12:51 "Şalary-da urýarlar" | |
"ŞALARY-DA URÝARLAR"
Teatr we kino sungaty
Şu gün türk teatry üçin aýratyn möhüm gün. Şu gün Ferhan Şensoýyñ ýazyp sahnalaşdyran "Şalary-da urýarlar" spektaklynyñ üstünden tegelek 42 ýyl geçenden soñ gaýtadan sahnalaşdyryldy. Şu gün meniñ üçin, jümle Şensoýlar maşgalasy üçin we "Ortaoýunçylar" üçin aýratyn möhüm gün. Şu gün Ferhan Şensoýyñ ýazyp sahnalaşdyran "Şalary-da urýarlar" spektaklynyñ üstünden tegelek 42 ýyl geçenden soñ gaýtadan sahnalaşdyryldy. "Şalary-da urýarlar" üstünden 42 ýyl geçendigine garamazdan häzirem aktuallygyny ýitirmän saklaýan syýasy spektakl. Adynyñ meñzeşdigi sebäpli Eýranyñ SAWAK gizlin gullugynyñ işgärleriniñ girisine düşen raýat Omar Haýýamyñ ýalñyşlyk bilen türmä atylmagyndan soñ başlan wakalar 40-njy ýyllaryñ Eýranyny, amerikan imperializminiñ giñelme syýasatyny, MRU-ny we eýran köşgüniñ zowky-sapada ýaşaýan wagty zähmetkeş halkyñ ezilmegini, şa hökümeti bilen eýran halkynyñ arasyndaky boşlañlygyñ günbe-günden ulalýan gorpy satiriki dil arkaly gürrüñ berýän, biziñ günlerimize-de signallar berýän naýbaşy eser. Üstünden onlarça ýyl geçendigine garamazdan häzirem gymmatyny saklaýan pýesa. Spektaklyñ açylyş aýdymyndaky sazlar Fuat Günere we Ferhan Şensoýa degişli. "Eýranda bir ýangyn bar, Itfaiýe¹ Failün Kimdigi-de belli däl, Failatün failün² Her kes tussag edilýär, Mefailün failün Sebäbi-de belli däl, Failatün faşizm Failatün bolgusyz."³ - diýip, basyşçy we antidemokratik režimleriñ gadagançylyklar, ýersiz ýere tussag etmeler bilen ömrüni dowam etdirjek bolmagynyñ nähili biderek we samsyklaçdygyny şygyr dili arkaly assyryndan ýañsylap, örän şowhunly dilde suratlandyrýar. Men segsenini ýyllarda bu spektakla tomaşa eden nesibeli tomaşaçylaryñ biri. Şeýle hem birnäçe ýyldan soñ spektaklyñ sazyny ýazmak hem maña nesip etdi. Fuat Güneriñ sazlaryny Nejat Ýawaşogullary we Gökhan Şeşen bilen bile sahnada göni çalyp, oýunyñ hasam täsirli çykmagyna goşandymyzy goşýarys. Bir sebäp bilen "MFÖ", "Bulutsuzluk Özlemi", "Grup Gündoğarken" ýaly toparlaryñ tapyşýan ýeri. Şonuñ üçinem begenjimiñ çägi ýok. Bu spektakla örän köp sanly adamyñ azaby siñdi. Birinji bilen maşgalanyñ özünden başlaýyn... Ferhanyñ gyzlary režissýoryñ assistentleri Müžgan Ferhan Şensoý, Derýa Şensoý. Ferhanyñ aktrisa we ýazyjy aýaly Elif. Feruşyñ ýanýoldaşy Peranyñ kakasy zehinli kompozitor Öget. "Orta oýunçylaryñ" talantly artistleri Jelal Belgil, Erkan Üçünjü, Serap Günaýdyn, Özkan Aksu, Pynar Ünsal, Elif Durdy Şensoý, Orkun Akýyldyz, Sefa Tantogly, Ilksen Ökte. Dramaturg Ýawuz Pekman. Dekorasiýasy we egin-eşik dizaýneri Başak Özdogan. Ses we yşyk dizaýneri Akyn Yılmaz. Horeografiýasy Nebi Birgi. Ses-yşyk boýunça tehnigi Ilker Engüzel. Ses teatrynyñ müdiri Mustafa Gültekin. Her işimize gol-ganat bolup duran atom garynjalar Erdinç we Mert Yşyldak. Hem tanymal teatr işgäri Yşyk Kasapogly. Ýene bir adamyñ adyny soñuna goýdum: režissýorymyz Wolkan Saryöz. Üç ýylda üç uly ýitgini başdaj geçiren "Ortaoýunçylaryñ" başyny diñe şeýle režissýor jemläp biljekdi. Heniz bagrymyzdan awusy öçmedik gynanjymyzy, ýasymyzy gözden salmazdan Ferhan Şensoý "Ortaoýunçylar" teatrynyñ prinsipinde getirmek islän täzelikleri, bizi elmydama ruhlandyryp, çäksiz sabyr-takat bilen durmuşa geçirendigi üçin oña tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin. Bizi nirnäçe aýlap üstünde işleden spektakl indi biziñki däl, siziñki. Üçünji jañ kakyljak bolup dur. Boran Kaýa, Lewent Ünsal, Rasim Öztekin bir ložada. Erbil we Sewil Çewiker faýada çilimlerini çekip boldular. Az wagtdan Ferhan Şensoy’un muzipçe anonsy eşdiler. Soñ çyralar sönüp, sahna garalar we "ýek-du seçar”. Burhan ŞEŞEN, burhansesen@birgun.net "BirGün" gazeti, 11.11.2022 ý. ____________________________ 1. İtfaiye - Ýangyn söndüriji gulluk. 2. Fail - sebäp, sebäpkär. 3. Goşgynyñ asyl nusgasy: "Iran'da bir yangın var İtfaiye Failün Faili belli değil Failatün failün Herkes tutuklanıyor Mefailün failün Sebebi belli değil Failatün faşizma Failatün çok saçma" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |