03:56 Zenan ady bilen baglanyşykly ýadygärlikler | |
ZENAN ADY BILEN BAGLANYŞYKLY ÝADYGÄRLIKLER Baýhatyn (Daýahatyn), Amuldan Horezme ugraýan gadymy söwda ýolunyň ugrunda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän orta asyrlar kerwensaraýy. Türkmenabatdan 173 kilometr demirgazykda, Hanabat stansiýasynyň golaýyndaky bu taryhy ýadygärligi ýerli halk «Baýhatyn» diýip atlandyrýar. Sebäbi şol hakda il arasynda bir rowaýat bar. Şol rowaýata görä, bir baý adam bolupdyr. Nähilidir bir sebäp bilen ol aýalynyň wepalylygyna şübhelenipdir. Özüne biwepalyk edilendir diýip düşünen baý derwişiň eşigine girip, öýünden çykyp gidipdir. Onuň aýaly Baýhatyn bolsa äriniň dolanyp gelerine köp ýyllap garaşypdyr. Soňra adamsynyň çöldäki sergezdançylygyny ýeňletmek, ony ojagyna getirmek üçin uly we owadan kerwensaraý gurmagy ýüregine düwüpdir. Onuň gurluşygy üçin gurluşyk materialy bolan kerpiji Merwde bişiripdirler. Kerpiji Merwden kerwensaraýyň gurulýan ýerine çenli adamlar hatara durup, elden-ele geçirip eltipdirler. Şonuň üçin oňa köp adam ýygnanypdyr. Şol adamlaryň arasynda Baýhatynyň adamsy hem bar eken: ol uzak sergezdançylykdan soň ýurduna dolanypdyr. Baýhatyn adamsyny tanapdyr, ýöne onuň özi çadrada bolansoň tanalmandyr. Kerwensaraýyň gurluşygy gutarandan soň Baýhatyn meýlis gurapdyr. Oňa köp adam, bu gurluşyga ýardam edenler hem çagyrylypdyr. Ol şonda adamsynyň biderek ýere sergezdançylyk edip ýörendigini göçme manyda, diňe äri düşüner ýaly edip aýdyp beripdir. Bu rowaýat är-aýalyň ýaraşmagy bilen tamamlanýar. ■ Gyzbibi Gyzbibi halk arasyndaky bar bolan rowaýata görä (bu rowaýat Kaka etrabynyň Çäçe obasyndan ýazylyp alyndy) Gyzbibi durmuşa çykmak islemedik gyz bolupdyr. Kakasynyň gahar etmesinden gaçyp, dagda gizlenipdir. Dagda onuň dynç alyp oturan ýerinde daşyň ýüzünde yzy galypdyr. Ol yzarlamadan gaçyp, bir jülgä düşýär, ondan bir derýajyk akýar eken. Oňa Çäçeçaý diýýärler, ol bu jelegaýy suw bile üpjün edipdir. Gyzbibi kakasynyň özüni yzarlap gelýänini görüp, ýeriň ýarylmagyny haýyş edipdir. Ýer ýarylypdyr, Gyzbibi oňa özüni oklapdyr. Ýöne onuň saçynyň ujy ýer ýüzünde galypdyr. Ondanam ony tapyp, ýerden gazyp çykarýarlar hem-de adam şekilli jaýlaýarlar. Bu rowaýat Kaka etrabynyň Duşak obasynyň golaýynda ýerleşýän Mälik Aždar-baba gonamçylygyndaky Gyzbibi aramgähine degişlidir. Aramgähiň XX asyrda gadymy mazaryň üstünde gurlandygyna garamazdan, ol gudratly öwlüýä hökmünde giň meşhurlyga eýedir. Ol keramatly ýerleriň biri hasaplanýar. Şonuň üçin oňa zyýarat edýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. ■ Uly we kiçi Gyzgala Uly we kiçi Gyzgala Merwiň arhitektura ýadygärligidir. Ol Soltangalanyň günbatar tarapynda ýerleşýär. Ol Merwiň çyg kerpiçden gurlan adaty bir binasydyr. Uly Gyzgala 42х27 metr ölçegde bolup, gönüburçluk görnüşinde bina edilipdir. Binanyň ortarasynda inedördül jaý bar, bu belki, uly zal bolan bolmagy mümkin. Onuň töwereginde bolsa iki hili beýiklikde otaglar ýerleşipdir. Olaryň ählisiniň öň tarapy ýarymaýlaw görnüşinde bina edilipdir, birmeňzeşlik berk berjaý edilipdir. Bu gurluşyk usuly diňe Merwde ýörgünli bolman, eýsem Horezmde hem meşhurdyr. Bu ýadygärligiň golaýynda ýerleşen kiçi Gyzgala hem şu usul bilen gurlupdyr. ■ Törebeg hanym Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan ymarat Ürgenjiň ýadygärlikler toplumynyň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Ymarat özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik we ussatlyk bilen örülip çykarylmagy, bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk bina hasap edilýär. ■ Şasenem şäheri Şasenem Köneürgenjiň günorta-günbatarynda 90 kilometrlikde ýerleşýän Suburna atly orta asyrlar şäheridir. Ol gönüburçly bolmadyk, köp taraply, ýerden 9 metr beýik bolan gum depesidir. Onda şäheriň daşyndan aýlanan diwar gowy saklanyp galypdyr. Ol häzir hem bu beýigiň daşynyň halkasy ýaly bolup dur. Aýry-aýry ýerlerde onuň beýikligi 15 metre çenli ýetýär. Bu ýerde barlag işlerini geçiren professor S.P.Tolstowyň çaklamagyna görä, bu şäherçe gadym döwürlerden (miladydan öňki IV—III asyrlar) mongol basybalyjylygyna çenli ýaşamagyny dowan etdiripdir, onuň merkezi böleginde Horezmşalar döwrüne degişli uly metjidiň harabalygy bar. Onuň diwarlary arap hatynda ýazylan tekstler bilen bezelipdir. Şäher diwaryndan daşarda, 200 metr günorta-günbatarynda giň seýilgäh ýerleşipdir. Onuň daşyndan bolsa çyg kerpiçden örülen diwar aýlanypdyr. Ýadygärligi Şasenem hem Garyp hakyndaky rowaýatlar bilen baglanyşdyrypdyrlar. ■ Parawbibi we Parawata Paraw Serdar şäherinden 25 kilometrlikde ýerleşýän orta asyrlar şäherçesidir. Ol ilki başda Horasan bilen Dehistanyň serhedinde bina edilen gala bolupdyr. Soňra Seljuklylar döwründe 35 gektar meýdana ýaýylan şähere öwrülipdir. Ýöne onuň gurluşyklarynyň — binalarynyň diňe ikisi — dagyň alkymyndaky gonamçylykda galdyrylan, XI-XII asyrlara degişli aramgäh biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň birine Parawbibi, beýlekisine Parawata diýilýär. Parawbibiniň belli bir bölegini dagyň gaýasyny ýonmak arkaly gurupdyrlar. Onuň içi 7 metr beýiklikli inedördül otagdyr. Parawata aramgähi hem inedördül esasyň üstünden galdyrylypdyr. Ol bişen kerpiçden örülipdir, girelgesi keşdelenip, eýwan şekilli edilipdir. Bu binalaryň ikisinde-de gadymy binagärlik däpleri gaýtalanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |