20:54 Döwür, adamlar, wakalar: Garyndaşlar we hemaýatgärler | |
GARYNDAŞLAR we HEMAÝATGÄRLER
Ýatlamalar
Merjen obasynyň başgaça “Merjenli perreň”, “Begli perreň” hem diýlip atlandyrylmagy, türkmeniň urug-tire bölünişigi bilen bagly bolsa gerek. Merjen ilatynyň aglabasy özüni perreň gabylasyndan diýip hasap edýärdi. Ýöne Merjen perreňleriň özleri-de “ak-ýasawul” we “beg-onbegi” diýen esasy iki bölege bölünýärdi. Meniň ata-babalarym “beg-onbegi” böleginden ekeni. Merjen o diýen uly oba däldi. 1920-nji ýylyň ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä onda jemi 120 töweregi hojalyk bolup, ilatynyň sany 500 gowrakdy. Hojalyk sany boýunça-da, ilat sany boýunça-da ak-ýasawul beg-onbegiden köpdi. Sebäbi “beg-onbeginiň” onbegi böleginiň aglabasy sömennik sugtusynda oturýardy. Emma obada şol esasy iki bölekden başga maýda: “Çetran” (gyrak-çet manysynda) we “aglak” (azlyk, dagynyk manysynda) bölekleri hem-de seýitler-işanlar bolup, olaryň üçüsi-de özlerini beg-onbegä sanany üçin, umuman alnanda, iksiiniň hojalyk we ilat sany deňeçirräk bolýardy. Ozal aýdylyşy ýaly, Merjende hem biziň ýakyn garyndaşymyz ýokdy. Aslymyz beg-onbegiden bolsa-da, olar bize dört-bäş arka öwrülen adybir garyndaşdy. Biz Tejenden Mara göçüp gelenimizde biziň garyndaşlarymyz şulardy: uzyn hataryň gündogaryndan başlap, günbataryna baka – Ýahýa bilen Mater, Isgender bilen Geldi, Myrat, Myssap, Pyşşyk, Ýaýlym, Nuralydyr Myrat (Mütdük) bilen Nazar, Galabegi, Baýly, Molla, Bähbit. Ilerki (kiçi) hatarda – Berdi bilen Muhammetgurban, Aly, Sapar. Has ilerde oturan – Jumanazar (Jumur) bilen onuň ogly Hallygylyç. Elbetde, biziň iň ýakyn garyndaşlarymyz kakamyň ozal agzalan aýal doganlary Akgül, Ogsoltan hem Annagüldi. Emma enemiň aýdyşy ýaly, olar kişi maşgalalarydy, ýagny öz maşgalalary bardy, aladalary ýetikdi. Üstesine-de, ýokarda aýdylyşy ýaly Annagül ejemiň özi kömege mätäçdi. Akgül ejemler juda garypdy. Bize azda-köpde göz-gulak edip bilýän Ogsoltan ejemdi. Ýaňky sanalan garyndaşlarymyzyň arasynda bolsa bize ýakyn hossarlyk edenler Molla hem Myssapdy. Tejenden göçüp gelenimizden soň, biziň öýmüziň Mollanyň (Akmuhammediň) öýüniň gapdalyndan dikilendigini ozal aýdypdym. Ine şondan soň tä kemala gelýänçäk, bize yzyny üzmän garaşyk edip duran şol Molla boldy. Biz oňa Molla kaka diýerdik. Onuň degerli maddy hem-de ruhy goldawyny her günde, her sagatda duýup durýardyk. Hatda ol biziň – kuwwatdan giden naçar garrynyň, neresse çagalygynda dökülip galan iki ýetimiň – suwumyzy özi getirip, işigimiziň garyny artyp, serpigimizi açyp, tamdyr odunymyzy özi eltip bererdi. Alada sanardan köpdi. Ýöne şonda hem onuň bize bize bir gezek-de ýüzüni çytyp garanyny görmedik. Emma Molla kakamyň aladasy ýeke biz däldik. Onuň bütin ömri alada bilen, hatda dramatik bir ýagdaýda geçipdi. Molla kakam üç doganyň biridi (ulusydy). Onuň ortanjy dogany Orazmuhammet (onuň adyny Mazzy diýip tutar ekenler) öýlenenden soň basym aradan çykypdyr. Mazzynyň aýaly Annasoltany Molla kakama dakypdyrlar (biz Tejenden göçüp gelemizde Mazzy ýokdy). Annasoltan Molla kakamyň öz aýaly Miwe bilen doganoglandy (olaryň asly Marynyň Amaşa obasyndandy). Mazzy örän menikli hem adamkärçilikli ýigit bolupdyr. Mazzynyň ir aradan çykmak hesreti, iki aýallylyk, olaryň oňşuksyzlygy zerarly döreýän gündelik dawa-jenjel Molla kakamy agyr güne salypdy. Munuň üstesine-de Miwe gelnejemiň dogany Annamuhammet (oňa Mammyk ýegen diýerdiler) bilen Annasoltan gelnejemiň dogany Mädreýim ikisi-de kemalsyz bolup häli-şindi döküler durardylar. Mammyk ýegen soň ähli maşgalasy bilen göçüp gelip, agramyny Molla kakamyň üstüne atypdy. Molla kakam şol wagtky ýagdaýlarda ortagürp daýhandy. Onuň ýarym desýatin möçber ýeri, 3-4 sany düýesi, goşa öküzi, ýabysy, sagymlyk sygry, on-on iki sany çekenesi bardy. Ýeriniň bir bölegi üzümlik-baglyk haýatdy, galanlaryna gowaça hem ýorunja, käte bolsa gawun-garpyzam ekerdi. Ýekelli bolansoň düýesini çekdirmek üçin talaban tutardy. Namazhon däldi. Metjide örän seýrek barardy. Köplenç orazanam tutmazdy. Molla kakam pahyr 1935-nji ýylda demigysma keselinden aradan çykdy.. bize ýakyn hossarlyk eden garyndaşlarymyyzň biri-de Myssap (Myssapaguly) Annaseýit ogludy.. ol biziň daýymyzdy, - kakamyň ejesi Üzümgül onuň kakasynyň aýal dogany bolan. Myssap garypdy onuň ähli “mülki” ýarym tanap ýerden ybarat bolup, gapysynda “tok” diýere towugy ýok diýen ýalydy. Şonuň üçin şähere gatnap, azda-köpde maýda söwda-satyk ederdi: aýaly Amansoltan ökde taraçydy, onuň dokan zatlaryny (alaça, keteni, çäkmen) satyp, gerekli zatlaryna çalyşmaly bolýardy. Myssap daýym garybam bolsa zeýrengiç däldi, namysjaňdy, dogry sözlüdi, ýüz görmesi bolmazdy. Sowatsyz bolsa-da, daş-töwerekde bolup geçýän syýasy-jemgyýetçilik wakalar bilen gyzyklanýardy, obanyň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşýardy, täze üýtgeşiklikler dogrusynda goňşy-golamlaryna, oba adamlaryna gürrüň berýärdi. Ol şähere-bazara gatnagyç bolansoň, ol ýerde bolýan wakalardan habarlydy. Daýym aýratynam 1917-1919-njy ýyllaryň rewolýusiýa hereketi, graždanlyk urşy bilen baglanyşykly wakalary gürrüň berýärdi. Meselem, ol 1918-nji ýylda Topby baýyň ündemegi bilen Garrybaý ahunyň Mary bazarynda ilaty bolşewiklere garşy “gazawada” çagyryşy, Garagöz işanyň (garagöz Noý oglunyň) oňa garşy çykyşy, Eziz hanyň işany atdyryşy, bolşewik Aga Hanjanowy (“Aga dälini”) ata süýredip öldürişi we ş.m. wagşylyklary barada. Myssap daýym bu wakalaryň käbirini hut öz gözi bilen görendigini aýdýardy. Elbetde, şol wakalar hakynda Myssap daýymdan başga-da gürrüň berýän adamlar bardy. Daýym ýaşlara nesihat bermegi gowy görerdi. Aýratynam gönümel, dogry gepli, päk wyždanly bolmagy öwüt ederdi. Ýaranjaňlygy, ikiýüzliligi, ýalançylygy ýigrenerdi. “Öldüriljegem bolsaňyz öz gepiňiziň, öz wadaňyzyň eýesi boluň, messepsizligiň, ýallaklamagyň özi, meselem hut, barypýatan binamyslykdyr” diýip gaýtalaýardy. “Ejize ganym bolmaň, gaýratyňyz bolsa özüňizden ökdä, juda bolmanda özüňiz bilen deňe dalaş ediň” diýerdi. Myssap daýymyň öz durmuşynda hut şeýle edýändigini, hatda agyr märekäniň hem obanyň “men diýen” adamlaryna, “köplük, güýçli” diýilýän toparlara-da çekinmän diýjegini diýip duranyny hut meniň özüm pylança gezek görüpdim. Şonuň üçinem obanyň garyplary, aýratynam “azlyk”, ýagny hossary az ýa-da hossarsyzlar ony gowy görerdiler.. sebäbi ejize azar berilýänini görse, ol durup bilmezi, hökman gatyşardy, onuň tarapyny tutardy. Myssap daýym namazhon däldi. Metjide setanda-seýranda barardy. Ýeri gelende aýat-töwwir ederdi. Emma oaraza tutup ýöreni ýadyma düşenok. Soňabaka onda Hudaýyň barlygyna ynanmazlyk alamatlary-da döräp ugrapdy. Mysaap daýymyň bize hossarlygy aglaba moral taýdandy. Ol öz güzeranyny zordan aýlaýan garyplygy zerarly bize artykmaç bir maddy ýardam edip-de biljek däldi. Emma onuň moral hossarlygy saýasynda biz edil arkamyzda dag bar ýalydyk, hiç ýerde, her hili ýagdaýda hossarsyzlykdan kemsinmezdik. Ol hataryň ýokary başynda bolsa-da, günde diýen ýaly halymyzdan habar alyp giderdi. Meniň Mary şäherine internata okuwa gaýtmagyma, soňra bolsa okuwymy dowam etmegime goltgy beren hem Myssap daýym boldy. Onuň: “Hesel eje, ýegeni saklamagyn! Okuwsyzlykdan ömrümize kösenip geçmeli bolduk. Özem hut orsuň okuwyna gitsin!” diýip öwran-öwran dyzaýany ýadymdan çykanok. Molla kakamyň kiçi doganyna Baýly diýerdiler. Ol garyp daýhandy. Öz hojalygynyň daşyndan, ýagdaýyny tapdygyndan Mollanyň hojalygyna-da kömekleşýärdi. baýly kakam ýuwaşdan ýakymly adamdy. gürrüňçidi. degişmäni gowy görerdi. aýratynam Din hadymlarynyň, molla-mugtularyň açgözlükleri, ýalançylyklary, pyssy-pyjurlyklary dogrusynda dürli rowaýatlar aýdyp gülüşdirerdi. Ol namazam okamaýardy, oraza-da tutmaýardy. Baýly 1916-njy ýylda pälä gidip, Belorussiýada, Minsk-Witebs etraplarynda bolupdyr ol şol ýerleriň geografiki we howa ýagdaýlary, ilatynyň güzeran durmuşy, urp-adatlary, päleçilere garaýyşlary, päleçilik işiniň dürli epizodlary dogrusynda gyzykly gürrüňler berýärdi. Ol rus dilinem birazajyk bilýärdi. Emma sowatsyzdy, sowatsyzlygyndan, bilimziliginden zeýrenäýdri. Baýlynyň aýaly Ogulsabyr örän zähmetsöýer hem-de sada, “pukara” diýilýän adamlaryň hilindendi, pahyryň göwni-garny bolmazdy. Baýly kakamlar bize aýratyn nir maddy kömek edip bilmeseler-de, örän mähirli garaýardylar. Galabegi Annageldi ogly Mollanyň doganoglanydy ol molladan dört-bäş ýaş uludy galabegi kakam “özüni oňarýan daýhan” diýilýänlerdendi, ýagny garyp daýhan bilen orta daýhanyň aralygydy. Onuň ýarym desýatin töweregi ýeri bardy. Ikilän-üçlän goýundyr geçiň, sagymlyk sygryň daşyndan hemişe çaman ýabysam bolardy. Ony araba goşardy, ýernem şonuň bilen sürerdi. Ýeriniň ep-esli bölegine gowaça we ýorunja, birneme-de gök, esasan sogan bilen keber ekerdi. Azajyk bagam bardy. Galabegi örän takwa, barypýatan namazhon adamdy. Obanyň esasy azançylarynyňam biridi. Şonuň üçin onuň sogandyr keber ekýänini il geň görerdi. Merjende şondan başga olary ekýän ýokdy, “düşmeýär” diýerdiler galabegi bolsa ol gürrüňlere hiç bir pitiwa-da etmän, gaýtam: “ekmeseň düşmez” diýip ýylgyrardy. Bu ýagdaýyň düýp sebäbi Galabeginiň aýaly Zylyha gelneje-de diýerdiler. Gelnejäniň ýerligi Marynyň edil alkymyndaky Soltanyz (Boý) obasyndan bolup, ol oba or wagtlardan bäri şäheri gök bilen üpjün edýän esasy çeşmä öwrülipdir, onuň ilatynyň ählisi uçdantutma diýen ýaly gök ekin ekip ýetişdirmek bilen meşgullanýar ekeni. Şeýle bolansoň, Merjeniň käbir dilewarlary, “hawa-da, Galabegiňki düşnükli, onuň Hudaýyň öňünde-de sypalgasy bar, ähli günäni Zylyhanyň üstüne ataýmaly” diýip gülüşdirerdiler. Galabegi usully adamdy. Döwük-ýenjik abzal-gurallary (pil, kätmen, paltadyr teşe we ş.m.) bejerişdirip we saplaşdyryp, oraga diş çykaryp, çäýnek-käsäni çeňkläp, baş syryp, janly soýup, deri eýläp, eýerdir gaňňany kebşirläp bilýärdi. Bu başarnyklar bolsa şol wagtky oba ýagdaýlarynda tapylgysyz birzatdy. Emma ol şu zatlar üçin hiç kimden hak-heşdek almazdy, ýöne “taňryýalkasyna” ederdi. Şonuň üçinem ýaňky dilewarlar: “hawa-da, Galabegi sogan ekse-de, uçmaha göni barmaly, biz ýaly egrem-bugram ýol geçmeli däl” diýşip, ýaňsa alardylar. Dogrudanam, Galabeginiň elinden dür dökülýänem bolsa, onuň güzeran durmuşy şeýle bir galkynyp gidibermeýärdi, hemişe ýeter-ýetmeziräk ýagdaýdady. Galabegi kakamyň bize edýän garaşygy-da edil beýleki obadaşlarymyza edýäni ýalydy ýöne ol şeýle garaşygy hiç bir myzaýyksyz, ýüzüni çytman edýärdi. Merjenli garyndaşlarymyzyň beýlekileriniň bize ýardamy köplenç özleriniň we maşgalalarynyň biziň öý hojalyk işlerimize, mal-halymyza seretmäge kömek etmekden ybaratdy. Bu babatda Bähbit bilen onuň aýaly Amanbibi el-aýak ýalydy. Merjenli aglak garyndaşlarymyzdan Rejep we onuň köp sanly maşgalasy-da bize şular ýaly ýardamy häli-şindi berip durýardy. Rejep aganyň adamkärçiligi gowudy, ile peýda etjek bolardy. Zähmetsöýer adamdy. Emma az ýerli garypdy. Diňe ýer-suw refortmasyndan soň gurplanyp, orta daýhan derejesine ýetipdi. Şu ýokarda agzalyp geçilenleriň hemmesi biziň merjenli garyndaşlarymyz. Emma biziň bulardan başga, Merjenden daşaryda ýaşaýan garyndaşlarymyzam bardy. Olar Çöňür obaly Baýjan hem Eneş ýegenler, Semennikli (Sugtuly) Gulmet ýegen, Tejenden Soltangül bilen ogly Annageldi hem-de galdawlar toparydy (Berdi galdaw we başgalary). Bularyň hemmesem wagtal-wagtal halymyzdan habar alyp durardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |