18:32 Ýürek joşa gelende... | |
ÝÜREK JOŞA GELENDE...
Agzybirligiň, parahatçylygyň baýramy bolan Halkara Bitaraplyk güni ýürekleri joşa getirýän şanly waka! Ýürek joşa gelende bolsa zybana ýagşy sözler dolýar. Şonuň üçinem baýramçylyk mynasybetli kärdeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Şatlyk Haýydow: — 12-nji dekabr. Durmuşymyzda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri, ýagny bagt kerwenine münüp, durmuşa ilkinji gadam goýan günümiz. Gelnim Jöwher ikimizi sataşdyran gün hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna toýlanýan toý dabarasy bolupdy. Bagt toýumyzdan soňra bir ýyl dolanda, şol bagtly pursatlaryň dowamy ýaly bolup, ogul perzendimiziň dünýä inmegi bizi has-da galkyndyrdy. Biz — bagtly ynsanlar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni biziň maşgalamyz üçin goşa toýa öwrülýär. Parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan Halkara Bitaraplyk gününde başlan durmuş ýolumyz maşgala törümiziň abatlygy, başjemlik, agzybirlik, süýjülik bilen öýümizi bagtyýarlyga besleýär. Pursatdan peýdalanyp, Halkara Bitaraplyk güni bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, mähriban halkymyzy, eziz Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan merdana watan goragçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn! Aknur Rozyýewa: — Bitaraplyk hakynda gürrüň gozgalsa, çagalygymdan galan tolgundyryjy ýatlama göz öňümde janlanýar. 7-nji synpda okaýan wagtym mekdep okuwçylarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny wasp etmek boýunça geçirilen şygar ýazmak bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolmagym döredijilikde gazanan ilkinji ýeňşim bolupdy. Indi görüp otursam, şol üstünligim geljegimiň nurana arzuwlaryna tarap açylan hakyky ýeňşim eken. Ol günden soň hem ençeme gezek, döredijilikde, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolmak bagtyna miýesser bolan bolsam-da, näme üçindir ýüregime şol ilkinji ýeňşim möhürlenen. Şindilerem käte-käte ýeňiji bolmagyma sebäp bolan, çagalyk duýgularym bilen ýazylan «Eger asudalygy, parahatlygy saklaýan güýç bar bolsa, şol güýç Bitaraplykdyr!», «Bitaraplyk özüňe, Watanyňa, halkyňa abadançylygy kepillendirýän iň uly güýçdür!», «Eger asudalyk bir köşk bolsa, Bitaraplyk şol köşgüň tylla gapysydyr, şol köşgi ýagtyldyp duran şamçyragdyr!» diýen şygarlaryma seredenimde kalbymy üýtgeşik duýgularyň gaplaýanyny duýýaryn. Göwnüme bolmasa, bütin mekdebimizi, enem-atamy hem buýsandyran şol gezekki üstünligim maňa hemişelik Bitaraplygymyzyň ata Watanymyzyň bütin dünýäniň öňünde ykrarlanan iň beýik ýeňşidigini duýdurana meňzeýär. Goý, bagtyň baky ýeňşi bolan hemişelik Bitaraplygymyz elmydama her birimize unudylmaz ýeňişleri getirsin! Toýgeldi Satlykgylyjow: — Her bir adamyň ýüreginiň töründe iň bagtly pursatlary baky ýaşaýar. Ýadyma düşýär. Ýaňy 1-nji synpa okuwa barypdym. Mugallym synpymyzda okaýan deň-duşlarymyň ählisiniň doglan günlerini sorap, özüniň ýandepderçesine belleýärdi. Gezek maňa geldi. Menem ýerimden turup, buýsanç bilen: «Dekabr aýynyň 12-si» diýip jogap berdim. Şonda mugallym: «Toý gününde doglupsyň-da» diýip ýylgyrdy. Toý gününde doglanym üçinem enem adyma Toýgeldi dakypdyr. Her gezek doglan günümi bellänimizde, enem: «Watanymyza toý geldi, ojagymyza goşa şatlyk geldi» diýip, meni süýjüden-süýji arzuwlar bilen gutlardy. Şu günem 12-nji dekabr. Uzak menzillerden aşyp gelen enemiň meniň doglan günüme ýollan haty bolsa, toý gününde meniň ykbalymy goşa şatlyga besledi. Toý gününde ýürekleriň töründe ýaşaýan bagtly günler hakynda gürrüň etmek nähili gowy. Öňem bir halypanyň aýdyşy ýaly, «Durmuşda şatlykly pursatlar köp bolýar, ýöne ynsanyň ýüreginde buşlukly, şowly günler mydamalyk orun alýar. Sebäbi şol bagtly günler olara uly bir bagty peşgeş edýär». Halkymyzy baky bagta ýetiren, ykballara bagt daňyny ataran Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mertebe münberine göteren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! Baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler! Ýazga geçiren Selbi AŞIROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |