22:58 Adamlary gorkuzýan syrly güýç: Gözdegme | |
ADAMLARY GORKUZÝAN SYRLY GÜÝÇ: GÖZDEGME
Geň-taňsy wakalar
Adam ogluny öñden gorkuzyp gelen we olardan goranmak üçin dürli ýollara yüz urmaga mejbur eden gözdegme hadysasy häzir hem adamlaryň üns merkezinden düşenok. Hut şonuň üçin-de gözdegme baradaky düýnki pikirler häzir hem özüniñ güýjüni saklaýar. Sowatly adamdan sowatsyz adama, obalydan şäherlä çenli bu syrly güýçden iñ bolmanda azda-kände gorkmayan ýok diýen ýaly. Bu hadysadan goranmak üçin bolsa aralarynda ahyry puç pikirler hem bolan dürli ýollar synag edilýär. Adamyň ýaşlygynda başdan geçiren wakalary üstünden birnäçe ýyl geçse-de öz täsirini saklaýar. Biziň obamyzda Ismail ependi atly 50-60 ählisi ýaşly bir adam bardy. Obamyzdakylaryň ony ýaman gözli adam hasaplaýardylar. Ol barada "Nämä seretse, şony eredýär. Onuñ gözi degen adam hassa bolýar, haýwanlar bolsa ýykylýar" diýen ýaly gürrüñleri köp eşidýärdik. Bu gürrüñleri eşitdigimçe, Ismail ependiniň syrly gözlerine bolan gyzyklanmam barha artýardy. Göwnüme bolmasa, onuň gözlerinden ot syçraýjak ýalydy. Günleriň bir güni ol biziň öýümize geldi. Men şonda Ismail ependiniñ gözleriniň beýleki adamlaryňkydan tapawutly däldigini gördüm. Ýöne her näme-de bolsa men onuň gözünden haçan ot çykarka diýip garaşýardym we şol duýgular zerarly meni gorky gurşap alypdy. Ol 2-3 sagat oturandan soň, öýüne gaýtmakçy bolup ýerinden turdy. Şol barmana onuň gözi biziň yhlas bilen bakyp ýören horazymyza düşdi. Ol birnäçe wagtlap sesini çykarman horazymyza seredip durandan soň: "Horazyñyz örän gowy eken" diýdi. Ismail ependi gidenden 20 minut geçip-geçmänkä, horazymyz aýagyny kakyp başlady. Ony zordan halallap ýetişdik. Şeýlelikde, göz degmeden goranmak üçin gapymyzda ýörite asylyp goylan gök monjuga we kirpi possunyna garamazdan, nebir horazymyz Ismail ependiniñ gözüniñ gurbany boldy. Şondan soň men Ismail ependiniñ gözünden has-da gorkmaga başladym, hatda şol gorky menden häzirem aýrylanok. Köplenç göriplik, gabanjañlyk we beýleki erbet niýetler zerarly gözüň üsti bilen ynsanlara, haýwanlara, umuman janly-jansyz ähli zatlara zyýan ýetirmek hökmünde häsiýetlendirilýän gözdegme hadysasy adamzat taryhynyň ilkinji gününden başlap, şu güne çenli dowam edip gelipdir. Adamlar bolsa bu gizlin güýçden hemişe gorkupdyrlar. Tehnologiýanyň ösen derejelere ýetendigine garamazdan, gözdegme entekler hem gorkuzmak hasiýetini saklaýar. Adamlar oña ynanýarlar we ondan goranmak üçin tagalla baryny edýärler. Ylym hem gözdegmäni özüne görä ykrar edýär, ýöne ondan goranmaga çäre tapyp bilenok. Ylym bu gizlin güýji "düşünjäniñ energiýa öwrülmegi" diýip häsiýetlendirýär. Dünýäniñ ähli ýerinde adamlaryň ählisi diýen ýaly gözdegmäni adama zyýan berýän bir güýç hasaplaýar, Sonuñ üçinem adamlar ýaşaýan, işleýän yerlerinde gözdegmeden goranmagyň ýoly hökmünde dürli zatlary asyp goýýarlar, dürli yrymlary berjaý edýärler. Önler ylym tarapyndan o diýen bir ykrar edilmedik gözdegme barada indi ylmy konferensiyalardyr simpoziumlar geçirilýär. Hatda indi dünýäde gözdegmäniň iñ köp ýaýran yerlerini görkezýän gözdegme kartalary hem bar. Ýogsamam gözdegme nähili döreýärkä? Gözdegme bilen gös-göni bagly ýeke-täk zadyň gözdügini hemmeler bilýän bolsa gerek. Dürli çaklamalara garamazdan, gözdegmäniň döreýşiniň iki sany ýoly önden bäri ykrar edilip gelinýär. Ýagny ol ýollaryň biri gözdegmäniň adamyň erk-ygtyýary bilen baglylykda döremegi, ikinjisi bolsa erk-ygtyýara bagly bolmazdan döremegidir. Jynlaryň, jadygöýleriň we erbet niýetli adamlaryň aýratynlyklary hökmünde häsiýetlendirilýän erk-ygtyýara bagly gözdegme gözdegmäniň in howplusy hasaplanýar. Haýsydyr bir zady gowy görüp, oňa aýratyn mähir, yhlas bilen seredýän niýeti ýagşy adamlaryň gözüniň degmegi bolsa erk-ygtyýara bagly bolmadyk gözdegmedir. Bioenergiýanyň we reňkleriň üstünde işleýän alym Metin Ýahýa Üster reňkleriň adamlara örän uly täsir edýändigini aýdýar. Şol sebäpli dürli reñkli gözleriň hem adama täsiriniň bardygyny nygtaýan Üster: "Renkleriñ adamlara edýän täsiri örän uly. Olar adamlara köplenç zyýan hem edip bilýärler. Esasan hem reňkli gözler adamlara ýaramaz täsir ýetirýär. Şonuň üçin hem adamlar şeýle gözleriň nazaryndan gaça durmaga çalyşýarlar. Bu ýagdaý ähli halklarda diýen ýaly bar. Renk göz bilen birleşen halatynda has-da howply bolýar. Ýogsam reňk özbaşyna zyýanly däldir" diýýär. Gözdegme boýunça ylmy iş alyp baran merhum professor, doktor Süheyl Ünwer bolsa ynsanyň ruhy energiýasynyň bardygyny aytmak bilen şeýle diýýär: "Häzir gözdegmesiniñ ruhy mehanizminiñ bedenimizdäki atomyň energiýa öwrülmegi bilen baglanyşyklydygy barada oýlanmagyň wagty geldi. Gürrüniň temasy ynsanda ruhy täsiriň bardygy üçin bedenimizdäki käbir maddalaryň energiýa öwrülýänligidir. • Göriplik we gözdegme Gözdegme hadysasynyň döremeginiñ iñ möhüm faktorlarynyň biri-de göriplikdir. Häzir muny hemmeler diýen ýaly ykrar edýär. Hususan-da hünärmenler aşa göriplik we görübilmezlik duygusy bolan adamlarda gözdegmäniñ güýçli bolýandygyny aýdýarlar. Ösen jemgyýetlerde göriplik çynlakaý kesel hökmünde häsiýetlendirilýär. Psiholog Ramazan Boýajy göriplik duygusynyñ adamlaryň hemmesinde bolýandygyny nygtamak bilen, bu barada şeýle diýýär. "Adamlaryň tebigatynda göriplik, gabanjañlyk duýgulary bardyr. Bu elbetde, kadaly zat. Ýöne ol käbir adamlarda aşa güýçli bolýar. Eger bu bu duýgular aşa yiti bolup, kesel derejesinde bolsa, onda ol adam için zyýanlydyr. Ynha düşünjäniñ energiýa öwrülmegi diylen hadysa hem şu ýerde herekete geçýär. Göriplik bilen birleşen erbet pikir bolsa gözdegmäni yüze cykaryar, bu energiýa bolsa ynsana täsir edyär. Şu yerde bir zady aýratyn nygtasym gelyär, ýagny göripligiñ we gabanjañlygyñ täsirine düşen her bir adam beýlekilere gözüni degrip biler". • Maýyplyga we ölüme sebäp bolýar Janly-jansyz ähli zatlary öldürip we ýok edip bilýän gözdegme adamlary maýyp hem edýär. Gözdegmäniñ täsiri bir kesel ýa-da duýdansyz bir krizis hökmünde ýüze çykýar. Gözi degen adamyñ täsir edijilik güyjüniň möçberine baglylykda, gözdegmäniñ täsirine düşen zadyň çekýän zyýany hem şonçarak bolýar. Örän güýçli gözdegme 10-15 minudyň içinde islendik janly zadyñ ölmegine sebäp bolup bilýär. Gözdegme bilen baglanyşykly ylmy-barlag işlerini alyp baryan alym B.Altan Altanogly özüniñ geçiren barlaglaryna salgylanmak bilen gözdegme barada şeýle diýýär: "Gözdegme maýyp edibem bilýär, öldüribem. Hatda ol ösümlikleri hem guradýar, jansyz zatlary bolsa bölek-bölek edip bilýär. Bu ugurda ylmy-barlag geçiren döwürlerimde gürründeş bolan adamlarym maña gözdegmäniň täsirine düşüşlerini faktlar bilen gürrüñ berdiler. Örän täsirli göz her zat edip biler". Stambulda ýaşayan kyrk ýaşly Aýşe Saýgyly atly bir ene gyzynyň gözdegmeden heläk bolşy barada şeýle gürrüň berýär: "Golaýymyzda gözi ýaman diýilýän bir adam yaşaýardy. Ol sakgallak, gök gözli adamdy. Bir gün gyzym köçede oýnap ýörkä, şol adamyň gyzymyñ kellesinden sypalap durandygyny gördüm. Ol adam gidenden bäş minut soň gyzym özünden gidip ýykyldy. Men howsala düşüp, gyzymyñ yanyna ylgadym we ony bagryma basdym. Ol örän kynlyk bilen dem alýardy. Soña goram-gowşak boldy. Öýe yet- mänkägem, öz elimde jan berdi. Ondan bäri 15 ýyl geçdi. Ýöne sol adama bolan ýigrenjim barha artyar. Gözdegmeden bolsa diýseñ gorkýaryn". • Gök monjuk peýdalymy? Ynsanlar özleri üçin eýmenç düýş öwrülen gözdegmeden goranmak üçin dürli yollary ulanýarlar. Käbir adam bu gizlin güyçden goranmak üçin doga okasa, käbirleri dürli jisimlerin özlerini gözdegmeden gorap biljekdigine ynanýarlar. Halkyň arasynda dürli zatlary dakynyp gözdegmeden goranmak isleýänlere örän köp duş gelmek bolýar. Gök monjuk, altyn teññe, möjegiñ dişi, guşuñ dyrnagy, hurma çigidi, kirpiniň possuny, ýüzärlik, alajabag, ýüzüne doga ýazylan kümüş teññeler we ş.m. zatlary ynsanlar gözdegmeden goranmagyň serişdesi hökmünde ulanýarlar. Bu sanalyp geçilen zatlaryñ käbirlerini adamlar boýunlaryna, goşarlaryna dakýarlar, käbirlerini bolsa ýaşaýan ýerleriniñ, münýän ulaglarynyň dürli ýerlerinden asyp goýýarlar. Elbetde, adamlaryň gözdegmeden goranmak üçin ulanýan serişdeleri her ýerde dürli-dürlüdir. Ýöne gök monjuk ähli ýerde ulanylýar. Gözdegmeden goranmagyň adamlaryň arasynda giňden ýaýran başga yollary hem bar. Ýagny oda duz taşlamak, zäk ýakmak, göz degen adama suw içirmek, haýwanlaryň tezegini oda atyp, onuň tüssesine gözdegmäniň täsirine düşen adama tutmak şol ýollaryň käbirleridir. Diñe bir musulmanlar däl-de beýleki dinleriň wekilleri hem dürli serişdeleriň üsti bilen gözdegmeden goranmaga çalyşýarlar. Mysal üçin hristian dinine uýýan halklarda haç gözdegmeden goranmagyň iň gowy serişdesi hasaplanýar. Bu meseläni içgin öwrenýän alym professor, doktor Edward Westermark haçyň ýaman gözüň ilkinji şöhlelerini özüne siňdirip, gözdegmäniň täsirini aradan aýyrýandygyna ynanýandygyny aýdýar. • Doga gözdegmäniñ öñüni alýar Ylahy dinleriň ählisi gözdegmeden goranmagyň iň gowy ýolunyň doga-dileg etmekdigi baradaky pikiri öne sürýär. Olar dürli wagtlarda okal-ýan dogalaryň adamlary gözdegmeden goraýandygyny ykrar edýärler. Hususan-da yslam dini gözdegmeden goranmagyň ýeke-täk ýolunyň doga-dileg etmekdigini nygtaýar. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir. "Eger siz öz doganlaryňyzda zat ýakymly bir görseniz, onda şol zadyň berekediniň artmagy üçin doga-dileg ediň". Başga bir rowaýatda beyan edilmegine görä bolsa Hezreti Muhammet (s.a.w.) "Eger-de kimdir biri bir zat görse şol zat göwnüne ýarasa, derrew "Maşallah la kuwwete illa billah" diýmeli. Şonda ol zada zyýan ýetmez" diyipdir. Galyberse-de musulmanlar "Felak", "Nas", "Fatiha" sürelerini we "Aýet-el Kürsüni" okap, gözdegmeden goranypdyrlar. Ýazyjy Ahmet Şahin hem gözdegmeden goranmagyň in täsirli ýolunyň doga okamakdygyny nygtaýar we "Gözdegmeden goranmak üçin doga okamak gerek. Käbir süreler adamlary gözdegmeden goraýar. Gözdegmä garşy asylýan dürli zatlaryń o diýen bir peýdasy ýokdur. Emma ýüzüne "maşallah" diýen söz ýazylan we dakylan zatlar bu yerde Allanyň ýatlanylýandygy üçin gözdegmeden goranmaga kömek edyär" diýýär. • Mukaddes kitaplar gözdegme barada Gözdegme barada ylahy dinleriň mukaddes kitaplarynda hem gürrüň edilýär. Mysal üçin Töwratda "Yaman gözli adamyň çöreginden iýmän", Injilde "Bedeniñ şöhlesi gözdedir. Hut şonuň üçin sagdyn göz bedenini doly ýagtylandyrýandyr. Eger gözün kesel bolsa, onda bütin bedeniň garaňkydyr. Eger sendäki şöhle hakykatda garañkylygyň içinde bolsa, onda of garaňkylyk diýseñ gorkunçdyr" diýilýär. Kurany Kerimiñ "Galam" süresiniñ 51-52-nji aýatlarynda şeýle jümleler bar: "Elbetde, kapyrlar Kurany eşiden badyna seni gözleri bilen ýykaýjak bolarlar we Muhammet, şek-şübhesiz, mejnundyr" diýerler. Hakykatda Kuran dogry pikirlenip bilýän jemgyýetler üçin bir nesihatdyr". Öz gezeginde pygamberler hem özlerine ynananlary gözdegmeden goramak üçin dürli nesihatlar edipdirler. Muny Hezreti Muhammediň (s.a.w.) mysalynda görmek bolýar. Ýagny pygamberimiziň (s.a.w.) öz ymmatyny gözdegmeden goramak üçin eden tagallalaryny, öwüt-ündewlerini beýan edýän birnäçe hadys bar. • Ýaman gözlüler Antropologiya boýunça ylmy iş alyp barýan alymlar gözdegmäni "biderek, ýalňyş ynanç hökmünde däl-de dünýäniň geografiýa taýdan ähli giňişliginde diýen ýaly hökümini ýöredýän we çynlakaý çemeleşilmeli bir ynanç sistemasy hökmünde häsiýetlendirýärler, Olar bu ynanjyň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň esasynda çynlakaý sebäpleriň bardygyny aýdýarlar we nygtaýarlar. Şol alymlaryň pikiriçe dünýäniň ähli ýerinde gözdegme diýlende birinji nobatda aýal maşgalalaryň ýada düşmegi özboluşly hakykata öwrüldi. Ayallaryň gözleriniň adamlara edýän täsiriniň has güýçlüdigi baradaky ynanç gadymdan bäri dowam edip gelýär. Yöne geçmişe nazar salnanda ýaman gözlülik bilen taryhda yz galdyran aýal maşgala duş gelinmeýär. Munuň tersine, yaman gözlüligi bilen tanalan erkek adamlaryň sany diýseň köp. Taryhy çeşmeler Papa IX, Leo XIII, şahyr Jorj Baýron, sazanda Ž.Offenbah, imperator Napoleon III, Ispaniýanyň kiroly Alfonso XIII ýaly meşhur adamlaryň-da ýaman gözli hasaplanandyklaryny habar berýärler. Hut şonuň üçin hem adamlar şeýle şahsyýetlerden hemişe çekinipdirler. • Gözdegme gadymdan bäri belli Gözdegmäniň adamlaryň arasyna haçan ýaýrandygy barada anyk maglumat yok. Ýöne ylmy-barlaglar adamzat taryhy bilen baglanyşykly tapylan tapyndylaryň ählisinde diýen ýaly bu ynanç barada habar berýän alamatlaryň bardygyny aýan etdiler. Gözdegme barada Kolumbiýa uniwersitetinde geçirilen bir simpoziuma gatnaşan alymlaryň köpüsi gözdegmäniň öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygy baradaky pikiri ykrar edipdirler. Uniwersitet tarapyndan ýörite taýýarlanan dünýä gözdegme kartasynda bu ynanjyň dünýäniň ähli ýerinde bardygy, hususan-da onuň täsiriniň Aziýada we Afrikada has-da güýçlüdigi bellenilip geçilýär. Gözdegmeden goranmak üçin aýdylýan sözler hem dürli halklarda dürli-dürlüdir. Mysal üçin rimliler "zyýan bermek islemeýäris", "erbetlik saña ýokuşmasyn", grekler "seniň başyňa hiç bir ýamanlyk gelmesin", inlisler "uly gürlemäýin, Hudaý biziñ bilen bile bolsun", türkler bolsa "Alla gorasyn, maşallah" diýen ýaly sözler bilen gözdegmäni özlerinden uzaklaşdyrmaga çalyşýarlar. Umuman aýdylanda, şu wagta çenli bolşy ýaly, mundan beýläk hem gorkunç düýş bolup galjak gözdegmeden goranmak üçin ähli dinler tarapyndan ykrar edilýän dogalar iñ täsirli güýç bolup hyzmat edýärler. Sözümiň soňunda bütin adamzada ýüzlenip "Alla sizi ýaman gözden gorasyn" diýip, dileg edýärin. Haşim SÖÝLEMEZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |