16:57 Eýran: Halkyň süýji rewolýusiýasy | |
EÝRAN: HALKYŇ SÜÝJI REWOLÝUSIÝASY
Publisistika
Eýran halkynyň “süýji” rewolýusiýasy režim üçin deň derejede süýji däl. Eýran halkynyň režime garşy rewolýusiýasyny bütin dünýä gördi, eşitdi, bu baradaky habarlaryň ýaň salmadyk ýeri galmady. Täzelikleriň yzy üzülenok, gerimi daralanok, gatnaşýanlaryň sany azalanok, gaýtam tersine, köpelýär we ösüş tapgyryny başdan geçirýän rewolýusiýanyň yşaratlaryny berýär. “Süýji rewolýusiýalar” on ýyldan gowrak wagt öň “Arap bahary” diýilýän galagoply wakalar döwründe eýran režiminiň aýatollasy tarapyndan ulanylan we arap halklaryny öz syýasy režimlerine garşy gozgalaňa beleň berdiren adalgady. Eýran režiminiňem şol aýatolla we onuň režimine, howpsuzlyk güýçlerine we özüçe guran adalat aýgytyna garşy süýji rewolýusiýany datmaly güni geldi. Rewolýusiýa adalgasy we düşünjesi sebitimizde özüne bu adyň berilen birnäçe wakalary üçin ylmy taýdan dogry manysyny berenok. Wakalary kesgitlemek üçin bu adalgany iň köp ulanýan iki ýurt bolsa Eýran bilen Müsür, ýöne olaryň hersi aýry-aýry baglanyşykda ulanýar. Şeýle ylmy häsiýetli çekinjeňlige garamazdan, Eýrandaky protestleriň we tolgunşyklaryň iki esasy tapawutlandyryjy aýratynlygy bar: yzygiderlilik we giňelmek. Režim muňa bir bilýän zady bilen garşylyk berýär: ýa köçelerde we meýdandaky çaknyşyklarda ýa-da özüne garaşly inkwizision sudlar arkaly basyş we öldürmek. Režim we onuň simwollary bilen aýgytlary barada aýdanda bolsa, eýran halkynyň içalylardan we dönüklerden ybarat boldugynda, açyk paradoks içinde režimiň özüniň rewolýusiýa wekilçilik edende agitirleýärler. Eýran režiminiň halk köpçüligi bilen ýüzleşende köne pikirlerinde, möwriti geçen prinsiplerinde, çagşan dolandyryş ulgamlarynda kejeňeklige tutmagynyň özi täzäni oýlap tapma we özgerişlere aýak goşmak babatdaky aň göýdükligini we intellektual gowşaklygyny görkezýär. Şeýle geleňsiz režimiň nalajedeýinligi mesaňa görnüp dur. Protestlerde syýasy, howpsuzlyk, mediatik we dini taýdan hötdesinden gelme meselesindäki büdremezleri onuň bu nalajedeýinligini görkezýär. Kellesi şogadar bulaşyk ýagdaýda welin, käbir simwollary bilen jogapkär ýolbaşçylaryny wezipeden boşatma ýoluna girdi. Nalajedeýinligi we aň bulaşyklygy özüne tutuş sistemasy boýunça çuň şübheleri döretdi, şonuň üçinem halkyna gönükdiren birmeňzeş aýyplamalary bilen öz adamlaryndan käbirlerini türmä atýar we öldürýär. Garşylaşdyrmak eriş-argaç bolan sahnalary biri-birinden aýyrmaga ýardam edýän ylmy usuldyr we synçy halkara sanksiýalar meselesinde halkara derejesinde iki uly pyglyň bardygyny saýgaryp biler. Birinjisi, eýran režimine garşy gönükdirilen sanksiýalar. Ikinjisi Russiýa garşy gönükdirilen sanksiýalar. Bärde şuňa seredip geçmeli bolýarys: Bular birmeňzeş pygyllarmy ýa-da dälmi? Birmeňzeş mantyga we täsire goldanýarlarmy ýa-da synlap görmeli tapawutlylyklary barmy? Russiýanyň gönüden-göni gatnaşýan urşy we ýerli özara çaknyşyklar hem-de Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky köne halkara çaknyşyklaryň çäginde ýer alan belli bir maksat we göz öňünde tutulan maksat üçin bir ýyla golaý wagt öň Ukrainanyň gündogaryna goşun saldy. Russiýa bu operasiýany Ukrainanyň gündogar oblastlary bilen çäklendirdi we maksady-da bu oblastlaryň Russiýanyň böwründäki hanjara öwrülmezligidi. Şol sanda eýran režimi-de sebitiň dört ýurdunda: Yrakda, Siriýada, Liwanda, Ýemende urşup ýör. Eýran häzir terrorizmi we haos howasyny ýaýratmagyň, narkotiki maddalaryň bikanun söwdasynyň iň uly hemaýatkäri, halkara söwda ýollaryna we global energetika bazarlaryna abanýan iň uly howp bolup durýar. Onuň imperial giňelme we zorluk-süteme goldanýan mezhepparaz teokratik ideologiýa arkaly täsirini ýaýratmakdan başga maksady ýok. Iki sahnadaky bütin şu aýry-aýrylyga garamazdan, iki ýurda garşy gönükdirilen günbatar sanksiýalarynyň çemeleşmeleri-de üýgteşik: Günbatar Russiýa bilen göreşinde sanksiýalary häzirkizaman taryhynda görlüp-eşdilmedik derejä çykardy, halkara sistemasyny, onuň edara-guramalaryny we bitewiligini ýokary tizlikde howp abandyrýan sepgide ýetirdi. Giňligi, ýaýrawlylygy we täsirliligi bilen sanksiýalaryň şobada güýje girmegini isledi, dünýä ýurtlaryny bilgeşleýin ýa-da gorkuzyp sanksiýalara goşulmaga mejbur etjek boldy. Bir ýandan Günbataryň eýran režimine garşy gönükdiren sanskiýalary ýuwaş-ýuwaşdan, çäkli, täsirsiz we hatda wagtal-wagtal režime çykalga ýollaryny görkezýär. Birküç ýyl öň onuň bilen meşhur ýadro ylalaşygyna gol çekildi we başyna inen şonça kynçylyga, sebit ýurtlarynyň kemçiligine we peýdasyzlygyna ýüzlendirilen protestlerine garamazdan hemme zady göz öňüne tutup ylalaşyga dolanyp gelmek we täzeden janlandyrmak üçin tagalla edildi. Eýran protestleri üznüksizligini we ýarwalylygyny görkezdi welin, ýelýüreklik bilen dar we täsirsiz günbatar sanksiýalary yglan edilmäge başlandy. Sanksiýalar belli bir adamy ýa-da toparlary nyşana aldy, olar bilen ýüzleşmegi ýa-da sanawa girizmegi wada berdi, emma beren wadalaryny berjaý etmäge we täsirini kepillendirmäge çyny bilen ýapyşanok. Her niçik-de bolsa, şeýle sanskiýalar hemme zatdan ötri diňe göze görünýänleri halas etmäge has ýakyn, şundan eýlägem däl, beýlägem. Birküç ýyl öň Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasynyň Parižde Fransiýanyň przidenti bilen geçiren duşuşygyndan soň beren metbugat konferensiýasynda Günbataryň eýran režimine garşy çemeleşmeleri boýunça hemişeki gönümelligi bilen gürläpdi, hakykatçyl we mantykly sowaly orta atypdy: “- A birden 2025-nji ýylda Eýran birküç günüň içinde ýadro bombasyny öndürip bilme mümkinçiligine ýetse näme?” Bu sowal bir bitewi ýagdaýda sebit halklaryny başagaýlyga salýan, raýatlaryň kellesini agyrdýan, döwletleriň we hökümetleriň muňa jogap bermäge taýýarlanýan sowalydyr. Hiç kim şular ýaly çynlakaý halkara howpa garşy Günbataryň pozisiýasyna bil baglap bilmez. ABŞ-nyň käbir döwürleýin hökümetleri bir tarapda eýran režimi, beýleki tarapda sebitdäki beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarda bütinleý gowşakdyklaryny ýöreden syýasatlary, pozisiýalary we resmi beýanatlary arkaly aç-açan görkezdiler. Hususanam şeýle pozisiýanyň Saud Arabystanyň birtopar Aýlag we arap ýurtlary bilen birlikde goşant goşan sebitara we dünýä güýç deňagramlylygynyň täzeden gözden geçirilmeginde täsiri uly boldy. Sebitiň hakyky ýagdaýyny we geljegini dolandyrýan birnäçe strategiýany we köpgyraňlylygy görnetin orta goýdy. Respublikan partiýanyň amerikan kongresindaki ýeňişinden soň Demokratik partiýanyň hökümetiniň syýasy ugurlary boýunça möhüm sowallar orta atyldy we bu sowallaryň iň esasysy-da ABŞ-nyň birýarym ýyl öň Owganystandan gyssagly we jogapkärçiliksiz çykyp gaýtmagy bilen baglanyşykly. Munuň özi şol wagt ähli synçylary geň galdyran yza çekilme boldy we Talibanyň üýtgäp-özgerendigi hakdaky subutnamalar ýa-da analizlerdir goldanmaýan pikirler bilen Owganystany Talibana aňsatja tabşyrdy. Ýogsam bolmasa Talibanyň şol öňki heňini çalýan syýasaty we ideologiýany ýöredýändigine bütin dünýä şaýat. Aýal-gyzlar babatda ýöredýän syýasaty şunuň bilen baglanyşykly berip boljak iň bärkije mysaly. ABŞ-nyň özi şular ýaly masgaraçylykly yza çekilme sebäpli hökümetinden hasap soraýar, ýöne biçäre owgan halky bolup geçen we häzirki bolýan wakalar üçin hiç zat edip bilenok. Şunuň bilen baglanyşyklykda şu sowal möhüm bolup durýar: ABŞ ýa-da Günbatarly ýurtlar janlanma, güýçlenme, ösüş, galkynyş üçin herekete geçen sebit ýurtlarynyň özlerini, adamlaryny we bähbitlerini, halkara ýagdaýdan gowy baş çykaryp bilmeýän, howul-hara we hasaplanmadyk kararlar bilen ýaranlaryndan ýüz öwrüp bilýän supergüýçleriň eline berip biljekdiklerine hakykatdanam ynanýarlarmy? Karara gelip bilýänler beýlede dursun, akylly-baly islendik adam ýa-da üşükli analist munuň bolmajagyny gowy bilýändir. Şoň üçinem bilşiňiz ýaly, eýran halkynyň “süýji” rewolýusiýasy režim üçin deň derejede süýji däl. Abdylla UTAÝBI, Saud Arabystanly žurnalist, yslam akymlary boýunça ylmy barlagçy. Duşenbe, 23.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |