07:04

11 мая

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 223 | Добавил: Haweran | Теги: Maý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Nika Turbina
(1974-2002).

Ilkinji goşgular ýygyndysyny N.Turbina 9 ýaşynda, 1983-nji ýylda neşir etdiripdir. Ol ýygyndy 12 dile terjime edilip, 30 müň sanda çykypdyr. 10 ýaşynda ol Wenesiýanyň biýennalesiniň çäklerinde geçirilen şahyrçylyk festiwalynda “Altyn ýolbars” baýragyna mynasyp bolupdyr. N.Turbina ilkinji goşgularyny 4 ýaşynda ýazyp başlapdyr. Ol çagalygynda demgysmadan (astmadan) ejir çekip, ukusy gowy däl ekeni. Onsoň ol ukusyz gijelerinde-de ejesinden hem mamasyndan özüne hamana “Hudaýyň aýdýan” setirlerini ýazmagy haýyş edýän ekeni.
Döredijiligi dünýäde ykrar edilenden soňra N.Turbina ABŞ-a gidip, ol ýerde Nobel baýragynyň eýesi Iosif Brodskiý bilen duşuşypdyr. Eýýäm şol wagtlar amerikan psihologlary gyzjagaz bilen gyzyklanyp, kellesine şeýle agram düşýän çagany lukmanlara görkezmegi maslahat beripdirler.
N.Turbinanyň psihikasy 16 ýaşda bozulyp başlapdyr. Onsoň ol Şweýsariýa gidip, şol ýerde, Lozannadaky dälihana ýatymlaýyn bejerişe ýerleşipdir. Şol ýerde-de 76 ýaşyndaky, italýan psihiatry Jiowanni Mastropaolo aşyk bolup, onuň bilen raýat nikasynda ýaşaşyp başllapdyr.
Ýöne Şweýsariýada N.Turbinanyň keseli has-da güýçlenipdir, ol şondan soň 1 ýyl geçip-geçmänkä Russiýa dolanypdyr, soňra yzygiderli spirtli içgileri içip başlapdyr, hemişe göwnüçökgün halda gezipdir, birnäçe gezek öz janyna şowsuz kast edipdir. Onuň şygyrlaryny bolsa “beýlebir zehinli däl zenanyň ulularyňka çalymdaş setirleri” diýip tankyt edip ugrapdyrlar. Ahbetinem, 27 ýaşynda ol özüni köp gatly jaýyň penjiresinden oklap heläk bolupdyr.
2018-nji ýylda bolsa N.Turbinaň durmuşy barada, ony tanan adamlaryň ýatlamalaryndan jemlenen kitap neşir edilipdir. Şol kitapda-da N.Turbinaň ejesiniň ony çaga döwründe goşgy ýazmaga mejbur edip, gyzjagazy edil “diş pastasyny gabyndan sykyp çykaran ýaly olary ondan sykyp çykarandygy” hakynda ýazylypdyr.

...Diňe, eşidýäňmi,
Meni ýalňyz taşlama.
Hemme goşgulam, şumluga öwrüler...


Ine şu setirleri Nika Turbina jigisi dünýä inende ejesine bagyşlap ýazypdyr.

Men – ýowşan-ot,
Dodagymda ajylyk,
Sözlerimde ajylyk,
Men – ýowşan-ot,
Sähranyň depesinde iňňildi.
Ýelleriň gabawynda,
Inçejik baldak,
Döwlüpdir ol...
Yzadan doglan,
Ajy damjajyk.
Topraga gaçar –
Men – ýowşan-ot...


Meşhur rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko bolsa, Nika Turbina barada şeýle ýazypdyr:

Çagalar – pynhan ulular. Bu ezýet berýär olara.
Biz – pynhan çagalar.
Ýeterlik uly däl biz, sebäbi, elheder alýas
Çaga bolmakdan.

Gonalgada, Pasternagyň bozulmadyk yzynda
Öz yzyny goýup,
Sen uludan dem aldyň, edil içiňe iňlän ýaly,
sekiz ýaşlyja şahyr...

0
2 Yusup  
50
Görgüli ir gaýdypdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]