16:44 Döwür, adamlar, wakalar: Obanyň hojalygy, sosial gatlaklar | |
OBANYŇ HOJALYGY, SOSIAL GATLAKLAR
Ýatlamalar
Merjen obasynyň ilatynyň aglabasy ekerançylyk bilen meşgul bolýardy. Maldarçylyk az orun tutýardy. Diňe Garýagdy baýlaryň sürüli janlylary bolup, galan ilatyň maly çekene häsiýetindedi. Tä 1925-1926-njy ýylyň ýer-suw reformasyna çenli ilatyň ýer fondy obanyň öz territoriýasy bilen, ýagny mülk ýer bilen çäklenýärdi. Ekin ýeri örän azdy. Ol ýeriň-de köpüsi diňe birnäçe hojalygyň elinde jemlenip, galan hojalyklaryň ýeri ujypsyzdy. Merjende köp ýerli adamlar diýip hasap edilýänler Hajy, Aman sopy, Myrat beg, Pygy, Berdili horaz, Atak sakar hem-de Garýagdy baýlardy. Emma olaryň hem iň köpüsi üç desýatinden artyk däldi. Ol adamlaram ýerleriniň köpüsine pagta ekerdiler. Azda-köpde ot (ýorunja) ekilerdi. Bag azdy. Galla-da az ekilerdi. Galan hojalyklaryň ýerleri tanap hasabyndan aňry geçmeýärdi. Meselem, biziň beglerimizden Geldi begiň, Baýlynyň, Myssabyň, Nuralynyň, Nazaryň her biriniň ýeri 0,5-1 tanapdan köp däldi (tanap desýatiniň, ýagny gektaryň bäşden biri). Özi hem ol ujypsyzja ýerler köp ýerli Hajynyň, Myradyň, Pygynyň ýerleri bilen aralaş bolup, göze çala ilýän adajyklar görnüşindedi. Ol ýerjagazlara düşýän suw birnäçe minut bilen ölçelýärdi. Şeýle bolansoň, suw nobaty gelende suwy ýaňy ýykan badyňa diýen ýaly eýýäm mirabyň: “Nobatyň geçdi” diýen ýakymsyz sesi eşidilýärdi. Meniň Merjendäki ýerim (kakamdan galan mülk ýeri) ýarym tanap töweregidi. Ol ýer Pygynyň ýerleriniň aralagyndady. Pygynyň ýeriniň bir bölegi suwarylyp bolansoň, nobat maňa ýetýärdi. Emma heniz suw meniň ýerimiň ýarysyne ýetmänkä, Pygynyň talabany (batragy) böwedi ýykýardy, sebäbi maňa degişli suw jemi on minutdan kän däldi. Uly böwet ýykylansoň, men ýerimiň gulagyny baglaýançam ojagaz suwuň hem ep-eslisini uly salma öz demine, yzyna sorup alýardy. Obanyň az ýerli adamlarynyň suwdan peýdalanyň mümkinçiligi şeýledi. Olaryň iş mallary ýokdy. Ýaňkyja ýerlerini aglabasy pil bilen agdaryp ekerdiler. Eger kimde-kim her edip-hesip edip ýerjagazyny sürdürip biläýse, ol ýetmez derejä ýeten hasap edilerdi. Elbetde, “ol derejä” ýetmek üçin ýa-ha pylança günläp barlylaryň biriniň günlükçiligini etmelidi ýa-da “rehimliräk” dogan-garyndaşyň saňa “rehim” etmelidi. Ýer dökünlenmeýärdi. Maly bolmadygyň dersi bolarmy näme. Şeýdip ekilen ýeriň nähili hasyl berjekdigi mälim dälmi! Şoňa görä-de az ýerlileriň aglabasy ýerine derekli ekin ekmeýärdi hem. Köpüsiniň ýerini ýazyň başynda çaýyr, topalak, peçek, ýandak, hyşa basyp, tomsa baka bolsa olaryň hem köpüsi gurap, diňe agaryp ýatan çaýyr düýbi bilen adam boýy gür ýandak we güberşip oturan hyşa düýpleri galardy. Onsoň güýze baka ýaňky ýerden alynýan hasyl iň gowy bolaýanda tamdyr odunlyk ýandak bolardy. Şonuň üçin “ýer eýeleriniň” köpüsi öz ýerleriniň aladasyny hem etmän, eýsem kişiniň talabançylygyny edenini peýdaly görerdi. Käbiri öýünden-öwzaryndan bizar bolup, baýlaryň (diňe Merjen baýlarynyň däl, eýsem başga obalaryň baýlarynyň hem) malyny bakmaga çöle çopan-çoluk bolup giderdi. Käbiri iliň düýesini çekerdi. Käbiri obanyň çekenesini, sygryny bakardy, birnäçeleri iliň ýerini ýarpasyna, üçden birine ekse, käbiri tutuş maşgalasy bilen baýyň gapdalyna göçüp baryp, onuň batrakçylygyny ederdi (ýerini ekerdi, malyny idederdi, odunyny getirip, nanyny bişirerdi, çuwalyny dokardy, çagasyny idederdi). Birneme “ugur tapanragy” Mary şäherine gatnap söwda-satyjak eden bolardy. Birnäçesi arkasy bilen şähere, özbek küýzegärlerine garaçöp (üstünden bir gyş geçen ýandak, selme, syrkyn) eltip gün görse, birnäçesi atyşhanadan (strelbişadan)* gola, sozan gözläp, eredip satýardy. Asla süpüklik derejesine ýetip, entäp ýörenler hem ýok däldi. Ömürniň köpüsini iliň talabançylygyny edip geçirenler: Mazy, Çaryçepek, Bähbit batrak, Orazjona, Saparjona, Öwezdurdy möle, Aşyr ýirik, Esenek, Hudaýberdi, Suhan (Syçan) we şolara meňzeşler Merjende azçylyk däldi. Maşgalasy bilen iliň sygrynyň yzynda hallanlap gezenler Öwlüýäguly işan, Herrik han, Şimun häzir hem gözümiň öňünden gidenok. Entäp süpük bolan Arapdiwanany, Orazýalaňajy, Kösäni, Jumagulyny, Gijimany, Atabal işany nätjek! Goladyr sozan gözläp gün görýän Hojak Nurady, Handälini, Hally jümmüli, Salyh işandyr Tuwşyny nätjek! Garaz, sanasaňhasaby kän. Bir gün dok bolsa, on güni aç geçirýän Welnepes işanlara, Gijimanlara, Ata gidirlere we ýene-ýenelere näme diýjek! Bularyň hemmesi “ýerli-suwly”, “mülkli” adamlar. A ýersiz-suwsuzlaryň güni nähilidi-kä! Merjende düýbünden “mülksüzler” hem az däldi. Olar aglaba gelmişek, “kesekilerdi”. Olaryň ykdysady ýagdaýy ýaňky “mülklüleriňkiden” erbet däldi. Ýöne her niçik-de bolsa “mülklüleri” urmak bolmaýardy, olaryň tiredeşleri, garyndaşlary bardy. Emma “kesekileri” urup horlamak-da bolýardy, olary uranyň üçin hiç kimden garaw ýokdy. Mämmet jyzgala, Gor-gor gul, Mämmet hellew, Dowlatjul, Gurbannazar ärsary, Gulampeş şonuň ýaly garawsyz gelmişeklerdi. Olaryň dat gününe! Meniň gürrüňini edýän döwrüm Ýigriminji ýyllaryň başlary. Emma Merjende şeýle sosial deňsizlik, ilatyň aglaba köpüsiniň garyp düşmek ýagdaýy şol döwürde dörän ýagdaý däl. Ol ýagdaý şondan has ozal, baryp öten asyrlaryň ahyrlarynda döräp ugramak bilen, şu asyryň birinji onýyllygynda ep-esli çuňlaşypdyr. Rewolýusiýanyň öň ýanyndaky ýyllarda bolsa obada sosial differensasiýa has güýçlenipdir. Bu ýagdaýyň döremeginiň düýp sebäbi türkmen obasyna hem pul-haryt dolanyşygynyň girip ugramagydyr. Birinji jahan urşy ýyllarynda ýerli halkyň pälä iberilmegi we ilata salgydyň köpelmegi-de ýaňky ýagdaýyň juda çuňlaşmagyna täsir edendir. Näme-de bolsa beýle ýagdaý rewolýusiýadan ozal döräpdir. Muňa Merjen obasynyň ilatynyň arasynda belli rowaýatlar açyk şaýatlyk edýär. bir rowaýata görä, şu asyryň başlarynda Gowşutbent töwereklerinde Garamyrat diýen ýerde kanal gazylýar. Merjen obasynyň ilatynyň kanal gazmaga gatnaşyş ýagdaýyny barlamak üçin uezd çinowniklerinden biri gelip, oba starşinasy (arçyny) Sähetgylyç baýyň üsti bilen ilaty ýygnaýar-da, gaza gitmeýänlere käýýäp başlaýar. Gaza gitmeýänleriň hemmesi diýen ýaly az ýerli daýhanlar bolan. Şolaryň arasynda aýagy şikesli dul aýal Ýegençi hem bolan. Onuň çagalary gaty maýdaja ekeni. Obada rus dilini “bilýän” diňe bir adam bolupdyr. Ol hem az ýerli Arapdiwana. Arap aga şäherçiräk bolupdyr: şäherde odun-çöp, ot, gawun-garpyz satyp, birnäçe rus sözlerini öwrenipdir. Ana ýaňky çinownige dilmaçlygy Arap aga tabşyrypdyrlar. Çinownik Ýegençi ejä haýbat atyp başlanda, ozalam jany ýanyp duran Arap sähetgylyç arçyna baka barmagyny gaharly çommaldyp, çinownige baka garap: “Gospodin neçellik, Garamyratda ganaw ýest, atly gitseň dalewka, widiş takoý diňkildik, küjemüri Ýegençi, woda içdi Sähetgylyç?. Hamy-sumy deregine şol gitsin ýest” diýipdir. Arap aga üç dilde (türkmen, rus, pars dillerinde) geplän hem bolsa, onuň manysy düşnükli: “Garamyrat atla-da uzak, keýtik Ýegençi oňa nädip gitsin. Suwy içýän Sähetgylyç, gaza-da şol gitsin”. Şeýle-de bolsa, onuň ýaňky terjimesi Ýegençini gazydan boşadyp bilmändir. Ol günlükçi durup gazanan hakyny tölemek bilen ýerine adam tutup ibermeli bolupdyr. Özi bolsa çagajyklary bilen aç oturypdyr. Men Ýegençi ejäni şu günki ýaly bilýärin. Ýegençi çür garaja, keltejik horydaja aýaldy. Birneme keýtikläp ýörärdi. Ol ýigriminji ýyllaryň ortalarynda aradan çykdy. Onuň soňky ärinden, Atda takatdan (Atda maýrykdan) bolan kiçi ogly Bäpbe häzir Merjende ýaşaýar. Ýegençi ejäniň öňki ärinden bolan uly ogly Kösäniň garyplykdan gözi açylman gitdi. Olaryň ýeri baryp rewolýusiýadan has ozal kertilip-kertilip kertilmeze öwrülen. Şeýle-de bolsa, ýeriň-suwuň hözirini sähetgylyç baý görse-de, onuň azabyny, hupbatyny Ýegençi ýa-da Arap ýalylar çekmeli bolupdyr. Bu düşnüklidir. Oba pul-haryt dolanyşygy aralaşansoň hemme zadyň bolşy ýaly, ýer-suw hem haryda öwrülýär. Ozalky patriarhal-tire düzgüni kem-kemden yzky plana çekilýär, ýerleriň belli bir bölegi “sanaşyk” paýlanyşygyndan çykyp, “mülke” öwrülýär, ýagny obşinanyňky däl-de, aýry-aýry adamlaryň hususy eýeçiligine geçýär. Ekin ýerini giňeltmäge mümkinçiligi bolmadyk (ýagny territoriýasy ýa-da suwy çäkli) obalaryň bolsa ähli ýer fondy “mülke” öwrülip, “sanaşyga” asla zat galmaýar. Şeýle ýagdaýda ýer-suw belli-belli adamlaryň eline geçip, ýagny “satyn alnyp”, ilatyň köpüsi “öz ýer-suwunyň” soňuna çykýar, ýagny “satýar”, ýa-da bergiň ujundan berýär. Hatda dogan doganyň ýerini alýar, umumy bähbit, söýenişik galmaýar. Mysal üçin daşa gidip oturmaly däl. Beglerden Myrat bilen Myssap ene bir-ata bir dogan. Olaryň kakalary Annaseýit beg ölende emlägini, şol hasapdan ýer-suwuny hem ogullarynyň ikisine deň paýlap gidipdir. Emma birnäçe ýyldan soň, şu asyryň birinji on ýylynyň içinde, Myssabyň ähli ýeri diýen ýaly Myradyň eline geçip, ol öz elinde galan ýarym tanap ýerine hem Myratdan rugsat alyp, şonuň ýeriniň üsti bilen geçmeli bolup galan. Myssabyň ýer-suw ýagdaýy tä 1925-1926-njy ýylyň ýer-suw reformasyna çenli şeýleligine galypdy. Men muny hut özüm bilýärin. Merjende şeýle myssaplar az daldi. Şeýle agyr ýagdaýdan çykyp bilmän, aljyrap, kelep ujuny ýitirýänler, dürli ugurlara baş urýanlar, ogurlyk-jümürlik edýänler, tirýeki, kartkeş bolýanlar hem az däldi. Adamlaryň birentegi ýöne demli deridiler, kölegä dönüpdiler. Mejalsyz güýlünip ýatanlar hem bardy. Merjen obasynyň ilatynyň arasynda ýörgünlije käbir goşgujyklar şeýle adamlar baradady. Meselem: Gijimanyň öýi açlyk, Donunda ýokdur işlik, Atabal işan iýgin çişlik, Orak seniň işiň däldir. Baýramalynyň ýoly takyr, Arabany töle tokur. Orazsoltanyň gözi sokur, Orak seniň işiň däldir. Beýle goşgularyň awtorlarynyň kimlerdigini bilemok. Ýöne olar kim tarapyndan, näme niýet bilen düzülende bolsalar, Merjen obasyndaky ençeme diri adamlaryň ýagdaýlaryny suratlandyrýardylar. Merjen obasynda ozal-ozallar orta daýhan gatlagy köp däldi. Ýöne olar täze ykdysady syýasat döwründe aýratynam ýer-suw reformasyndan soň köpelip ugrapdy. Elbetde, Merjeniň ýer we suw režiminde üç gektar töweregi ýeri bolan sähetgylyçdyr Hajy, Pygydyr Myrat, Berdili horazdyr, Atak sakardyr Bedir Öre dagyny orta daýhan diýip hasap edip bolmajakdy. Olaryň her haýsynyň üznüksiz işläp ýören, bolmanda birli-ikili batragy bolýardy. Olar kulak gatlaga ýakyndylar. Emma Rejep (çepek), Gul emin, Hallygylyç, Şirinýaz, Hally terne, Berdi (goral), Annaşowa**, Tagangylyç işan we şolar ýaly başga birnäçeleri tüýs orta daýhandylar. Olar hojalyklaryny öz maşgalalarynyň güýji bilen dolandyrýardylar. Şunuň bilen birlikde NEP döwründe Merjen obasynyň-da öz nepmanlary döräpdi. Munda has görnükli “telekeçiler” Nutdy çys, Baba waň, Sapby gaýşak, Narly pişme hem sapar kürtdi. Nutdy deri söwdasyny edip “doýdy”. Baba waň düýeli boldy. Ýeroýlandan duz getirdi, çölden ojar getirdi – satdy, öwürdi. Sapby ile belli gassap adyny aldy, diri janlyny öldürdi, ölüsini “direltdi”. Narly örän sypaýy adamdy, ilat onyuň daş sypaty “edil musaýa çalym edip dur” diýerdi. Ol mata söwdasyny etdi. Ýolöteni, Baýramalyny goýmady, mata doly arabaly bazar-bazar aýlandy. Sapar kürtem söwdada Narlydan galmady. Onuňam agyr ýükli arabasy jelegaýdan çykdy. Obanyň maldarçylyk hojalygynyň nowasyzdygyny ozal aýdypdym. Ähli obanyň 50-60 başdan ybarat ýerkeje süri sygry bolardy. Maýda mal çekene görnüşinde bolup, adatda sürüläp bakylman, her kim özi idederdi. Onlap-ýigrimläp diňe iş düýeleri bolardy. Jemi 10-15 jübt öküz bolardy. Derde ýararly ýaby azdy. Bu düýedir öküz, sygyrdyr ýabylar az sanly kulak hojalyklarynyňky we orta daýhanlaryňkydy. Maýda mallaryň-da aglabasy şolaryňkydy. Elbetde, Garýagdy baýlaryň neberesiniň iri hem maýda mallary bu ýaňky hasaba girmeýär. Olaryňky köpdi: olaryň müňlerçe maýda mal, ýüzlerçe düýe, öküz we ýabylary bardy. Merjeniň iň köp maly eşekdi. Iň bir garybynyň-da guýrugy jotda küle eşegi bolardy. Onuň iýdisi bolmaýar. Ýerden çaýyr köküni köwläbem oňýar. Juda bolmanda güne jyzrap aç durýar. Emma garyba ulaglyk edýär. _________________________ *Merjeniň golaýynda iki atyşhana bardy: biri Bendalynyň (gonamçylyk) şorlugynda, biri hem Sarahanyň alaňy töwereginde. **Gepiň gerdişi gelişiçe aýtsak, merjenlileriň lakamsyzy ýok diýen ýalydy: Gurban haňňy, Baýly çepbe, Nurly taý we ş.m. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |