20:41 Ýyldyrym deý pikir goýsañ eýýama... | |
ÝYLDYRYM DEÝ PIKIR GOÝSAŇ EÝÝAMA...
Ilimize bahar ýaly joşgunly, owadan, okyjynyň kalbyny heýjana salýan, many-mazmun taýdan umman ýaly giň goşgulary bilen bu gün ýüzleriň, müňleriň aňynda ýaşamagyny dowam edýän türkmen poeziýasynyň ägirdi Gurbannazar Ezizow barada ýatlamak örän ýakymly. Onuň hemmetaraplaýyn jemlenen ýiti zehini, täri, täzeçilligi bilen XX asyr türkmen edebiýatynyň ikinji ýarymyna güýçli täsirini ýetirendigi ikuçsuzdyr. Ş a h y r y ň şygyrlarynyň düýp özeni ýagşy niýete, päklige, esasanam sadalyga ýugrulandyr. Muňa «Söýüň çagaňyzy», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy», «Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor», «Şadyýan gün», «Neneň oňat» ýaly goşgularyny okanyňda has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Onuň özüniň hem sada tebigata eýe bolandygy barada terjimeçi Annaly Berdiýew: «...Sen: «Sada bolsun ogul bilen gyzyňyz» diýip arzuw ederdiň. Özüňem şol sada ogullardandyň. Seniň bilen bile duz-emek bolan on dört ýylymyň içinde men muňa mäkäm göz ýetirdim» diýip, öz ýatlamalarynda belläp geçýär. G.Ezizowyň bize peşgeş berip giden goşgulary babatda ýene-de bir bellärlikli zat, onuň poeziýasynda her bir işde ugur alyp, durmuş ýörelgesi edinerlik setirleriň näçe diýseň barlygydyr: Göni baksaň päk gözlere bakaňda, Demir gözleginden altyn äkelseň. ýa bolmasa: Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň. Şahyryň goşgularyny okanyňda, onuň mydama söýgiň küýseginde bolandygyna göz ýetirýärsiň. Özüni Magtymguly Pyragynyň şägirdi hasaplan Gurbannazar Ezizow söýýänligiňi bildirmek üçin söýýän diýip aýtmagyň, gygyrmagyň zerur däldigini, edil Pyragynyň Watanyny, il-gününi söýýän diýmän söýşi dek söýüp bilmegiň ussatlykdygyny ýaňzydýar: «Adamlary söýýän!» diýip gygyrma, Bu bir boş sözlere sarpa goýmakdyr. Sen gygyrma, hünäriňi dowam et. Şonuň özi adamlary söýmekdir. Diýmek, Watany, halky, birek-biregi söýmegimiz «Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär» diýen şahyry söýdügimiz, şahyra serpaýymyzdyr, onuň döredijiligine goýýan aýratyn sarpamyzdyr. Ýazgül KAKAGELDIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |