09:09

Ysmamyt ata

YSMAMYT ATA 

Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziñ adamzadyñ medeni-ruhy ösüşine uly täsir eden akyldarlarynyñ, şahyrlarymyzyñ ylmy we edebi mirasyny toplamak, öwrenmek, neşir etmek we dünýä tanatmak baradaky taglymaty esasynda türkmen edebiýatynyñ Abu Sagyt Abulhaýr, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Ýunus Emre, Jelaleddin Rumy, Burhaneddin Rabguzy, Horezmi, Ymadeddin Nesimi, Baýram han, Jahanşa Hakyky, Sopy Allaýar, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarparyñ ömri döredijiligi düýpli we töwerekleýin öwrenilýär. Olaryñ ylmy-edebi mirasy bilen baglanyşykly halkara derejesinde ylmy maslahatlar, ýubileý toýlary geçirilýär. Şeýle akyldar şahyrlaryñ biri-de orta asyrlarda türkmen nusgawy edebiýatynyñ döredijilik kerweniniñ başyny çeken Mahmyt Pälwandyr. Halkymyzyñ arasynda "Ysmamyt ata" ady bilen meşhur bolan Mahmyt Pälwan Orta Aziýada özüniñ pälwanlygy, ýokary adamkärçilik häsiýetleri, çeper rubagylary bilen diñe bir pars dilli edebiýatyñ däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyń hem ösmegine itergi beren türkmeniñ akyldar şahyrlarynyñ biridir.
Maglumatlara görä, Mahmyt Pälwan XII asyryñ ortalarynda we XIV asyryñ başlarynda Horezm ülkesinde ýaşap geçipdir. Ol Horezmiñ paýtagty Gürgençde - Köneürgençde dünýä inipdir.
Mahmyt Pälwan hakynda önjeýli işler eden alymlardan pars alymlary Sagyt Nefisini, Müjteba Keremini, özbek alymy T.Jelalowy, türkmen alymy G.Gurbanowy we beýlekileri görkezmek bolar.
Mahmyt Pälwan hakynda maglumat berýän birnäçe irki çeşmeleriñ we soñky döwre degişli türkmen, pars, özbek, rus we beýleki dillerde ýazylan ylmy işleriñ bardygyna garamazdan, onuñ doglan, ýaşan we jaýlanan ýeri, doglan we dünýäden öten seneleri barada elimizde takyk maglumataryñ ýokdugyny, şeýle hem bu meseleleriñ ýörite obýekt hökmünde öwrenilmändigini aýtmak gerek.
Köp sanly çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, şahyryñ asly gürgençli, ýagny köneürgençli bolupdyr. Dehhuda, Moin, Müderris we Şemseddin Samy beg ýaly käbir alymlar onuñ aslynyñ Genjedendigini tassyklapdyrlar, emma olar bu maglumatyñ anyk çeşmesini görkezmändirler. Ähtimal, olaryñ biri ýalñyşyp, beýlekileri oña gönüden-göni eýeren bolmagy hem mümkin, çünki bize mälim bolan golýazma çeşmeleriniñ ählisinde Mahmyt Pälwanyñ asly gelip çykyşy beýan edilende, Genje ýa-da Gürgenç däl-de, Ürgenç sözi ulanylypdyr.

■ Mahmyt Pälwan nirede doglupdyr?

Käbir soñky çeşmelerde mongollaryñ talañçylykly hüjümlerinden soñ Mahmyt Pälwanyñ kakasynyñ Horezmiñ paýtagty gadymy Ürgenji terk edip, Hywa göçendigi, ýolda-da geljekki pälwanyñ dünýä inendigi barada hem maglumat bar. Bu barada T.Jelalow:

"Şahyryñ atasy köneürgençli bolup, hatyny hamyla haldaka Hywa göçüp gelýärler. Olar şähere ýetmänkäler ...şäher çetindäki bir öýde (Mahmyt Pälwan) dünýä inýär" - diýip belleýär.

Onuñ bu pikirini türkmen alymy G.Gurbanow hem goldaýar. Ýöne bu alymlara salgylanýan türkmen edebiýatçysy Akmyrat Täjimow olaryñ bu pikirni goldasa-da, başgaçarak pikiri orta atyp:

"Mahmyt Pälwanyñ ýolda doglandygy barada maglumat bar. Megerem, onuñ doglan ýeri Görogly etrabynda ýerleşýän, il içinde Ysmamyt ata ady bilen tanalýan gonamçylygyñ töweregi bolsa gerek" - diýen netijä gelýär.

Bu barada ilkinji çeşmeler nähili maglumat berýär.
Mahmyt Pälwanyñ doglan ýeri barada maglumat berýän iñ gadymy çeşmeleriñ biri bolan "Arafatul-aşykyn" ("Aşyklaryñ Arafat dagy") eserinde:

"Pälwan Mahmyt ibn Purýaý Weli... durky Hak weýranasynyñ genji, doglan ýeri Ürgenji" diýlip getirilse, "Ryýazuş-şugara" ("Aşyklaryñ bossany" eserinde:

"Ylahy syrlaryñ bu hazynaçysynyñ barlyk genjiniñ asly Ürgenjiñ harap abadyndandyr" diýlip berilýär.

"Ateşkerdeýi-Azerde" ("Azeriñ küresi") hem Mahmyt Pälwanyñ ady "Horezmiñ paýtagty ürgençli (şahslar)" diýen bölümde getirilýär. Häzirkizaman pars alymlaryndan Müjteba Keremi hem: "Bu pälwan Ürgençde dünýä inipdir" diýip belleýär. Hatda belli alym Geldi Nazarow Mahmyt Pälwanyñ diñe bir Köneürgençde doglandygyny tassyklaman, eýsem: "Mahmyt Pälwan ...Köneürgençde ýaşap geçipdir" diýip nygtaýar. Mahmyt Pälwanyñ Hindistana gidişi bilen baglanyşykly ýazylan "Kyssaýy-hezreti Pälwan Mahmyt" ("Hezreti Pälwan Mahmydyñ kyssasy") atly edebi eserde-de Mahmyt Pälwanyñ ýaşlykda mazary Köneürgençde ýatan Alaweddiniñ - Alaw piriñ şägirdi bolandygy, onda okandygy agzalyp geçilýär. Görnüşi ýaly, köpsanly ilkinji we soñky çeşmeler şahyryñ aslynyñ ürgençlidigini, ýagny köneürgençlidigini we Hywa göçülen wagty ýolda, Hywanyñ eteginde däl-de, Ürgençde dünýä inendigini tassyklaýar.
Bu beýik şahsyýetiñ doglan ýeri barada dürli maglumatyñ bar bolşy ýaly, onuñ dünýäden öten we jaýlanan ýeri barada-da dürli pikirleriń bardygyny aýtmak gerek.

■ Mahmyt Pälwanyñ ady bilen baglanyşykly gonamçylyklar

Mahmyt Pälwanyñ ady bilen baglanyşykly birnäçe gonamçylyk - "Hywada (Özbegistan, Horezm welaýaty) Pälwan ata, Görogly etrabynda (Türkmenistan) Ysmamyt ata" gonamçylyklary, Köneürgençde bolsa Pirýar weli aramgähi bar. Eýsem, birnäçe aramgäh bir adam bileb baglanyşyp bilermi? Taryhda şeýle ýagdaýlaryñ bolup biljekdigi aýdyñ hakykatdyr. Meselem, Hezreti Alynyñ (r.a), Mansur Hallajyñ, Ýusup Hemedanynyñ we başga-da käbir belli şahsyýetleriñ birnäçe ýerde mazarynyñ bolmagy muña aýdyñ delildir. Şeýlelikde, eger ýokarda agzalan aramgähleriñ ählisi bir adama - Mahmyt Pälwana degişli hasap edilse, onda olaryñ haýsysynyñ Mahmyt Pälwanyñ hakyky aramgähini kesgitlemek zerurlygy ýüze çykýar.
Biziñ pikirimize görä, Köneürgençdäki Pirýar weli aramgähi onuñ doglan ýeri, atasy, dogan-garyndaşlary bilen baglanyşykly bolup, onuñ kakasyna degişli bolmaly, çünki çeşmelerde gelşine görä, Pirýar onuñ atasynyñ adydyr. Ol aramgähiñ Mahmyt Pälwan tarapyndan kakasy aradan çykandan soñ onuñ hormatyna gurdurylan bolmagy-da ýa-da bu maşgala hormat goýýan adamlar tarapyndan sähel soñrak gurlan bolmagy hem mümkin. Bu bolsa Ürgençden göç etdi diýilýän kişiniñ iñ bolmanda, soñky deminde ýene-de dogduk diýaryna dolanandygyny añladýar. Diýmek, ýokarda agzalan ilkinji çeşmeleri hasaba almanyñda-da, Mahmyt Pälwanyñ kakasynyñ Köneürgençde jaýlanmagy, pälwan oglunyñ ýa-da bu maşgala hormat goýýan adamlaryñ onuñ üstünde şeýle ajaýyp aramgäh gurmagy hem Mahmyt Pälwanyñ maşgalasynyñ bu ýer bilen baglanyşygynyñ düýplüdigini, onuñ hut şu ýerde dünýä inendigini gytaklaýyn hem bolsa delillendirýär. Mundan başga-da, Mahmyt Pälwanyñ nisbesiniñ - doglan ýeri bilen baglanyşykly adynyñ Horezmi bolmagy-da onuñ köneürgençlidigini we şol ýerlerde dünýä inendigini, iñ bolmanda, özüni şol topraklardan aýra hasaplamaýandygyny añladýar. Çünki, Horezm diýlende, esasan, Köneürgenç we şol sebitler göz öñünde tutulýar. Ol Hywada dünýä inen bolanlygynda hökman, iñ bolmanda ikinji nisbe edip, Hywaky nisbesini hem ulanardy ýa-da tezkireçiler bu barada maglumat bererdi.
Dogry, Mahmyt Pälwan Köneürgençden Hywa tarapa göçen bolmagy bolup biljek zat. Ýöne bu ýagdaý has soñrak, Mahmyt Pälwan dünýä inenden soñ bolmaly. Çünki mongollar gadymy Horezmiñ paýtagty Gürgenji basyp alanlarynda, bu gadymy şäheri gaty weýran edipdirler. Taryhy çeşmelerde berlişine görä, 7 ýa-da dokuz aýlap mongol basybalyjylaryna garşy gahrymanlarça gaýtawul beren, her mähelle, her köçe, her jaý, her daban ýer üçin aldym-berdimli söweş alyp baran paýtagty goraýjylar boýun egmänsoñ, mongollar namartlyga ýüz urup, Jeýhunyñ bendini ýykyp, gadymyýetiñ beýik şäherini - Gürgenji suwa basdyrypdyrlar, düýbi-teýkary bilen ýakypdyrlar, galan-gaçan adamlary-da gylyçdan geçiripdirler. Ol şäher şondan soñ birnäçe wagtlap harabalyk ýagdaýynda galyp, onda ýaşaýyş bolmandyr diýen derejä baryp ýetipdir.

"...Şahyryñ ýaşan döwrüniñ taryhyny içgin öwrenseñ, hasam mongollaryñ ýykgynçylygyndan soñ ...Horezmde-de ýaşaýyş-durmuşyñ görlüp-eşdilmedik derejede pese düşendigi, dagynyklygyñ ýetjek derejesine ýeten ýyllary bolandygy taryhdan mälim".
(Seret: H.Ýusubow "Ismi Mahmyt ~ är päliwan, şypa  ber", "Türkmenistan" gazeti, 10.06.2008)

Dogrusy, ol döwürlerde-de hiç bir ýer hem şondan enaýy bolmandyr. Emma Gürgenjiñ ýagdaýy has-da agyr bolupdyr. Bu ýagdaýlar soñ-soñlar hem ol ýeriñ ýaşaýjylarynyñ dürli ýerlere pytramagyna, göç etmegine sebäp bolupdyr. Belki, Mahmyt Pälwanyñ kakasynyñ hem şol ýagdaýlar sebäpli Gürgençden göçen bolmagy mümkin. Çünki, Gürgenç - Ürgenç şäheriniń suwa gark edilmegi we bendiñ ýykylmagy netijesinde Jeýhunyñ akymynyñ üýtgemegi sazlaşykly ösýän ýaşaýyşa, esasan hem, orta asyr Köneürgenç taryhynda esasy orunda bolan ekerançlyga düýpli zarba urýar. Bu bolsa ilatyñ birnäçe wagtlap, derýanyñ ugry bilen Gündogara tarap süýşmegine getiripdir.
Ürgençden göç eden ilatyñ, şol sanda Mahmyt Pälwanyñ maşgalasynyñ hem häzirki Ysmamyt ata gonamçylygynyñ töwereginde ýurt tutunan bolmaklary hakykata gabat gelýär.

"Amyderýanyñ üçe bölünen bir golunyñ hut şu ýerden akyp geçendigi hakyndaky maglumar bu pikiri has ygtybarly edýär".
(Seret: A.Täjimow "Gadymy Gürgenjiñ pälwan şahyry", "Edebiýat we Sungat" gazeti, 26.05.2006).

Munuñ üstesine-de, Gürgenjiñ sergetýaka galalarynda - Yzmykşirde, Eşretgalada, ýagng Ysmamyt ata gonamçylygynyñ ýerleşýän sebitlerinde, Diýarbekirde we beýleki ýerlerde ýaşaýyş-durmuşyñ tizara dikeldilendigi barada taryhy maglumatlar bar.
Biziñ çakymyza görä, Mahmyt Pälwan Köneürgençde dünýä inen bolsa-da, añynyñ bekän ýeri Ysmamyt ara sebitleri bolmaly.

■  "...Lakamy meşhur Burýara."

Az sanly çeşmelerde onuñ hywalydygy hem Hywada jaýlanandygy barada maglumat hem berilýär. Nowaýy "Nesaýymul-muhabbet" ("Söýgi şemallary") atly eserinde:

"Pälwan Mahmyt Pöke Ýar ...Hywakdandyr we lakamy meşhur Burýara. ...Hywaklyk (hywaly) kişiden takyk ...kylyldy..." diýip maglumat berýär.

Görnüşi ýaly, Nowaýy bu maglumaty kimdigi ylma belli bolmadyk bir hywaly şahsdan alypdyr. Hywaly kişiniñ hem aslynda, hakykat bolmasa-da hakykat hökmünde kabul edýän öz içki ynanjyna laýyklykda jogap berjekdigi we Hywadaky Mahmyt Pälwanyñ mazary hasap edilýän gubury salgy berjekdigi öz-özünden düşnükli.
Bu ýerde ony günäkärläp bolmaz, çünki ol öz ýürek ynanjyny, hakykat hökmünde kabul edýän pikirini, bilgisini beýan edendir. Şu maglumatyñ takyk däldigini onuñ "Hywakdandyr" jümlesi hem tassyklaýar. Çünki, hiç bir çeşme onuñ hywaly bolandygy barada maglumat bermeýär. Tersine, Mahmyt Pälwanyñ köneürgençli bolandygy ýokarda beýan edilişi ýaly, köpsanly çeşmeler esasynda tassyk bolan hakykat. Mundan başga-da, Hywa diýlende diñe bir Hywa şäheriniñ däl, eýsem onuñ sebitleriniñ-de göz öñüne tutulmalydygyny bellemelidiris. Munuñ şeýledigini Mahmyt Pälwan hakynda maglumat berýän ilkinji çeşme bolan "Nefehatul-üns" ("Welileriñ aram beriji nepesleri") eseri hem tassyklaýar. Ol eserde:

"Aýdyşlaryna görä, şyh Muhammet Hylwaty her haçan Horezmde zikre meşgul bolan wagty owazy dört parsaha ýeterdi we Pälwan Mahmyt Pökýar onuñ bilen döwürdeşdi we onuñ bilen söhbet tutupdy" diýilýär.

Bu ýerde Horezm sözüniñ getirilmegi umumy düşünje bolup, Hywa diýlende hem diñe Hywa şäheriniñ göz öñünde tutulmaýandygyny añladýar. "Nefehatul-üns" eseriniñ bu maglumatyny Nowaýy hen tassyklaýar.
(Seret: http://tn1.blogfa.com/post-52.aspx334)
Ysmamyt ata sebitlerinde ýaşap geçen Oraz Aşyky hem:

Aşyky, istegi köpdür bu janyñ,
Aslyñ türkmen, Horezmdir mekanyñ

- diýen wagty, hut Ysmamyt ata sebitlerini göz öñünde tutsa-da, Horezm sözüni umumy manyda ulanýar. Aslynda,  mongol çozuşyndan soñ Horezm adalgasynyñ peselip, Hywa adynyñ meşhurlaşyp başlandygyny aýtmak gerek. Sebäbi Yzmykşir, Eşretgala, Gyzyljagala, Şasenem sebitleriniñ mongol hökümdarlary wagtlaýyn bolsa hem Hywanyñ tabynlygyna berlen bolmagynyñ ähtimallygy barada hem çaklama bar. Bu pikiriñ bolup biläýjek hakykatdygyny Hywa hanlygynyñ soñky döwürlere çenli bu sebitleri özüne degişli hasap etjek bolmasy hem belli bir derejede tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan seredeniñde, Hywa diýlende oña degişli hasap edilýän giñ ýerleriñ, Ysmamyt ata sebitleriniñ hem göz öñünde tutulyp bilinjekdigini-de aradan aýyrmak bolmaz.
Dogry, Mahmyt Pälwanyñ belli bir döwürde Hywada ýaşandygyny çaklasa bolar. Çünki rubagylarynda onuñ özi bu barada:

Hywada, hyýalym - maksat Käbesi,
Pähliwan Mahmydyñ isleg höwesi,
Hakdyr, dürsdür ezelidir pälwanlyk,
Ol hem Hak hikmeti hem köñül sesi.

- diýip, Hywada gezip ýörendigini beýan edýär. Emma ýokardaky şygyrdan onuñ Hywada az-u köp belli bir döwürde ýaşan bolsa hem, ol ýerde onuñ göwnüniñ karar tapmandygyny, Hywada ýaşasa-da hyýalynyñ  isleg-höwesiniñ maksat Käbesinde - dogduk mekanynda bolandygyny añsa bolýar. Mahnyt Pälwanyñ hem Mahmyt Zamahşarynyñ Mekgede ýaşaýşy we soñra ýene-de öz dogduk ülkesine dolanyp gelşi ýaly, belli bir döwürde Hywada ýaşan bolmagy bolup biljek zat. Beýle mertebeli ynsanyñ jemgyýetden, uly şäherlerden çetde galmagy, ol ýerlerde asla bolmazlygy mümkin däl.

■ "Ismi Mahmyt - är päliwan şypa ber!"

Taryhdan we ýaşaýyş durmuşymyzdan belli bolşy ýaly, musulman dünýäsinde weli-pir adamlaryñ diñe bir hakyky jaýlanan ýerleri däl, eýsem olaryñ ýaşan, az wagtlyk hem bolsa ornaşan, düşlän ýa-da dünýäden öten ýerleri hem keramatlaşdyrylypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen olaryñ keramatlaşdyrylan ýerleriniñ asylky mazmuny unudylyp, olaryñ hakyky gubury halatyna getirilen ýerleri hem az däl. Şeýdibem, ýokarda agzap geçişimiz ýaly, belli-belli şahsyýetleriń bir däl-de, birnäçe aramgähi peýda bolupdyr. Şu nukdaýnazardan seredeniñde, Mahmyt Pälwanyñ hem birnäçe mazarynyñ bolmagy geñ galdyryjy ýagdaý däl. Çünki, ol çeşmelerde berlişi ýaly, halk arasynda diñe bir pälwan däl, eýsem, keramatly adamlaryñ biri hasaplanypdyr. Eger şeýle bolsa, onuñ hakyky aramgähi haýsy gubur bolup biler.

"Biziñ pikirimizçe, Mahmyt Pälwanyñ hakyky aramgähi Ysmamyt ata gonamçylygy bolmaly".
(Seret: A.Täjimow "Gadymy Gürgenjiñ pälwan şahyry").

Muny delillendirýän maglumatlar barmy? Bar. Birinjiden, biziñ döwrümize garanyñda, Mahmyt Pälwanyñ ýaşan döwrüne 300 ýyla golaý ýakyn döwürde ýaşan, ýagny mundan 300 ýyl töweregi öñ dünýä inen, türkmeniñ pir hökmünde mañlaýyna sylan, bilmezden bir zat diýmegini akylymyza-da getirip bilmeýän, aýdan sözleri gyzyla gaplanýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniñ "Şypa ber" atly şygrynda bu barada şeýle maglumat galdyryp gidipdir:

Dat eýläp, dilimden kyldym pyganlar,
Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar,
Horezm ýurdunda ýatan jananlar,
Ismi Mahmyt - är päliwan şypa ber.

Horezm ýurdunda Ismi Mahmyt atly haýsy keramatly pir ýa-da öwlüýä bolup biler? Belli bolşuna görä, Ysmamyt atadan başga çaklar ýaly keramatly ýer ýa-da şahs ýok. Ysmamyt Ismi Mahmydyñ gysgaldylan, ýagny halk arasynda aýdylýan görnüşi. Ismi Mahmydyñ, ýagny Ysmamydyñ Mahmyt Pälwandygyny näme delillendirýär? Onuñ hem jogaby Magtymgulyda. "Är päliwan" sözi muña ýeterlik delildir, çünki Magtymguly Pyragy bilmezden bir zat diýjek şahyr däl. Magtymguly aýtdymy, diýmek gep gutarýar. Ysmamyt atanyñ Mahmyt Pälwandygy hatda XIX asyrda hem mälim eken. Hut şol sebitlerde ýaşap geçen Oraz Aşykynyñ (XIX) şygyrlarynda-da Ysmamyt atanyñ Mahmyt Pälwandygy beýan edilýär:

Zabtymdan titrese dag bile ýerler,
Jylawumda ýörse ýüz müñe erenler;
"Zal ogly Rüstemdir" diýse görenler,
Medetkär Ysmamyt Pälwan bolaýdy.

Ýa-da:

Çagyryp Ysmamydy - Pälwan ata, Pirýary ýat.

Magtymgulynyñ we Oraz Aşykynyñ bu setirleri Ysmamyt ata bilen Ismi Mahmydyñ bir adamdygyny, ikisiniñ hem bilelikde, Mahmyt Pälwandygyny doly açyklaýar. Ysmamyt ata Mahmyt Pälwan bolmanlygynda Oraz Aşyky Ysmamyt ata, Ysmamyt pir, weli ýaly her söz ulansa-da, Ysmamyt Pälwan sözüni ulanmazdy. Ikinjiden, uly pirler, weliler, kersmatly kişiler köplenç gonambaşy hökmünde jaýlanypdyr ýa-da wagtyñ geçmegi bilen gonambaşy bolmasa-da, şol derejä göterilipdir. Mahmyt Pälwan hem çeşmelerde berlişine görä, welilik derejesine göterlen adam. Şeýle-de, şol ýerde - aramgähde bir hasa saklanyp galypdyr.

"Boýy iki metr çemesi bolan hasa piriñ hasasy hasaplanýar"
(A.Täjimowyñ makalasyna seret).

Belli bolşy ýaly, hasanyb boýy oña niýetlenen adamyñ boýy bilen barabar ýasalýar. Bu hasa eýesiniñ daýaw adam bolandygyny añladýar. Mahmyt Pälwanyñ hem örän daýaw, bitgin adam bolandygy çeşmlerde habar berilýär. Ol hasanyñ inçelik bilen sünnälenip ýasalyşy, durşuna nagyş bilen bezelişi onuñ eýesiniñ ýönekeý adam bolmandygyndan habar berýär. Şonuñ ýaly-da Mahmyt Pälwanyñ Hindistana gidişini suratlandyrýan "Kyssaýy-hezreti Pälwan Mahmyt" ("Hezreti Pälwan Mahmydyñ kyasasy") atly edebi eserde gazan bilen bagly:

"Her günde 39 altyn gapagy satyp, harç kylyp, gazanlara salyp aş-nan kylyp, tamamy Hywak ilatyna haýyr kylyp berer erdiler" diýlip, bir rowaýat getirilýär.

Ysmamyt ata ýadygärliginde hem Ysmamyt ata degişli hasap edilýän we keramatly saýylýan bir gazan saklanyp galypdyr. Bular hem Ysmamyt atanyñ Mahmyt Pälwandygy hakdaky pikire goltgy berýär.
Dogry, käbir çeşmeler Mahmyt Pälwanyñ Hywada jaýlanandygyny tassyk edýär. T.Jelalow:

"Pälwan... wepat bolanda onuñ wesýetine amal edip, şägirtleri Pälwan Mahmydyñ jesedini özüniñ possun tikijilik kärhanasynyñ çäginde depin edipdirler, aramgäh hem hut şu gabryñ üstünde bina edilendir" diýip ýazýar.
(Seret: T.Jalolow "Pahlowon Mahmud. Ruboiýlar". Taşkent, 1979).

Edebiýatçy alym Nazar Gullaýew-de bu pikiri goldap:

"Pälwan Mahmyt 1326-njy ýylda ölende, şägirtleri ony öz ussahanasynyñ ýanynda jaýlapdyrlar, üstüne gümmez galdyrypdyrlar. Ol gümmeziñ iç ýüzüni bolsa öz halypalarynyñ nepis rubagylary bilen bezäpdirler" diyip ýazýar.
(Seret: N.Gullaýew "Arzylynyñ arzysy bolmalydyr", "Edebiýat we Sungat" gazeti, 28.08.1965 ý).

Emma bu pikir hakykatdan daş görünýär. Birinjiden, öñ hem bellenilip geçilişi ýaly, "Kyssaýy-hezreti Pälwan Mahmyt" atly edebi eseri hasap etmeseñ, ilkinji çeşmeleriñ hiç birinde, hatda şahyryñ rubagylarynda hem possunçylyk, possunçylyk ussahanasy bilen bagly, şeýle-de onuñ possunçylyk ussahanasynyñ ýanynda jaýlanandygy babatda gytaýlaýyn maglumata-da gabat gelmedik.
Ikinjiden, Mahmyt Pälwana degişli edilýän ol aramgäh-gümmez Mahmyt Pälwanyñ şägirtleri tarapyndan däl-de, has soñ bina edilen. Mahmyt Pälwanyñ Hywadaky aramgähi bilen baglanyşykly ýadygärlikler toplumy Nazar Gullaýewiñ aýdyşy ýaly, pälwanyñ şägirtleri tarapyndan däl-de, 1701-nji ýylda Hywanyñ şol wagtky hany Şanyýaz hanyñ tabşyrygy bilen başlanyp, 1810-njy ýylda Muhammetrahym han II döwründe ussa Annamuhammet Hezarasbynyñ ýolbaşcylygynda tamamlanýar. Bu ýadygärlikler toplumynyñ Muhammetrahym hanyñ (1806-1825) tabşyrygy bilen başlanyp, Allaguly hanyñ (1825-1843) döwründe tamamlanandygy barada hem maglumat bar.
(Seret: H.Ataberdiýew "Pälwan ata", "Watan" gazeti, 14.04.1998 ý).
Üçünjiden, Müjteba Keremi onuñ Hywadaky aramgähi barada beýan edende:

"Mahmyt Pälwan ...Hywa galasynda, Işan (Içan) galada topraga düýnelipdir" diýip, maglumat berýär.

Içan galada, ýagny esasy gala däl-de, içki, şalara, wezirlere we olaryñ töweregindäki mertebeli şahslara mahsus galada nireden possun tikijilik ussahanasy bolsun? Onuñ üstesine-de, ol şol ýerde nädip jaýlanyp bilsin,
Dördünjiden, şahyryñ mazarynyñ gapdalynda şalaryñ mazarynyñ gabat gelmegi ýokardaky pikiriñ dogrulygyny añladýar. Çünki, soñky döwürlere degişli, Mahmyt Pälwany real şahsdan keramatly şahsa has ýakynlaşdyran käbir edebi çeşmeleri we şolara salgylanan, şolar esasda netije çykaran käbir alymlary hasap etmeseñ, hiç bir gadymy çeşme, hatda şahyryñ öz rubagylary hem Mahmyt Pälwanyñ döwrüniñ şalary we häkimleri bilen azda-kände gatnaşykda bolandygy barada hiç hili maglumat berenok. Tersine, käbir eýranly edebiýat öwrenijileriñ çaklamalaryna görä, Mahmyt Pälwan Horezm ülkesinde giñden ýaýran we ýurdy mongol basybalyjylaryndan azat etmek maksadyna gulluk eden "futuwwet" ýa-da "juwanmerdi" (ýagny "ynsanperwerlik", "akýüreklilik") atlandyrylýan akymynyñ başynda durupdyr. Bu pikiri gadymy çeşmeler gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýar. 
Emin Ahmet Razynyñ "Tezkireýi-heft yklym" ("Ýedi yklym antologiýasy") atly eserinde:

"Pälwan Mahmyt Mahmyt Purýa welileriñ (dür) düzümine düzülendir, emma öz ahwalyny ýaşyrmak üçin göreş tutmak bilen meşgul bolandyr" diýilse, Nowaýy hem:

"Ýaşyryn suluk (sopuçylyk) we ryýazaty hem bar ermiş" diýip ýazýar.

Munuñ şeýledigini Mahmyt Pälwanyñ rubagylary-da tassyklaýar:

Zarbymyzdan çarhyñ pili bolar mat,
Şan-u şöhratymyz pelekden zyýat,
Bir garynja sapymyzda jaý tutsa,
Döwletimiz şire döner bada-bat.

Bu maglumatlar Mahmyt Pälwanyñ ýurdy tozduran mongol han-begleri bilen asla ýakyn gatnaşykda bolmandygyny añladýar.
Diñe Nowaýyda we Müjteba Kereminiñ eserinde onuñ şa pälwany bilen göreş tutandygy hakynda rowaýat - maglumat getirilipdir. Şu nukdaýnazardan seredeniñde, Mahmyt Pälwanyñ Hywadaky aramgähi hasap edilýän ýeriñ onuñ göreş tutan ýeri bolmagy mümkin diýip çak etse bolar. Megerem, onuñ belli bir döwürde ýaşan, düşlän ýa-da göreş tutan ýerleri, soñra, şägirtleri we halk tarapyndan keramatlaşdyrylan bolsa gerek. Mahmyt Pälwanyñ aramgähiniñ birnäçe ýerde gabat gelmegi şu pikiri tassyklaýar. 
Bäşinjiden, T.Jelalow Mahmyt Pälwanyñ Hywanyñ golaýynda Çingiz hana garşy uruşda heläk bolan gahrymanlaryñ guburlarynyñ üstünde gümmez bina etdirendigini, şol gümmeziñ galyndylarynyñ henize çenli hem saklanyp galandygyny belleýär. T.Jelalowa salgylanan we onuñ bu garaýyşy bilen ylalaşan edebiýatçy alym Nazar Gullaýew hem:

"Ol Çingiz hana garşy göreşde gurban bolan merdana ýigitleriñ Hywanyń golaýyndaky mazarynyñ üstünde gümmez galdyrypdyr. Ol gümmeziñ harabaçylygy şindizem dur" diýip ýazýar.

Eger olaryñ bu maglumatyny dogry hasap etsek (ýogsa, çeşmeleriñ hiç birinde beýle maglumata duş gelinmedi), onda näme üçin Mahmyt Pälwan özi "hywaly" bolup, Hywada däl-de, Hywanyñ golaýynda gümmez galdyrtdyka? Hywada-da mongollara garşy göreşip, watan üçin gurban bolan gahryman tapylaýjak ýaly?! Bu maglumat tersine, onuñ Hywada dünýä inmändigini we ýaşamandygyny, eger gümmez guran bolsa, ony Hywanyñ golaýynda - Ysmamyt ata sebitlerinde gurandygyny añladýar.
Mundan başga-da "Kyssaýy-hezreti Pälwan Mahmyt" ("Hezreti Pälwan Mahmydyñ kyssasy") atly edebi eserde Mahmyt Pälwanyñ Hywanyñ töwereklerine keramat esasynda akaba getirendigi beýan edilýär. Şu ýerde bir zady nygtamak gerek. Akabanyñ Hywa däl-de Hywanyñ golaýyna eltilmegi-de köp many añladýar. Hywanyñ 1-2 parsah golaýy diýlende Ysmamyt ata sebitleri göz öñüne gelýär. Munuñ üstesine-de, akabaly maglumat Amyderýanyñ üçe bölünen bir golunyñ şol ýerden akyp geçen döwrüniñ, Mahmyt Pälwanyñ maşgalasynyñ şol ýerlere baran döwri bilen gabatlaşýandygyny añladýar. Bu maglumatlar Mahmyt Pälwanyñ Ysmamyt atadygyny, Ysmamyt atanyñ bolsa, Mahmyt Pälwandygyny kepillendirýär.

■ Ism Sahaba baradaky rowaýat ýa-da Ism Sahaba Ysmamyt atamy?

Şu ýerde ýene bir düşündiriş berilse ýerlikli bolar. Halk arasynda Ysmamyt ata bilen baglanyşykly aýdylýan rowaýatlaryñ birinde Ysmamyt atanyń Mahmyt Pälwan däl-de, Ism Sahaba lakamly Sagyt ibn Müseýýipdigi beýan edilýär. Eýsem, bu pikir dogrumy? Bu rowaýat taryhy hakykat bilen baglanyşýarmy? Rowaýatda berlişine görä, häzirki Ysmamyt ata gonamçylygynyñ töwereginde ýerleşen galanyñ hökümdary Soltan Mahmyt yslam dinini ýaýratmak üçin Horezme iberilen Ism Sahabany tagta geçirip, ony özüne pir tutunýar.
Ism Sahaba wepat bolandan soñ şol ýerde jaýlanypdyr. Şol mazar hem häzirki wagtda Ysmamyt atanyñ aramgähidir. Wagtyñ geçmegi bilen Ism Sahabanyñ "Ism" we Soltan Mahmydyñ "Mahmyt" bölegi birleşip Ysmamyt ata ady emele gelipdir. Başga bir rowaýata görä, Ysmamyt sözi Soltan Mahmydyñ halk arasynda öz adyny "Meniñ ismim Mahmyt" diýip, beýan etmeginden emele gelipdir. Bu rowaýatyñ hakykatdan daşdygy we soñ döredilendigi belli. Çünki "Mahmyt" ("hamd" - öwgi, taryp sözünden gelip çykyp, öwgülenen diýmegi añladýar), "soltan" we "ism" sözleri arap sözi bolup, araplar, yslam dini gelmezinden öñ bu sebitlerde arap adynyñ, arap sözüniñ bolup bilmegi düýbünden bolup biljek zat däl. Şeýle-de, "soltan" sözi patyşa hökmünde taryhda ilkinji gezek türkmen soltany Soltan Mahmyt Gaznalynyñ ady bilen baglanyşykly ulanylyp başlanýar. Bu taryhy çeşmeler esasynda subut edilen hakykat. Şonuñ üçin bu sözüñ hem yslamdan öñ, hatda Soltan Mahmyt Gaznala çenli, yslamdan soñ hem bu sebitlerde patyşa manysynda ulanylmagy mümkin däl. Bu bolsa öz gezeginde Ism Sahaba bilen bagly rowaýatyñ nädogrulygyny añladýar.

■ Ismi Mahmyt bolan Mahmyt Pälwan Ysmamyt atadyr

Şu ýerde bir soragyñ, ýagny "Mahmyt Pälwanyñ ady nähili ýagdaýda Ismi Mahmyda - Ysmamyda öwrüldikä?" diýen soragyñ ýüze çykmagy mümkin. Biziñ pikirimizçe, Mahmyt Pälwan dünýäden öten wagty, derrew haşamly aramgäh gurulman, musulmançylyk däplerine laýyklykda, onuñ ýönekeýje mazar daşyna "Ismi Mahmyt..." diýlip, ol barada ýazgy goýlan bolmaly. Muny Mahmyt Pälwan hakynda maglumat berýän golýazmalar hem belli bir derejede delillendirýär. Meselem, "Ateşkerdeýi-Azer" tezkiresinde ol baradaky ilkinji söz "Ismi Pälwan Mahmyt..." diýlip başlansa, "Ryýazul-aryfyn" ("Pirleriñ bossany") eserinde "Mübärek ismi Pälwan Mahmyt..." diýlip başlanýar. Wagtyñ geçmegi bilen bolsa, mazar daşyna ýazylan Ismi Mahmyt sözi Ysmamyda öwrülen bolmaly.

Rahman GODAROW,
Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Milli golýazmalar institutynyñ direktorynyñ ylmy işler boýunça orunbasary.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 799 | Добавил: Нawеran | Теги: Rahmanberdi Godarow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]