21:12 8-nji martda dereksiz ýiten ärlerini gözleýän dullar... | |
8-nji MART DÜNÝÄ DEREKSIZ ÝITEN ÄRLERINI TAPMAK ÜÇIN MÜÑLERÇE ÖLINIÑ FOTOSURATYNA SEREDÝÄN "DULLAR LAGERINDÄKI" AÝALLARA GÜLÜÑ DEREGINE BATGA PAÝLAÝAR
Publisistika
Siriýanyñ demirgazygyndaky çadyr lageri onda ýaşaýanlar sebäpli "Dullar lageri" adyny aldy. Kimsi ärinden aýry, kimsiniñ ärinden eýýäm birnäçe ýyl bäri nam-nyşan ýok. Bir böleginiñ äri bolsa uruşda wepat bolupdyr. Köp sanly aýal Siriýanyñ demirgazygyndaky şu lagerde ýaşaýar. Lagere "Dullar lageri" diýilýär. / Fotosurat: Burak Ütüjü - Independent Türkçe "8-nji mart Halkara Zenanlar güni" söwda merkezleriniñ arzanladyş aksiýalarydyr gül desseleri bilen, sowgat berişmeler ýa-da köpçülikleýin ýörişlerdir medeni çäreler bilen hemmeleriñ özüçe baýram edýän gününe öwrüldi. Bu günde aýal-gyzlaryñ ähmiýeti, tutýan orny pygamberleriñ, ideologlaryñ, ýazyjy-şahyrlaryñ sözleri bilen ýanjalýar. Çekişme özüne täze söz düzümlerini-de orta çykarypdyr. "Zähmetkeş zenanlar güni" jümlesine arka durýanam bar, görmezlige salýanam. Habarlar gepleşikleri, gazet sahypalary, sosial mediýa paýlaşmalary, syýasy partiýalaryñ asýan plakatlary adamlara şu güni hemişe ýatladyp dur. Emma , şu günüñ martyñ näçesidigini-de bilmeýän aýal-gyzlaryñ ýaşaýan ýerinde öz başdan geçiren horluklaryny gürrüñ berýän Numa el-Alini diñläniñde 8-nji martyñ 24 sagatdan ybarat adaty gije-gündizden parhynyñ ýokdugyny duýýarsyñ... Numa el-Ali häzir otuz ýaşynda, görgüli otuz ýaşaýança eýýäm bäş çaga dogrup ýetişipdir. Gije ýagan ýagyşyñ ýene sap-sary palçyk getiren bosgunlar lageri Siriýanyñ demirgazygynda ýerleşýär. Numa we onuñ bäş çagasy ýönekeýleriñ iñ ýönekeý gününiñ säherini şu ýerde atyrýar. Oturan çadyrlarynyñ agzy palçyk batgasyndan ýaña aýak basar ýaly bolmasa-da arassaçylygy saklajak bolup jan edýärler. Hamadan Idlibe gaçyp gelendiklerini aýdýan Numa el-Ali bu ýerdäki bombalamalarda adamsyndan jyda düşdi, häzir ol bäş çagasy bilen "Dullar lagerinde" / Fotoğraf: Burak Ütüjü - Independent Türkçe • Janlaryny halas etmek üçin Idlibe gaçyp geldiler, bu ýerde-de bombalamalardan sypyp bilmedi. Bäş ýyl mundan öñ Humusdaky asmandan bombalaýjylar sebäpli janlaryny halas etmek üçin Idlibe gaçyp gelendiklerini aýdýar. Ors uçaryndan atylan bomba onuñ adamsyny elinden alypdyr. Şeýdip dul galan Numa el-Ali janyny halas etjek bolup, bu gezek ýanynda direnip duran äri bolmasa-da ýola rowana bolupdyr. Ol häzir Halabyñ demirgazygynda adyna "Dullar lageri" diýilýän ýerde ýaşaýar. Elbetde, onuñ çagalarynyñ maddy ýetde-gütdelik zerarly okamaga mümkinçilikleri ýok. Okamakdan geçen, olaryñ haçan iñ soñky doýa garna yssy nahar iýendikleri ýada düşenok. Ärinden aýrylyşandan soñ şu ýerik gelen Hatyja Mustafa çagalary bilen şu lagerde ýaşaýar, haýyr-sahawat kömekleri bilen gününi görýär. / Fotosurat: Burak Ütüjü-Independent Türkçe • Müñlerçe dollar para berdik, emma ärimi tapyp bilmedik Uruşdan öñ Hamada daýhançylyk edip ötüren günlerini "Juda gowy durmuşymyz bardy. Goýunlarymyza serederdik. Soñ nägehan uruş turdy, hemme zat weýran boldy" diýip, gürrüñi soñlan kyrk ýaşly aýalyñ ady bolsa Žoza el-Hamid. 2018-nji ýylda Hama şäher merkezine işlemek üçin giden äri soñ öýe dolanyp gelmändir. Garyndaş-doganlary ony birnäçe günläp gözleseler-de, gördüm-bildim bolmandyr. "Siriýaly degişli işgärleri müñlerçe dollar para berdik, ýöne şonda-da ony tapyp bilmediler" diýýän Žoza el-Hamid "Öldümi, ýaralymy, türmedemi... bilemzok" diýýär. Onuñ iñ kiçisi dört ýaşynda dört çagasy bar. "Dullar lagerinde" onlarça atasyz çaga ýaşaýar. / Fotosurat: Burak Ütüjü - Independent Türkçe • Ýüzlerçe jeset fotosuratlarynyñ arasyndan ärini gözledi 62 ýaşly Hatyja el-Muharimiñ äri 2013-nji ýylda Halapda bir wagtyñ özünde duýdansyz "ýitirim bolan" ýüzlerçe siriýalydan biri. Dokuz ýyl bäri ony ne gören bar, ne bilen. Uruşda öýlerinden jyda düşensoñ Azezdäki lagere ýerleşendiklerini aýdýan el-Muharimiñ käte äri bir ýerlerden çykyp gelen diýen umydy tirpildäp gidýänem bolsa, ol inçe umydyñ gynalyp öldürilen ýüzlerçe siriýalynyñ fotosuratlarynda ýitip gidendigini aýdýar. 2014-nji ýylda siriýaly bir polisiýa işgäri bu fotosuratlary alyp, ýurtdan gaçypdy. Türmelerde öldürilen 28 müñ adama degişli bu fotosuratlar dünýä jemgyýetçiliginiñ eline düşenden soñ halkara guramalar aýaga galanam bolsa, hiç hili netije gazanyp bolmandy. Hatyja el-Muharrim çap edilen bu fotosuratlara ýeke-ýekeden seredip, ärini gözledi. Birnäçe günläp birgiden öli adamyñ bedenine seretdi durdy. Olaryñ içinde ärini tapmady. Ol munuñ gowulygyny ýa erbetligini bilenok. "Sezar resminamalary" ady berlen fotosuratlatda müñlerçe adamyñ gynalyp öldürilendigi hasaba alyndy. / Surat: France 24 • Ýetmiş çaga ýaşaýar "Dullar lagerinde" ärlerinden aýrylyşan aýallaram bar. Ýetmişden gowrak çaganyñam ýaşaýan lagerinde ýylyñ 30-njy fewralymy ýa 8-nji martymy, tapawudyny bilýän ýok. Ine, batganyñ içinde ulalan çagalar we olary şol batgadan halas etmäge dyrjaşýan dul eneler 8-nji marty şeýle "belleýär". Jihat ARPAJYK. @ArpacikCihat cihad.arpacik@independentturkish.com Sişenbe, 08.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |