kaidedir" DEAŞ ýaly dini rasistik toparlary öz içine alýan sünni fundamentalizmidir. Ikinjisi, ýa hemaýatkär döwletiñ özünden, ýa-da oña bagly toparlardan, partiýalardan, milisiýa otrýadlaryndan bolan şaýy fundamentalizmi ýa-da syýasy yslam hereketleriñ şaýy wersiýasydyr. Şu ýylky haj möwsüminde, ýagny, hijri 1445-ji ýa-da milady 2024-nji ýylda, şol iki fundamentalizmi haj möwsümini nyşanalamagyny dowam etdirýär. Bir ýarym milliard musulmanyñ arasynda diñe şu päliýamanlae hajyñ imisalalygyny bozmaga synanyşýarlae. Sünni fundamentalizmi "Musulman doganlaryñ" "halkara topary", syýasy yslamyñ, toparlaryñ del simwollary, dije we diñe syýasy çekişmeleriñ hatyrasyna hajyñ howpsuzlygy boýunça şübhe oýandyryp biljek kampaniýany taýynlaýarlar. Şaýy fundamentalizmi bolsa haj parzynyñ dowam edýän döwründe "müşrikleriñ ret edilmeginden" söz açýar. Iki fundamentalizmem añyrsynda kim duranam bolsa, Saud Arabystanynyñ haj parzynyñ haýsydyr bir topar tarapyndan haýsydyr bir görnüşde syýasy taýdan ulanylmagyna hiç hili ýol bermeýändigini we bermejeguni gowy bilýär. "Musulman doganlar" toparyny esaslandyryjy Hasan el-Benna patyşa Abdyleziziñ döwründe on gezek dagy haj zyýaratyny edipdi. Emma patyşa Abdyleziz Bennanyñ Saud Arabystanynda "Musulman doganlaryñ" şahamçasyny açmaga eden haýyşyna kes-kelläm garşy çykdy we Saud Arabystany Bennany haj parzynyñ berjaý edilýän döwründe syýasatyñ islendik görnüşiniñ aralaşdyrylmazlygyny berk duýdurdy. Ýöne şol bir wagtyñ özünde Bennany haj zyýaraty döwründe syýasy taýdan nyşana alnyp, janyna kast edilmekdenem gorady. "Musulman doganlar" topary Saud Arabystanynyñ haj zyýaratynyñ syýasy taýdan ulanmagyny ret edýändigini bilýändigine garamazdan, bu döwri elmydama toparyñ düzümini güýçlendirmek, tarapdar toplamakbwe ideologiýasynyñ propogandasyny etmek üçin ulanyp geldi. Ikinji hili fundamentalizmem şol ýoldan ýöredi. Eýranda Yslam rewolýusiýasynyñ bolup geçmeginden soñ "rewolýusiýany eksport etme" ýagny arap ýurtlaryna aralaşdyrma düşünjesi ýaýrady. Haj parzynyñ berjaý edilýän döwründe "müşriklerden ýüz öwürme" bidgaty şu pikiriñ ýatgysyndan döredi. Soñky kyrk ýylda yslamy we musulmanlary utandyrýan şowsuz wakalar bolup geçdi, emma Saud Arabystany elmydama bu iki tarapa garşy hüşgärligi elden bermedi. 1987-nji ýyldaky haj möwsümi döwründe Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasynyñ harbylary tarapyndan tälim berlen toparlar hajylaryñ howpsuzlygyny nyşanalady: pyçakdyr taýak ýaly sowuk hem-de ölüm howply ýaraglary satyn aldylar. Uly çykyş gurap howpsuz ýagdaýda haj parzyny berjaý edýän hajylardan we jemgyýetçilik howpsuzlygynyñ işgärlerinden kim öñlerden duşsa ganly we gazaply ýagdaýda öldürdiler. Saud Arabystanynyñ howpsuzlyk güýçleri merdanalyk bilen garşysyna dikilip, olary duruzýança, we asudalygy ýola goýýança muny dowam etdirdiler. Diñe howpsuzlygyñ üpjün edilmeginden soñ musulmanlar haj parzlaryny doly tamamlap bildiler. Haj parzyny nyşanalama kampaniýalary soñam dek ýatmady, gaýtam ösdürildi we 1989-njy ýyldaky haj parzynyñ berjaý edilýän döwründe bombaly teraklar bolup geçdi, emma Saud Arabystany ýene-de bulara garşy sak durdy. Päliýamanlaryñ ähli meýilnamalaryny we bet pygyllaryny entek amala aşmanka paş etdi, haj parzynyñ berjaý edilişini we hajylary her dürli syýasy, dini ýa-da mezhepleýin şygar astynda şeýtany görnüşde nyşana alynmagyndan gorady. Iñ geñ galdyryjy we gynandyryjy ýeri bolsa, bu iki ekstremistik fundamentalizmiñ yslamyñ adyndan, yslama wekilçilik edýändigini we yslamy goraýandygyny öñe sürýän şygarlar bilen haj parzyny howpsuz berjaý edýän hajylary nyşana almagydyr. Yslamyñ iñ esasy şertlerinden, parzlaryndan birini ýok etmegi meýilleşdirmegidir. Fundamentalistik çykyşlary tankyt etmegiñ gutulgysyz borçdugy hakykatyny öñe çykarýanam şudur. Sözümi soñlap aýdanymda, haj parzyny berjaý etmegiñ we hajylaryñ howpsuzlygy Saud Arabystanynyñ elmydama kösstüz oñaryp gelen işi. Bu ýylky haj zyýaraty-da şol howpsuzlygyñ we asudalygyñ dowamy bolar. Baýramyñyz mübarek bolsun. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly ýazyjy, yslamy akymlar boýunça barlagçy. Duşenbe, 17.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |