18:46 Ýagşy Umyt burnuny Wasko da Gama açmandyr | |
ÝAGŞY UMYT BURNUNY WASKO DA GAMA AÇMANDYR
Taryhy makalalar
Taryh kawagt örän uly adalatsyzlyk edýär. Ol käbir şahsyýetleri ýok hasaplaýar we olaryň bitiren işlerini başga biriniñ adyndan beýan edýär ýa-da bolmasa Günbatar taryhda bitirilen uly işleri öz adamlaryna degişli edip, başga milletden bolan beýik şahsyýetleri hasap etmeýär. Günbatar şeyle etmek bilen, hamala, dünýäde diñe özleri bar ýaly öz taryhyny we geçmişini täzeden ýazypdyr. Toslanylan gahrymanlar geçmişiň beyik adamlary hökmünde ýatlanylýar, hakyky gahrymanlar bolsa bilinmän galýar. Taryhyň adalatsyzlygyna duçar bolan we Günbatar tarapyndan ýok hasaplanýan adamlaryň biri-de Ahmet ibn Mejitdir. Gamiçi Ahmet ibn Mejidiñ Ýagsy Umyt burnuny Wasko da Gamadan öñ açandygy we onuñ Gamanyň ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edendigi birnäçe taryhy çeşmede bellenip geçilýär. Taryhy çeşmelerde Ýagsy Umyt burnuny açan adamyň Ahmet ibn Mejitdigi mälim edilse-de okuw jaýlarynda okadylýan kitaplarda Wasko da Gama "Ýagsy Umyt burnuny açan beýik syýahatçy" diýip ýazýarlar. Taryhy çeşmeler bolsa Wasko da Gamanyň häzirki ýazylyşy ýaly, belli syýahatçy däl-de, 800 adamyň ganyna galan ganhordugyny subut edyär. • Maksat täze ýollar tapmak Osman imperiýasynyň Ortaýer deňzini öz elinde saklamagy we deňiz söwda ýollarynyň musulmanlaryn elindedigi sebäpli herekete geçen Günbatar täze ýollaryň gözlegine çykýar. Katolik kilisesi şol döwrün güýçli döwletleri bolan Ispaniýa we Portugaliýa demirgazyk hem-de günorta ýarym şary bölüp berip, olara basyp almaly ýerlerini görkezýär. Ine, sol sebäpli hem ispan we portugal korollary gämiçisinden garakçysyna, ruhanysyndan ogrusyna çenli hemmeleri bu işe çagyrýar. Gämiler täze ýerleri açmak üçin Iber ýarymadasyndan ýola düşýärler. Täze açylan ýerlere ilki ol ýeri açanlar, son ruhanylar, ondan soñ hem kolonizatorlar barýardy. Şeyle açyşlaryň rowaçlanan döwründe Ýagşy Umyt burnuny açmak hem gün tertibine gelipdi. Buthana bu açyş üçin ummasyz pul wada berýär. Şol pula gözi giden gämiçiler Ýagşy Umyt burnuna tarap ýola düşýär. Ilki gämiçi Alfonko de Albugurge 1480-nji ýyllaryň başynda Ýagşy Umyt burnuna barýan ýolda portugal baýdagyny dikýär. Soň 1487-nji ýylda portugal gämiçisi Bartolemeý Diaş bu ýoly açýar. Emma bu işiň esasy gahrymany portugal koroly Manueliň buýrugy bilen "Ruhany Jonuň ýurduny we hoşboý ysly otlaryň ülkesini" gözlemäge çykan Wasko da Gamady. • Ýolgörkeziji Ahmet ibn Mejit Birnäçe taryhy çeşmede Ýagşy Umyt burnuny açan esasy adamyñ Ahmet ibn Mejit atly musulman gämiçisidigi nygtalýar. Okuw kitaplarynda we tutuş dünýäde Ýagşy Umyt burnuny açan adamyñ Wasko da Gamadygy aýdylýar. Ýöne Ahmed ibn Mejit hakynda kelam agyz söz diýilmeýär. Musulman ýurt bolan Mombasanyň hökümdarynyň buýrugy bilen Gama ýol görkeziji bolan Ahmet ibn Mejit gürrüňi edilýän burny ilki açypdyr. Ahmed bin Mejidiň kömegi bilen 1497-1499-njy ýyllar arasynda Ýagşy Umyt burnuna baran Wasko da Gama burna aýlanyp görüp, Mozambikde ilkinji portugal kolonizatorçylygyny başladýar. Taryhçy we ýazyjy Ahmet Uçar şeýle diýýär: "Gama diñe açyş etmek üçin ýola çykandygyny aýdyp, ýanyna Ahmet ibn Mejidi alýar. Emma soň Hindistana çenli gidip, ol ýerleri talaýar. Günbatar täze açyşlar etmäge mejburdy. Gündogar olar üçin täze umyt, hoşboý ysly otlar, arassaçylyk, saglyk diýmekdi. Emma şu bir hakykatdyr. Ýagşy Umyt burnuny ilki açan Gama däl-de musulman Ahmet ibn Mejitdir". Portugaliýaly syýahatçylar XV asyryň ahyrlarynda Ýagşy Umyt burny açylandan soň Günorta Afrika tarap ýol açdylar. Tutuş yewropalylar üçin täze "umyt yşygy" bolan bu ýola portugal koroly" "Ýagşy Umyt burny" diýip at goýýar. Ýagşy Umyt burnunyń açylmagy köp ýyllardan bäri Osman imperiýasynyň rugsady bolmazdan hindi we hytaý harytlaryny alyp bilmedik ýewropalylaryñ ýüzüni güldürdi. Ýagşy Umyt burnunyñ üsti bilen Lissabona getirilen hindi we hytaý harytlary ol ýerden tutuş Ýewropa ýaýradylypdyr. • Ganhor Gama Häzir beýik syýahatçy hökmünde tanalýan we okuw kitaplarynda magtalýan Wasko da Gama hakykatda baryp ýatan ganhor. Portugaliýanyň Hindistandaky ilkinji häkimi bolan Wasko da Gamanyñ buyrugy bilen söwda gämilerini eýelemäge çalşan 800 hindinin öldürilendigi taryhy çeşmelerde mälim edilýär. Gamanym eden işi munuñ bilen-de çäklenmeýär. Gama öldürilen adamlaryñ ellerini, aýaklaryny, gulaklaryny çuwallara salyp, ýanyna-da hat goşup gämi bilen portugallaryň sowgady hökmünde Kalkuttanyň soltanyna ýollapdyr. Wasko da Gama şeýle etmek bilen töwerekdäki döwletleriñ we soltanlyklaryñ gözüni gorkuzmak isläpdir. Ganhor Wasko da Gama entek-de taryh sapaklarynda beýik syýahatçy hökmünde öwrenilýär. Taryhyñ bu ýalñyşlygy, gynansak-da, nesilden-nesle geçip dur. Haşim SÖÝLEMEZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |