09:01 Reşat Nury Güntekin - ussat romançy | |
REŞAT NURY GÜNTEKIN – USSAT ROMANÇY
Edebiýaty öwreniş
Reşat Nury Güntekin – ussat romançy, asyryň birinji ýarymyndaky türk edebiýatyna we milli medeniýetine Günbatar edebiýatynyň we medeniýetiniň täsiri ýetip başlaýar. 1839-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Mustafa Reşit Paşa tarapyndan Tanzimat permany okalýar. Bu permandan soň, jemgyýetiň ähli ugurlary boýunça üýtgeşmeler, üýtgedip gurmaklar ýüze çykyp başlaýar, şonuň bilen birlikde-de türk edebiýatynda hem täze bir döwür - Tanzimat döwri (1839-1895) başlanýar. Ilkinji gazetler çap edilip başlanýar. Tanzimat edebiýatynyň birinji döwründe “Sungat, edebiýat halk üçindir” diýen ýüzlenme kabul edilýär we köşk edebiýatyna garşylyk döreýär. Şygryýetde çeperçiligiň däl-de, pikiriň hökmanylygy hakda garaýyşlar öňe sürülýär. Edebiýata romantizmiň täsiri ýetip başlaýar. Täze žanrlar: roman, hekaýa, drama döreýär. Türk romanlary öz başlangyçlaryny meşhur romançylar Namyk Kemaldan (“Soňky puşmanlyk”, “Gezmi”), Ahmet Mithat Efendiden (“Hasan Mellah”, Felatun beg bilen Rakym Efendi”, “Ýeňijiler”, “Hüseýin Fellah”, “Parižde bir türk”) alyp gaýdýar. Meşhur romançy Reşat Nury Güntekin hem türk edebiýatynda özüniň ajaýyp romanlary bilen yz galdyran ýazyjydyr. XX asyr türk edebiýatynda özüniň meşhur romanlary, hekaýalary we sahna eserleri bilen öçmez yz galdyran ýazyjy Reşat Nury Güntekindir. Reşat Nury Güntekin 1889-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Stambulyň Üsküdar diýen ýerinde dogulýar. Onuň kakasy Nury beg harby lukman, ejesi hem öň Erzurumda häkimlik eden Ýawer Paşanyň gyzy Lütfiýe hanym bolupdyr. Harby lukmanyň ogly bolanlygy üçin onuň çagalyk we talyp ýyllarynyň köpüsi Anadolynyň welaýatlarynda geçýär. Bu babatda onuň Çanakgalada we Izmirde köp ýaşandygyny bellemek bolar. Reşat Nury Güntekin ilki Selimiýedäki başlangyç mekdepde okaýar. Ýöne onuň bu mekdepdäki okuwy uzaga çekmeýär. Kakasynyň harby işi zerarly olar 1900-nji ýylda Çanakgala göçüp gelýärler we Reşat Nury bu ýerdäki başlangyç mekdepde okuwyny dowam etdirýär. Şeýle hem ol orta bilimini Izmirdäki fransuz mekdebinde alýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, Stambul uniwersitetiniň edebiýat fakultetine okuwa girýär. 1912-nji ýylda bu uniwersiteti tamamlap, ilki Bursada, soňra Stambul mekdeplerinde türk dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Ol 1916-1917-nji ýyllarda Stambuldaky Fatih Wakut mekdebine müdirlik edýär we şol bir wagtyň özünde bu ýerde türk dili we edebiýat dersini hem okadýar. Mundan soňra ilki Wefa Sultanysy mekdebinde, soňra Erenköý gyz liseýinde türk dili we edebiýaty mugallymlygyny edyär. 1927-nji ýylda ol Magaryf ministrligine işe çagyrylýar. Ýazyjy Anadolynyň içine aýlanmaga, halkyň hal-ýagdaýyny, milli däp- dessurlaryny, milli düşünjelerini, medeni miraslaryny, halk döredijiligini öwrenmäge şu ýerde işlän döwründe pursat tapýar. Halkyň içinde bolmak onuň milletine, taryhyna, däp-dessurlaryna bolan söýgüsini has-da kämilleşdirýär. Ol halkyň durmuşyna has-da içgin aralaşýar. Adamlaryň ynamyna girmegi başarýar. Şeýlelikde, 1939-njy ýylda Çanakgaladan millet wekilligine saýlanýar.Dört ýyldan soňra ol millet wekilliginden ýene Magaryf ministrligine dolanyp barýar. Ol ýerde işläp ýörkä, Türkiýäniň wekili hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Fransiýadaky “Medeniýet uçguny we talyp hyjuwy” guramasyna işe iberilýär. Ol bu ýerde Ýewropa medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny kämil öwrenýär. 1954-nji ýylda bu wezipeden pensiýa çykýar we Stambula dolanyp gelýär. Ol bu ýerde hem gol gowşuryp oturmaýar-da, Stambulyň şäher teatrynda edebi synçy wezipesinde işläp başlaýar. Emma kän wagt geçmänkä, ol akganlylyk keseline duçar bolýar we keselini bejertmek üçin Londona gidýär.Meşhur romançy bu ýerde 1956-njy ýylyň 7-nji dekabrynda aradan çykýar. Reşat Nurynyň edebiýata bolan höwesi heniz onuň çagalyk ýyllarynda Üsküdardaky goňşulary Şakir aganyň uzak gijelerdäki berýän gyzykly gürrüňlerini diňlän döwründe başlanýar. Reşat Nury Güntekin metbugatda hem özüniň edebi-tankydy makalalary bilen uly orun alýar. Ol “Türk hekaýasynyň häzirki ýagdaýy”, “Tomaşa hepdeleri” ýaly makalalar bilen “La Pensee Tury” we “Zaman” gazetleriniň sahypalarynda yzygider çykyş edýär. Reşat Nury Güntekin roman žanrynda bolşy ýaly, sahna eserlerini ýazmakda hem uly meşhurlyk gazanyp, kämil dramaturg adyny hem alýar. Onuň sahna eserlerini “Bejeriş sungaty” diýip atlandyrýarlar. Çünki, bu eserlerde çöken göwni ruhlandyryjy, ganatlandyryjy, gamgyny goldaýjy täsir duýulýar. Olarda “Sungat üçin sungat” şygary giňden ýaýbaňlanyp, arassa ahlak, watançylyk we milli düşünjeler giňden beýan edilýär. Reşat Nury Güntekin esasan hem, komediýa ýazmagyň ussadydyr. Onuň “Hanjar” (1920), “Öňki düýş” (1922), “Daş parçasy” (1926), “Babyr şanyň rugsady” (1931), “Hülleçi” (1935), “Köne aýdym” ýaly sahna eserleri bar. Ol, köplenç, romanlaryndan bölümleri sahna eserine öwürýär. Mysal üçin, ýazyjynyň “Köne aýdym” sahna eseri onuň “Köne hassalyk” romanyndan bir bölümdir. Reşat Nury Güntekin “Taňry myhmany” (1927), “Sönen ýyldyzlar” (1928) “Leýli bilen Mejnun” (1928), “Bolaýýan işler” (1930) ýaly hekaýalary hem ýazýar. Ol özüniň hekaýalarynda Anadoly adamlarynyň durmuşyny ýumoryň üsti bilen bermegi başarypdyr. Reşat Nury Güntekin nowella ýazmagyň hem ussadydyr. Ol nowellalaryny, esasan hem, mekdep durmuşyna bagyşlap ýazýar. Bu babatda onuň “Umydyň güneşi”, “Žurnalistiň duşmany”, “Şemsiýe ogrusy”, “Ygtyýar aldawçy”, “Bir obanyň mugallymy”, “Gyrdaky dabara”, “Umyt mekdebinde”, “Peläketiň garşysynda”, “Göz dagy”, “Köne bergi”, “Galkynyş” we “Ýagyşly gije” atly nowellalary bardyr. Ýazyjy 1936-njy ýylda “Anadoly syýahatlary” atly syýahat eserini döredýär. Bu eser uly göwrümli bolup, onda Anadolynyň gözel-gözel ýerleri, taryhy ýadygärlikleri, halkyň dili, medeni mirasy, şahyrana döredijiligi, däp- dessurlary barada giňişleýin gürrün berilýär. Bu eser diňe bir Anadolynyň däl, eýsem bütin Türkiýäniň durmuşyny, milli medeniýetini görkezýän eserdir. Onda halk oýunlary barada hem giňişleýin gürrüň berilýär. Onuň bu eseri Türkiýäni, Anadolyny içgin öwrenjeklere möhüm gollanmadyr. Reşat Nury Güntekin diňe bir çeper eserler ýazman, eýsem ol ylmy- publisistik we edebi-tankydy işleriň hem ýazarydyr. Bu babatda ol “Fransuz edebiýatynyň antalogiýasy” (1929-1930), “Üç asyrlyk fransuz edebiýaty” (1932), “Tolstoýyň ömri we döredijiligi” (1933), “Ibseniň ömri we döredijiligi” (1934), “Boýun alyşlar” (1935), “Muhammediň ömri” (1930), “Gahrymanlar” (1943) we beýleki ylmy işleri ýazýar. Onuň bu işleri türk edebiýatyny öwreniş ylmyna we dünýä edebiýatyny öwrenmäge uly goşantdyr. Reşat Nury Güntekin XX asyr türk edebiýatynda, esasan hem, özüniň çuňňur many-mazmunly, halkyň ýüregine hem diline ýakyn romanlary bilen meşhurdyr. Ýazyjy özüniň döredijilik ýyllarynda “Hurmaýjyk” (1922), “Damja” (1924), “Gizlin el” (1924), “Dodakdan ýürege” (1925), “Agşam şapagy” (1926), “Bir zenan duşmany” (1927), “Gynanmak” (1928), “Ýaşyl gije” (1928), “Ýaprak düşmesi” (1930), “Söwüt şahalary” (1932), ”Gögüň ýüzi” (1935), “Köne hassalyk” (1938), “Degirmen” (1944), “Pukaralaryň tekgesi” (1946), Boş ýeller” (1961), “Soňky ýapyşalga” (1961), “Gan dawasy” (1962) ýaly meşhur romanlaryny döretdi. Reşat Nury Güntekiniň “Hurmaýjyk” (“Çalıkkuşu”) atly ilkinji romany türk edebiýatynda iň söýlüp okalýan romandyr. Onuň bu romany ilki “Wakit” gazetinde az-azdan çap edilýär. Soňra roman1922-nji ýylda özbaşdak kitap bolup, halka ýetirilýär. Roman bada-bat okyjylarda uly täsir döredýär. Ol gaýta- gaýta neşir edilýär. Bu roman esasynda türk kinoçylary adybir film döretdiler. Bu film türkmen diline hem terjime edilip, türkmen tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy. Roman Feridäniň ýatlama depderidir. Feride özüne ýat bir şäherde myhmanhana otagynda ýatlamalaryny ýazyp otyrka, özüniň çagalyk we ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýar we ony okyjy bilen paýlaşýar. Ýagny, ýazyjy eserde Feridäniň keşbini epiki keşpde beripdir. Öz aýdyşy ýaly “Bam-başga bir çaga” bolan Feride atly-abraýly müňbaşynyň gyzydyr. Örän kiçijikkä, ilki ejesinden, birnäçe ýyl soňra hem kakasyndan mahrum bolup, ýetim galýar. Ony Erenköý Kozýatagyndaky daýzasy öz ýanyna alýar we onuň hemaýaty bilen ulalyp ýetişýär. Besime daýza ony Notre Damedäki Sion-gyzlar mekdebinde okadýar. Besime daýzanyň ýaş we gelşikli ogly Kamran jikjiki guşuna meňzeýän bu bezzat gyzy söýýär. Ol onuň okaýan mekdebine ýygy-ýygydan barýar. Feridäniň garagollygy aýdar-diýer ýaly däldi. Hemme kişi ondan gaça durýarlar, emma şonda-da ondan ýüz öwürmeýärler. Jikjiki ady hem onuň ýaramaz häsiýetleri üçin dakylýar. Hamran Feride bilen maşgala gurmak isleýär. Olar adaglanýarlar. Kamran öz işi zerarly dört ýyllyk Ýewropa gidýär. Bu wagt hem Feride okuwyny gutarýar. Ýewrodan dolanyp gelen Kamran Feride bilen toý tutmak isleýär. Emma toýa üç gün galanda bir perenjeli ýaş zenan Feridäni çagyrýar we Kamranyň Şweýsariýada bolan wagty syrkaw ýatan bir ýaş aýala öýlenendigini aýdýar. Ol aýalyň adynyň Minewwerdigini aýdyp, Kamranyň Minewwere ýazan hatlaryny Feridä berýär. Bu ýagdaý Feridä agyr degýär. Özüniň ynamyny ýere çalan Kamrany bütin durky bilen ýigrenýär. Onuň hiç kimi göresi, hiç kim bilen gürleşesi gelmeýär. Feride şol gün hiç kime aýtman, köşkden gaçyp gidýär. Hemme kişi bolsa Feridäniň gaçmagyny ýene onuň bezzat hereketleriniň biridir öýdýär. Feride zähmetsöýer enekesiniň öýüne barýar. Ol soňra Anadolydaky mekdepde mugallymçylyk edip başlaýar. Günleriň birinde ony Bursadaky bir mekdebe fransuz dili mugallymy edip, işe iberýärler. Şol günden başlap, Feride gündelik ýöredip başlaýar. Bursada boş iş ornunyň tapylmandygy üçin Feridäni Zeýniler obasyna iberýärler. Bu oba örän çetde ýerleşýär. Obada hatda heniz mekdep hem ýok eken. Emma belent ruhly, agyr zähmetden gaçmaýan, gaýduwsyz Feride bu işi agyr görmeýär. Oňa bu ýerde okuwçylary, aýratyn hem kiçijik Wehbi we Munise uly goldaw berýärler. Ähli gyzjagazlaryň bu obada Aýşa ýa-da Zöhre diýlip atlandyrylmagy Feridäni örän geň galdyrýar. Ol Munise diýlip üýtgeşik at dakylan gyzy jany-teni bilen söýýär we ony özüne gyzlyk edip almak isleýär. Munise obalylaryň pisläp kowan bir aýalynyň gyzydyr. Ol aýal adamsyndan başga bir erkegi söýýär. Munisäniň kakasy hem başga bir obadan bir aýala öýlenýär we gyzjagazyň ejesini öýden kowýar. Görgüli ene käwagt gizlin ýollar bilen ogrynça gelip, gyzyny görüp gidýär. Bu betbagt ene Munisäniň ejesidi. Onuň ene ýüregi ýalňyz balasyndan ömürlik aýra düşjekdigini syzýar. Çünki, ene ýüregine dünýäde hiç bir taý ýokdur. Her näçe kynçylyga düşse-de Feridä Munisäni öz ýanyna almak başardýar. Bu ikisi bagtly ýaşap başlaýarlar. Munise Feridäni öz ejesi ýaly söýýär. Onuň bilen bagry badaşan ýaly bolýar. Günlerde bir gün obanyň aragatnaşyk bölümine garakçylar dökülýärler. Olar bilen žandarmanyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda bir ofiser ýaralanýar. Ony obadaky lukmançylyk bölümine getirýärler. Kömege çagyrylan Feride ol ýerde bir ýaşuly harby lukman bilen tanyşýar. Haýrulla beg ýaş gyzyň bu çet obada ýeke başyna örän agyr şertlerde we kyn işlerde işlemeginde bir syryň bardygyny aňýar we oňa kömek etmäge çalyşýar. Ýagny, Feridäniň başga, has gowurak ýere geçirilmegini isleýär. Şol wagt hem bir barlag netijesinde Feridäniň işleýän mekdebi ýapylýar we Feride bu obadan gitmeli bolýar. Ol welaýat merkezindäki zenan mugallymlarynyň ýetişdirilýän ýeri bolan mekdepde fransuz dili mugallymy wezipesine bellenýär. Feride bu ýerde işläp başlaýar. Ol bu mekdepde saz mugallymy bolup işleýän Şeýh Ýusup bilen tanyşýar. Şeýh Ýusup saz çalmaga ökde bolýar. Emma ol inçekesel hassalygyndan ejir çekýär. Şeýh Ýusup Feridäni tüýs ýürekden söýýär. Emma Feride onuň söýgüsini kabul etmeýär. Bu ýagdaýa çydamadyk Şeýh Ýusup hem keselinden, hem-de puç söýgüden ejir çekip aradan çykýar. Onuň öňüsyra Şeýh Ýusup ölüminiň ýakynlaşandygyny, emma iň soňky deminde Feridäni görüp bilse armanynyň ýokdugyny aýdyp, ony ýatan ýerine getirmegi aýal doganyndan haýyş edýär. Şeýh Ýusubyň aýal dogany gelip, hassanyň soňky demindäki haýyşyny aýdýar we Feridäni alyp gitmek isleýär. Feride Şeýh Ýusubyň ýanyna gidýär. Ölüm düşeginde ýatan hassa ony görüp ynjalýar we jan berýär. Feride onuň ölmeginde özüni günäli duýýar. Şonuň üçin hem ol özüni başga ýere ibermeklerini haýyş edip, ýokary edara ýüz tutýar. Feridäniň haýyşy kanagatlandyrylýar we ol Çanakgaladaky bir orta mekdebe iberilýär. Ol bu ýerde-de uzak işlemän, Izmire gaýdýar. Feride Izmirde Reşit beg atly baý adamyň çagalaryna sapak berýär. Günleriň birinde ol Reşit begiň Kamranyň garyndaşydygyny bilýär. Surat toplumynda Kamranyň suratyny görýär. Reşit begiň gyzy Sabahat Kamranyň Minewwer daýzasynyň adamsydygyny aýdýar. Kamran Feridä köp garaşypdyr, emma Feride gelmänsoň, ol Minewwere öýlenipdir. Feride bu ýerden hem gidýär. Ol özüniň owadanlygy, sadalygy bilen köp kynçylyklara sezewar bolýar. Ykbal ony Guş adasyna getirýär. Bu ýerde ol napaga (pensiýa) çykan Haýrulla bege duşýar. Haýrulla beg gyzy öz öýünde ýaşadýar. Oňa goldaw berýär. Munise hem bu ýerde keselleýär. Barha gyzgyny galyp, ysgyndan gaçan çaga hiç hili derman kömek etmeýär. Gyzjagaz aradan çykýar. Mundan soň Feride hakynda daş- töwerege her hili gep-gybatlar ýaýrap başlaýar. Ony bu töhmetlerden goramak üçin Haýrulla beg Feride bilen kagyz ýüzünde nikalaşýarlar. Birnäçe wagt geçensoň, örän garran Haýrulla beg hem aradan çykýar. Haýrulla beg ölüm ýassygynda ýatyrka, Feridä öz maşgalasynyň arasyna gaýdyp barjakdygyna kasam etdirýär. Ol Feridäniň gündeligini okap, onuň başyna düşen kynçylyklary bilen eken. Feride bolsa gündeligini tapman, ony ýitdi hasaplap ýörüpdir. Haýrulla beg gündeligi ýörite bukja salyp, ony Kamrana gowşurmagy haýyş edýär. Feride öli wesýetini ýerine ýetirmek üçin, içinde näme bardygyny hem bilmän, bukjany Kamrana gowşurýar. Feride birnäçe günden soňra yzyna dolanmak isleýär. Emma Kamranyň kakasy Aziz begiň, dogany Müzganyň kömegi bilen Kamran ony alyp galmagy başarýar. Çünki, Minewwer hem ölüp, Kamran dul galan eken. Bu romanyň baş gahrymany gujurly gyz Feridedir. Feride başyna nähili kynçylyklar düşse-de, ony mertlik bilen çekmegi başarýar. Hiç wagt aljyramaýar. Durmuşda gabat gelýän her bir böwetleri ýarsmaga çalyşýar. Mysal üçin, Feride gyzlar mekdebinde fransuz dili mugallymy bolup işlän döwründe, özüne ýakyn jora hasaplan bir mugallymyndan uly ýamanlyk görýär. “Öýmüze gideli, ejem bilen tanyşdyraýyn” diýip, Feridäni keýp çekilýän ýere äkiden ol zenan Feridäniň mertligine, asyllylygyna, owadanlygyna, özüne çekijiligine göriplik edýär. Öň ähli erkekleriň ünsüni özüne çekip ýörensoň, Feridäniň gelmegi oňa urgy bolýar. Emma Feride bu ýerde hem özüniň arassalygyny saklaýar we ol ýerden aman sypmagy başarýar. Emma ol aýal Feride hakynda erbet gürrüňler ýaýradýar we onuň bu ýerden başga bir ýere geçirilmegini gazanýar. Feride belent adamkärçilikli gyzdyr. Onuň kakasy, ejesi barka, hiç kimsiz galan Munisä hossarlyk etmegi ýa-da özüne aşyk bolup, umytsyz ýagdaýda aradan çykan Şeýh Ýusubyň soňky haýyşyny berjaý etmek üçin onuň ýanyna barmagy, hassanyň ölüminde özüni günäli duýmagy hem Feridäniň adamkärçilik duýgularyndan habar berýär. Il arasyna ýaýran gep-gybatdan çekinip, garry bir lukman bilen nikalaşan gijesi ol lukmanyň ýatýan otagyna barýar. Lukman oňa: “Sen meniň otagymda näme işleýärsiň? Git!” diýip ony kowýar. Soňra ol bu nikanyň diňe gep-gybaty basyp ýatyrmak maksady bilen gyýylandygyna, özüni bolsa edil kakasy ýaly görmelidigini aýdan wagty Feridäniň onuň boýnundan asylyp: “Kaka! Meniň kakam!…” diýip perýat edişi hem onuň ahlak arassalygyndan habar berýär. Reşat Nury Güntekin “Ýaprak düşmesi” romanyny 1930-njy ýylda ýazýar. Bu romanda ýazyjy maşgala terbiýesi hakynda söz açýar. yazyjynyň pikiriçe, terbiýesi gowşak bolan maşgala edil ýapraklar kimin şahasyndan tänip, ýere düşerler. Eseriň baş gahrymany Aly Ryza beg köne terbiýäni alan halal, namysjaň adam. Ol osmanlylar döwründe gullukçy wezipesinde işleýär. Ömrüniň ahyrynda haram iýmek islemändigi sebäpli, ujypsyz hak bilen gün görmeli bolýar. Emma onuň çagalary bol durmuşda ýaşamak isleýärler we ýaramaz ýola düşýärler. Muňa sebäp bolsa, ýaşlaryň moda kowalaşyp, her gün tans, humarly oýunlar oýnalýan ýerlere gatnamagydyr. Beýle ýerleriň bolsa çagalarda we ýaşlarda erbet göreldäniň başlangyjydygyny Reşat Nury Güntekin bu romanynda belläp geçýär. Aly Ryza begiň çagalary hem köp ýaramazlyklara baş urýarlar. Öz kakalaryny äsgermeýärler, oňa agyzlaryndan gelen paýyş sözleri aýdýarlar, gyjalat berip, üstünden gülýärler. Emma olaryň öz ykballary hem ters bolýar. Ýaramaz ýoly saýlap alyp, haramlyga ýykgyn eden çagalar yzly-yzyna heläkçilige uçrap başlaýarlar. Mert ata çagalarynyň biri-biriniň yzyndan heläk bolmaklaryny görmäge çydap bilmeýär. Onuň gözleri kör bolýar. Bu romanda adam häsiýeti, aňyýeti giňden açylyp görkezilýär. Eserde ata-babalarymyzyň terbiýe mekdebi hakynda möhüm düşünjeler berilýär. Reşat Nury Güntekiniň “Köne hassalyk” romany hem halkyň söýgüsini gazanan eserleriň biridir. Ýazyjy bu romanyny 1938-nji ýylda ýazýar. “Köne hassalyk” romanynyň baş pikiri söýgä wepalylyk, maşgala binýadyny berk tutmak we ony bozulmakdan goramakdyr. Reşat Nury Güntekin bu romanynda hem moda kowalaşyp, maşgala berkararlygyny gowşadýan ýaşlary dogry ýola çagyrýar. Onda pes düşünjeli Züleýhanyň maşgala durmuşyndaky goýberen kemçilikleri çeper suratlandyrylyp görkezilýär. Romanyň gysgaça mazmuny şundan ybaratdyr. Şäherli bir maşgalanyň we daşary ýurt mekdepleriniň birisiniň terbiýesini alan Züleýha Gündogaryň mähirli, emma görer göze duýulmaýan, gizlin, mähir-muhabbetli, gyzgyn söýgüsini äsgermän, ýewropalylaryň aç-açan söýgüsini isleýär. Onuň pikiriçe, Gündogar söýgüsi – köne aýdym. Köne aýdym bolsa – köne hassalyk. Bir deräniň begi bolup, gaýraty bilen hemmelere meşhur bolan adamyň agtygy akýürekli, ynanjaň, namysjaň hem-de mertebeli adam bolan adamsynyň içki duýgusyna şonuň üçin hiç hili üns bermeýär. Ony özünden pes saýýar, hatda oňa aýallyk etmegi hem, ruhuny we söýgüsini bermegi hem peslik bilýär. Züleýhanyň Anadoluda bir ýeňiş baýramynda gezip ýörkä aýdan: “Baýdaklar, uçgunlar, baýdaklar uçgunlar…” diýen sözleri yzygider gaýtalamagy hem olara bolan soýgi däl-de, ýaňsylamakdyr. Ýagny, “Hemişe şol bir zatlar” diýmek isleýän we bu ýurda ysnyşmaýan ýagdaýy onuň bütin ýetmezçiligidir. Ykbalyň, dürli wakalaryň, dürli garşylyklaryň, dürli öwrümleriň birleşdiren bu iki ynsany – Ýusup bilen Züleýha ahyry Akdeňiz yklymlarynyň maýyl we ajaýyp gijesinde kazyýetiň üsti bilen aýrylyşmak kararyna gelýärler. Emma şol gije hem Akdeňiziň ajaýyp howasy, tebigatyň gözel keşbi Züleýhany, öz aýdyşy ýaly, “köne aýdymy” duýar ýaly derejä ýetirýär. Emma “Soňky tüýkülik sakgal ezmez” diýlişi ýaly, Züleýhanyň kalbynda dörän söýgi öz netijesini bermeýär. Buz ýaly doňan göwün hiç eremeýär. Ýusup Züleýhany hiç haçan bagyşlap bilmejekdigini, ony öňküleri ýaly ezizläp, öňküleri ýaly howurly söýgüsini bagyşlap bilmejekdigini duýýar. Şeýlelikde, bu maşgala dargaýar. Eserde maşgala, biri-birini söýüp, emma şol söýgini harlan ynsanlar hakynda söz açylýar. Maşgalanyň mukaddesligi, ony gurmagyň kyndygy, emma dargatmagyň örän aňsatlygy hakynda dürli wakalaryň üsti bilen gürrüň edilýär. ýaşlara maşgala gurmak, biri-biri bilen ysnyşykly ýaşamak ündelýär. Bu romanda Züleýhanyň keşbi diňe özüni bilýän, ulumsy, tekepbir gyzyň keşbinde häsiýetlendirilýär. Onuň Ýusuba: “Sen ol zatlary nireden bilýäň? Sen söýmegi bir başarýaňmy? Seniň söýgiňem edil beýlekiler ýaly, köne aýdymdyr-da” diýmek bilen, özüniň ömürlik ýanýoldaşyny kemsitmegi hiç zatça hem görmeýär. Eseriň dili örän ýönekeý, halkyň diline ýakyn, akgynly okalýar. Umuman, Reşat Nury Güntekin özüniň uly many-mazmunly eserleri bilen halkyn arasynda meşhurlyk gazanan romançy ýazyjydyr. Çeşmesi: Nihad Samy Banarly. Resimli türk edebiyatı tarihi. Stambul, 1997. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||