Главная » 2020 » Noýabr » 25 » Täze "Jelaleddin Horezmşa" taryhy serialy hakynda maglumatlar
17:34
Täze "Jelaleddin Horezmşa" taryhy serialy hakynda maglumatlar
JELALEDDIN HOREZMŞA
Häzirki wagtda Özbekistan respulikasynyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça "Özbekkino" agentligi bilen Türkiýanyň "Bozdag film" kinoşerekti tarapyndan surata düşürilip başlanan "Jelaleddin Horezmşa"[1] serialiniň surata düşüriliş işleri dowam edýär. Serial Özbekistanyň medeniýet minstrliginiň sargydy boýunça Özbekistanyň "Best organiser" MCHJ we Türkiýanyň "Bozdag film" kinoşerektiniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda "Orient Finans Bank" täjirçilik bankynyň hemaýatkärliginde surata düşürilýär.
Serialyň režissýory Mehmet Bozdag, ssenarisini ýazan, Nazar Işangul. Serial Türkiýanyň Aksaraý welaýatynyň çäginde ýörite taryhy dekoratsiýalar bilen mezelip taýýarlanan 50 gektar meýdançada, müňden gowurak adamyň üstünde işlemeginde surata düşürilýär. Serial üçin 7 million amerikan dollary sarp edilipdir. Serialiň baş rollarynda oýnaýan aktiýorlar:
Emre Kywyljym, Jemal Hünal, Lewent Özdilek, Aly Sinan Demir, Kaan Ýalçyn, Oguzhan Ýarymaý, Alişer Uzakov, Jawahir Zakirow, Ýulduz Rajabowa, Şahzada Matçanowa, Ege Atabek Uýmaz.
Serial 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda tomaşaçylara hödürlenmegine garaşylýar. Häzirki wagtda serialiň haýsy telekanallarda ýaýlyma göýberiljekdigi näbelli, emma Özbekistanyň "MTW" (Milliý TW) Türkiýanyň "TRT1" telekanallaryndan ýaýlyma göýberilmegine garaşylýar.
[1]Özbekçe ady: "Mendirman Jaloliddin Manguberdi". Türkçe ady: "Harzemşahlar".
Elbetde, hiç ýokdan bar bolany gowy welinim, şu aýdanlaryñ birem o diýen gowy seriallar däl.. Ilki-ilkiler "Direliş Ärtogrulyñ" 1-2-nji sezonyny sypdyrman görûpdim... Türk seriallarynyñ leji çykan motiwlerini bularda-da ulanýarlar, köplenç näm boljagyny öñünden çaklap bilip bolýar, taryhy şahslar çeper obrazlar b.n bulam-bujar... şeyle-de hazirkizaman türk syyasatynyñ ysynam beryarler, bu bolsa gaty irizýär, soñuna çenli tomaşa edesiñ gelmeyar...
Yöne Meñburun gerçegimiz hakynda ozbek gardaşlarymyzyñ bizden öñürdenlerine çyn yuregimden gynandym... "Türkmeni örüzjek bolsañ, gapdalyndan göç geçir" diyyadiler welin, indi ol-a göç eken, orda geçirseñem örjege-oýanjaga meñzänok... Jelaleddin serialy çykar, gowy zat, yone tomaşaçylaryñ añyna ozbek gahrymany bolup siñer... Hey. . . Türkmen... Türkmen... Senem bir silkinen günüñi görsek-dä, ölmänkä...
Gürgenç dost wawaly ýaradan basdyňaý. Meň bir tanyşym bar. Ýaňky özüni "öldüreýjek" bolýar şony Ö.R. zakaz edenini bilip. Onuň gynanýanynyň sebäbi "näme üçin biz däl" diýýär. Menem gynanýan hem-de gaty gynanýan biziň öz gahrymanymyzy biz eýe çykyp düşürmeýändigimize. Men inetden käbir zatlary okap çaklama etdim. 2018-nji ýylda Ö.R-da "Diriliş Ärtogrul" seriýaly özbekçe görkezilip başlapdyr. Seriýalyňam başynda "biz türkmenler" diýen sözler ulanylýar. Belki özbek gardaşlarymyz hany bizem şeýdeli pikirine gelen bolaýmasalar. Şol ýyl, ýagny 2018-nji ýylda Ö.R.-nyň prezidentiniň gyzynyň başlangyjy bilen "Jelaleddin Meňguberdi" diýen seriýal düşürtmegi üçin T.R.-nyň BOZ dagyna teklip edipdirler. Bu şonuň netijesi.
Wikipediýada Jelaleddin barada okanyňda Ö.R.-da milli gahrymanymyz diýip heýkelleriniň bardygy, pul birliklerinde suraty bardygyny, şonuň adynda edermenlik orden bardygyny, sempoziumlar we konferensiýalar geçirilýändigini okadym welin bir giden sanawyň iň soňunda Aşgabatda-da seýilgähde heýkeli bar diýip dur.
Ýokarky ýazanlarymy öwrenenden soňra öz özümden belkem türkmen däldirlaý diýen komplekse gapyldym. Soňra Muhammet An Nesewiniň kitaby elime düşdi welin şonda oguzlaryň begdili taýpasyndan diýilip görkezilen. Oguzlaram türkmen ahyryn. Mundan soňra Türkmenistanda begdili tire barmyka diýip gözleşdirdim welin tapmadym. Internede begdili türkmenleri diýip ýazanymda bolsa Siriýadaky ýaşaýan türkmenleriň köp bölegi begdili türkmenleridigini öwrendim. Garaz kim näme diýse diýsin Jelaleddin Menguberdi tükmendir. Ýöne egerde milleti başga edilip seriýal görkeziläýse, onda bu taryhy ýalňyşlyk bolar. Men serialda Jelaleddine türkmen diýip görkezerler diýip umyt edýän. Maksimum türk diýerler. olam türki millet manysynda bolar.
Burnunda meň bolany üçin Meňburun diýipdirler diýip aýdylýadyda. Aşgabatdaky şekillendiriş muzeýinde-de çekilen suratynda burnunda ullakan meň goýupdyrlar.
Meňburun dogry ýoýulmadyk, özbekler Manguberdi diýýärler. Seret: "Jaloliddin burnida xoli (mank) boʻlgani uchun Mankburni nomi bilan atalgan. Keyinchalik bu nom talaffuzda oʻzgarib "Manguberdi" nomi bilan mashhur boʻlib ketgan."(wikipediýa : https://u.to/AIFUGg Terjimesi: "Jelaleddin burnunda haly (meň) bolandygy sebäpli Meňburun diýip atlandyrylan. Soňlugy bilen bu at gepleşik dilinde özgerip "Manguberdi" görnüşinde meşhur bolup giden".
Jelalledin hakynda başga-da ýazylan çeper eserlerimiz, makalarymyz az däl yazyjy-şahyrlarymyzda 91-den bäri, olaryñ köpûsi kone gazet-žurnallaryñ sahypalarynda baslygyp yatyr. Hazirlikçe biziñ saytymyzda jemlenenleri şular. Olary tazeden yayratmak, internet okyjylaryna yetirmek u.n şu setirleri okap duran we milli buysanç duygusy bolan watanymyzyñ we halkymyzyñ öñunde jogapkärçilik duygusyny göteryan her bir türkmenistanly ü.n parz-wajyp-sünnet-sogap hasaplayaryn... Mümkin bolsa eliñizdäki bar maglumatlary gmai poçtamyzda ugradyñ (saytda kopçulige yetirer yaly), ya bolmasa ozuñiz agza bolup paylaşyñ, başga saytlarda paylaşyñ, garaz herkim elinden gelen yardamy etse, şol serial derejesinde bolmasa-da, oz gahrymanymyza hossar çykdygymyz bolardy...
Molla Jürjany, bu soragyña Aşyrmät aga şeýle jogap berýär:
[i]"Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan" diýlen jümläniň mazmunyny aýratyn nygtamagymyzyň sebäbi sebäbi, Muhammet Horezmşanyň beýleki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçindir. Şeýlelikde, Jelaleddin Meňguberdiniň ata tarapy hem, eje tarapy hem türkmendir.." (Seret: http://kitapcy.com/news/2020-11-22-12737 )
Molla Jürjany, bu soragyña Aşyrmät aga şeýle jogap berýär:
"Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan" diýlen jümläniň mazmunyny aýratyn nygtamagymyzyň sebäbi, Muhammet Horezmşanyň beýleki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçindir. Şeýlelikde, Jelaleddin Meňguberdiniň ata tarapy hem, eje tarapy hem türkmendir.." (Seret: http://kitapcy.com/news/2020-11-22-12737 )