20:09

Ýeññe jan-a, ýeññe jan!

Mirasgäriñ ummanyndan

▶ ÝEÑÑE JAN-A, ÝEÑÑE JAN!

Agamyñ ala gözi,
Ýeññemiñ güler ýüzi.

* * *

Agasyna al bedew,
Ýeññesine ýelmaýa.

* * *

Alty aga birigip,
Ata bolmaz,
Ýedi ýeññe birigip,
Ene.

* * *

Asmandaky ýyldyzlar,
Aý ýanynda baldyzlar.

* * *

Gidene baldyz,
Gelene ýeññe.

* * *

Düýe gelýär ýataga,
Boýny doly otaga,
Agam çykar dañmaga,
Ýeññem geler sagmaga.

* * *

Ýeññe jan-a, ýeññe jan!
Iki gözüm teññejan!
Az berseñ-ä, almaryn,
Sanaçjygma salmaryn,
Indi gaýdyp gelmerin.

* * *

Ýeññem bile, ýedi bolup,
Ýedi günde, bir ýekany
Ýeñledik-de, ýuwladyk,
Ýelmidik, ýagmyrmydyk.

* * *

Edip beren ýeññemden,
Edep beren ýeññem ýagşy.

* * *

Ekene elti,
Tikene solty.

* * *

Enesi öwenden gaç,
Ýeññesi öwenden alyp gaç.

Toplan: Ümür ESEN.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 689 | Добавил: Нawеran | Теги: Ümür Esen | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]