15:26 Sungat halkyňky bolmaly | |
SUNGAT HALKYŇKY BOLMALY
Aýdym-saz sungaty
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk almagy bilen welaýatlarda, etraplarda uly aýdym-tans toparlary peýda bolup başlady. Şahyrlar, kompozitorlar hem barmak basyp sanardan köp. Hormatly Ýurtbaştutanymyz halkyň medeniýetine, geçmiş mirasyna aýratyn üns berip, medeniýeti ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Ýörite her ýyl bir welaýatda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakda karara gol çekdi. Ilkinji hepdelik şu ýyl, 2013-nji ýylda Balkan welaýatynda, gözel Awazada geçirildi. Medeniýet işgärleri ol ýerde dynç aldylar, ylhamlaryna ylham goşuldy. Olar öňküden hem güýçli depgin bilen işlemeli, Hormatly Prezidentimiziň medeniýet işgärleri baradaky atalyk aladalaryna iş bilen jogap bermeli, gabat gelýän kemçiliklerden arassalanmaly. Her bir medeniýet we sungat işgäri hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky atalyk aladasyna jogap edip, ajaýyp eserler döretmeli. Özüň hakdaky edilýän alada mynasyp bolmak gerek. Dogry, soňky döwürde örän ussat aýdymçylar ösüp ýetişdi, örän gowy aýdymlar döredi. Munuň özi örän guwandyryjy ýagdaý. Käbir aýdymçy aýdymyň sazyny-da, sözüni-de özi döredip ýerine ýetirýär. Şahyrçylyk – ykbal. Aýdymçy, sazanda bolmak hem ykbal işi. Aýdymçylar kämil goşgular esasynda aýdym aýtsalar, diňe utuş gazanarlar. Ýöne, elbetde, gynansak-da, käwagtlar kämillikden pesräk aýdymlar hem gabat geläýýär. “Söýgi ody zäher ýaly” (söýgi nire, zäher nire?!) diýen ýaly ýöntem setirli aýdymlaryň döremeginiň öňüni almak zerur meselelerden biri bolup durýar. Aýdymlaryň ählisiniň diýen ýaly sözleri ýerbe-ýer däl. Aýdymçylaryň käbiri bir bent goşgyny dört-bäş gezek gaýtalaýarlar. Oýlanyşykly çemeleşilse ýagşy. Halk aýdymlary barada aýdaýyn. Uly ussat Ödenyýaz halypa şeýle diýipdi: “Akkordeon örän oňat saz guraly. Ol biziň sungatymyza halk saz gurallarynyň biri ýaly ornaşdy. Ýöne egni akkardeonly, eli gitaraly we beýleki saz gurallaryny alyp, halk aýdymlaryny aýdanlarynda, ol eýýäm halk aýdymlygyny ýitirýär. Beýle etmeli däl. Halk aýdym-sazlarynyň çemeni süllermeli däldir”. Häzirki döwürde “üstünde işlemek” diýen söz ýoň bolupdyr. Mysal üçin, ýaş aýdymçy “Men şu günler pylan halk aýdymynyň üstünde işleýärin” diýýär. Ozalky ussatlar ol halk aýdymyny ýerine ýetirenlerinde mazaly, birkemsiz işläpdirler. Şonuň üçin ol aýdymlar uzak ýaşaýarlar. Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nobat bagşy, Ödenyýaz halypa, Çuwal bagşy we beýlekileriň kesgir zehininden dörän ajaýyp aýdymlary täzeden işlemek zerurmyka?! Ýaşlar halk aýdymlaryny birkemsiz öwrenmeli, üýtgetmeli däl. Köplenç halatlarda çalynýan sazlar aýdymçynyň sesini basýar. Şeýle bolanda aýdymyň sözüne düşünip bolanok. Käbir ýerine ýetirijilik ukyby pes bolan aýdymçylara çakdanaşa baha berlip çişirilýär. Olar şoňa buýsanyp, halypalaryň sungatynyň üstüne atanak çekäýýärler. Radio hem-de teleýaýlymlarda işleýänler milli saz sungatymyzdan gowy baş çykarýan hünärmenler bolmaly. Men bu pikiri ýöne ýere aýdamok. Käte ýaýlymlarda berilýän konsertleriň tertibi saklanylmaýar. Uly ussadyň yzyndan höwesjeňleri goýberýärler. Milli sungatymyzda her bir konsert ussat halypalaryň ýerine ýetirmeginde jemlenilmelidir. Sungatymyzy goramak biziň her birimiziň aladamyz bolmalydyr. Halykberdi GURBANSÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |