13:38

Umumy elipbiý, umumy geljek

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 201 | Добавил: Gökböri | Теги: Jihad Islam Ýylmaz | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garadag  
128
Hawa, şol täze umumy elipbiýde biziň Ň harpymyzam goşupdyrlar. )

0
2 Aurora  
1960
Bir eli boşyň tapýan zatlary millionlarça adama artykmaç alada. Beýle biderek täze ideýa geler diýip kelläme gelmedi. Bidereklik we uzak dowam etmejek zat. Ýene aňyrysy çärýek asyrdan hiç kime gereksiz bolup ýene bir täzeçillik tapylajagam anyk.

0
3 Moderator  
1471
Aslynda awtoryñ öñe sürýän pikirleriniñ käbirini goldamazlyk mümkin hem däl. Emma umuman alanda gury hyýal ýüwürýär.
Şeýle-de, türkleriñ öz dili bilen aýdanda "agabeýlik" satýar. "Agabeýlik", "abilik" satañda özüñi nähili ýigrenje sezewar edip bolýanyny türkleriñ togsanynjy ýyllar Orta Aziýa respublikalaryna gelen tapgyry gowy bilýändir. Nämüçindir olar geçmişden sapak alanok. (Erdogan we onuñ hökümetiniñ aladasy häzirem şol).
Orta Aziýanyñ hiç bir türki halky medeniýeti taýdanam, taryhy taýdanam, dili taýdanam, çeper edebiýaty we sungaty bilenem Türkiýäniñ türklerinden peslär ýaly däl. Hatda köp babatda öñde diýsegem ýalñyşmarys.
Ýigriminji ýyllarda umumy elipbiý, umumy dil meselesi orta atylanda biziñ dilçi alymlarymyz türkmen diliniñ türki dilleriñ arasynda iñ aslyna kybap dildigini we umumy türki diliñ oñurgasyny düzüp biljek derejede baý we ýaramlydygyny subut edipdiler.

* * *

Awtor gury hyýal ýüwürýär diýýänimiñ sebäbem şol zatlardan ýa-ha bihabar ýa-da bilgeşleýin göz ýumýar. Meselem, ol biziñ otuzynjy-kyrkynjy ýyllarda türkmen dilinde we latyn elipbiýinde çapdan çykan kitaplarymyzyñ haýsy birini eline alyp gördükä? Oslukdan gipoteza ýasamak añsat. Şol ýyllarda ulanylan latyn elipbiýine "latyn elipbiýi" diýer ýaly-da däl, kirill bilen latynyñ dürüşdesi ýaly düşnüksiz bir zat.
Biziñ şumatky ulanýan elipbiýimiz häzirki gepleşik we ýazuw dilimize, fonetiki aýratynlyklarymyza kybap gelýän iñ amatly elipbiý. Onuñ üçin Erdoganmy ýa ýene biriniñ gapdaldan berjek teklibine gulak gabardyp goşmaça bäş-üç harpy goşjak aladamyz ýok. Meselem, "w" harpyny bir harpda añladyp durkak, bu harpyñ ikinji añladylyşy bolan "v" harpyny almagymyzyñ näme manysy bolup biler ýa-da bulaşyklykdan başga näme getirip biler?
Türkleriñ özi üçinem "umumy elipbiý" teklibiniñ getirjek peýdasy ýok. Muny türk žurnalisti Ýylmaz Özdil özüniñ youtube kanalynda örän ýerlikli bellikler bilen belläp geçdi. Erdogan häkimiýete gelen ilkinji ýyllarynda türk nasionalizmini ýigrenýändigini aýdyp araplara ýakyn durýandygyny bildirýärdi. Araplardan-a ýüz tapmady. Üstesine indiki saýlawlarda häkimiýetden gitmek gorkusy bolansoñ, ýanyna alan kiçi şärikdeşi we türk nasionalistleriniñ partiýasy MHP-niñ başlygy Döwlet Bahçeliniñ aýdanlaryny ýerine ýetirip, hem nasionalistleriñ hem Orta Aziýanyñ türki halklarynyñ arasynda özüne simpatiýa döretmäge synanyşýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziñ elipbiý meselämiziñ ýokdugyny Türki döwletleriñ Aksakallar geñeşiniñ Wengriýada geçirilen nobatdaky duşuşygynda inçelik bilen nygtap geçipdi.

* * *

Elipbiý çalşygy hiç bir babatda peýda getirýän zat däl. Häzir segsenden geçen ýaşulylaryñ köpüsi çagalyk ýyllaryndaky harplyk kitabynyñ başynda "Elipbiý çalyşmak - halkyñ betbagtçylygydyr" diýen ýazgynyñ bolandygyny ýatlaýarlar. Bu aýdylýanlaryñ dogrudygyna biz eýýäm tejribede başdan geçirdik. Togsanynjy ýyllaryñ ortasyndan başlap latyn elipbiýine geçmegiñ aladasy başlanyp, ymykly latyn elipbiýine geçilenden soñ, kirill elipbiýinde okap-ýazyp gelen sowatly gatlagymyzyñ aglabasy gazetlerden, kitaplardan el ýuwdy. Jemgyýetiñ iñ söýgüli pişesi bolan okamak iñ soñky derejedäki, hatda işsiz adamlaryñ güýmenjesine öwrüldi. Rus dilindenem nädogry usullarda ymykly ýüz öwrülmegi munuñ üstesine urna boldy.
Şol nesil häzir jemgyýetimiziñ iñ ýaşuly gatlagy bolup galdy we olaryñ ýagdaýy häzirem şeýle bolmagynda galýar.
(Şäherde ýaşasa-da rus dilini bilmek beýle-de dursun, öz ene dilini - türkmen dilini doly bilmeýän ýaş nesiliñ bardygy, hut şol nesiliñ türk görse türk, ors görse ors boljak bolup ýörmegi, indem çagalarymyza rus dilini öwretmek üçin mekdepleriñ rus dilli toparyna gatnatjak bolup aladalanmagymyz hem şol ýalñyşlygyñ netijesi).

0
4 Aurora  
1960
Agabeýligi yslam dinine uýýanlaryň ýurtlaryndan bir Erdogan öz ýurdunda gazananok. Şolam şony başarsa onsaň yslam milletli halklar hiç wagt din, demokratiýa, erkinlik, agzybirlik barada ýeke biri bir agyz gürlese ýüzüne tüýkürseň bolar. Edil elipbiý çalşygy ýaly pul birligini hem çalyşýan döwlete gowy zatdan başga zada garaşybermelidigne düşünmeli. Ors görse ors, türk görse türk boljak bolýan ýa iňlisçe gürlemegi öwrenjek bolýan ýaş we 35 ýaşa çenli aralykdaky nesli belli bir derejede ykdysady batgalyga-da baglasa bolar. Esasy mejbury öwrenýänler degişli bolup biler

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]