13:24

Ymam Rabbany

YMAM RABBANY

Ahmet Serhendi ýa-da Ymam Rabbany, Hindistanda ýaşap geçen beýik yslam alymy we tasawwuf piri. Doly ady Ahmet el-Faruky el-Serhendi. 1564-nji ýylda şol wagtky Babyr imperatorlygynyñ tabynlygynda bolan Hindistanyñ Serhend (Çandigarh) şäherinde dogulýar. Dört Çaryýarlaryñ ikinjisi Hezreti Omaryñ neslinden bolandygy üçin el-Faruk ady bilen hem giñden tanalypdyr. Nagyşbendi tarykatynyñ agzasy bolmak bilen birlikde kadyryýa, çeştiýe ýaly akymlaryñ agzalary tarapyndan hem uly hormat goýulypdyr. Ýigrimi ýaşynda Baky Billahyñ müridi bolýar we gysga wagtyñ dowamynda Baky Billahyñ patasyny alyp, onuñ yzyny mynasyp dowam etdiriji bolýar. Babyr hökümdary Ekber Şanyñ Hindistanda täze bir akym döredip, ortalyk "ylahy din" ady bilen ýaýratmak islän akymyna garşy yslam dininiñ arassalygyny saklamak üçin göreşipdir, şeýle hem bu bozuk akymyñ ýaýrap gidibermezligi üçin Ymam Rabbany ýadawsyz tagalla edipdir we bu göreşinde üstünlik gazanmagy başarypdyr. Ekberiñ ogly Jahangir Şa goşunyñ içinde Ymam Rabbanynyñ müritleriniñ barha artýandygy barada bir weziriniñ ýamanlamagy bilen ony zyndana salýar we bir ýyldan soñ ony zyndandan çykaryp huzuryna kabul edýär. Ymam Rabbany onlarça mürit ýetişdirip Hindistanyñ dürli künjeklerine ugradypdyr we halky Hak ýoluna çagyrypdyr, halkyñ Ehli-Sünnet ynanjyna bolan baglylygyny hasam berkidipdir. Ymam Rabbany yslamyñ ikinji müñýyllygynyñ iñ beýik alymy we müjtehidi hasap edilýär. Ymam Rabbany dünýäde we ahyretde halas bolmagyñ ýeke-täk ýolunyñ Ehli-Sünnet ynanjyna ynanmak arkaly amala aşjakdygyny aýtmak bilen birlikde, şägirtlerine ylym öwrenmekligi we dini ylymlary diñe Ehli-Sünnet alymlarynyñ ýazan kitaplaryndan öwrenmekligi ündäpdir, şol sanda ol yslamyñ içinde döreýän birnäçe bozuk akymlara we wahhabylyga garşy göreş alyp barypdyr. Bir musulman üçin ilkinji nobatda ygtykadyny düzeltmegiñ, soñra fykh ylymlaryny özleşdirmegiñ hökmanydygyny nygtapdyr. Ol eserlerinde imany we Gurhan ahlagyny giñişleýin düşündirmek bilen birlikde, Allanyñ barlygyny we birligini, yhlasy, amaly, ruhy, nebise we şeýtana garşy jihad etmegiñ ýollaryny beýan edýär, Allatagala nädip yhlasly ýakynlaşmagy, pygamberler ynanmaklygy, Dört Çaryýarlara eýermekligi ündeýär. Musulmanlaryñ öz aralarynda birnäçe akymlara bölünendigini, dogry ýoluñ bolsa diñe  Ehli-Sünnet ygtykadyna eýermekden başga  ýoluñ bolup bilmejekdigini öñe sürýär. Musulmanlaryñ agzybir bolmagy we yslam dininiñ ýaýylmagy üçin jan edipdir. Ymam Rabbany sünni mezhebiniñ ikinji müñýyllykdaky ýol görkezijisi hasap edilýär. Ol 1524-nji ýyl dogduk şäheri Serhentde aradan çykýar. Onuñ gubury ýerleşen kümmet we daş-töweregi "Rawzaýy-Şerif" diýip atlandyrylýar.  

■ Eserlerinden käbirleri:   

1. "Mektubat; Kelam", bu kitap tassawuf ylmynyñ inçe syrlaryny açyp görkezýär. 

2. "Reddi-Rewahyd", bu kitap rafyzylaryñ (şaýylaryñ) sünni ynanja garşy gelýän ýerlerini we olaryñ nädogry ýoldadygyny subut edýär.  

3. "Yspatun Nübüwwe" ("Pygamberligiñ delilleri")  

4. "Mektubaty Rabbany" 4 tomluk.   

5. "Mearifu Ledüniýýe"

6. "Adab-ül müridin" ("Müridiñ etikasy")                                                                                

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 481 | Добавил: Нawеran | Теги: Ymam Rabbany | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Елена_Прекрасная  
462
Muslim " My lady " song. Listen

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]