09:45

Türkmen gahrymanlary – Olar undulmaly däldir!

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 1528 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 371 2 »
0
1 Bagabat  
43
"Näme üçin bu sanawda Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Kemine we ş.m. ýaly şahyrlarymyzyň, din hadymlarynyň atlary ýok?!" diýip sowal berilmegi mümkin.
Meniň pikirimçe, bu sanawyň adyndan görnüşi ýaly "gahrymançylyk" diýen aňlatma bilen "görnüklilik, meşhurlyk, halk söýgüsine mynasyp bolmak" diýen aňlatmalar bir zat dälmikä diýýärin. Elbetde, görnükli şahslarymyzyň her biriniň ömri we döredijiligi öwrenilmäge-de, ýaýradylmaga-da mynasyp. Ýöne bu sanaw hut "gahrymançylyk" diýen aňlatma laýyk gelýän hereketleri amala aşyran şahslarymyz boýunça düzüldi. Mysal üçin, 19-njy asyryň din hadymy Ak işana Hywa hany Mädemin han: "Maryly tekeleriň üstüne ýörişe gitmek üçin maňa ak pata ber" diýende, ol zulumgär hanyň gaňryşyna gaýdyp, Hywa hanynyň gapdalyndaky bol-elinçilik ornuny taşlap, çöl etegine göçüp gaýdandygy taryhy çeşmeler bilen tassyklanan waka. Ýa-da Magtymguly Pyragynyň agasy Abdylla Döwletmämmet oglunyň, halkymyzyň özbaşdak döwlet gurmakda ýardam almak üçin Owganystanyň emiri Ahmet şa Dürranyň ýanyna ýollanan ilçileriň arasynda Ata Watan üçin wepat bolandygy taryhy ykrar edilen hadysa.

0
35 Nurdan  
100
Serdar aga, beýik iş bu.
6-njy belgidäki şa gyzy Zarina barada giñişleýin maglumat gözledim öñräkler 2018-nji ýylda.. Türkmençe diñe Ö. Gündogdyýewiñ "Türkmeniñ zenan şahsyýetleri" kitabynda gysgaça maglumat berilen eken.
Googlde gazagystanyñ bir saýtynda (ady ýadyma düşenok) giñişleýin uly makala duş gelipdim. Sohranit edip alypdymam. Rus dilinde skifler barada başlanýardy we Zarinañ kakasy barada beýik serkerde bolanlygy Zarinanyñ bolsa Altyn saç diýilip atlandyrylanlygy we beýleki zerur maglumatlar bardy. Şol maglumatlary ýygnan töwereklem (telefonyma ýygnapdym) telefonym birhililik bilen ogurlandy. ( Dogrusy ogurlandy diýmegi gödegiräk görýänem) " "ýitdi" diýäýeýin şoñ üçin... Bilgeşleýinden eden ýaly kompýuterem iş tapdy hut şol mahallar, bejermäge mastere bermeli bolupdy. Garaz şeýdip men gaty köp ýazgylamy we maglumatlamy "ýitirdim"

Sizden uly haýyşym: Zarina we onuñ Serkerde kakasy barada maglumatlar bolsa paýlaşsañyz hoşal bolardym. Googldan gözledýänem oñaýly zat duşanok ol barada indi.saýtlaram açanok.

Zarina barada giñişleýin maglumat bolsa Serdar aga bolsa-da, beýleki agzalar tapsa-da
meniñ e-poçtama:

belentmertebe@gmail.com

ugratsañyz minnetdar bolardym.

0
36 Bagabat  
43
@Nurdan, Zarina (Zerrinaý, Altynaý, Altynsaç) barada rus dilinde gysgaça maglumatlarym bar. Olaram internetde, Wikipediýa bolan maglumatlar. Eger-de üýtgeşik maglumat tapsam, salgyňa ýollaryn. Okaýanyňyz üçin minnetdar.

0
37 Nurdan  
100
@Serdar aga, sizem gyzykly maglumatlaryñyz üçin sagboluñ, ýetirip duruñ!

0
2 Dokma2442  
423
Halypa, azabyñ ū.n ömrūñ uzak bolsun! Tūrkmen gahrymanlarynyñ kalbymyzyñ törūnde unydylmajak orny bar. Ýone makalany dowam etmäge biz ýaly ūçlikçide ne başarnyk bar, ne-de ukyp.

0
3 Dokma2442  
423
Sanawa Gökdepe galasynyñ merdana, boýunegmez, gerçek gahrymanlayny goşmagy, meni has-da begendirdi.

0
15 Bagabat  
43
@Dokma2442, ine şu salgyda: http://kitapcy.com/news/2019-01-03-4367 Gökdepe galasynyň goralmagy we synmagy bilen bagly hakykatdanam bolan wakanyň hem-de ýaşap öten gahrymanlaryň durmuşynyň esasynda ýazylan "Mämmet yrza" atly hekaýa bar.
Şeýle-de, ine şu salgyda-da: http://kitapcy.com/news/2019-05-01-6734, Gökdepe galasy synandan soň bolup geçen pajygaly waka baradaky "Namys" atly hekaýa bar.

0
19 Bagabat  
43
Şeýle hem, gadymy Göktürkmen kagany Bilge hanyň ölüminden soňky bir gün barada şu salgyda: http://kitapcy.com/news/2018-07-18-1359 "Beýik kagan bilen hoşlaşyk" atly hekaýa, Dawut Çagry begiň ogly Şazada Muhammediň "Alp-Arslan" tahallusyna eýe bolşy barada "Şazadanyň şikary" atly hekaýa, şu salgyda: http://kitapcy.com/news/2018-07-19-1390 we http://kitapcy.com/news/2018-07-19-1391 bar.

0
4 Dokma2442  
423
Hali- hazirem elleri sowuk ýaragly (gyrkylyk, gylç, dokma keserisi we.ş.m) dūnýäniñ iñ kämil harbysy bolan duşmanyñ öñūnden çykanyna geñ galýan.

0
17 Bagabat  
43
Şu salgyda bolsa türkmen zenanynyň gaýraty barada gürrüň berilýär: http://kitapcy.com/news/2018-12-17-3990 "Zenan gaýraty" atly hekaýa, awtory A.Aýnazarow

0
18 Bagabat  
43
Edermen türkmen ýigidi Syrak barada, taryhy waka özboluşly üýtgedilip ýa-da başgaça aýdylanda, birneme häzirkizamanlaşdyryp ýazylan "Gaýym gala" atly hekaýa şu salgyda ýerleşýär: http://kitapcy.com/news/2019-05-01-6733

0
5 Bagabat  
43
"It ata är daýa".
Türkmen nakyly. wink 


0
6 Bagabat  
43
Oýunam oýun welin, ýazyjy Ata Durdyýewiň, Arap Gurbanowyň, Täşli Gurbanowyň öz daýylarymdygy, Baýly şahyryň, Keýmir körüň obadaşymdygy hemişe-de buýsandyrýar. Şol bir wagtda-da şu sanawda agzalan-agzalmadyk her bir gahrymanyň ömri, edermenligem göwnüňi galkdyrýar.

0
29 Dasayak  
375
Bagabat sen Baýly şahyr, Keýmir serdar obadaşym diýipsiň welin biaz açyk aýdyp bilermiň. Siz Akdaşaýak obasyndanmy.

0
30 Bagabat  
43
Hawa.

0
31 Dasayak  
375
Bagabat siz Akdaşaýak obasyndan bolsaňyz onda şol oba hakynda aýdylýan rowaýat hakynda he bir zatlar bilýänsiňiz. Meselem: Garadaşaýak, Akdaşaýak we Soltanyz dogan we Akdaşaýak peri gatan we olar Soltan Sanjaryň nesiller diýip. Eger şular hakynda bir ýazgyňyz bar bolsa maňa bildirermisiň. Kän wagt bu hakynda bir zatlar gözleýän welin häzirä hiç zat tapdyranok.

0
33 Bagabat  
43
@Dasayak, mende-de Akdaşaýak, Garadaşaýak barada-da, olaryň we Soltanyzlaryň Soltan Sanjaryň hem-de onuň peri aýalynyň nesilleridigi barada umumy, hemmelere mälim rowaýatlardan başga maglumatym ýok. Umuman, bu rowaýatlaryň taryhy hakykylygyny subut etmegem kynmyka diýýärin.

0
34 Dasayak  
375
Şeýlemikäde öýütdüm. Eger bir ýazgy dagy görseň bildireweri

0
7 Bagabat  
43
Bu sanawa bolsa henizem goşulman galanlar kän bolmaly. Mysal üçin, "asmanogullary (söýünnular, hytaý transkripsiýasynda "hunlar")" Gündogardan Günbatara göç edip, Polat han ogly Atly (Attila) kaganyň baştutanlygynda Rim Imperiýasyny kül-uşak edenlerinde nijeme gahrymanlaryň atlary taryha siňdi. Ýa-da Ärtogrul gazy ogly Osman gazynyň binýadyny tutan döwletiniň harby ýörişlerinde nijeme goç ýigitler gahrymançylyk görkezdi...Mümkin boldugyndan hemmesi barada-da ýazmaly, hiç birinem unutmaly däl.

0
8 Dasayak  
375
Agam seniñ bu işiñ üçin iki dünýäň abat bolmagyny, özüň we içeri maşgalaň janlarynyň sag bolmagyny, mundan beýläk hem şular ýaly milli gahrymanlarymyzy iň bolmanda bize ýatladyp durmaklygy (dolyrak maglumat berseň has gowy) Allahü tealadan dileg edýän.

0
9 Bagabat  
43
Bile ýalkasyn. Ähli ýagşy dilegleriňiz özüňize-de nesip etsin.

0
10 Bagabat  
43
Garyndaşçyl bolmak, garyndaşlaryňa buýsanmak, olardan görelde almak we ýagşy iş etmekde olar bilen deňleşmäge çalyşmak - ynsançylygyň iň gowy häsiýetleriniň biri diýip hasaplaýaryn. Atda daýym (Ata Durdyýew) bilen juda seýrek gabatlaşanam bolsam (ol şäherde, biz obada ýaşaýardyk), onuň her bir gürrüňi gulagymda galypdyr. Ýadyma düşýär, 98-njimi ýa-da 99-njymy ýylda maňa köne türkmen sözleriniň şiresini düşündirjek bolup, aýdyp beren gürrüňleri...

0
11 nurberdiannaew28  
442
Hojaguly han we Hanaly han barada doly maglumat beräýseň, şu ýerde, mümkinçiligi bolsa. Tanyş atlar. Biz taraplardan dälmi diýen sorag geldi.
 Çykyşyňyza bolsa gep ýok. Diňe üstünlik. Ullakan işler. Orden beren, bolsa has hem gowy bolardy.

0
12 Gurgencli  
324
Altymyrat (Alty) Pälwan.
Altymyrat Pälwanam gahryman adyna mynasypdyr menimçe. Belki adyny goşansyňam, şu wagt doly okap bilmedim.

0
13 Gurgencli  
324
Köneürgenjiň han, serdarlaram bolmaly, okan kitaplarymy gaýtadan gözden geçirmeli smile belki bärde ady ýoklaram bardyr. Arne Goliň 2016-nji ýylda ýazan kitabynda köp han, serdarlaryň atlary bardy.

0
14 allanazarovpena02  
238
Ärsary beg

0
16 Dasayak  
375
Sag-aman ördüňizmi. Şu ýokarda geçen atlaryň arasyna menem bir at goşmakçy. Miras radiýosyňda Duşakly halypa mirasgär Nurnazar aganyň gürrüňini bereni geçen asyrda ýaşap geçen Päwi pälwanyň adyny hem goşmakçy. Nesip bolsa Nurnazar aga ol hakda bir kitapça-da taýynlamakçy. Pälwan aganyň kerwene gidendäki, ermeni pälwany , orusyň gedem pälwanyny eňişi bizi buýsandyran wakalardyr. Milletimiz bu şahsyýetliri hökman we hökman bilmelidir. Ýene bir gezek sag bol saňa Bagabat bu şahsyýetleriň atlaryny toplap okyjylara ýetireniň üçin.

0
20 Bagabat  
43
Ýazyň. Hökmany ýagdaýda ýazyň. Sebäbi "Ýagşyny ýatlamak parz" diýlişi ýaly, halkyň hakydasyny kimdir bir ýeke adam ýa-da diňe kitap saklamagyň hötdesinden gelmeýär. Halkyň hakydasyny diňe tutuş halk bolup saklap bolýar. Päwi pälwan hakda ýazjaklaryňyz bolsa, kim bilýer, belki ýazyjylarymyzyň biriniň göwnüni gozgap, milli edebiýatymyzda ýene-de bir türkmen pälwany - türkmen gerçegi barada üýtgeşik eseriň döremegine sebäp bolar.

0
21 Dasayak  
375
Bagabat agam men biraz düşnüksizräk ýazypdyryn öýdýän. Men däl-de miras radiýosunda gürrüň berýän Nurnazar Jumanazar ogly ähli gürrüňlerini kitapça edip ýazjak.

0
25 Bagabat  
43
Menem şony diýýän-le. Ahyry biriniň gürrüňini ýazga geçirip ýazmagam, ýazmak-da.

1-15 16-21
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]