1-nji APREL HENEGINIÑ TARYHY WE GELIP ÇYKYŞY
Bu gün 1-nji aprel. Degişmek üçin ýalan sözlenilýän gün... Dünýäniñ häzirki howsalaly ýagdaýyna seretseg-ä, degişer ýaly ýagdaýymyzam ýok.
Edil ýurdumyz asuda bolanda-da daş-töweregimizde bolup geçýän uruş-dawalar, dünýäde günde-günaşa gaýtalanyp duran her dürli jenaýatlar, tebigy heläkçilikler, gurakçylyk, tebähetiñ göterilip bereketiñ gitmegi, güzeran kynçylygy, ýetde-gütdelik, nyrhlaryñ ýokarlanmagy, munuñam üstesine soñky üç-dört aýyñ içi gulaklarymyzyñ düýbünde iñ köp ýañlanýan koronawirus belasy haýsydyr bir baýramçylygy bellär ýaly ýa-da gülüp-oýnar, biri-biriñe henek oklar ýaly ýagdaý goýmady. Adamlaryñ janyna berekella. Hernäme-de bolsa ruhdan düşülmeýänligi-de gowy zat. Adamlar günde-günaşa bolmasa-da, ýylyñ dowamynda belli-belli günlerde şatlanasy, gülüp-oýnasy gelýär, ýakynlary bilen oturyp baýramçylyk belläsi gelýär.
Hut şonuñ üçin biz hem öz gezegimizde siziñ ähliñize 1-nji aprel gününde ýakynlaryñyz we dost-ýarlaryñyz bilen şadyýan henekleri atyşmagyñyzy arzuw edýäris. Şonuñ üçinem ýakynlaryñyzy, dost-ýaryñyzy, tanyş-bilişleriñi aldar ýaly ýeñiljek henek taýýarlamagy-da, eger şeýle henek oklanyp aldanan wagtyñyzda hezil edip gülmegi-de ýatdan çykarmañ.
Edil 1-nji apreliñ henek atyşmak güni bilen baglanyşygy barmy-ýokmy, ony anyk bilemzok welin, gadymy paganistik medeniýetiñ 1-nji aprelde bellenýän Fous baýramy bilen biziñ günlerimiziñ 1-nji aprel henek atyşmak däbiniñ bire-bir meñzeşligi bar. Gadymy Rimde Hilarýa ady bilen bellenen baýramçylykda adamlar biri-birine ýalan gatyşykly ýeñiljek henekler atyşyp şatlanypdyrlar. Hindistanda 31-nji martda bellenýän "Holi gününiñem" 1-nji aprel bilen meñzeşligi bar.
1-nji apreliñ taryhy hakynda her medeniýetde biri-birinden tapawutly rowaýatlar bar. Emma olaryñ arasynda iñ giñden ýaýrany Fransiýada ýaýranydyr. Fransuzlar bu güne "Poisson d’avril" ("Aprel balygy") diýýärler. 1564-nji ýylda Fransiýanyñ koroly Çarlz IX Täze ýyl gününi 1-nji aprelden 1-nji ýanwara geçirýär. 1-nji apreli ýylyñ birinji güni hökmünde görýänleri ýañsylamak maksady bilen atylan henekler belli bir wagtdan soñ däbe öwrülýär.
1-nji apreli Täze ýyl güni hasap edenlere bolsa "aprel balygy" diýipdirler. Aslynda henek günüñ añyrsynda synpy göz bilen garama düşünjesi bar. Ýagny, şol döwrüñ hat-habarlaryny diñe at üstündäki çaparlar amala aşyrypdyr. Patyşanyñ kabul eden karary Fransiýanyñ çet künjeklerine giç baryp ýetipdir. Şonuñ üçin adamlaryñ köpüsi Täze ýylyñ 1-nji ýanwara geçirilendigini eşitmän galypdyr. Patyşanyñ töweregindäki emeldarlar Täze ýyly 1-nji ýanwarda bellänsoñlar, obaly garamaýaklaryñ geçip giden Täze ýyly üç aýdan soñ bellemelerini ýañsylamaga başlapdyrlar. Olara hiç wagt amala aşmajak Täze ýyl şüweleñlerini, hiç haçan berilmejek sowgatlary wada beripdirler. Şeýlelikde olar garamaýak görgülileri aldamagy özlerine güýmenje hasaplapdyrlar. Görşüñiz ýaly, 1-nji aprel gününiñ ýalandan henek atyşmak däbi fransuz aristokratlarynyñ edere iş tapman, garyp-gasarlary oýnamak maksady bilen tapan güýmenjesinden döräpdir. Ýöne bu däp wagtyñ geçmegi bilen bütin dünýä ýaýrapdyr.
Iñlisler bu güne "April Fools Day" ("Aprel akmaklarynyñ güni"), şotlandlar bolsa "Gowk" ýa-da "Cuckoo" (kukuşka güni) diýýärler.
# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
@ Kitapçylar.
Degişmeler