17:40 Gözümiñ öñünde ösdi, özgerdi | |
GÖZÜMIŇ ÖŇÜNDE ÖSDI, ÖZGERDI
Aýdym-saz sungaty
Men bilýän zatlarym barada ýazmaklygy, ilime-günüme ýetirmekligi borjum hasaplaýaryn. Şonuň üçin-de, şujagaz ýatlamalary hormatly okyjylara hödürlemekligi makul bildim. Özüm barada aýtsam, men 1952-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdim. Şondan soňky milli sungatymyz meniň gözümiň alnynda ösdi, özgerdi, kämilleşdi. Okuwa baran ýylym okuwy gutarýan uly ýaşly oglanlar bilen bir ýerde ýaşamaly boldum. Geografiýa ugrundan okaýan Daşoguzdan Seýdaly Rejebow diýen talyp maňa: “Haýsy oýun bolsa bolsun, parhy ýok, Hojaw Annadurdyýew bilen Ýolaman Hummaýew ikisi bile oýnanda, oýun gören ýaly bolaýýarsyň. Hoja Annaýew hem tüýs Mežnun bolýar-da” diýdi. Şondan soň her gün diýen ýaly, rus bazarynyň ýanyndaky Opera we balet teatrynda ýazylýan afişa seredýärdim. Rollary kimiň ýerine ýetirýändikleri bilen gyzyklanýardym. Hemme oýunda Ýolaman Hummaýewiň ady bardy. “Şasenem-Garyba”, “Kemine-kaza”, “Leýli-Mežnuna” tomaşa etmäge barýardym. Ýöne bir gezegem Ýolamanyň oýnaýan gezegine gabat gelmedim. Men şonda teatryň işgärleriniň birinden soradym welin, Ýolaman Hummaýewiň näsagdygyny aýtdylar. 1952-nji ýylyň güýzünde Ýolaman neresse panydan bakyýete göç eýledi. Hoşlaşmak üçin onuň tabydy teatryň zalynda goýuldy. Ol ýere baranlar örän köpdi. Teatryň baş režissýory Alty Garlyýewdi. Şeýlelikde, meniň Ýolamanyň oýnaýşyny görmek arzuwym hasyl bolmady. Ýolaman Hummaýewiň tabydy goýlan maşyn emaý bilen şol wagtky Engels köçesiniň ugry bilen günbatara tarap ýönelýär. Maşynyň öňünde Ýolaman bilen bile ajaýyp keşpleri döreden Maýa Kulyýewa we Annagül Annagulyýewa gara lybas geýnip, Ýolamanyň uly suratyny göterip barýardylar. Olar tä gonamçylyga barýançalar, suraty göterip gitdiler. Ýas mitingi başlandy. Alty Garlyýew gaýgy-gussaly söz sözledi. Aman Gulmämmedow, Gara Seýitliýew, Hojaw Annadurdyýew we başgalar çykyp geplediler, Şeýdip ene ýer ýene bir sungat ussadyny öz goýnunda gizledi. Meniň opera we estrada aýdymlaryna gabat gelýän sesim bardy. Haýal etmän Ýolaman Hummaýewiň aýdan opera aýdymlaryny öwrenip, konsertlerde ýerine ýetirip ugradym. Türkmen döwlet opera we balet teatry barada gürrüň edilende üç sany, milleti azerbaýjan bolan adam barada aýratyn durup geçmegi zerur hasaplaýaryn. Ýognasdan ýakymly sesli Gurban Ryzaýew, Muhtar Masumow hem-de Süleýman Mämmedow dagy şalaryň, serkerdeleriň keşplerini janlandyrýardylar. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlüginde bu üç artist hor aýdymynyň ýekeligini ýerine ýetiripdiler. Şonda birleşen hor şol döwrüň ýörgünli aýdymy bolan “Kommunistik partiýa hakyndaky kantatany” aýdypdylar. Moskwanyň uly teatrynda geçirilen jemleýji konsertde bu üç adamyň ýanyna Hojaw Annadurdyýew, Habyp, Muhammet Mämmetýarowlar hem goşulyp, alty adam bolup aýdypdylar. Şol aýdyma meşhur dirižýor Hydyr Allanurow dirižýorlyk edipdi. “Salam, Moskwa” diýen aýdyma bolsa, uly teatryň dirižýory Dugaşew dirižýorlyk edipdi. 1955-nji ýylda geçen ongünlük barada galyň kitap ýazyp bolardy. Şol konsertde şol wagtky SSSR-iň ýolbaşçylaryndan Bulganin, Woroşilow, Kaganowiç, Şepilow dagy sahna baryp, biz bilen salamlaşypdylar. Olaryň ýany bilen Birma Respublikasynyň prezidenti U Nu (öz aýaly bilen) hem barypdy. Olar ilki bilen daýaw goja Şajyk Gulow bilen görüşdiler. Biziň esasy ýolbaşçymyz TKP MK–nyň şol wagtky sekretary Nurjemal Durdyýewady. Şol ongünlük döwründemen sungat ussatlarynyň köpüsi bilen tanyşdym. Ençemesi bilenem dostlaşdym. Ine, olaryň käbirleri — Ata Ablyýew, Annageldi Jülgäýew, Annagurban Şyhymow, Tugur Berdiniýazow, Çary Täçmmämedow, Pürli aga we beýlekiler. Pendiguly Baýramow, Aýdogdy Gurbanow we başga birnäçeler konserwatoriýa okuwa kabul edilipdiler. XX asyryň ortalarynda ýurdumyzda kompozitorlar azdy. Weli Muhadow, Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Weli Ahmedow dagy bardy. Bularyň yzýany bilen Durdy Nuryýew, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Nury Halmämmedow, Baýramdurdy Hudaýnazarow we başgalar orta çykyp, operalar, simfoniki eserler, ajaýyp aýdymlar döredip ugradylar. Ozalky opera hem-de estrada aýdymçylaryň hataryna Medeniýet Şahberdiýewa, Güljan Hümmedowa, Bäşim Artykow, Güljan Geldiýewa, Nury Meredow, Ata Ilamanow, Aýgözel Garaýewa, Atageldi Garýagdyýew ýaly aýdymçylar goşuldylar. Öwezgeldi Tekäýew, Saparmyrat Babaýew, Annaberdi Atdanow, Gurban Gummanow, Seýitnur Ataýew we başga-da köp estrada aýdymçylary hem öňe saýlandylar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halk saz gurallary ösdi we kämilleşdi. Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Durdy Myradow, Amansaçly Annaýew ýaly ussatlar halka hezil berdiler. Tanho Izrailowyň ýolbaşçylygyndan Döwlet tans ansambly, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda tanalýan kompozitor Çary Nurymowyň simfoniki sazlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň tomaşa jaýlarynda ýaňlandy. “Aýgytly ädim” kinofilmi Nury Halmämmedowy bütindünýä meşhur etdi. Çeper höwesjeňleriň sungatyna hemişe ähmiýet berildi. Olaryň ençemesi hormatly atlara mynasyp boldular. Aşyrmämmet Dawudow, Ödenyýaz Nobatow, Nurberdi Gulow, Gaýgysyz Çaryýew, Annaberdi Atdanow, Gülşirin Alyjanowa, Mäne Garaýew dagy hormatly atlara eýe boldular. Umuman alanyňda, biziň ýaşlyk döwrümizde türkmen medeniýetine, sungatyna ägirt uly ähmiýet beripdiler. Oba ýerlerinde medeniýet edaralarynyň kitaphanalaryň uly toplumy döredilip, olaryň ählisi halkyň hyzmatyna gönükdirildi. • MILLI SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞ ÝOLY Biziň milli sungatymyzyň ösüş ýoluna men geçen asyryň ellinji ýyllaryndan bäri belet diýsem, öte geçdigim bolmaz. Men bu barada soňrak aýtmakçy. Men bu meselä geçen asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlaýyn. Meniň berjek gürrüňlerim Atabaý Saryýew diýen gyjakçynyň aýdanlary bilen bagly. • GYJAKÇY BILEN TANYŞLYK Uniwersitetde okaýardym. Bizden aşakdaky synplaryň birinde Öwezgeldi diýen bir ýigit bardy. Özi hem Bagyr obasyndandy. Bir sapar Öwezgeldi meni Aşgabadyň ýeňsesindäki bir oba toýa alyp gitdi. Biri gelin alýan ekeni. Bizi güler ýüz bilen garşyladylar. Daşarda ojar odunyň ýanynda aýdym-saz etmelidik. Toý eýesi birine: “Bar-da, Atabaý kakaňa aýt, gyjagyny alyp gelsin!” diýdi. Bahym eli gyjakly bir ýaşuly gapydan girdi. Men salam berdim, tizara öwrenişip gitdik. Dutar-gyjak pessaýja düzüldi. Men saza o diýen ökde däldim. Gyjakçy dutaryň düzülişine diň salyp, düzleýärdi. Men şonda onuň ussatdygyna göz ýetirdim. Ony üns berip diňleýärdim. Ilkinji ortaky öwrümler çalnanda onuň yzyna eýerýärdim. Pessaýja heňlerden soňabaka berkräk aýdymlardan bir sagat çemesi aýdym aýtdyk. Şonda gyjakçy: “Azrak dynjymyzy alaly!” diýip, bir käse çaý içdi, birsalymdan soň “Indi başlasagam bolar” diýip, gyjagyny eline aldy. Yzyndanam: “Birneme çekinjek bolýarsyň, çekinme-de çalyber! Ilki-ilkiler bizem halypalaryň ýanynda çekinerdik, kem-kemden öwrenişýär ekeniň. Halypa bagşylary köpräk diňlegin!” diýdi. Aýdymy daşarda aýtsagam, mazaly derläpdim. Bir aýdymy hem gaýtalaman üç sagat çemesi aýdym aýtdyk. “Aýdym goruň-a bar ekeni, berekella!” diýen Atabaý gyjakçy ýene-de bir käse çaý içdi. Atabaý Saryýew meniň talyplyk dostum we žurnalist galamdaşym Kerim Abdyýewiň garyndaşy bolup çykdy. Men Atabaý aga bilen soň örän köp duşuşdym, ýakyn aragatnaşykda boldum. Atabaý aga bilen aýaly Sona ejemiz (Kerim Abdyýewiň aýal dogany)iki gyzym okan döwürlerinde öz çagalary ýaly öýlerinde sakladylar. Men Atabaý aga bilen ýygy-ýygydan içgin söhbetdeş bolýardym. Ol maňa örän köp zatlary gürrüň beripdi. Ol birinji topara degişli uruş maýybydy. Onuň edebiýat we sungat adamlaryna bolan söýgüsi çäksizdi. Olar baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňleýärdim we hakydamda ornaşdyrýardym. Şol hakydamda galan gürrüňleri okyjylara ýetiresim geldi. Ine, onuň gyzykly söhbetleri. • FILARMONIÝA. INTERNASIONAL ANSAMBL “Pürli Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Allanazar Rejebow hem-de Tumanýan diýen ermeni ýigidi Türkmen döwlet filarmoniýasyn-da ilkinji işe başlanlardy” diýip, Atabaý aga filarmoniýanyň ilkinji ädimlerinden söhbet açdy. Ady agzalan halypalar bilen aýdym-saz üýşmeleňlerine ençeme gezek gatnaşmak soňra maňa-da miýesser bolupdy. “1931-nji ýylda şol dört adam tarapyndan başlanan aýdym-saz topary barha giňäp başlady. Pürli Saryýewiň inisi Orazdyr Nury Saryýewler (Nury ol wagt juda ýaşdy), Täçmämmet Suhangulyýew, Amangeldi Gönübekow, Mylly Täçmyradow, Oraz Salyr we başga-da köp sanly bagşy-sazandalar gitdigiçe köpelip barýardy” diýip Atabaý aga söhbetini dowam etdirdi. Döwletiň uly üns bermegi netijesinde aýdym-saz topary tiz wagtdan has ulaldy. Halypa bagşy Sahy Jepbarow hem işe gelipdi, ol ozal Marydaky atly polkda bagşyçylyk edýärdi. Etraplara, obalara aýlanyp zehinli ýaşlary işe çekmeklik dowam edýärdi. Giçgeldi Amanow, Kiçi Geldimyradow, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Nurmyrat Annaýew we başga-da birnäçe ýaşlar olaryň hataryna goşuldy. Soňra uly halypalar Garly bagşy Ýolamanow, Rejep Gylyç, Nobat bagşy, Nursähet bagşy, dilli tüýdük çalýan Hojanazar Berdi dagy geldi” diýip, Atabaý Saryýew gürrüňini dowam etdi. Filarmoniýada başga milletleriň sungatyna hem üns berlip başlanylýar. Bu işleriň gözbaşynda ähli saz gurallaryny çalyp bilýän Muhammetmyrat Nepesli durýardy. Drama artistleri bilen bilelikde gyzykly duşuşyklar, konsertler guralyp başlanylýar. Moskwada türkmen aýdym-sazlarynyň gramplastinka ýazgylaryna geçiriljekdigi baradaky habar filarmoniýanyň sungat işgärlerine ýetirilende, olar örän begendiler. Gramplastinka ýazgysynyň geçirilmeginiň maksady şol döwürdäki türkmen halkynyň saz gurallaryndan nusga alyp galmakdan, bagşy-sazandalary halka aýan etmekden, umuman, türkmeniň milli sungatyny ile ýaýmakdan ybaratdy. Munuň üçin giňden taýýarlyk görülýärdi. “Watanym”, “Pyýala” ýaly hor aýdymlary, “Sallanan gözel” halk sazy uly saztopary tarapyndan ýerine ýetirildi. Sahy Jepbarowdan, Oraz Salyrdan, Çuwal bagşydan, Täjigül Jumaýewadan, Hydyr bagşydan, uly Garly Ýolamanowdan, Nursähet Halsähedowdan, Giçgeldi Amanowdan, Ýoldaş bagşy Hemraýewden, Jumasähet Halsähedowdan, Nobat bagşy Amansähedowdan we beýlekilerden aýdymlar ýazylyp alyndy. Mylly Täçmyradowyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň sazlary , Pürli Saryýewiň çalan “Aýna” diýen sazy, başga-da ençeme aýdymlar şol ýyllarda ýazga geçirilýär. Ýazga geçirilen aýdymlaryp ýazgysy patefon bilen bilelikde zarpçy kolhozçylara sylag hökmünde gowşurylypdyr. Hut meniň özüm şol patefonlarda gyzamyk çykarýan çagalar üçin aýdym aýtdyrypdym. “Grigoriý Markowiç Arakelýanyň gelmegi bilen işlerimiz has ilerledi. Tans toparlary hem döräp başlady” diýip, Atabaý aga gürrüňini dowam etdirdi. Ol sungatdan baş çykarýan, kämillige ýeten adamdy. Bir gün Arakelýan gelip: “Moskwada internasional konsert maksatnamasy düzülýär. Şoňa bizem aýdym-sazdan oňat başy çykýan adamlardan ibermeli” diýende, Pürli Saryýew: “Oňa ýöne bir san ibermäliň. Türkmen sungatynyň ýüzüni görkezip biljek başgy-sazandalary ibermeli. Men-ä Nurmuhammet (familiýasy ýadymdan çykypdyr) diýen bagşy, Baky Maşakow hem-de Atabaý Saryýew dagyny ibersek, ýerine düşer” diýip hasaplaýaryn” diýdi. Şeýlelikde, Pürli Saryýewiň pikiri bilen hemmeler ylalaşyp, bagşy Nurmuhammet, gyjakçy Atabaý Saryýew, gargy tüýdükçi Baky Maşakow dagy Moskwa baryp, internasional konsert toparyna goşulýarlar. “Biz şol döwürde dörän aýdymlar, halk aýdym-sazlary bilen çykyş ederdik. “Watanym”, “Biziňki”, “Marşalym” ýaly aýdymlary ýerine ýetirerdik. Moskwanyňözünde, paýtagtyň golaýlarynda bir-iki aýlap konsert beripdik” diýip Atabaý Saryýew gürrüň beripdi. Soň dürli ýerlerden gelen adamlar öz ýurtlaryna gaýdýarlar. Tüýdükçi bilen bagşy hem Türkmenistana ugraýar. Şonda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda okaýan oglanlar Atabaýa ýüzlenip: “Atabaý, sen notadan baş çykarýarsyň, konserwatoriýa okuwa gir! Häzir täze oglan-gyzlar okuwa geldiler, senem başararsyň!” diýip maslahat berýärler. Atabaý konserwatoriýa okuwa kabul edilýär. Ol Weli Muhadowyň okaýan bölüminde alt-skripka boýunça okap başlaýar. Olara Borisowskiý sapak berýär. Şol döwürde Aşgabatda opera we balet teatryny açmak üçin türkmen ýaşlarynyň uly topary okadylýan ekeni. Ine, olaryň käbirleriniň atlary: doganlar Weli hem Nury Muhadowlar, Aşyr hem-de Gurban Kulyýewler, Hydyr Allanurow, Hoja Annaýew, Habyp Mämmetýarow, Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew, Nury Saryýew, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa we başgalar. Saz ugrundan okaýanlaryň hemmesi Atabaý bilen tanyşdy. Drama teatryndan alnan oglan-gyzlar bilenem ol basym öwrenişdi. Okuwlaryň gidişi gowudy. Sary bagşynyň körpe ogly Nury skripka boýunça okaýardy. Ol skripkada türkmen sazlaryny örän oňat çalýar ekeni. Bir gezek “Pürli bilen Orazyň gyjak çalyşlaryna sözüm ýok. Olaryň ikisem ussat. Ýöne Nurynyň gyjak çalyşy has üýtgeşikdi” diýip, Atabaý aga Nury Saryýewiň gyjak çalşynyň tarypyny ýetiripdi. Onuň aýtmagyna görä, geljekki türkmen operasynyň düýbüni tutujylary has köpräk okadýar ekenler. Atabaý aganyň gürrüňleri şeýle özüne çekijidi, “hemmeler üçin hem täsirli bolar” diýen pikir bilen gürrüňi dowam etdirýäris. AMAN KEKILOW HEM NURY SARYÝEW BARADA Konserwatoriýada okuwlar dowam edýärdi. Bir sapar ýanymyza bir adam geldi. Ol adam Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, ýene birnäçelerimiz bilen tanyş ekeni. Dynç güni bolansoň, hemmeleriň eli boşdy. Biziň hemmämiz diýen ýaly bir ýere ýygnandyk. Ol adam söze başlady: “Maňa Aman Kekilow diýýärler. Men Moskwada aspiranturada okaýaryn. Konserwatoriýada köp ýaşlaryň okaýandyklaryny eşidip, siziň ýanyňyza geldim. Eger türkmen dilinden we edebiýatyndan okamak meýliňiz bar bolsa, men dynç günleri gelip, size sapak bererdim. Jaý meselesini hem ýolbaşçylar bilen çözeris” diýdi. Aman Kekilow konserwatoriýanyň ýolbaşçylary bilen gepleşip, giňräk jaý sorap aldy. Ol ilkinji sapagynda faşizm tarapyndan abanýan howp barada gürrüň edipdi. Faşistik agressiýa gaýtawul bermäge taýýar bolup durmagy ündäpdi. Sary bagşynyň körpe ogly Nury Saryýew biziň hemmämizden kiçi bolansoň, oňa “Nury jan” diýerdik. Nury jan skripkada türkmen sazlaryny örän oňat çalardy. Aýratyn-da, “Haraýym döndini” çalşyny diýsene! Şeýle şirindi, taryplamaga söz ýeter ýaly däldi. Käte hemmämiz üýşüp Nury jany diňlärdik. Her sapar oňa “Haraýym döndini”, “Sataşdymy” çaldyrardyk. Aman Kekilow bizi yhlas bilen okadardy. Bize her hili kitaplar alyp gelerdi. Bir gezekki okuwda ol bize: “Men indiki sapakda sizi diňlejek. Siziň her biriňiziň näme iş bitirip biljegiňize göz ýetirmekçi, taýýarlanyp geliň!” diýdi. Şol sapar aýdymçy oglanlardyr gyzlar, geljekki opera we balet teatrynyň düýbüni tutujylar Hojaw, Ýolaman, Annagül, Maýa we beýlekiler aýdym aýtdylar. Şonda Nury jana ýene “Haraýym döndini” çaldyrdyk. Şonda Aman Kekilow: “Örän ajaýyp, bu 1936-da “Piýoner” diýen sazy ýazga geçirden Nury Saryýew bolsa gerek. Berekella! Sen-ä agalaryňdan ozdurana meňzeýärsiň, haýdaber! Bize skripka çalýanlaram gerek bolar. Siz özümizde açyljak opera we balet teatryny esaslandyryjylar bolarsyňyz!” diýipdi. Opera we balet teatryny açmak üçin okadylýan ýaşlary tiz okuwlaryny gutardyp, Aşgabada alyp gaýtdylar. 1940-njy ýylda opera we balet teatry açyldy. Ozal okap ýörenler okuwlaryny dowam etdirýärler. “Urşuň turmagy bilen konserwatoriýanyň okuwçylarydyr mugallymlary hem eline ýarag alyp, söweşe gitdiler. Olaryň diri galanlary uruşdan soň okuwlaryny dowam etdirdiler. Moskwa ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde Nury jan wepat boldy” diýip, Atabaý aga başyny ýaýkady. Bu türkmen sungaty üçin örän agyr ýitgi bolupdy. Uruş döwründe Aşgabada gelen uly sungat işgärleri Ý. Meýtus, A. Şapoşnikow, G. Drižewskiý we başgalar opera we balet teatryny kämilleşdirmekde uly işleri bitiripdiler. “Men uruş döwründe ilki uçar ýasalýan, soňam tank ýasalýan zawodlarda işledim. Öz ýasan tanklarymyz bilen söweşe gitmek üçin arza berdik. Biz urşa bardyk. Agyr söweşleriň birinde agyr ýaradar boldum. Indem, ine, Atabaý agaň bolup oturşy”diýip, ýaşuly sözüne dyngy berdi-de, soňra ýene-de dowam etdi. Uruş döwründe türkmen operasy döredi. Ýaradar bolup uruşdan gelen rus, ukrain kompozitorlary opera döretmekde ýaş türkmen sungatyna kömek berdiler. Urşuň salan ýarasy örän agyr bolupdy. Ýöne şonda-da halk ruhdan düşmändi. Şu ýerde ýene bir zady ýatlamalydyryn. Türkmen bagşylary söweşýän goşuna aýdym-saz edip bermek üçin fronta gidipdiler. Pürli Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Sahy Jepbarow we başgalar söweş meýdanlarynda bolupdylar, okoplarda aýdym aýdypdylar. Uruşdan soňky döwürde aýdym örän köp döredi. Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow dagy köp aýdym-sazlary döredipdiler. 1949-njy ýylda Marynyň Kemine adyndaky teatrynda gramplastinka ýazgylary geçirilipdir. Ata Ablyýewiň aýtmagyna görä, ýer titrände Aşgabadyň tomaşa jaýlary ýykylypdyr. Şonuň üçin ýazgy Maryda geçirilipdir. Şol gezekki ýazgynyň gramplastinkalarynyň aýdymlaryny hem öwrendim, ýagny “Watanym seni”, “Kolhozyň güli” diýen hor aýdymlarynyň hemmesini bilýärin. Maýa Kulyýewanyň “Aşgabadyny”, Hojaw Annadurdyýewiň “Aýnabadyny”, bagşylaryň aýdan aýdymlaryny, sazandalaryň çalan sazlaryny diňledim we öwrendim. “Humaralany” welin, öwrenip bilmedim, başarmadym. Ol meniň başarnygymdan has inçedi, has ussat bolmagy talap edýärdi”. Ine, Atabaý aganyň şirinden şirin söhbetleri. Halykberdi GURBANSÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |