23:28

Taryhyñ ilkinji emeli Dünýä çempionaty

Категория: Sport we turizm | Просмотров: 272 | Добавил: Gökböri | Теги: Okan Jan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Atsyzatly  
1393
Katar dünýä çempionatyny nähili geçirmeli däldigini görkezýän gowy nusga boldy. (Ýorganyňa görä aýak uzat)
Indiki dünýä çempionaty (2026) gyzykly bolar diýip umyt etseň-de bolmaz, sebäp artykmaç girdeji gazanmak üçin eýýamdan dünýä çempionatyň taryhyna sarpa goýman onam kaşa etdiler. Üç ýurtda (Meksika, ABŞ, Kanada) 48 ýurduň gatnaşmagynda geçiriler.

0
2 Haweran  
411
2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen çempionaty okuwdan soñ umumyýaşaýyş jaýyndan gije birugsat jyryp, görmäge gidýänimiz ýadyma düşýär. Her gün bir kursdaşyñ öýünde ýeke oýuny-da sypdyrman görýärdik. Herimiziñ elinde-de "Ak altyndan" alnan oýunlaryñ programmasy. Her kim bir topara janköýerlik edýär, diñe topar däl, her bir salynjak gola, her oýunça pul goýlardy. Janköýerlik eden topary utulaýsa dagy, "señ gepiñi diñläp, şu topara pul goýdum!" diýip, biri-biri bilen ýakalaşýanymyzam bolardy. Ertesi ýene gülüşer oturardyk, hem urşup-hem ýaraşyp. Edil birimiziñ doglan gününi belleýän ýaly uly şagalañdy... :) Indi umumyýaşaýyş jaýyndan birugsat gidip futbol görjek bolup ýörmeli däl, öýüñ töründe TW.
Indi üýşüp futbolam görlenok, hatda jañlaşybam biri-birine oýunlaryñ hasabyny aýdýan ýok. Ýaryş başlany bäri ýeke oýna tomaşa etmedim. Edesimem gelenok. Hatda statistikany bilmek üçinem. Bir Polşa-Argentina oýnap durka 15 minut ýaly seretdim, olam pulty oýnap habarlara geçirjek bolup durkam gözüme ildi...
Ýa biz kütelişýäs, manysyzlaşýas, islegler könelýär. Ýa dünýä kütelişýär, manysyzlaşýar. Ýa-da futbol...
Bir zat anyk: Iki ýyllyk korona pandemiýasyndan soñ hiç zat öñküsi ýaly däl. Hemme zat emeli, hemme zat manysyz, hemme zat tagamsyz.

0
3 MURGAP  
1401
Ýüregim bol-a, bir zada gyzygyp kelläni açaýyn diýp ýörite şu ýaryş başlan güninden otpuska çykdym. Hiç gyzygym bilmedim.
2002 DÇ Ronaldonyñ saçyna meñzemek üçin tutuş klasyñ oglanlary bolup parihmaherde oçur, o onuñam ejeñiz ýa kakañyz aýtmasa edip bilemok diýp oturşy... aý garaz hiç zat özine çekip (hatda gyzykly aldabam) bilenok.

0
4 Sergezzan  
707
Özüni hudaýlaşdyran, Zlatan Ibragimoviçden žurnalistlar sorayar:
- Zlatan, bu dunya çempionatyny kim alar?
Zlatan:
- Ony diňe Huday biler.
Žurnalist:
- Yöne buny Hudaydan nadip sorajak?
Zlatan:
- Şu wagt ol seň garşyňda dur. :)

0
5 Sergezzan  
707
Öňki futbol ýyldyzy Tero Henri, Ibradan Sorayar:
- Zlatan, eger sen özüni futbol taňrysy hasaplayan bolsaň, onda näme ücin seniň adyň taryhy şahsyýetleriñ arasynda yok?
Zlatan:
- Sebäbi Taňryny entek gören yok. )

0
6 Sergezzan  
707
Žurnalist:
- Zlatan, siz Fransiýanyň "PSŽ" toparynda ýyldyzlaşdyňyz, hasam meşhurlyk gazandyňyz, Fransiýa siz ücin nahili yurt, ol yurtda yatdan çykmajak wahakanyz hakda aydaysanyz.
Zlatan:
- Iň soňky aýlyk hakymy alyp bilmanligim.

0
7 Sergezzan  
707
Futbol ýyldyzy Edin Hazard, bir gün Fransiya gezelenje gelyar we Zlatana jaň etyarde, Zlatana, bu gun men Fransiya geldi, saňa fransuz dilini öwredeyinmi? Zlatan:
- Hawa, şeyt. Sen-ä maňa dil öwret, menem saňa nadip futbol oynamalydygny öwrederin. :)

0
8 Sergezzan  
707
Zenan žurnalist sorayar:
- Zlatan, bu gün siz gol salanyňyzdan soňra, topardaş oyuncynyzy gujakladynyz, siz geými? Zlatan:
- Şu gün gije siz mana myhmancylyga geliň, yanyňyz bilen ayal doganyňyzam alyp gaydyň, şonda men size görkezjek kimligimi.

0
9 Sergezzan  
707
Žurnalist:
- Zlatan, bu gün siziň aýalyňyzyň doglan güni, oňa nähili sowgat aldynyz?
Zlatan:
- Oňa sowgat nämä gerek, onuñ Zlatany bar ahbetin :)

0
10 Sergezzan  
707
Žurnalist:
- Zlatan, siz özüňizi hudaý hasaplaýanyz, bu dogrumy?
Zlatan:
- Edil huday diymayin, deňiziň içindäki akulanyň balyklar maşgalasyna degişli bolşy yaly, menem adam jynsyna degişli huday :)

0
11 Sergezzan  
707
Žurnalist:
- Zlatan, bu gün siz ezber derwezewan Noyeri aldap, derweza gol saldynyz, bu hakda siz name aydarsyňyz?
Zlatan:
- Ilki men çepe gitdim, Noyerem çepe gitdi, soňra men saga gitdim, noyeram saga, sonra men yene çepe, ol bolsa bu gezek bazara kolbasa almana gitdi :)

0
12 Sergezzan  
707
Bir gün Atalanta bilen Milanyň arasynda duşuşuk geçyar, şol duşuşukda Atalantanyň yyldyz hüjümcisi bilen Zlatan dawa edýär. Zapata gahardan, Zlatana:
- Senden hüçümci bolmaz, sen futboly duran yerinde oýnayan boş nägehan - diýýär.
Zlatan:
- Hawa dogry, ýöne meniň, seniň futbol karýeraňdäki çykan oýunlaryňdan, golym kän :)

0
13 Sergezzan  
707
Žurnalist:
- Zlatan, seniň diniň näme?
Zlatan:
- Ejem hristian, dädem musulman, a men dinsiz.
Žurnalist:
- Onda sen nadip hudaý?
Zlatan:
- Hz. Isa nadip bolsa, menem şeydip :)

0
14 Ependi  
284
@Haweranyň aýdyşy ýaly, şeýle wakany oglanlaň biri hem gürrüň beripdi: "Ol wagtlar goşa golowka diýen zat bardy, ýagny biri 90 gradusdan tutsa, gapdalynda 80 gradusam goýardylar uly tarelka oturdyp. Bir gezek, 2002-nji ýylda ýarygije futboluň finalyny görüp gelýärdik, oglanlar bilen köçede alagoh edip. Şonda, ulurak adamlaň biri çykdy öýden, eli käseli. Agzam nasly. Soňam bize:
- Nirden gelýäňiz-eý köçäni ýaňlandyryp?
- Futbol görüp gelýäs.
Agzyndaky nasyny puff edip joýa dökdü-de, käsedäki çaýa agzyny çaýkansoň:
- Futbol entek başlanok, ýene ýarym sagat bar.
- Dyndam eýýäm, Brazil utdy!
- Aý goý-a? Nireden gördüňiz?
- ORT kanaldan.
- Biziň garaşyp oturanymyzam-a ORT kanal. Munda görkezmedi-le onda?"
Asyl olaň garaşyp oturan ORT diýen kanaly Hotbird13 gradusda tutýan, kiçi tarelkadaky Ort bolsa nätjek. Jaýyň içi birgiden adam bolubam garaşyp oturypdyrlar. "ORT international" bolup gidýär. Onda ömürem görkezenok :)

Şu gezek ruslara-da Dünýä çempionaty görkezmäge zordan "Matç tw" kanalyna razy boldular. Sanksiýa diýip. Ýogsa, "Rossiýa-1" bilen "Matç" hersi oýunlary aýratynlykda bererdi. Online internetem şeýtdiler, gysdylar.

Ýogsa-da, Türkiýe 2002-nji ýylda güýçli oýun görkezen eken. 3-nji ýeri alyp gaýdypdyrlar. Gaty berekella diýmeli! Ýöne, şondan soň bular d.ç-ata çykmanlary geň. Dogry, olaň garşydaşlary güýçli, Ýewropa sanawynda gidişýär. Bular bolsa treneri öz ýurdundan saýlamaly dälde, özgeräk trenerlerem getirmeli. Muny diýseňem, utan halatynda özgeleň ýaňsylaýjy gepi bar: Idili treneriňiz barmy, satyn alma dälmi... Bu diňe türklere degişli däl, şeýle ýagdaýa köp gabat gelinensoň ýene öz raýatlaryndan goýanyny kem görenoklar. Ýöne, Türkiýe 2002-nji ýyldaky ýaly güýçli oýunlaryny görkezsedi, hemmelerem umydygärlik bilen şol ýeňişlere garaşýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]