22:26 Döwür, adamlar, wakalar: Ýetimler maşgalasy | |
ÝETIMLER MAŞGALASY
Ýatlamalar
Şeýlelikde, ene-atadan mahrum galyp, Merjene göçüp gelenimizde, men iki ýaşymda, Umsa dördünde bolmaly. Men ejemi we kakamy, olaryň aradan çykanyny, Mara göçüp gelenimizi bilemok. Umsa käbir zatlary çala göz öňüne getirjek bolýandygyny aýdýardy. Biziň gözümizi açyp diýen ýaly görenimiz hem bilenimiz Heseldi. Biz oňa ene diýerdik. Hakykatyna garanyňda biz üç ýetimdik: enem, Umsa hem men. Enem hut şeýle hem diýerdi. Biz ondan ejemiz hem kakamyz barada soranymyzda, ol bize göwünlik berip, gülümsiräp: “Ýetimligiňem bir gaýgysy bolarmy. Ynha men ýetim-dä, kimden nämäm kem! Siz-ä mendenem zor, ýaş janyňyz bar, nämäň pikirini edýärsiňiz!” diýip, bize duýdurman gepi başga taýa çeken bolardy. Biz hem şoňa monça bolup, “enem ýetim ahyryn, gör onuň batyrdygyny, gorkanogam” diýşerdik. Ençeme agşamlar şeýle “ruhubelentlik bilen” uka gidýänimiz meniň häzirem ýadymda. Enem bize syr bildirmezlik üçin şunuň ýaly dürli “ynandyryjy” delilleri getirerdi, mertligiň nusagalry barada rowaýatlar aýdardy. Meselem, haýsydyr bir merdananyň endam-janyna gurt düşüp ýatan ýerinde seza çykarman çydaýşy barada... Emma enem her näme etse-de, biz onuň agyr hasratda, tükenmez gam-gussa bilen ýaşaýandygyny kem-kemden aňlap başlapdyk. Käte daşarda oýnap gelip, öýmüze ýakynlaşanymyzda içerden ýuwaşja agy sesiniň gelýänini eşidip aýak saklardyk. Şonda enemiň: “Ýalňyz dogan Mätdurdy, hany seniň didaryň; Eziz dogan Annagurt, nirde seniň mekanyň. Näme günäm bar meniň, beýle zulum çekmäge, Hany goçak-gerçekler, haçan jogap bor maňa. Yssyganym galmady, bilim meniň büküldi, Sadap deýin dişlerim, biri galman döküldi. Saç agardy, huş gaçdy, göz çöňelip ýekeldi, Iki daragt egilip, ikisi-de ýykyldy, Aýdyň goçak-gerçekler, haçan kazam bor (dolar) meniň” – ýaly zaryn sözleri bizi ýere gazyk edýärdi. Ýa bolmasa onuň “Annagurtjan, ýetimleriňi kime goýup gitdiň, dünýäm. Men nä olardan gowumy. Mende ragbat ýok ahyryn. Meniň ýerimden galmagam hyllalla boldy. Menem hä diýmän siziň ýanyňyza barjak. Onsoň olaryň dat gününe” diýen sözleri ýekedaban bolup depämizden inýärdi. Soň kem-kemden: “Toba, toba, toba essagpyrylla... Küpür gepleýän öýdýän... Özüň abraý bereweri. Takdyra ten bereýin... Bu zatlar azaly ahyryn. Bendesine bagly zat ýok. Küpür geplemäwereýin” diýip öz-özi bilen gepleşip, göwnüne teselli bererdi-de, agysyny goýardy. emma şonda hem biz birbada öýe girip bilmän. daşarda bir salym gezip, soň hiç bir zat bilmeýän ýaly bolup öýe gelerdik. Emma agyr hesret bizi sypdyrmaýardy. Dogry, biz öz ýetimligimiziň ähmiýetine, manysyna düşünip durmaýardyk. Emma enemiň pajygaly ýagdaýy bizi üznüksiz gynap durardy. Şonuň üçinem Umsa ikimizem köplenç oýnamaga gidenimizden öýde, enemiň ýanynda bolanymyzy gowy görerdik. Enemiň üstüne düşen labyr juda agyrdy. Biziň Merjene göçüp gelen ýyllarymyzyň yzysüresi diýen ýaly Annagül ejemiň adamsy onuň üstüne aýal alyp, ýumruk ýaly çagalary bilen galdyrypdy, olaryň ugruny idemändi. Üstesine-de 1915-1921-nji ýyllaryň bütin dowamynda diýen ýaly ozal-a uruş, gowga, göçe-göçlükde, gaça-gaçlyk, soňra bolsa weýrançylyk, gurakçylyk, açlyk, dürli keseller. Şeýle ýagdaýda eklenç meselesi-de aňsat däldi. Hatda künjara-da tapylman, tek-teki ununyň iýilýän, haram ölen arryk ýabynyň syrlaşyp duran budunyň gaýnadylýan wagtlary az däldi. Ol günler meniň gözümiň öňünden hiç wagt gitmeýär. Özi-de, goňşy-golam-da, dogan-garyndaşda hem artyk-süýşük zat ýokdy. Her kim öz başyna gaýdy. Merjen obasynda diňe dörtlän-bäşlän gurply bolaýmasa, galanlarynyň hemmesi gyradeňdi. Şol günler enem pahyryň häli-şindi: “Gyradeňlik gurasyn!” diýýäni ýadymda. Ine şol agyr günlerde maşgalany eklemeli, onuň üstesine-de Annagül ejeme goltgy bermeli (onuň elinde iki sany ýaş çagasy bardy). Enem pahyr öýmüzde ýörite degirmen oturdyp agşamlaryna ýalaňy odunyň (ýandakdyr syrkyn-selmäniň, guşgöziniň) ýalnyna, ujy ýanyp duran çöpüň ýa-da zawut ýagyna batyrylan külter ýüplügiň ýagtysyna Annagül ejeme un üweşerdi. Biz bolsak ýegenler bilen alagaraňky öýüň içinde olaryň degirmen üweýişlerine, öz kölegelerimize, içi towuga ýükläýmeli öýüň tärimlerine seredişip uklap galardyk. Şonda käwagtlar enem bilen Annagül ejemiň degirmeniň arasyny üzüp, ýuwaşja aglaşýandyklaryny Umsa ikimiz eşiderdik-de, ukymyz gaçyp uzak gijeler ukusyz geçirerdik. Ýegenler has ýaşdy. Olar derrew uklap galýardylar. Gijäniň bir pillesi enem bilen Annagül ejem ukudaky ýegenleri arkalaryna alyp, hataryň ol başyndaky öýlerine äkiderdiler. Şonda enem oňa: “Annagül jan gaýrat et, guzym, adamyň başynda durýan zat ýokdur, bu günler bizdenem geçer” diýip göwünlik bererdi. Şeýdip enem olary günde ugradyp gelerdi. Ol baryp gelýänçä bolmanda ýarym sagat geçýärdi. Şonda biz enemiň hem Annagül ejemiň halyna gynanyp aglaşardyk, aýak sesine gulak asyp, pyşyrdaşyp gepleşerdik. Enemiň ardynýanyny hem aýak sesini eşidip sesimizi kesip, hiç zat bilmedik ýaly bolup ýatardyk. Biziň köp günlerimişeýle geçerdi... Enem pahyr tüýs zähmete ýugrulan adamdy. Zähmet onuň üçin diňe bir eklenç çeşmesi bolup durman, eýsem dirilik zeruryýetidi. Şu mynasybetli ol “ýatan öküze iým ýok” diýen nakyla üns bermek bilen birlikde, “bikärden Taňry bizar” diýen nakyla juda köp üns berýärdi. Şunuň bilen ol, adam diňe eklenç üçin däl-de, eýsem özüniň tebigy zeruryýeti üçin-de zähmet çekmelidigini nygtamakçy bolýardy. Biz enemiň işsiz oturanyny görmedik. Juda başga bir iş (onuň aýdyşyça “uly iş”) tapmasa, ol ýüň düýderdi, ik egrerdi, sebäbi ol adatça ömürboýy haly, palas, çuwal, çäkmen, dolak ýa-da tara dokamak bilen meşgul bolup, ýüň tüýtmek, ik egirmek ýaly “maýda” işleri şol “uly” işleriň arasynda edýärdi. Enemiň gepi alyşýany, ýakyn gatnaşyk edýänleri-de obanyň iň zähmetsöýer, iň sada aýallarydy. Olaryň arasynda Aganeş eje, Bibi eje, Togta (gelneje), Amansoltan daýza, Dürsoltan eje, Sapar eje (Ulugberdi işanyň aýaly), Ogulsabyr gelnejem onuň bilen has ysnyşyklydylar. Ozal aýdyşym ýaly, biz Mara göçüp gelenimizde, enem ýaşy ýetmişe ýetip, eli hasalydy. Emma onuň ýüzleri ýygyrtlaşan keşbinden, hasa direlip dikelýän uzyn boýundan bir wagtlar görmegeý hem syratlyadam bolandygy mesel-mälim bolup durdy. Ol bende 1933-nji ýylyň iýun aýynyň 24-inde, togsandan agyp aradan çykdy. Ol uzak ömrüniň soňky ýigrimi ýyla golaýyny büs-bütin bize bagyşlady onuň ölümi meniň aňly durmuşymda ilkinji agyr zarba bolupdy. Enem pahyr häzirler hem meniň düýşüme girýär. Onuň röwşen keşbi bir gün hem meniň gözümiň öňünden gitmeýär. Umsagül meniň ýekeje doganymdy. Elbetde, on doganyň hatarlanyşyp duranda hem olaryň her haýsynyň öz orny bardyr, olaryň hiç biri artyklyk edýän däldir. Emma ýekeje dogany, özi bilen biziň ýetimlik ýagdaýymyzdaky aýal dogany göz öňüne getireniňde, onuň mähriniň nähili gyzgyn bolýandygy hatda bimährem diýilýänlere-de aýdyň bolsa gerek. Umsa zähmete ýugrulan, durmuşynda diňe şol zähmetden minnet çekýän, şeýle prinsipe jany-teni bilen ynanýan adamdy. Oňa enem şeýle terbiýe beripdi. Ol on dokuz ýaşyna çenli, ýagny 1928-nji ýyla çenli enemiň ýanynda boldy. Şeýle bolansoň, biziň maşgalamyzda we Merjen obasynda bolup geçen wakalary Umsa hem meniň bilişim ýaly bilýärdi. Ol hem şol durmuşyň täsiri bilen ösüp kemala gelipdi. Umsa durmuşa çykandan soň, köp ýyllar dowamynda kolhoz hem-de öý hojalyk işi bilen meşgul boldy. Ol soňabaka saraltma keseline uçrady. Saglygy erbetleşip başlady. Bejertmek üçin görlen çäreler oňat netije bermedi. Ol 1953-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda aradan çykdy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |