22:20 Kalbymda galan ýatlama | |
KALBYMDA GALAN ÝATLAMA
Kakam janyň bar arzuwy üç perzendinden birini serhetçi etmekdi. Çagakak kakam otursa-tursa: «Öz Watanyňy, ene topragyň her gysym gumuny gözüň göreji deý gorap saklamak mukaddes işdir, balalarym!» diýip, köp aýdardy. Çagakak bu sözleriň näme üçin aýdylýanyna känbir düşünip baramzokdyk. Bir gezegem öýümizde ýeke özümkäm kakamyň kitap goýýan tekjesine boýum ýetmese-de, aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tekjedäki kitaplary dörüp başladym. Ol ýerde daşlary köne, sahypalary bolsa saralyp giden kitaplaryň birnäçesi bardy. Olary gyzyklanyp, gatlaryny agtaryp, düşünmejek ýerime okan bolup, esli wagt şoňa güýmenip oturypdyryn. Soňra ýene tekjeleriň gatlaryny sermelemäge başladym. Ol ýerden kakamyň gulluk döwründäki suratlaryny özünde jemleýän albomyny tapdym. Ol suratlar könedi, özüne çekijidi. «Kakam näme üçin bu suratlar hakda bize gürrüň berenokka?! Ýa biz ony eşitmäge ýaş bolýarmykak?!» diýip, öz-özüm içimi gepletdim. Gulluk döwrüniň suratlaryny öz sahypalarynda jemlän bu albomda gullukdaşlary bilen düşen suratlary, gulluk eden döwrüni ýatladýan hatlary, garry enemden, atamdan alnan hatlaryň ençemesi bar ekeni. Esli wagt olary synlap otyrdym. Soňam birden saralyp giden syrly bukjanyň ýüzünde «Mähriban ogluma hat» diýip, sünnälenip ýazylan ýazga gözüm düşdi. Haty açyp, okamaga howlukdym. Hat şeýle sözler bilen başlanýardy: «Salam, oglum! Sag-aman gulluk edip ýörsüňmi?! Meniň gerçek, esger oglum, biz saňa guwanýarys! Biziň asuda Watanymyzy gözüň göreji deý gora, bu meniň saňa enelik sargydymdyr. Sen şu toprakda doguldyň, ulaldyň, gerçek ýigit çykdyň. Ata-babalarymyz bu eziz toprak üçin öz şirin janlaryndan geçipdirler. Sizem biziň pederlerimizden, gerçeklerimizden görelde almalysyňyz...» diýip, iri harplarda enem janyň öz elleri bilen ýazan ündew beriji hatyny okanymda inim jümşüldäp gitdi. Çyndanam, şu topragyň howasyndan dem alyp, onuň goýnunda, asuda durmuşda bagtly ýaşaýandygyňa buýsanmaly. Ana, şol günden soňam mende watan goragçysy bolmak arzuwy döredi. Üstünden näçe ýyllar geçibem, ine, bu gün şol arzuwym amala aşdy. Watan öňündäki borjuňy ak ýürekden berjaý etmek, gör, nähili bagt! Her gezek gulluk alyp barýan ýerimde çagyryş boýunça harby gullugyny geçmäge gelen esgerlerimiziň harby lybasyny geýip, Döwlet baýdagymyza tagzym bilen ata Watanymyza, ene topragymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam edýän pursatlaryny görenimde kakamyň syrly bukjalaryndaky esger lybasly kasam kabul edişlik dabarasynda düşen şol suraty göz öňümde janlanýar. Ol keşp meniň üçin Watan öňündäki mukaddes borjumy mynasyp ýerine ýetirmäge goldaw berýän egsilmez güýçdür. Selbi AŞIROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |