13:17 Döwür, adamlar, wakalar: Toý-tomaşalar, ýasdyr ölüm-ýitim | |
TOÝ-TOMAŞALAR
Ýatlamalar
Toýlaryň iň ulusy we gyzyklysy gelnaljy toýy bolardy. Gelnalja gatnaşmalydygyny her kim özüne uly kemlik bilerdi. Şonda ulagyň bolmasa ulag dilemek, eşigiň bolmasa eşikdir şaý-sep dilemek aýyp hasap edilmezdi. Juda bolmanda jotda eşegiň boýnuna atgulak dakyp eňiberseňem geň görjek adam ýokdy. A gelnaljy garşylanşy, ýeňse darty;yşydyr kürte “ýyrtylyşy”, palas çekilişidir işik ýapy;yşy, gelin dolanylyşy, çelpek syrylyşydyr atbaşçy çapylyşy, ädik çykarylyşydyr süýji suw we ýene-ýeneler. Garaz, sanasaň sogaby köp. Harman toýy, ogul toýy, gulpak toýy (ilkinji saç syrdyrylanda) we ş.m. häli-şindi bolar durardy. Emma olaryň her haýysynyň özüne mahsus märekesi bolardy. Meselem, gulpak toýunda bolsa epeý adamlar üýşüp durmazdy • ÝASDYR ÖLÜM-ÝITIM Obada ýasdyr ölüm-ýitim mynasybetli üýşülýän wagtam bolýardy. Onuň ýaly üýşmeleňe oglan-uşakdyr ýaş-ýuşlar gatnaşyp durmazdy. Her öýüň ýaşulysy ýa-da ataň-eneň barsa bolýardy. Öýde uly erkek adam bolmasa, garaz, bir erkek göbekli barsa kem görülmezdi. Şonuň üçinem men heniz has ýaşkam iki gezek gölegçilige gatnaşanym ýadyma düşýär. Birinde “Hojaabdylla” gitdik, beýlekisinde bolsa “Molla Melä” gitdik. Gölegçiniň örän çalt hereket edýändigini, dogrusy ýetişibildiginden ylgaýandygyny men şonda görüpdim. Arabakeş ýabyny näçe saýgylasa-da, biziň münüp oturan arabamyz gölegçiniň yzyna zordan eýerýärdi. Şol ylgawuny ýazman barşyna tabydy göterip barýanlar häli-şindi çalşar durardy: arabadakylar düşüp tabyda bakan ylgardylar, olaryň ýerine bolsa ýadawlar münüp dem-dynç alardylar. Uzak ýolda gölegçiniň dyzamaç hereketini diňe şeýdip üpjün etmek mümkindi. “Hojaabdylla” otuz werst töweregi, “Molla Mele” on bäş werst töweregi bardy. Gölegçi bir-ä ugranda ses edip ugrar ekeni, birem gelende ses edip ýykylar ekeni. Ses etmäge gölegçileriň uly-kiçi hemmesi gatnaşmalydy. Jynaza okamaga bolsa ýaşlar köp gatnaşman, beýleräkde duruberýärdi. Aýallar jynaza-da, gölegçä-de gatnaşmazdy. Olaryň gartaňraklar-a çaý-çörekdir biş-düş bilen, ýuwusgadyr namazlyk bilen meşgullanardy. Merhumyň ýakyn naçarlary ýürekden sese ederdi. Käbir aýallar öz ölüsiniň agysyny aglardy. Käsi bolsa ýalandan aglardy. Birinji gezek gölegçiden gaýdyp gelenimizde men ýas ýerine barman, arabadan düşüp, öýümize sowulyp galdym. Emma ikinji gezekde gelşiksiz ýagdaý boldy. Gölegçileriň ählisi gelen batlaryna ýas öýüniň işiginde ýazylan düşekleriň üstüne, iki ellerini ýüzlerine tutup: “Waý, dogan ow-w-w” diýip ýüzün ýykylyp ses etmäge başladylar. Biz bolsak iki oglan bolup (ýanymdakynyň kimdigi anyk ýadymda ýok, ýöne Ezizmikä ýa Jumamyka diýip durun) bu boluşa haýran galyp, näme etjegimizi bilmän, gölegçileriň edil orta gürpünde biri-birimiziň ýüzümize seredişip duruberdik. Şol barmana ortaky düşekde birnäçe ýaşulynyň arasynda oturan Ylgaw mollanyň bize baka elini gaharly daldalap, “ýüzün düşüň!” diýen alamatyna gözümiz düşüp, aşak oturdyk-da, ýüzümizi ýere goýup, aşaklykdan biri-birimize seredişip başladyk. Onýança gapdalymyzdaky kimdir biriniň “indi turuň ahyryn!” diýen sesini eşidip, ýerimizden zöwwe galsak, Ylgaw molla ýüzüni aşak salyp aýat okap otyr, gölegçiler bolsa ellerini ýüzlerine ýakynlaşdyryp, çöke düşüp omyn etmäge taýýarlanyp otyrlar. Bizem derrew çöke düşdük-de, şolaryň bolup oturyşy ýaly edip oturdyk... Ine, şol meniň gölegçä gidenimiň iň soňky gezegi boldy. Şol ýyl şähere okuwa gaýdanymdan soň, gölegçilige duş gelmedim. Özünem şu ýerdäki “duş gelmedim” sözüni dogry manysynda, ýagny oba seýrek barýardym, obada kän bolmaýardym diýen manyda ulanýaryn. Bolmasa, ol sözi başga tarapa çekip, gölegçä gatnaşmak isleýärdim welin, arman ýöne gabat gelmeýärdim diýen manyda hem düşünmek mümkin. Muny men ýöne ýerden aýdamok. Hut şeýle zady isläp ýören, şony özüne kesp edinen niýetikaza gabat gelemsoň aýdýaryn... Bu şeýle bolupdy. 1937-nji ýylyň ýazydy. Men Mary şäherinde oba hojalyk rabfagynda mugallymçylyk edýärdim hem-de maşgalalarym bilen rabfagyň jaýynda ýaşaýardym. Iki ýaşlyja ylgap ýören gyzym bardy. Bir gün irden aýalymyň atasy öýünden gelip aýalym bilen ýaňkyja gyzymy gezmäage oba alyp gitdiler. Olar Mülkuçurug obasynyň “Zarpçy” kolhozynda ýaşaýardylar. Çagalar oba ugradylar, menem klasa sapaga girdim. Dördünji sapagy gutaryp çyksam, maňa bir atly garaşyp dur. Oň ýaňkyja Gülnabatjygyň hörezek (difteriýa) keselinden bogulyp ölendigini, ony araba salyp meniň obama, Merjene äkidendiklerini habar berdi. Men bir hili aňk-taňk bolup töweregime garasam, ýanymdaky mugallymlaryň biri şeýle keseliň bardygyny, çagany salymyny bermän alýandygyny aýtdy. Okuwymy gutaryp oba çykdym. Barsam gyzy obanyň içindäki “Mollabeki” gonamçylygynda jaýlapdyrlar. Agşamara garyndaşlarymyz, ýakyn töwereklerimiz ýygnandylar. Şol barmana Magtym karam süssenekläp geldi. Ol saçagyň başynda çöke düşüp oturdy-da, aýat okady. Amanlyk-saglyk soraşdy. Soňra maňa öwrülibräk: “Hä, gyrnajygam şeýle bolaýypdyr, öwez ogluny bersin, öz başyňyz sag bolsun” diýdi-de, yzyndanam “Hawa, ýaňy gelip eşitdim, Akýaba gidipdim, bolup bilmändirin. Jynazany Pygy beg okapdyr diýdiler. Enşalla, indikide özüm okaýaryn” diýen sözleri suňşuryp goýberdi. Elbetde, şol halatda oturan adamlaryň ýagdaýyny göz öňüne getirmek kyn däl. Olaryň hemmesi näme diýjeklerini bilmän, ýüzlerini aşak salyp dymdylar. Güljegiňem, aglajagyňam biler ýalyb bolmady. Diňe Rejep aga: “Häý, magtym niýetikaza, ýagşam bir geplediň-ow?!” diýip, meň ýüzüme çalaja sereden ýaly etdi-de, dymyp oturyberdi. Dymyşlyk ep-esli wagta çekdi. Diňe kary käte-käte ýüzüni sypalap burnuny çekýär. Başga bir adamdan seda çykanok. Teý ahyry bolmansoň Baýly kakam: “Aý, ony erbet manyda aýdýan däldir-le” diýip sypaýyçylyk etdi-de, “Magtym aga, ýene bir aýat okaň!” diýen boldy. Oňa-da geregi şody. Ol ýüregedüşgünç uzak bir aýata başlady. Gutaransoň, “Hawa, yzy ýarasyn, galanlaryňyza saglyk bersin. Bolýar, sag oturyň” diýip, ýerinden gobsunjak bolanda Baýly kakam onuň eline on-ýigrimi manat gysdyrdy. Magtym ýerinden turup, “taňryýalkasyn, hudaýdan gaýtsyn” diýdi-de, çykyp gitdi. Ony iýdip äkidenlerinden soň Rejep: “Ol deýýusa geregi şol ahyryn”. Häh, Baýmuhammet oňarmadyň. Oňa zat bermeli däldiň. Beýle etjegiňizi bilse, ol günde biriňiz ölüň diýibem dileg eder. Aslynda neresse çaga üýtgände jynaza okalmaýandygyny ol bizden gowy bilýär ahyryn. Ýöne gara nebsini öňe sürüp şonam unudypdyr. Onuň pikiri-zikiri holtumy. Şonu endik edinipdir “Molla ölini söýer” diýen nakyk örän rast aýdylypdyr diýip tukatlanyp oturdy. • Aýat dawasy Myrat daýym iliň toýuny-ýasyny sypdyrman barardy, il deňinde omyn edip, töwwirem galdyrardy. Emma özi hiç wagt aýat-doga okamazdy. Käbir adamlaryň “okyşyna” bolsa ýylgyrar oturardy enem Myrat daýymyň bu häsiýetini ýigrenerdi, öz ýüzüne göni aýdardy. Şunuň bilen baglanyşykly bir waka ýadyma düşýär. takyk hakydamda ýok welin, 1923-nji ýylda ýa-da 1924-nji ýylmyka diýýärin beşşi (Beşer) begiň aýal dogany Hurmanyň adamsy Şabasan aradn çykypdyr diýip habar gelipdi. Näme-de bolsa biziňkiler onuň patasyna ýylysy bilen gidip bilmändirler Şabasanlar gaýra ýüzünde çarlakýap obasynyň guma aralaşan ýerinde oturýardy. Olar köp maddy baýdylar. Ana şonda Myrat daýym günde-günaşa diýen ýaly enemiň ýanyna gelip: “Hesel eje, Hurma ýegenlere bir baryp gaýdalyň-da, bolmasa wagt geçip barýar” diýip özelener oturardy. Onuň bu bolşy enemiň ýüregine düşüp, ol ahyry: “Bolýar, Myrat, baryp gaýdalyň. Ýöne seniň gaýgyň Şabasanyň öleni däldir-le, sen garnyňy sygnamaga gitjeksiň. Baryp aýat okamajagyňy, ýasyň çykmajagyny bilýän-le!” diýip Myradyň ýüzüne seretdi. Myrat daýym pahyryň ýüzi boz-ýaz bolup gitdi. Emma gaty-gaýrym zat diýmän, ýöne: “Hesel eje, ölüm-ýitime menem gynanman-a duramok welin, nädeýin-dä, bolanok, ýylgyranymy duýman galaýýan” diýdi. Dogrudanam, birnäçe günden soň biziňkiler bir topar aýal oglan-uşaklaram alyp, eşekli-düýeli Çarlakýaba pata gitdiler. Baran ýerimizde aýat hemişe Galabegi kakam ýa Myssap daýym okady. Hiç wagtam bir aýat okap ýörmeýän Molla kakam bilen Baýly kakam-a bir gezegem okamadylar. Myrat daýym bolsa birsyhly ýüzüni eýläk-beýläk sowup, aýratynam Myssap daýym okanda gülküsini zordan saklap oturýardy. Ol gaýdyşynymyz bolsa ýolda: “Ýeri, Hesel eje, nädip gülmejek, Myssabam aýat okaýar. Hiý ýekeje sözi bir eşitdirip aýdyp bilýärmi! Galabegiňki başga gep, ol bilýär. Myssap ýöne içinden san sanaýar. Hemmäňizem şoňa “omyn alla-da-omyn alla” boluşyp el galdyrýarsyňyz. Eýsem nädogrumy näme?” diýip Myssap daýyma garap ha-ha-haýlap gülýärdi. Myssap daýym bolsa ýylgyryp: “Ýeri indi muňa näme diýjek! Öz-ä okanok, okana-da müňkürlik edýär. meniň näme okaýanymy hudaý eşidýär ahyryn, sen eşirtmände näme! Sen dinsiz ahyry, saňa eşitdirtmejek bolup içimden okaýaryn, sen ýok ýeriňde hemişe daşymdan okaýaryn!” diýýärdi-de şyg-şyg edip gülýärdi. Iki doganyň bu “dawasyna” hemmeler ýylgyryşýardylar. Ýöne enem käte: “Myssapguly, beý diýmäweri, Myrat, seniňem hanym, bu bolşuň bolanok. Aýat-töwwir bir parzdyr, okasaň sogap bor!” diýip olara ýüzlenerdi Şonda Myrat daýym ýene-de gülerdi-de: “Hesel eje, ol sogaby Myssap maňa ýetirer ýaly dwl belli!” diýerdi. Ýerri gelende aýtsam, ýaňky patada Berdi Kerbabaýewem bardy. Men ony ilkinji gezek şonda görüpdim. Ol Şabasanyň giýewsi ekeni. Onuň aýaly Durdygözele, ýagny Şabasanyň gyzyna biziňkiler “ýegençi” diýip ýüzlenýärdiler. • Myssap daýymyň “dindarlygy” Myssap daýym hem din ugrunda ylgap ýören namazhon adam däldi. Aýatdyr töwwir sürelerini oňat bilmezdi. Ýöne ol iliň arasynda dowam edip gelýän däpdir adatyň formasyny ýeri gelende berjaý edýärdi. Käte şol formany birhili özboluşly hereketleri bilen üýtgetmänem durmazdy. Bu barada şeýle waka ýadyma düşýär. 1935-nji ýylyň dekabrydy. Men Mara, şonuň öň ýanynda demgysma keselinden aradan çykan Molla kakamyň ýerine gelipdim. Howa sowukdy, ýerde gan bardy. Agşamaralar Molla kakamyň tamynyň içinde köpçülik bolup otrydyk. Jaýda demir peç ýanyp durdy. Birden daşarda ulag aýagynyň sesi eşidilen ýaly boldy. Kimdir biri daşary çykdy. Bir salymdan soň Myssap daýym içerik girdi. Onuň eňeginiň aşagyndan telpeginiň üsti bilen aýlanyň daňylan ýaglyk gar basyp doňupdyr, sakgal-murtlaryndan inçejik buz turbajyklary sallanyşyp dur, ýüzi zordan görünýär. Elinde horjun. Oturan adamlar derrew eýläk-beýläk süýşüşip oňa ýokardan, düşegiň üstünden pejiň ýanyndan ýer görkezdiler. Emma Myssap ol ýere geçmän, horjunyny pejiň başynda oturan Miwe gelnejeme baka uzadyp, edil iç işikde ýalaňaç ýerde pejiň ýanynda dik oturdy-da, jaýdaky oturan ýedi-sekiz adamyň her biri bilen ýeke-ýekeden, hiç kimiň adyny tutmazdan, ýöne “amanmy, amanmy?” diýip salamlaşyp çykdy. Soňra pejiň ýanynda oturan Miwe gelnejem bilen Annasoltan gelnejemiň ýüzlerini aşak salyp aglaşyp oturanlaryny görse-de, olara baka: “Miwe, hany Molla, Annasoltan, hany Molla?!” diýip soragly göz bilen garady. Diňe şondan soň birhili naýynjar ses bilen: “Molla ýok, Molla ölüpdir... hi-hi-hi-hi” diýip ýuwaşja aglap başlady. Onýança ýyly ýetip eräp başlan gardyr buz onuň ýüzünden-gözünden, boýunlaryndan syrygyp akyp ugrady. Myssap: “Be, be” diýip laňňa ýerinden galdy-da, guşagyny çözdi, telpegini çykardy, işige baka öwrülip kakyşdyrdy. Diňe şondan soň başdaky görkezilen ýere geçdi-de telpegini geýip pyşyrdap aýat okamaga başlady. Aýat dört-bäş minuda çekdi. Emma “Alla hekber” bilen “omyndan” başga ýekeje sözem eşidilmedi. Aýat okalyp bolandan soň Myssap daýym ýene hemmämiz bilen ýeke-ýekeden, indi atlarymyzy tutup salamlaşyp çykdy. Diňe şondan soň: “Hawa, hut Mollaň şeýle bolanyny düýnki bazar güni eşitdim. Hut eşeklije gaýdyberdim” diýip mälim etdi. Myssap daýym şol wagtlar Türkmengalanyň Döwlet obasynda ýaşaýardy. Ýaşy altmyşa golaý baran adamyň şol sowukda elli kilometr töweregi uzak ýol söküp gelmegi, onuň bolmanda-da hemmeler tarapyndan ykrar edilen belent adamkärçiligini ýene bir ýola aýdyň görkezýärdi. Emma... Emma adam pahyr-da. Her kimiň bir kemçiligi, gowşak tarapy bolýa-da! Bolmasa Myssap daýyma ýaňky ýasama hereketleriň nämä geregi bardy! Men ýaňky jaýda otyrkam ine şol zatlar barada pikir edýärdim. Hem agym gelýärdi, hem gülkim tutýardy. Şondan on iki ýyl ozal Çarlakýap ýolunda bolan gürrüň, bireýýäm aradan çykan enem, Myrat daýym, Galabegi kakam we başgalar ýadyma düşüp, dünýäniö gerdişi, adamyň ömrüniň juda gysgadygy barada oýa çümýärdim. Hawa, şondan soň iki ýylam geçmänkä, 1937-nji ýylyň ýazynda Myssap daýym düwünme (rak) keselinden aradan çykdy. Emma ol ölmezinden üç-dört aý ozal Mary şäherinde bir aý töweregi keselhanada ýatyp çykansoň iki hepde töweregi meniň öýümde bolupdy. Şol ýyllar ilkinji sowet radiopriýomnikleri köpçülikleýin çykyp ugrapdy. Meniň öýümde “CИ-35” kysymly priýomnik gurlup, örän sazam işleýärdi. Myssap daýym şony diňläp sagatlap oturýardy. “Bir agaç gapyrjagyň” ähli dünýäden habar berip durşy oňa örän uly täsir edýärdi. Sowet häkimiýeti guralandan soň sähelçe wagtyň içinde bolan üýtgeşikliklere haýran galýandygyny aýdardy. Käte bolsa: “Ýegen diýýän-ä, hut şunupň özi, bolşewigiň ähli aýdýan zatlary dogry gelip gidip otyr. Hut şunuň özi, onuň hudaý ýok diýýänem dogry ýaly bolup barýan ýaly” diýip, hakyky durmuşyň gutulgysyz täsiri bilen, ömürboýy şübhelenmän gelen dini ygtykaty barada ikijiňlenýändigini duýdurýardy. Dogrudan-da, bu ýerde hiç hili galdyr bussurlyk ýokdy. Myssap daýym tüýs ýüregindäkijäni aýdýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |