10:55 Döwür, adamlar, wakalar: Güzeran ugrunda, ýer-suw we hukuk ugrunda göreş | |
GÜZERAN UGRUNDA, ÝER-SUW we HUKUK UGRUNDA GÖREŞ
Ýatlamalar
Merjen obasynyň aglaba ilatynyň güzeran, ölmez-ödi bir döwüm çörek ugrunda nähili haltyldamaly bolandygyny ýaňy aýtdym. Şeýle dürli tirelerden we sosial gatlaklardan ybarat bolan obada eklenç, güneba ugrunda göreş üznüksiz dowam edýärdi. Ol göreş ykdysady talaplar, synpy-syýasy talaplar we tire dawalary görnüşinde ýüze çykýardy. Muňa mysal köp ýokarda aýdylan Ýegençi hem Arapdiwanaly waka bir mysal. Emma onda göreş diňe protest görnüşinde, passiw ýüze çykyp, netijesiz galypdyr özi hem Arapdiwana bilen Ýegençi bir tireden däl. Munda tire göreşi ýok. Başga bir mysal. 1920-nji ýylyň güýzi bolsa gerek. Bütin Mary perreňi Merjene, Meşirebiň tamynyň öňüne ýygnanyp, demir ýoluň ileri alkymynda, massuryň golaýynda, Saragt ýolunyň iki ýanyny alyp otyr. Bu ýerik saryjalaryňam, onbegileriňem, çuňňully perreňlileriňem, Begli perreňleriňem “ähli erkek göbeklisi” diýen ýaly üýşüpdi. Emma bir aýal hem ýokdy. Bu ýygnanyşyk oba sowetini (şol wagtlar “oba komiteti” hem diýilýärdi) saýlamak üçindi. Ol wagtlar oba sowetleri territorial däl-de, taýpalar-tireler boýunça saýlanýardy. Ilki-ilkiler Sowet häkimiýeti ýerli ilatyň aýratynlyklaryny, däp we urp-adatlaryny nazara alyp şeýle etmeli bolupdy. Ine şol ýygnanyşykda ýaňky ady tutulan perreň tireleriniň her haýsy özbaşyna topar bolup oturýardy. Ilki bilen Sowetiň (komitetiň) başlygy bilen sekretaryny saýlamalydy. Soňra bolsa çlenlerini: her tiräniň jan başyna görä bir ýa-da iki çlen. Ine şunda turdy bir galmagal. Biz çagalar beýleräkde bir çetde durup bu waka syn edýärdik. Onuň birnäçe detallary heniz hem meniň gözümiň öňünden gidenok. Ilki bilen raýonyň wekili Baýramaly Myradow (Baýramaly agsak) doklad edip märekä düşündirdi. Ol egni şinelli, başy gazak telpekli, ýüzi bagyr ýaly garaýagyz, orta boýly adamdy. Çakym çak bolsa ol 30 ýaşlaryndady. Onuň bir aýagy agsakdy, gepläp durka birsyhly şol agsak aýagynyň üstüne agram salýardy. Özi hem iki gepiniň birini “meselemkin” diýip geplärdi. Şoňa görä hem onuň ähli dokladyndan meniň ýadymda galany diňe şol “meselemkin” boldy. Baýramaly dokladyny gutaransoň onuň beýle ýanynda duran iki sany türkmen ýaş ýigidiniň şar gara saçy yzyna gaýtarylan, deşli garaýagyzy gepläp başlady. Ol Allaguly Garahanow diýdiler. Ol sözüni howlukman, agraslyk bilen aýdýardy. Baýramaly bilen Allaguly gepläp bolanlaryndan soň saryjalardan bir çypar sary, köse, inçe uzyn bir adam ýerinden turup, sowet başlyklygyna Jopban baýy görkezdi. Onbegilerden Gullakel ýerinden turup, Jopban baýyň sowet başlygy bolup bilmejekdigini, onuň köp batrakly eksplutatordygyny aýdyp, başlyklyga Pälwan Pökgüni görkezdi. Olaryň ikisi-de sekretarlyga hiç kimi görkezmediler. Gullakel ýerinde oturyp oturmanka Jopbanyň inisi Gulaka ýerinden turup Gulla azgyrylyp başlady: “Haram gul, hetdiňi tana, bize dil ýetirer ýaly sen kim bolupsyň...” we ş.m. Onýança Gulakanyň garşysyna merjenli Ýegennazar çykyp: “Agzyňy sala goýberme baý, hörpüňi peselt, seniň haýbatyňdan gorkýan adam ýok. Ol döwürden oba göçdi” diýenem şoldy welin, Gulaka üç-dört sany saryja bilen Ýegennazara baka topuldy. Şol bada onbegiler bilen merjenlileriňem ýedi-sekiz sanysy topulyp saryjalaryň öňüni gabatladylar. Gulaka agzyndan gelenini porsaýar, dyzaýar. Araçylardan sypyp bilmejegine gözi ýetdimi nämemi, ol birden donunyň aşagyndan nagan çykaryp, elini galgadyp başlady. Onýança Allaguly bilen ýanyndaky ýigit okdurylyp baryp, onuň naganyny elinden aldylar-da, özünem beýleräkde duran iki sany atly jigidiň öňüne salyp şähere iberdiler. Şondan soň merjenli Berdili horaz orta çykyp sypaýçylyk bilen: “Hawa, adamlar, neme-dä, özüňiz bilýärsiňiz. Ol, neme, bidöwlet, Gulaka oňarmady. Bu, nemäniň özi, garyndaş arasynda gowy däl ahyryn. Hemmämizem, ol, bir perreň, aýrylara ýerimiz ýok. Elbet, ol neme, Pälwanam özümiziňki, Jopbanam keseki däl. Ikisem bolman duranok. Ýöne, ynha, ol, Merjen hemmä ortalyk. Özem, ynha, ozalam iş bilýän adam, orsuň emelindenem habarly... Sähetguly aga-da biçeme boljak däl ýaly... Şol ediläýse nähili? Mürzeligine bolsa, ynha neme, Pygy beg bar... Olar ilatyň aladasyny edäýjek adamlar...” diýip, öwrenen heňine tutdy. Oturan märekä göz gezdirseň, Berdiliniň ýüzüni aşak salyp edýän gürrüňiniň birentekleriň pisindine oturmaýandygy, käbiriniň bolsa oňa içiniň gülýändigi adamlaryň ýüzünden görnüp durdy. Gür gaşly, gözi peträp duran, ýognasdan daýaw, aglak Rejep Berdiliniň gepini gutararyna mähetdel ýaly bolup, ýerinden turdy-da, ardynjyrap töweregine garady. Soňra ol gömelteýräk äheňde: “Berdili aga, seniňki düşnükli. Sen Sähetgylyjyň, Ilhanyň arkasyndan daldalap Nikolaý wagtam hezil edýärdiň, indem hezil etjek bolýarsyň. Men üç dogan bolup, gije-gündiz harsuryp iki tanap ýer edinip bilemok. Seniň özüňiň dört desýatin ýeriň bar. olar çöp satyp eklenýärler ýegençi çagalary bilen syryljap otyr. Atagsak gyzlary bilen zibilden letde gözleýärler, egin-eşigi sal-sal. Seniň hut jan ýaly garyndaşyň Nuradyň ogly iki sany gola diýip Bendalyň şoruny günde on dörýär... Sen bolsaň bu ýerde gep otarýarsyň... Sähetgylyç... Pygy... Ilatyň aladasy... Ýagşyda bir ilatyň aladasyny etjek adamlary tapdyň. Şolar dälmi ilaty şu güne goýan...” diýdi-de, ýene ardynjyrap ýerinde oturdy. Rejep gepläp durka, gowsunyp bir oturyp, bir turup duran Baba waň agzyndaky nasyny tüýkürip, sandyraklady-da: “Päheý, Rejepçepek, sen-ä oňarmadyň... Ol adamlara beýle diýmäge diliň neneň barýar! Tapsaň ýer-suw edin, kim saňa edinme diýýä! Hiç şeýle-de görüplik bolarmy. Garyplygyňy Hudaýdan gör, oňa Sähetgylyçdyr Pygydyr Berdiliniň näme dahyly bar! Ilden utanmasaňam Hudaýdan gork!” diýdi. Şol wagt ileri-ileri omzap, gözüni gyrpyldadyp duran Myssap beg “Ähem, ähäm” edip: “Meselem, sen hut baba waňsyň, hut otüki, äjit-mäjidiň nyşanysyň, pyssy-pyjurlygyň öýüsiň. Dünýe pisitçilik bolupdyr, pisitçilik. Bolmanda, sen tetelli adam bilen hut, meselem, bir tabakdan nahar iýmek päl däldir. Sende ynsap, ar-namys diýen zat bolmaz. Meselem, hut seniň özüň neme, bir şaýy peýdaňy ähli dogan-garyndaşyňdan, il-günden gowy görýänsiň. Bolmasa, Sähetgylyja, Pyga sen, hut meselem, menden, Rejepden ýakyn däl ahyryn. Rejepguly, hut meselem, jaý aýtdy ahyryn. Meselem, seniňki düşnükli. Sähetgylyç keldir Pygy tetelliler seniň agzyňa lukma atýarlar. Seni saýradýan hut şol. Sen ýaňy Hudaýy agzadyň. Emma, hut, meselem, seniň hudaýyň öz garanebsiň ahyryn” diýip, Babanyň üstüne süründi. Myssaby haý-küş edip sakladylar. Dürli tirelerden ýene birnäçe adam gepledi. Iň soňunda, sowetiň başlyklygyna Pälwan pökgi sekretarlygyna (mürzeligine) bolsa merjenli Söýünjugdy saýlandy. Pälwan sowatsyz orta daýhandy. Söýünjugdy ozal rus-ýerli (tuzem) mekdebinde okan, rusça hem türkmençe sowatly adamdy. Özi ýetimlikden ýetişen. Şol gün guşlukda başlan maslahat agşamaralar gutardy. Ertesi uzynly gün bolsa sowetiň çlenlerini saýlamak iş boldy. Munda indi dawa her tiräniň öz içinde maýda tireler arasynda hem-de barlylar bilen ýoksullar arasynda dowam etdi. Teý ahyry merjenliler sowetiň çlneligine Hallyterne bilen Nuralyjygy saýladylar. Hallyterne orta daýhan, Nuralyjyk bolsa garypdy. Şeýlelikde, bu gowgaly ýygnak tutuş iki güne çekip tamamlandy. Bu ýygnakda bolan gowga indi Oktýabr rewolýusiýasynyň täsiriniň türkmen obalaryna ymykly ýetip ugrandygyny, daýhanlaryň garyp gatlaklarynyň açykdan-açyk dil ýaryp, öz hukuklaryny talap edip başlandyklaryny aňladýardy (meselem, Rejebiň, Myssabyň, Gullakeliň, Ýegennazaryň çykyşlary) beýleki tarapdan, baýlar (Jopban, Sähetgylyç, Berdili, Gulaka) öz maksatlary üçin Sowet häkimiýetini peýdalanmaga, ony obada “ele salmaga” synanyşyp, zähmetkeşleriň urug-tire damaryndan tutýardylar, olary biri-birine garşy öjükdirýärdiler, öz “guýruklaryny” küşgürýärdiler (meselem, Baba waňyň çykyşy), hatda zorluk etmekden hem çekinmeýärdiler (meselem, Gulakanyň ýarag ulanjak bolşy). Obada synpy göreş git-gide ýitileşýärdi. Munuň özi soňabaka, meselem, ýer-suw reformasy wagtynda, kolhoz gurluşygynyň öňüsyrasyndaky döwürde has aýdyň ýüze çykdy. Bu göreş kolhoz gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutardy. Mämmetdurdy ANNAGURDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |