17:01 Döwür, adamlar, wakalar: Sergezdanlyk | |
SERGEZDANLYK
Ýatlamalar
Şu ýerde ýeri gelende, irki ýyllaryň häsiýetli aýratynlygynyň, haýsy tarapa çyksaň doga-tumar diýip, patadyr hatym diýip, pirdir muryda ýykyljak, öwlüýä zyýarat etjek diýip oba-oba gezip ýören aýallaryň biçak köp bolanlygyndan ybaratlygyny aýdasym gelýär. Elbetde, munuň özi Türkmenistan şertlerinde täze ykdysady syýasat döwründe musulman ruhanylarynyň ilatynyň arasynda ideologiki täsirini güýçlendirendiginiň aýdyň şaýady. Elbetde, şol wagtlar meseläniň bu tarapy dogrusynda pikir etmeýärdim. Men diňe, şol oba gezişligiň agramynyň özüm ýaly oglanlaryň üstüne düşýändigini aňlaýardym. Dogrudan-da, uly adamlaryň-a näme aglabasy aýalyny oba gezdirip ýör diýen ada galmak islemeýärdi, şoňa “namys” edýärdi. Ol wagtlar häzirki ýaly ädimiňi äden ýeriň maşyn bolubam durmaýardy. Ilat maşynyň nämediginem bilmeýärdi. Näme etmeli? Ýeke özlerin-ä iberip boljak däl. Jähennem, at arabaň bolsa, goş-da özüň ötägit. Ol “abraýly” ulag, il geň görüp durjak däl. Hany at-araba üýşüp durmy näme?! Eşek araba bir tap-da! Eşekli ibermekden başga çäre ýok. Emma ýolda-yzda eşege mümüp-düşmek, baran ýeriňde oňa ot-suw bermek, daňyp-çözmegem-ä gerekdir! Aýallar, aýratynam çagaly bolsa, bu zatlary başararmy?! Ýene şol “Näme etmeli?” diýen sowal! Aglaba halatlarda bu sowal elbetde, aýallaryň ýanyna ýaş-ýuş oglanlary goşup ibermek bilen çözülýärdi. Şeýle bolansoň haýsy ýola çyksaň diýen ýaly eşekli aýallaryň yzyndan ýa öňünden aýakýalaňaçdyr-u çepekli ýigdekçeleriň ýüzlerini sallap barýandyklaryny ýa-da garadere batyp ýegşerilip olary eşege mündürip durandyklaryny görmek bolýardy. Baran ýerlerinde bolsa ýaňky oglanyň ugruny ideýän kim! Neresse gabat gelen ýerde ýatyp-turup, bitläp-kirläp, aç-suwsuz diýen ýaly ýörmeli bolýardy. Men bu ýagdaýy öz başymdan geçirip görüpdim. Myrat daýymyň aýaly Bibinäzik daýzamyň ogly bolmaýardy. Bolany gyzdy. Bibinäzigiň asly Çöňürlidi. Üstesine-de şol ýerde keselbent dogany ýaşaýardy. Şonuň üçinem şol ýerdäki “Öwlüýäli depe” gonamçylygyna zyýarata gitgiçdi. Enem Myrat daýymyň haýyşyny ýykyp bilmän meni Bibinäzik daýzamyň ýanyna goşup ibererdi. Bibinäzigiň elinde gyzam bolýardy. Men olaryň ikisini eşege mündürip yzyna düşerdim. Ýigrimi kilometrlik çarkandak, çägelikdir şorluk, hyşalykdyr ýandaklyk, köprüsizdir güzersiz, egrem-bugram ýollary geçýänçäk halys itim çykardy. Ahyry sütünim süýnüp Bibinäzigiň syrkaw dogany Durdynazaryňka özümi atansoň şol bada duş gelen ýerde uklap galardym. Her baramyzda olarda döňrt-bäş gün bolardyk. Daýzamy gonamçylyga gatnadardym, öz eşegimize we myhman ýerimiziň mal-halynyň ot-çöpüne serederdim. Emma meniň ugruma seredýän adam ýokdy. Bu gezek Durdynazaryňkyda iki hepde bolduk. Gyşdy. Howa sowujakdy. Içeri hapady. Hemme kişi bir öýde ýatyp-turýardy. Ýuwunyp-ardynmaga mümkinçilik ýokdy. Ol öýde sabyn diýen zadyň ady-sory bolmazdy. Eşik çalşyrylmazdy. Men erbet kirledim. Bir gün daňdanlar turdum-da niredesiň Merjen diýip ýumlugaýdym. Bu indi 1924-nji ýylyň başlarydy. Bibinäzik daýzamy oba gezdirişim şonuň bilen tamam bolupdy. Dogry, birneme soňrak, 1925-1926-njy ýyllarda Şirinýaz daýymyň aýaly Bibi daýzamy birnäçe gezek oba gezdiripdim. Ýöne welin ol zyýarata däl-de, üçünji Garaýapda ýaşaýan gyzy Keýigiňkä gidýärdi. Özünem eşekli däl-de, daýymyň ýorga ýabysyna syrtlaşyp gidýärdik.. Ýorga ýaby diýende ýadyma düşýär. Irki wagtlar Mary obalarynyň ýollarynda ýorga ýabyly, egni şinelli bir adam köp duş gelerdi. Onuň ýanynda hemişe birdir-ikidir atly bolardy. Bu adama Jepbarberdi diýerdiler. Ol Mary jelegaýynda meşhur adamdy. • Jepbarberdi we başgalar Jepbarberdi ýigriminji ýyllaryň başlarynda Utamyş (Mary) raýon ispolkomynyň başlygydy. Özi Akýapda Bagaja obasynda oturardy. Jepbarberdi agajeträk, uzynak garaýagyz adamdy. Ol hemişe egni şinelli, başy gara silkme telpekli gezerdi. Jepbarberdi garyp dan bolan. Ol rewolýusiýadan has ozal dini mekdepde okap birneme sowat alypdyr. 1916-njy ýylda pälä gidipdir, soň ol gyzyl gwardiýa we Gyzyl Goşun hatarynda graždanlyk urşuna gatnaşyp, Sowet häkimiýetini goramak ugrunda göreşipdir. 1919-njy ýylda Kommunistik partiýanyň hataryna giripdir. Ol sypaýçylykly, emma sadadan gönümel adamdy. Jepbarberdi dogrusynda iliň arasynda her hili gyzykly hekaýatlar bolardy. Şol hekaýatlaryň birine görä ol ispolkomyň başlygy wagtynda Marynyň galla skladlaryndan obanyň aç ilatyna oblast ispolkomynyň bellän fondundan daşary galla goýberipdir. Bu barada Aşgabada habar ýetip, oblispolkomynyň jogapkär işgärlerinden biri Mara gelýär. Ol işgär ýerli ýagdaý bilen tanşyp, Jepbarberdiniň ýaňky hereketiniň sebäbine göz ýetirjek bolmagyň deregine turuwbaşdan oňa: “Jepbarberdi, sen şäkär dadarsyň!” diýip haýbat atyp ugrapdyr. Jepbarberdi aga näçe sypaýçylyk edip, ýagdaýy düşündirjek bolupdyr welin bolmandyr ol ýöne: “şäkär dadarsyň!” diýip eňip gidip otyr diýýär. Ahyry bolmansoň Jepbarberdi milisiýa naçalnigini çagyryp: “Hany, inim, Erlen, şuny bir äkit-de bas bakaly, şäkärini görübereris-dä” diýip buýruk beripdir. Ýene bir gezek Jepbarberdini Marynyň uly baýlaryndan biri öýüne çagyrýar. Ol baý her hili pyssy-pyjurlyk hem mekirlik edip, hökümete bermeli salgydyny bermän, batraklarynyň bolsa hakyny iýip ýören ekeni. Jepbarberdi muny bilse-de, ýaňky baýyň çakylygyna hiç bir ikirjiňsiz barypdyr. Baý Jepbarberdiniň öňünde hoz-zhozanak bolup hyzmat edipdir: dürli naharlar, arakdyr şerap, hatda tirýek naýynam goýupdyr. Jepbarberdi baýyň saçagyndan bir döwüm gury çöregi alyp, bir-iki käse çaý bilen çeýnäpdir-de, baýyň ýüzüne seredip: “Özüňiz ýaly ýigitler myhman çagyranda myzaýyk etmän gelýändiris. Duzdan uly bolmak bolmaz. Ynha duzuňyzy iýdik, bereket bersin. Ýöne myhmana özüňiziň datmaýan zatlaryňyzy hödürlemek nämä gerek!” diýip, beýlede duran arak çüýşesi bilen neşe naýyna bala ýylgyryp seredipdir. Soňra ýanyndaky jigidi Çota baka seredip, ýene şol sypaýçylyk äheňinde: “Inim, Çot, öň-soňy öz aýagymyz bilen gelipdiris, şu obada salgyt üzüş ýagdaýy nähilikä? Batraklaryň hemmesi bilen şertnama baglaşyldymyka? Şolaram bir göräýeli!” Diýipdir-de baý bilen hoşlaşyp, oba sowetiniňkä ugrapdyr. Elbetde, bu “sypaýçylykly” duýduryş ýaňky baýa urandan beter täsir edipdir. Ol alaçsyz “gönelip” salgydyny bermek bilen bolupdyr. Häzir häzirlerem käbir garry adamlar irki geçen wakalar dogrusynda gürrüň edenlerinde, “Jepbarberdiniň ispolkom bolan ýyllary” diýip ýatlaýarlar. Şol wagtlar Mary etrapynda döwlet hem jemgyýetçilik işleri boýunça meşhur adamlar milisiýa ugrundan Erlen, Çot, jenaýat agtaryş bölüminden Öwmat Berdiýew, magaryf ugrundan Muhammetguly Atahanow, aýallar hereketi boýunça Oguljemal, Ajap (ikisem Mülkurugdan) Bibijemal (Merjenden) bolardy. Molla Ysmaýyl belli aklawjydy. Çopan Garýagdy (Merjenden), Töre han hem-de Eesen uzyn (ikisem garaahmet) raýispolkomyň apparatynda işleýän sowatly adamlardy. Baýramaly Myradow (“Baýramaly agsak”) belli partiýa işgäri, Nurberdi Tekeliýew, Çeboksarow, Atabal Halnazarow dagy bolsa komsomol işgäridiler. • Aman saçly, Mülli tow Soltanýaz (Baý) obaly Aman saçly we merjenli Mülli tow milisiýa işgärleriniň belliräkleridi. Aman Mädireýim ogly ýognasdan deşli garaýagyz adamdy. Daşyndan göräýmäge ol hyrsyz ýalydy, saçy gazak telpeginiň maňlaýyndan hüžžerip çykar durardy. Emma adamkärçilikli hem sadady, nähak zat etmezdi. Ýürekli adamdy. Ony uly il gowy görerdi. Mülli tow keltejik arrygrak adamdy. Özem baýdy. Hemişe üç-dört adamlyk düýesi bolardy. Batrak saklardy. Müllini ilat halamazdy. Sebäbi ol degsinjik ýaly hemme zada sokulardy. Eli hemişe dürre gamçylydy. Ýöne mesawy gürrüňde-de sesi eşidilmeýän ýaly gygyryp, gamçysyny galgadyp geplärdi. Gulluk wezipesinden peýdalanyp, nähakdan adam urubermekdenem çekinmezdi. Bir gezek onuň günortanlar çolalyk wagty, obanyň çetindäki noburyň güzeriniň ýanynda bir gartaň adamyny erbet uranyny gözüm bilen gördüm. Biz üç-ödrt oglan bolup güzeriň başynda durduk. Birden iki sany adam biziň duşumyzdan ylgap geçdi-de, demir ýoluň üstünden gara görnüm ýerden barýan adama baka okduryldylar. Bir salymdan soň ony tutup, güzeriň ýanyna getirdiler. Bir görsek beýleräkde Mülli towam dur. Ýaňkyny onuň eline berdiler. Mülli gykylyklap agzyndan gelenini porsap durşuna dürre gamçy bilen ýaňky bendäniň duş gelen ýerine, çüzüne-gözüne, kellesine, injiklerine saýgylap başlady. Ol adam çydap bilmän ýere ýykylyp, Mülli towa ýalbarýardy. Emma Mülli hasam gazaba münüp, öňküdenem beter saýgylap-saýgylap, depip-depip onuň tultukly suwuny çykaryp gitdi. Görüp otursak, ýaňky adam Mülli towuň öňki batragy eken. Olaryň arasynda bir wagtdan galan algy-bergi hasaplary bar ekeni. Mülli tow ony “bergiňi bereňok” diýip urupdyr. Ýaňky bendäniň Mülliniň öňünde dyza çöküp zarynlap ýalbaryşy, Mülliniň bolsa ýüzüne, kellesine dürre bilen şarpyldadyp-şarpyldadyp urşy meniň gözümiň öňünden ömür gidenok. Adam-a däl, hatda mal-halam şeýdip urmaga eliň brjak däl. Elbetde, Mülli tow beýle “batyrlygy” ýerini bilip edýärdi. Şol wagt ýaňky ýerde onuň iki sany ýalçysyndan başga gaýtawul berer ýaly erkek adam ýokdy. Galanlary kileň aýal, oglan-uşakdy. Biz – çagalar şol bolşa şrän agyr hesret çekip aglaşýardyk. Iki-üç sany ýaş aýal bolsa beýleräkde ýaşmaklarynyň aşagyndan pyşyrdaşyp gargynýardylar, başga edip bilýän zatlary ýokdy. Müllä-de geregi şoldy, sebäbi onuň “batyrlygy” ejize ganymlykdan başga zat däldi. Hakykatda bolsa ol “ötli-gaýratly” adam däldi. Oba jalataýy Sepil onuň işigine baryp: “Mülli tow, gaýratyň bolsa daşary çyk!” diýip gygyryp duranda-da Mülliniň özüniňem, neberesiniňem sesi çykmaýardy. Soňabaka Mülli azgynlyga-da ýüz urup başlady. Kanuny bozup öňki aýalynyň üstüne ikinjisini aldy, bolar-bolmaz bilen sataşdy. Ony işden aýyrdylar. Barha pese düşüp, hor-homsy boldy. • Körmolla Ýigriminji ýyllaryň başlarynda Mary etrapynda köp görünýän adamlaryň birem gözi şully goşguçydy. Onuň asly Horezm türkmenlerinden bolup, Sakarçäge töwereginde ýaşaýarmyş diýerdiler. Ol şol wagtlar elli töweregindedi. Selçeňden uzyn, duw-ak sakally deşli adamdy. Oba-oba aýlanyp gezerdi. Gös-göni gedaýçylyk etmese-de mätäçlik çekýäni görnüp durdy. Egin-eşigi ugursyzdy. Ol baran ýerinde her bir mesele, waka barada ýa-da belli bir adam hakynda derrew goşgy goşup bilýärdi. Ýöne onuň hemme ýerde aýdýa goşgularam bardy. “Göle dawasy” we “Çaý” goşgulary has gyzyklydy. “Göle dawasynda” şeýle sözler aýdylýardy: Dawa ula gitdi, ony açmaly! Başarmadyk ýeňse berip gaçmaly... Diwanlarmyz geldi ýeke-ýekeden, Wekil geldi kyrk müň öýli tekeden. Gulburun meňki diýip tutdy ýakadan, Göläniň dawasyn aç Çotan arçyn. Göläni çekdiler şorluk düz bilen, Boýnunda doga bag, kömür, duz bilen. Gulburuny basyp bolmaz söz bilen, Göläniň dawasyn aç Çotan arçyn. Günaşadan çagyrdylar diwany, Göl meňki diýip saldy dawany. Gulburunyň hiç barmyka imany, Göläniň dawasyn aç Çotan arçyn. Ilat bu goşgulary ýat tutardy. Biz – çagalar goşguçynyň agzyna aňkaryp, yzyna düşerdik. Soňra gezen ýerlerimiz “Çaý... çaý... şire çaý...” ýa-da “Göläniň dawasyna Gulburun belet...” diýip hiňlener ýörerdik. Soň-soňlar görüp otursam, ýaňky goşguçy meşhur Körmolla bolup çykdy. • Gulburun we şoňa meňzeşler Gulburun burny gargaňky ýaly uzyndan egri, orta boýly, garaýagyz adamdy. Ýerligi gara gökje, oturymy Perreň çägedi. Ol garždanlyk urşy ýyllarynda iliň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, “uly” ogry, “ökde” aferist hökmünde tanalýardy. Käbirt işigaýdanlar bolsa onuň girbisine düşüp, bir ösý bilen sypýançalar şoňa “şägirtlik” edýärdiler. Olaryň “gazananynyň” köp bölegi Gulburunyň holtumyna girýärdi. Ol ýaňky giren girdejileri “ugruny tapyp” harçlaýardy, bermeli ýerlerini girýärdi, seretmeli ýüzlere, gyssyrmaly ellere beletdi, kimi hezzetläp öýe çagyrmalydygyna türgendi, kimi götinogry tutmaly, kimi gorkuzmaly, kime ýalbarmaly... bu zatlara ökdedi. Kesbini “kämilleşdirmekde” onuň filosofiýasy şeýledi: öldürselerem boýnuňa alma, sypmak üçin hiç zatdan gaýtma, ýalan sözle, tutan niýetiňe ýetmek üçin hemaýaty deger öýtseň, ýigrenýän bolsa-da öňünde ýallaklaber... Gulburun aldamagy, gözüňe bakyp ýalan sözlemegi eşekden palan aýrança-da görmezdi. Megerem biawara biri oňa näme ýalan sözleýärsiň diýäýse-de, onuň ýüzi gyzmazdy, utanmazdy, gaýtam: “Bolmasa eklenç aňsat däl” diýip gülerdi. Kesbine şeýle ökdeläni üçin, ilat arasynda onuň “abraýy” artyp, soňabaka galyň bende düýesini, ýabysyny, eşegini, sygryny ýitirse ýa-da ogurlatsa başga ýol ýokdur. Gulburun “kömek” edäýmese ugur galan däldir diýip, oňa ýüz tutmaly bolýardy. Boýy iki ýarym metr töweregi bolan äpet Anzar jarçy Mary bazarynda gezmeläp: “Geçen şemmi güni Hojaýapdan bir inen gök bugurçy ýitdi-le hawa! Ikiýaşar, burnaklanan, çep budy tagmalydyr-la haw! Düýnki bazar güni Gökjeden bir sary göle ýitdi, özi öküzçe, buldurçyn ýaly semiz, şony tapanyň iki million baýragy bardyr-la haw!.. haw!..” diýip jar çekip ýören pursatynda, bazaryň orta gürpürägindäki Hallynyň çaýhanasynda märekä kyssa aýdyp berip oturan Körmolla ýaňky ses gelýän tarapa gulagyny gabardyp: - Anzaryň millionnam Gulburun “içsin”, Göläň dawasynam Gulburun çöşsün - diýip, sanap oturan kyssasynyň arasyna suňşuryp goýbererdi. Gulburun graždanlyk urşy gutaryp, Sowet häkimiýeti ýerlerde tertip-düzgüni berk ýola goýmaga, ilatyň durmuşyny asudalykda düzetmäge ymykly girişip başlandan soň, özüniň öňki ökde kesbinden “el çekip”, “täze” hünäre başlamaga mejbur boldy. Şol wagtlar onuň ýaşy elli töweregindedi. “Saglygym erbet, onsoňam “gartaşypdyryn” diýen bahana bilen ýerini ekerine berip, bibazar günleri obada jerçilik ederdi. Marynyň “uzyn” we “gysga” bazar günleri bolsa eşek jellapçylygyny ederdi. Mary etraplaryna belli “gulburunlar” başga-da ýok däldi. Olaryň biri Soltukdy. Ol uly ýaby jellabydy. Onuň Marynyň birentek ýerlerini, Baýramalyny, Türkmengalany, Ýolöteni gezip ýaby alyş-çalşygyny guraýan “wekilleri” bar diýerdiler. Peýda ugrunda, pul ugrunda Soltuk zatdan gaýdanok, ýalan-ýaşyryk sözlemegi, aldamagy hiç zatça görenok diýerdiler. Ol pyssy-pyjurlyklaryň üsti bilen ol doýup galypdyr. Solty “öz hasabyna” uly baýraklar guraýardy. Anzar jarçy Mary bazarynda “Ilat eşitmedim diýmegin haw, indiki juma güni Perreň çägesinde Soltuk baýrak berýändir-le haw, atlaryňyzy ykjam seýisläweriň haw” diýip gygyrardy. Soltuk şeýdip, hem-ä haram baýlygyny artdyrardy hem-de ilatyň arasynda “abraý gazanardy”. Ýaňky “gulburunlaryň” ýene birem sakarçägeli Bähremdi. Bährem düýe jellaplygyny edýärdi. Olam öz bet kärine Soltukdan pes däldi. Gulburundyr Soltuk we Bährem ýalylar diňe bir dellallyk hem jellaplyk bilenem oňman, şol wagtlar Mary bazaryna owganlaryň getirýän goýunlaryndanam ýetişibildiginden lomaýja ogurlaýar ekenler. Munuň üçin olar Owganystandan gelýän goýun sürüleriniň geçýän ýollaryndaky köprüleriň aşagynda ýörite goýun tutmaga “ökde” adamlary “sakçy” goýar ekenler. Dogrudan-da, şol wagtlar, ýagny täze ykdysady syýasat (NEP) döwründe her bazar güni irden Merjeniň ýanyndanam şähere baka sürisüri owgan goýunlary geçerdi. Goýunlaryň köpüsi kürti goýundy. Goýun sürüp gelýän owganlaryň aýak ulaglary bolsa aglaba kiçijik gandahar eşegidi. Mütgel köýnegi dyzyna düşüp ýatan ak selleli owgan ýaňky eşegiň üstünde aýagyny ýerden süýräp gelýändir. Jumma “mes” Owganlaryň goýunlaryny köpriniň aşagynda ýatyp ogurlaýanlar Merjende hem bardy. Şolaryň biri Jumma mesdi. Oňa “mes” lakamy neşekeşligi sebäpli galypdyr. Jumma şol wagtlar Eýranda-da arkaýyn gider geler durarmyş, hatda käte ol ýerde birnäçe aýlap bolubam gelermiş diýerdiler. Jumma oba gelende adamlar onuň agasy Saparyňka ýygnanyşýardylar. Ol hemişe sözüni: “Eýranda-a-a” diýip başlardy-da, Maşat, Gyzyl ymam barada uzak gürrüň ederdi. Ine şol Jumma bir gün biziň işigimizde bir kürti goýny idirdikledip getirdi-de: “Hesel eje, ynha jigijiklerime huruşlyk getirdim, nirede daňaýyn ýa häzir soýup bereýinmi?” diýdi. Enem içerden boýnuny uzadyp Jummanyň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi. Soňra: “Jumma, hanym, biziň üçin arrygyňy gynama. Biz ogurlyk zady iýenimizden aç ölenimizi gowy göreris. Hudaýa şükür, häli-häzir-ä zar zadymyz ýok. Etseň-ä, gowusy, özüňem iýme, bereket tapmarsyň. Il bendäň zadyny özüne eltip ber!” diýip yzyna dolandy. Jumma hiç bir zat bolmadyk ýaly: “Wiý, Hesel ejäň aýdýanyny, bu owganlaň malyny almaýan barmy, bäşini-onuny alanyň bilen olaň kürtüsi azalyp duranok ahyryn!” diýip gülümsiredi. Enem: “Beýle bolsa onam özüňiz alaýyň, belki size ogurlyk mal düşýändir, bolmanda-da sizde şeýle mal az däl. Bize-hä şonuň geregi ýok. Ýöne gözüňi gapjagyny bilip goýgun!” diýdi-de, işigi ýapdy. Jumma kürtüsini süýräp, alaçsyz gitmeli boldy. Mämmetdurdy ANNAGURDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||