22:57 Döwür, adamlar, durmuş: Ujypsyzja biografiýa parçasy | |
UJYPSYZJA BIOGRAFIÝA PARÇASY
Ýatlamalar
Doglan wagtym hiç ýerde ýazylmandyr. Hossarlarymyň aýdyşy iki hili: 1911-nji ýylyň (“doňuz” ýylynyň) ýa-da 1913-nji ýylyň (“sygyr” ýylynyň) başy bolmaly. Pasportda 1913-nji ýyl ýazylýar. Doglan ýerim Zakaspi oblastynyň Tejen uýezdiniň Ajyguýy obajygy. Ol häzirki Tejen raýonynyň 1-nji Babadaýhan obasynyň “Kommuna” kolhozynyň territoriýasyna girýär. “Kommuna” kolhozy ellinji ýyllaryň başlarynda birnäçe kolhoz birleşdirilip düzülipdir. Şonda “Sosializm”, “GPU” we “Kommuna” kolhozlary birleşdirilipdir. Emma otuzynjy ýyllaryň başlarynda ilki kolhoz gurluşygy döwründe “Sosializm” kolhozy Çary Wellekow adyna, “Kommuna” kolhozy bolsa Atabaýew adynady. Ine şol Çary Wellekow (“Sosializm”) kolhozy meniň doglan obam bolan Ajyguýy obasynyň kolhozy bolmaly. Ol Tejen şäheriniň takmynan 12 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýärdi. Atabaýew adyndaky kolhoz hem Tejen şäheriniň demirgazyk-gündogarragynda 7-8 kilometrlikde, “GPU” kolhozy bolsa Atabaýew adyndaky kolhozyň demirgazygynda, “Sosializm” kolhozynyň göni günbatarynda ýerleşýärdi. Men özümi bilip bu ýerleri, Tejen şäherini hem-de ýaňky oba we kolhozlary ilkinji gezek diňe 1931-nji ýylyň tomsunda, ýagny 20 ýaşymdakam gördüm. Elbetde şoňa çenli bu ýerleriň gürrüňini köp eşiden hem bolsam, özüni bilmeýärdim. Ajyguýy obasynda doglan hem bolsam, çagalygymy we ýetginjekligimi ondan has uzakda, Maryda geçiripdim. Meniň kakam Annagurt Muhammetdurdy (başgaça aýdylyşyça Mätdurdy ýa-da Mämmetdurdy) oglunyň on-on iki ýaşlaryndaka ejesi hem kakasy ýogalyp, özünden kiçi üç sany aýal dogany (Akgül, Ogsoltan, Annagül) bilen ýetim galýar. Olara kakasynyň golaýdaky obada (Wanaş) obasynda ýaşaýan aýal dogany Hesel hossarlyk edýär. Ýöne Heselem şol döwürlerde1 ýaýran mergi keseline adamsyny we iki ogluny aldyryp, diňe bir gyzy (Soltangül) bilen galýar. Ol köp kynçylyklar çekip, doganynyň ýetimlerini we öz gyzyny kemala getirýär, öýli-işikli edýär, durmuşa çykarýar. Soňra bolsa Annagurdy öz ýanyna alyp, Ajyguýy obasyna – adamsynyň garyndaşlarynyň (“galdawlaryň”) ýanyna, gyzynyň durmuşa çykan ýerine göçüp gidýär. Alty aýlykkam ejem (Dürsoltan Ýezden gyzy), iki ýaşymda bolsa kakam aradan çykyp, özümden iki ýaş uly aýal doganym Umsagül (Umsa) bilen ýetim galypdyrys. Kakamyň aýal doganlary Mary etraplarynda ýaşaýan ekenler. Bize hossarlyk etjek diňe Hesel, olam ýetmiş ýaşynda ekeni. Başga ýakyn garyndaşymyz bolmandyr. Şeýle bolansoň biziň üçimizem daşkyrak maryly garyndaşlarymyz öz ýanlaryna, Merjen obasyna göçürip eltipdirler. Şol ýerde bizi ekläp-saklan, terbiýeläp ýetişdiren Hesel eje bolupdy. Merjen Mary şäheriniň günortasynda, dikligine üç kilometrliginde Mary stansiýasyndan Guşgy demir ýoluny syryp gitseň bolsa, Marynyň takmynan bäş kilometrliginde, demir ýoluň bary-ýogy 200-300 metr alkymynda ýerleşýärdi merjene Begli perreň, Merjenli perreň hem diýilýärdi.2. Ejemiň garyndaşlary biziň ugrumyzy idemändir. Kakamyňam erkek dogany bolmandyr. Onuň ýokarda atlary tutulan aýal doganlarynyň bolsa üçüsem durmuşa çykyp giden, ýagny “kişi maşgalasy” bolan. Şol agyr ýagdaýda bize iň içgin hossarlyk eden biziň daşky, adybir garyndaşymyz Akmuhammet Täçnazar ogly bolan (onuň tutulýan ady Mollady). Biziň öýmüzi-de uzyn hataryň iň günbatar çetinde, Mollanyň öýüniň ýanynda dikýärler. Şondan soň biz uzak ýyllar dowamynda Merjen obasynda ýaşaýarys. ______________________ 1 Megerem, 1892-nji ýyl bolsa gerek. Seret: E.Finn. Akademik Gamaleýa. Politizdat, M., 1963, 24-nji sah. ("Борьба с холерой" diven bölümi). 2 Ýigriminji ýyllaryň raýon, okrug we käbir respublikan kartalarynda "Begli pereng" obasy bellenýär. Merjen 1925-nji ýylyň çer-suw reformasyndan soň Müjewür-Babasary oba sowetiniň sostawyna girýär. Merjende ilkinji kolhoz 1930-njy ýylda Annamuhammedow adynda guralyp, 1937-nji ýyldan soň "Leningrad" adyndaky, ellinji ýyllaryň başlarynda ol Mülkbagşy obasynyň "Kommunist" kolhozyna goşuldy. Dowamy bar >> Mämmetdurdy ANNAGURDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||