15:12 Taryh we düşünje: iki ýoýulmanyñ arasyndaky Siriýa | |
TARYH we DÜŞÜNJE: IKI ÝOÝULMANYÑ ARASYNDAKY SIRIÝA
Publisistika
Siriýada häzir üç sandyk işledilýär: saýlaw sandygy, kelle sandygy, kalp sandygy Syýasatçy ýa intelligent beýlede dursun, akly-huşy ýerinde hiç kimse taryhyñ ýoýulmagynyñ halklaryñ çekýän kösençlikleriniñ köklerinden we yza tesmelerdir yzagalaklyklaryñ sebäpleriniñ biridigine garşy çykmasa gerek. Taryhy ýoýmagyñ birden artyk manysy bar: rowaýata, ideologiýa we mifologiýa esaslanyp aç-açan ýalan sözlemegem şuña degişli. Ýene biri şu meşhur söz: "Taryhy ýeñijiler ýazýar", ýagny ony öz islegine görä ýoýýar. Ýurtlaryñ, halklaryñ we jemgyýetleriñ taryhyndaky ýazga däl-de, belliklere üns berýän çapraz argument hem şu manylardan biridir. Sebitimizde partiýalardyr toparlary atlandyrmak üçin günbatarly atlaryñ ulanylmagy kesgitlemek we analiz üçin peýdalanylan günbatar düşünjeleriniñ ulanylmagy babatda birnäçe synanyşyklar edildi. Onlarça günbatar düşünjeleri dürli döwürlerde we biri-birine garşy taraplar tarapyndan ulanyldy. Emma bu taraplaryñ düşünjeleri ýoýmak we täzeden düzmek usullary tapawutly-da bolsa, hemmesi-de orginaly bilen gabatlaşmaýan manylarda ulanyldy we bulam öz gezeginde ýalñyşdyr. Siriýada elli ýyldan gowrak döwür häkimiýetde oturan BAAS partiýasy aradan geçen şunça ýolunyñ dowamynda ýeke mezhebiñ we etniki azlygyñ wagşyýana hem-de diktator partiýasyna öwrüldi. Bu öwrülişik BAAS partiýasyny asyl adyndan we goldanýan manysyndan daşlaşdyrdy. Onlarça ýyllap özünden soñ manysyz atlar we arap nasionalizmi bilen siriýa milletçiliginiñ ýüzdürilen manylary galdy. Etniki azlyklaryñ wagşyýanalygyna esaslanýan maşgala häkimiýetine öwrüldi. BAAS partiýasynyñ häkimiýeti monarhiýa respublikasy ýaly bir maşgala we miras galdyrmaga esaslanýan hökümete öwrüldi. Emma monarhiýalaryñ ululygyndan harbylaryñ ogullaryna häkimiýeti miras galdyrmakdan başga hiç zat almandy. Munuñ özi taryhyñ ýoýulmagynyñ ýany bilen düşünjäniñem ýoýulmagydyr. Häkimiýet režimleri öz oppozisiýasyny döredýär we edil BAAS partiýasynyñ Siriýada edişi ýaly Arap ýurtlarynda-da partiýalar öz oppozisiýalaryny döretdiler we bular atlarydyr maksatlary bilen hemmelere belli. Şu we şundan has köpi demokratiýa, adam hukuklary, azatlyklar ýaly giñden ýaýran düşünjeler üçinem şeýle bolmagynda galýar. Esadyñ onlarça ýyllap edenlerine meñzeşini "Musulman doganlar" we fundamentalist dinçi toparlaram etdi. Munuñ iñ açyk mysaly toparyñ 2011-nji ýyldan soñ Müsürde häkimiýet başyna gelen döwrüdi. Şol döwürde bu düşünjeleri diñe we diñe günbatar jemgyýetçiliginiñ gözüni gapmak üçin orta atandygy ýüze çykdy. Partizançylykly düşündirişleri berip bu düşünjeleri topara hyzmat etjek görnüşde formulirledi, taryhy we düşünjäni ýoýmak üçin uly operasiýa girişildi. "Sahwanyñ (oýanyşyñ) gutarandygy" pikiri-de soñky ýyllarda ýaýran rowaýatdyr we aradan geçen döwürlerde nogsanlydygy dünýädäki ähli hadysalaryñ we hakykatlaryñ onuñ real, ylmy we pikir taýdan çaprazdygyny görkezýändigi belli boldy. Soñky asyrda dünýäniñ iñ hapa diktatura režimlerinden biriniñ agdarylmagynyñ beren uly şatlyk-şagalañy bilen akyldarlar, ylmy-barlagçylar, ýazyjy-şahyrlar medeniýetlerine, bilim gorlaryna, tapawutlyklaryna we analizlerine goldanyp geljekde garaşylýanyñ howpuny ýatdan çykarmasalar gowy bolar. Çünki bu karara gelijä we baglanyşykly synça has giñ garaýyş we analiz çäklerini döredip berýär. Syýasatçynyñ tebigaty garaşmak, düýpden almak, pozisiýalarda we kararlarda bähbitleri hasaplamakdyr. Munuñ özi syýasatçynyñ tersine elindäki delillerdir subutnamalar bilen pikirini beýan edýän ylmy barlagçynyñ we ýazyjynyñ meselesi däl, çünki ol diñe şahsy garaýşyny beýan edýär. Eger dogry bolsa-ha ýaşuly we ýaş okyjylaryñ arasynda abraýy artýar, eger ýalñyşsa-da ýalñyşynyñ agramyny bir özi göterýär. Adamzat taryhyndaky muña dahylsyz pursatlar we häzirkizaman taryhyndaky nasizm, faşizm we bolşewizm ýaly dahylsyz pursatlardan daşgaryn taryh we geografiýa ugrunda şeýle bolupdyr. Fundamentalist prinsipler pikirlerde we düşünjelerde, "Emewi" metjidinde we başga ýerlerdäki wagyzlarda syýasy, mediatik, medeni we pelsepewi nutuklar görnüşinde Siriýada täzeden kellesini galdyrmaga başlady. Hernäçe mediýa, aýal-gyzlaryñ bürenjegi, alkogolly içgiler ýa-da aýdym aýtmak babatdaky pozisiýasy ýaly jemgyýetçilik görnüşlere we sosial formallyklara üns bermäge başlasa-da, mesele mundan has çyñ we hemme derejede has howply. Şu tapgyrda sahnany añlamak üçin üç sandyga üns berilmelidir: Birinjisi, günbatarly ýurtlar tarapyndan formallyk hökmünde goldanylan saýlaw sandygydyr. Ähli döwürdeş ýurtlar we fundamental toparlar günbatarly hemaýarkärleri bilen ylalaşyklylykda saýlaw sandyklaryny manipulirlemekde ussatlaşdylar. Ikinjisi kelle sandygy. Ol onlarça ýyllap dini, syýasy, medeni, pedagogiki taýdan manipulirlenip gelindi. Üçünjisi, duýgularyñ prowokasiýalaşdyrylýan, bela-beterleriñ we betbagtçylyklaryñ başga formalara salynýan kalp sandygydyr. Bular häzir Siriýada iñ soñky tizligi bilen işledilýän üç sandykdyr. Sözümizi jemläp alanda, geçmişde bolup geçenlere, şu günki bolýan zatlara we geljekde näme boljagyna düşünmek üçin ha ol ylmy barlagçy bolsun, ha diplomat, ha-da ýazyjy, gyzyklanýan adamtñ özüni döwrebap we döwürdeş taryh, adam we topar atlary, dini, syýasy we pelsepewi düşünjeler, Ebu Katade el-Filistini, Ebu Muhammet el-Makdisi, Ebu Musab el-Suri, Ebu Basir el-Tartusi we şulara meñzeş başga-da birnäçe şahs, şol bir görnüşde "Musulman doganlar" we "el-Suriýýe" ýaly toparlaryñ ady ýaly döwrebap düşünjeleriñ nähili manipulirlenýändigi boýunça täzeden okatmaly boljak. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly ýazyjy, yslam akymlary boýunça ylmy barlagçy. Ýekşenbe, 22.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |