21:54 Marokko meýdanlarynda nämüçin heýkel ýok? | |
MAROKKO MEÝDANLARYNDA NÄMÜÇIN HEÝKEL VOK?
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Marokkonyň patyşasy Hasan II kakasy üçin ýadygärlik dikdirmegi makul bildi, emma ýurduň Alymlar soýuzy muňa garşy çykdy. Rabatda masai urşusynyň heýkeli / Marokko Habarlar agentligi (MAP) Marokkodaky esasy uly ploşadlar syýasy bolsun, ha sungat ýa-da düşünje bolsun, tapawudy ýok, dürli ugurlardaky taryhy ýa-da meşhur halk gahrymanlarynyň heýkellerinden ýa-da ýadygärliklerinden binesip. Şol sebäpli bu binesipligiň aňyrsyndaky sebäplere degişli sowallar hemişe täzelenip durýar. Dini we fykh tutaryklaryndanmy, syýasy sebäplerdenmi, ýa bolmasa estetiki isleg bilen baglanyşykly faktorlardanmy şeýle bolýandygy bilen gyzyklanýanlar elmydama-da az bolmady. Birnäçe ýurtda bolşy ýaly, Marokkoda-da uly ploşadlarda wagtal-wagtal marokkoly şahsyýetleriň heýkellerini we ýadygärliklerini dikmäge çagyryş edilýär. Emma bu çagyryşlaryň yzy şobada çöpe-çalama urlup gidýär. Käbirleri şeýle heýkelleri dikmäge umuman “çekinilýändigini”, käbirleri-de Marokkodaky uly şäherleriň heýkelsiz meýdanlarynyň estetiki gözellikden mahrumdygyny aýdýar. • Berjaý edilmedik wadalar Marokkoly ygtyýarlylar biränçe gezek taryhy şahsyýetleriň heýkelleriniň dikiljekdigini wada beripdiler. Emma bular şäherleriň uly meýdanlarynda şol berlen wadalary durmuşa geçirmezden etmezden diňe berjaý edilmedik wadalar we “kagyz ýüzündäki syýa” bolup galdy. Bu mesele Marokkoda resmi taýdan ilkinji gezek 1961-nji ýylda patyşa Muhammet V-niň aradan çykmagy bilen orta atyldy. Patyşanyň maşgalasy bilen bile Madagaskara we Korsika sürgün edilendigi bilen bir hatarda ýurt üçin çeken pidakärliklerini ýatlamak üçin uly ploşadadlaryň birinde onuň heýkelini dikmek pikiri öňe sürüldi. Merhum patyşa Hasan II kakasy üçin ýadygärlik dikme teklibini oňlady. Ol muňa garşylyk bildirmedi. Emma şol döwürde marokkoly Alymlar soýuzy heýkel dikilmegini gadagan edýän fetwa çykaryp, bu boýunça başga garaýyşa eýedigini görkezdi. Şol sebäpli merhum patyşa Alymlar soýuzynyň kararyna boýun egdi we heýkel dikdirme pikirinden el çekdi. Pikir täzeden orta atylýança nijeme ýyllar geçdi. Bu gezek Rif welaýatynyň ispan basybalyjylaryna garşy watançylyk urşuny alyp barandygy birnäçe kişiniň “Emir” diýip atlandyrýan we soňky döwür giňden tanalýan marokkoly gahryman Muhammet bin Abdylkerim el-Hattabiniň heýkelini dikmek pikiri orta atyldy. Birküç ýyl öň Watançylyk urşunyň weteranlary we we Azat-ediji goşunyň Ýokary komissiýasynyň başlygy Agadirdäki ploşadlardan birine el-Hattabiniň hormatyna heýkel ýa-da ýadygärlik dikmäge isleg bildirilýändigini mälim etdi. Ýöne bu wada-da berjaý edilmedi we “amala aşyrylmadyk işleriň” bendisi bolup galdy. El-Hattabi - heýkeli Alžiriň paýtagtynyň merkezine dikilen “Emir Abdylkadyr” ýaly ýadygärlige gowşup bilmedi. Şeýle ýagdaý Marokkonyň demirgazygyndaky Tanjanyň öňki munisipalitet başlygynyň şäher meýdanlaryndan birine iki heýkel dikmek isleýändigini aýdanda-da gaýtalandy. Ol heýkelleriň birinjisi meşhur syýahatçy Ibn Battutanyň, ikisinjisi-de ady Tanjadaky gowaklaryň birine dakylan mifiki grek gahrymany Gerkulesiň hatyrasynady. • Gazaply fetwalar Sungat tankytçysy Fuad Zuweýrik marokko meýdanlarynda heýkel ýoklugyny käbir dini alymlaryň taryhy şahsyýetleriň heýkelleriniň dikilmegine böwet bolýan fetwalaryna baglanyşdyrdy. Taryhy simwollaryň we şahsyýetleriň hatyrasyna dikilen heýkelleriň meýdanlary beezeýän birnäçe yslam ýurdunyň tersine Marokkoda gürrüňi gidýän fetwalar sebäpli bulary görjek gümanyňyz ýok. Ýogsam bolmasa, heýkeller turistleriň we myhmanlaryň öňünde ýaşap geçen taryhy döwri üçin estetiki ýolbelet ýaly bolup durýar. Zuweýrik “İndependent Arabia” saýtyna beren gürrüňinde “käbir hukukçylaryň öňe sürüşi ýaly döwrümizde heýkelleriň butlar bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyna” ynanýandygyny aýtdy. Zuweýrik “heýkeller halklaryň taryhdan we siwilizasiýalardan susup alyp döreden kämil sungat eserleri bolup, turistleriň gyzyklanmalaryny kanagatlandyrýan, taryhy maglumatlaryň üstünde aýratyn durlup geçilmegin üpjün edýän ýa-da oňa gaýybana syýahat etme we gözleg gapysyny açýan sungat, şekillendiriş we medeni serişdelerdir” diýýär. Zuweýrik “arap we yslam dünýäsine ýaýran, müňlerçe bolmasa-da ýüzlerçe heýkel bar we haýsydyr bir heýkele çokunyp oturan ýeke adama gabat gelmedik. Marokkodaky ýörite hünärmenleriň tanjaly yslam hukukçylarynyň 1961-nji ýylda meýdanlara heýkel dikilmegini gadagan edýän fetwasyny täzeden gözden geçirmegiň wagty ýetdi” diýdi. Ol gynanjyny şeýle sözler bilen dowam etdirdi: “Şol wagtdan bäri merhum patyşa Muhammet V-niň heýkellerini ýontmak we olary Marokkonyň iň uly ploşadlaryna dikmek üçin taýýarlyk görülýärdi. Emma käbir makul synanşyklara garamazdan şowsuzlyga uçradylar”. • Estetiki sebäpler Yslam ylymlary boýunça ylmy barlagçy Muhammet Abdylwahhab Refiki marokko meýdanlarynda tanymal halk gahrymanlarynyň heýkelleriniň ýoklugynyň tutaryklary babatda sungat tankytçysy Zuweýrik bilen pikirdeş. Refiki käbir yslam hukukçylarynyň taryhy ýa-da tanymal şahsyýetleriň heýkellerini dikmegi bu adamlaryň belli bir derejede mukaddesleşdirmek hasaplaýandyklaryny we şol sebäpli-de heýkel dikmegiň haramdygyna ynanýandyklaryny aýdýar. Rabatdaky äpet at heýkeli / Fotosurat: Muzeýler fondunyň internet saýty Refiki umuman alanda fykh alymlarynyň, ýagny yslam hukukçylarynyň heýkelleri ýontmak we ýasamak bilen birlikde bulary meýdanlara dikmegiň adamy ýaradan Allatagala öýkünmek hasaplaýandyklaryny aýtdy. Şeýle ýagdaý tanymal taryhy şahsyýetleriň heýkelleriniň näme sebäpli ýokdugy sowalyna köp derejede jogap berýär. Estetiki we şekillendiriş sungaty hünärmenligi boýunça ylmy barlagçy Myrat Benhaýun Marokkoda uly şäherleriň käbir ýerlerinde haýwan heýkelleriniň bardygyny aýdyp, ýokarky pikirler bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Benhaýun “eger esasy mesele haramlykda bolsa, şeýle heýkelleriň bolmagyna ýol berilmezdi” diýýär. Ol sözüniň üstüne şeýle pikirleri goşdy: “munuň ilkinji sebäbi şäherleri dolandyrýanlaryň şular ýaly heýkelleriň häzirki we geljekki nesiller üçin gymmatynyň boljakdygyna özlerini ynandyryp biljek derejede däldiginden gelip çykýar”. Taryhy şahsyýetleriň eden işlerini ýatlamak we tanamak medeniýetini kemala getirmek üçin “şahsyýetiň taryhyny müňden agdyk kitap bilen ýatlanyňdan ýeke heýkel dikseň has peýdaly bolup biler” diýdi. Marokko meýdanlarynda at heýkeli bilen bir hatarda marokkoly bolmadyk şahsyýetleriňem bardygyny gözden sypdyrmaly däl. Meselem, paýtgat Rabatda Ýuba II-niñ heýkeli bar. Şeýle-de senegally heýkeltaraş Osman Sow tarapyndan masai urşujysynyň heýkeli-de Rabatdaky Sungat muzeýiniň bosagasynda myhmanlary garşylaýar. Hasan EL-EŞREF. Duşenbe, 23.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |