21:25 Tunisli zenanlar süteme garşy aýaga galdy | |
TUNISLI ZENANLAR SÜTEME GARŞY AÝAGA GALDY
Publisistika
Zenana edilýän her dürli horluk-süteme garşy şeýle horluklardan kösenýänler bilen raýdaşlyk gurmak we ähli wezipeli ýerleriñ aýal-gyzlaryñ goragyna jogapkärçilik çekip bilmegini üpjün etmek maksady bilen Tunisde demonstrasiýa geçirildi. Zenanlaryñ ýörişi Tunisiñ Sfaks şäherinde başlady. / Fotosurat: AFP Zenana edilýän her dürli horluk-süteme garşy şeýle horluklardan kösenýänler bilen raýdaşlyk gurmak we ähli wezipeli ýerleriñ aýal-gyzlaryñ goragyna jogapkärçilik çekip bilmegini üpjün etmek maksady bilen Tunisdäki raýat-jemgyýetçilik, köpçülikleýin, syýasy we medeni güýçler birnäçe welaýatda süteme garşy ýurt derejesinde demonstrasiýa geçirmäge çagyrdy. Sessiz geçen ýöriş 26-njy noýabr gijesi ýurduñ orta sebitindäki kenarýaka şäheri Sfaksda geçirildi. Köp sanly adam hukuklary guramasy we aýallar guramalary 25-nji noýabrdan 10-njy dekabra çenlibaralykda geçiriljek halkara kampaniýanyñ bir parçasy hökmünde zenana garşy edilýän her dürli horluk-sütemi ýazgarmaga çagyrdy. Sfaksda geçirilen feministik demonstrasiýanyñ çäginde aýal-gyzlaryñ sesini häkimiýete eşitdirmek maksady bilen gazançalara uruljagy we sübseli çykyljagy aýdyldy. Ýörişe "Aýallara we guramalara deñlik!", "Yzagalaklyga we diýdimzorluga garşy biziñ sesimiz!", "Yzagalaklyga garşy raýat döwleti!" şygarlary bilen çykaryldy. Tunisdäki adam hukuklary boýunça guramalarynyñ beren beýanatlarynda tunisli aýal-gyzlara garşy sütemiñ artmagy we gaýtalanýan jenaýatlaryñ tragiki derejelere ýetmeginiñ garşysynda patriarhal sütemiñ "ýok edilmelidigi" nygtaldy. Jynsy hüjümleriñ artýandygyna, aýal-gyzlara garşy duşmançylykly sözleriñ köpelýändigine, şeýle sözleriñ ygtyýarlylaryñ we metbugat organlarynyñ arasynda adatylaşyp gidendigine ünsi çekýän beýannamada aýal-gyzlaryñ teniniñ we at-abraýynyñ, mertebesiniñ äsgerilmeýändigi aýdyldy. • Kösenjiñ sesi Tunisiñ Demokratik zenanlar birleşiginiñ başlygy Ýusra Fraous "Independent Arabia" habarlar gullugyna beren interwýusynda "53 sany raýat we adam hukuklary guramalarynyñ birnäçe welaýatda üýşmegi meýilleşdirýändigini" aýtdy. Fraous "Halk Wekilleri Mejlisinde doly deñlige we aýal deputatlaryna" bil baglaýan syýasy güýçlerdir partiýalaram zenanlara edilýän sütemlere garşy 2017-nji ýylyñ awgustynda tassyklanan 58-nji kanunnamany aktiw ulanmaga çagyrdy. Ýusra Fraous bu protestlere gara geýim geýip gatnaşyljakdygyny, gatnaşyjylaryñ elinde saçak ve sübse boljakdygyny aýtdy. Fraous "Patriarhal sütemi ýok edeliñ. Gazançalara uralyñ. Ygtyýarlylaryñ eşitmegi üçin sesimizi gataldalyñ" diýdi. Birleşigiñ başlygy Tunis hökümetiniñ aýal-gyzlaryñ çekýän horluklary babatda sowuk-salalygyna gynanýandygyny-da gizlemedi. • Statistikalar "Aýallara garşy edilýän sütemleriñ öñüni almak hakyndaky" kanunyñ güýje giren 2018-nji ýylyñ fewral aýyndan şol ýylyñ dekabryna çenli wagtda aýal-gyzlara we çagalara garşy 40 müñden gowrak urup-ýençme wakasy hasaba alyndy. 2017-nji ýylyñ awgustynda Tunis parlamenti aýal-gyzlara garşy jenaýat edenleri azatlykdan mahrum etmegi we jerime çärelerini bellemegi göz öñüne tutýan kanuny güýje girizipdi. Kanun birinji bölüminde deñligiñ üpjün edilmegi we adamyñ mertebesine hormat goýulmagy maksady bilen aýal-gyzlara garşy gönükdirilen jemgyýetçilik jynsy diskriminasiýasyna esaslanýan dûrli sütemleriñ soñuna çykmak üçin dürli öñüni alyş çärelerini, günäkärleriñ yzarlanmagyny, jezalandyrylmagyny we jebir çekenleriñ goralmagyny öz içine alýan giñişleýin çäreleri" öñe sürýär. • Wagty gelip ýetdi Halkara torlar Federasiýasynyñ sosial mediýa boýunça hünärmeni Leýla Şadli Hazm profsoýuzlara we hökümete "dünýädäki millionlarça we Tunisdäki müñlerçe aýalyñ iş şertlerini gowulandyrmagy maksat edinýän BMG-njy belgili şertnamasyny" tassyklamak üçin gyssagly herekete geçmäge çagyrdy. Sfaks şäherinde başlan ýöriş şenbe güni halkyñ azatlyk ugrunda gatnaşan göreşine şaýatlyk eden Habib Burgiba köçesinde tamamlanar. Guramalar we jemgyýetler Tunisdäki sütemdir gorkuzma medeniýetine garşy jemgyýetiñ ähli gatlaklary bilen bir bitewi sese öwrülmegi maksat edinmek bilen bir hatarda hemmelere "aýallara garşy sütemi ýok etmegiñ simwoly hökmünde gara eşiklerini geýip, ellerine-de sübse alyp, ýörişe gatnaşmaga" çagyrdy. Hüda TRABLESI, žurnalist. Çarşenbe, 27.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |